Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hyzkyl 41
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hyzkyl kitabynyň mazmuny

      • Mukaddes otag (1—4)

      • Ybadathananyň diwary we otaglary (5—11)

      • Günbatardaky bina (12)

      • Ybadathana ölçenilýär (13—15a)

      • Mukaddes otagyň içki bezegi (15b—26)

Hyzkyl 41:1

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ybadathana. 41, 42-nji baplarda şu söz mukaddes otagy we tutuş ybadathanany (mukaddes otagy we iň mukaddes otagy) aňladýar.

  • *

    Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Hyzkyl 41:2

Çykgytlar

  • *

    Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Hyzkyl 41:3

Çykgytlar

  • *

    Ýagny iň mukaddes otag.

Hyzkyl 41:4

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:20; 2Tr 3:8
  • +2Ms 26:33

Hyzkyl 41:5

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:5

Hyzkyl 41:6

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:6, 10

Hyzkyl 41:7

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:8

Hyzkyl 41:10

Parallel aýatlar

  • +1Tr 28:12

Hyzkyl 41:13

Çykgytlar

  • *

    Ýagny ybadathananyň günbataryndaky bina.

Hyzkyl 41:15

Parallel aýatlar

  • +2Tr 3:8; Hyz 41:4

Hyzkyl 41:16

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: geçelgelerini.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:4
  • +1Pa 6:15; 2Tr 3:5

Hyzkyl 41:18

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: oýulyp nagyşlanandy.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:29; 7:36; 2Tr 3:7
  • +Hyz 40:16

Hyzkyl 41:19

Parallel aýatlar

  • +Hyz 1:5, 10; Ylh 4:7

Hyzkyl 41:21

Çykgytlar

  • *

    Mukaddes otagyň girelgesi göz öňünde tutulýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:33

Hyzkyl 41:22

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: stoldur.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 30:1; 1Pa 7:48; Ylh 8:3
  • +Hyz 44:16; Mel 1:7

Hyzkyl 41:23

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:31—35

Hyzkyl 41:25

Çykgytlar

  • *

    Jaýyň diwarynyň ýokarsynda kese boýuna öňe çykyp duran haşamly bölegi; karniz.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 41:17, 18

Hyzkyl 41:26

Parallel aýatlar

  • +Hyz 40:16

Umumy salgylar

Hyz. 41:41Pa 6:20; 2Tr 3:8
Hyz. 41:42Ms 26:33
Hyz. 41:51Pa 6:5
Hyz. 41:61Pa 6:6, 10
Hyz. 41:71Pa 6:8
Hyz. 41:101Tr 28:12
Hyz. 41:152Tr 3:8; Hyz 41:4
Hyz. 41:161Pa 6:4
Hyz. 41:161Pa 6:15; 2Tr 3:5
Hyz. 41:181Pa 6:29; 7:36; 2Tr 3:7
Hyz. 41:18Hyz 40:16
Hyz. 41:19Hyz 1:5, 10; Ylh 4:7
Hyz. 41:211Pa 6:33
Hyz. 41:222Ms 30:1; 1Pa 7:48; Ylh 8:3
Hyz. 41:22Hyz 44:16; Mel 1:7
Hyz. 41:231Pa 6:31—35
Hyz. 41:25Hyz 41:17, 18
Hyz. 41:26Hyz 40:16
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
Mukaddes Kitap
Hyzkyl 41:1—26

Hyzkyl

41 Soňra ol meni mukaddes otaga* getirdi. Ol mukaddes otagyň girelgesiniň iki gapdal diwaryny ölçedi, onuň ini alty tirsek*, 2 uzynlygy bolsa bäş tirsek* çykdy. Mukaddes otagyň girelgesiniň ini on tirsekdi. Ol mukaddes otagy hem ölçedi, onuň uzynlygy 40 tirsek, ini bolsa 20 tirsek çykdy.

3 Soňra ol içki otaga* girdi we onuň girelgesiniň iki gapdal diwaryny ölçedi. Onuň galyňlygy iki tirsek, uzynlygy ýedi tirsek çykdy. Girelgäniň ini alty tirsekdi. 4 Soňra ol içki otagy ölçedi, onuň uzynlygy 20 tirsek, ini hem 20 tirsek çykdy+. Ol otag mukaddes otaga bakyp durdy. Şonda ol maňa: «Şu iň mukaddes otagdyr»+ diýdi.

