Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Çigildemler ýatladýar» diýen saza goşup aýtmaly. Miktam*. Dawudyň aýdymy. Nesihat bermek üçin ýazylan. Dawut Aram-naharaýym we Aram-Soba garşy söweşýär. Ýowap yzyna dolanyp, Duz jülgesinde 12 000 edomlyny öldürýär+.
60 Eý Hudaý, bizden ýüz öwürdiň, goşunymyzy dargatdyň+.
Bize gaharlandyň, indi rehim et.
2 Sen ýeri titretdiň, ýer jaýryldy,
Jaýryklaryny suwamasaň, ol dargap barýar.
3 Öz halkyňy kösediň.
Şerap içirip, serhoş etdiň+.
5 Söwer ogullaryňy halas et.
Bizi sag eliň bilen gora, dogamyza jogap ber+.
6 Mukaddes* Hudaý diýýär: «Men begenip,
8 Mowap el ýuwýan legenimdir+.
Edomyň üstüne çaryklarymy zyňaryn+.
Piliştiň üstünden şanly ýeňiş gazanaryn»+.
9 Kim meni gabawa düşen* şähere äkider?
Kim meni Edoma elter?+
10 Bizi ol ýere Hudaýymyz elter.
Ol bizden ýüz öwrenem bolsa,
Esgerlerimizi goldamasa-da, ol ýere elter+.
11 Betbagtçylyk güni kömek et.
Sebäbi ynsan halas edip bilmez, garaşanyňa degmez+.