Ýermeýa
47 Faraon Gazany basyp almanka, Ýehowa Ýermeýa bilen piliştliler barada gepleşdi+. 2 Ýehowa şeýle diýýär:
«Demirgazykdan suwlar geler.
Olar sil bolup akar.
Şäheriň we ilatynyň,
Ýurduň we ähli zatlaryň üstüni basar.
Adamlar dady-perýat eder,
Ýurduň ilaty ahy-nala çeker.
3 Atlaryň toýnak sesinden,
Söweş arabalarynyň,
Olaryň tigirleriniň güpürdisinden ýaňa,
Atalar gorkup gaçar,
Ogullaryna kömek etmäge gurby çatmaz.
4 Şol gün ähli piliştliler ýok ediler+,
5 Gaza saçyny syrar*,
Aşkelonyň dili tutular+.
Eý adamlar, jülgäniň aman galanlary,
Haçana çenli özüňizi ýaralap ýörjek?+
6 Ýehowanyň gylyjy!+
Sen haçan köşeşjek?
Sen gynyňa gir.
Rahatlan, sesiň çykmasyn!
7 Ýehowa emr edensoň,
Gylyç nädip köşeşsin?
Ol gylyjyny Aşkelona, deňiz kenaryna+
Hüjüm etmek üçin ýollady».