5 Soňra ol ybadathananyň diwaryny ölçedi, onuň galyňlygy alty tirsek çykdy. Ybadathananyň daş-töwereginde gurlan otaglaryň ini dört tirsekdi+. 6 Üsti-üstüne gurlan otaglar üç gatdan ybaratdy we her gatynda 30 otag bardy. Otaglaryň pürsleri ybadathananyň daş-töwereginde gurlan daýanç diregleriniň üstünde ýatýardy. Şeýlelikde, pürsler ybadathananyň diwarynyň içine girmeýärdi+. 7 Ybadathananyň iki tarapynda aýlawly basgançak bardy. Ýokarky gata çykdygyňça, basgançak giňelýärdi+. Aşaky gatdan ortaky gata, ol ýerden hem ýokarky gata çykylýardy. Ýokarky gata çykdygyňça, otaglar hem giňelýärdi.

8 Men ybadathananyň berk binýadyň üstünde gurlandygyny gördüm. Gapdal otaglarynyň binýadynyň beýikligi bir ölçeg taýagyna, ýagny alty tirsege deňdi. 9 Gapdal otaglaryň daşky diwarynyň ini bäş tirsekdi. Ybadathananyň gapdal otaglarynyň diwaryna degip duran ýoda bardy.

10 Ybadathana bilen naharhanalaryň+ arasyndaky meýdançanyň ini her tarapdan 20 tirsekdi. 11 Ybadathananyň ýodasyndan gapdal otaglaryna girilýän gapy bardy. Ybadathananyň demirgazygynda bir gapy, günortasynda bir gapy bardy. Ýodanyň ini bäş tirsekdi.

12 Günbatar tarapda ini 70 tirsek, uzynlygy 90 tirsek bir bina bardy. Ol bina meýdança bakyp durdy. Binanyň diwarlarynyň galyňlygy bäş tirsekdi.

13 Ol ybadathanany ölçedi, onuň uzynlygy 100 tirsek çykdy. Meýdançany we binany* diwarlary bilen bile ölçände, 100 tirsek çykdy. 14 Ybadathananyň öňüni, ýagny gündogar tarapyny gapdalyndaky meýdança bilen bile ölçände, ini 100 tirsek çykdy.

15 Ol ybadathananyň arkasyndaky meýdança bakyp duran binany gapdal eýwanlary bilen ölçände 100 tirsek çykdy.

Ol howla bakyp duran eýwany, mukaddes otagy we iň mukaddes otagy ölçedi+. 16 Şeýle-de olaryň bosagalaryny, inçelip gidýän penjirelerini+ we dälizlerini* ölçedi. Otagyň diwarlary aşakdan tä ýokarsyndaky penjirelere çenli agaç bilen örtülendi+. Penjireler hem agaç bilen bezelendi. 17 Ol girelgäniň ýokarsyny, ybadathananyň içini we daşyny, ähli diwarlaryny ölçedi. 18 Keruplaryň+ we palma agaçlarynyň şekilleri+ diwarlaryň ýüzüne haşamlanyp çekilendi*. Palma agajynyň her tarapynda bir kerup bardy. Her kerubyň iki ýüzi bardy. 19 Keruplaryň ynsan ýüzi bir palma agajyna, arslan ýüzi beýleki palma agajyna bakýardy+. Ybadathana tutuşlygyna keruplar we palma agaçlary bilen haşamlanandy. 20 Ybadathana aşagyndan tä ýokarsyna çenli keruplar we palma agaçlary bilen bezelendi.

21 Mukaddes otagyň söýeleri* inedördül görnüşindedi+. Iň mukaddes otagyň öňünde 22 agaçdan ýasalan ojak+ bardy, onuň beýikligi üç tirsek, uzynlygy iki tirsekdi. Her burçy şah görnüşinde ýasalandy. Onuň düýbi we gapdallary agaçdan ýasalandy. Ol adam maňa şeýle diýdi: «Bu Ýehowanyň öňündäki saçakdyr*»+.

23 Mukaddes otagyň we iň mukaddes otagyň goşa gapylary bardy+. 24 Her otagyň dört ganatly goşa gapysy bardy. Gapynyň iki ganaty bir tarapa, beýleki iki ganaty başga tarapa açylýardy. 25 Ybadathananyň diwarynda bolşy ýaly, otaglaryň gapysy hem keruplaryň we palma agajynyň şekilleri bilen haşamlanandy+. Eýwanyň daş ýüzünde agaçdan edilen tejegor* bardy. 26 Ybadathananyň eýwanynyň diwarynda we gapdal otaglarynda inçelip gidýän penjireler+ hem-de palma agajynyň şekilleri bardy. Ybadathananyň tejegory hem palma agajynyň şekili bilen haşamlanandy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş