87-NJI HEKAÝA
Ýaş Isa ybadathanada
ULULAR bilen gepleşip oturan oglanjyga seret. Bu adamlar Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasynyň mugallymlary. Oglanjyk bolsa Isa. Ol eýýäm ulaldy. Ol häzir 12 ýaşynda.
Mugallymlar Isanyň Hudaý hakda we Mukaddes Ýazgylar barada köp zatlary bilýänine haýran galýar. Ýöne bu ýerde näme üçin Ýusup bilen Merýem ýok? Olar niredekä? Gel, bileli.
Her ýyl Ýusup maşgalasy bilen Iýerusalime Pasha diýilýän uly baýramçylyga barýardy. Nasyra şäheri Iýerusalimden uzakda ýerleşýär. Adamlarda ne maşyn, ne-de otly bardy. Şol döwürlerde maşyndyr otly asla ýokdy. Köp adamlar pyýada ýöreýärdi. Iýerusalime barmak üçin üç güne golaý wagt gerekdi.
Ýusubyň başga-da çagalary bardy. Şonuň üçin ol Isanyň kiçi doganlaryna seretmeli bolýardy. Ynha, Ýusupdyr Merýem çagalary bilen öýüne, Nasyra tarap uzak ýola düşmeli bolýar. Olar Isany ýolagçylaryň arasyndadyr öýdýärler. Ýöne agşamara dynç almak üçin duranlarynda, Isanyň ýokdugyny bilýärler. Ol garyndaşlarynyň hem-de dostlarynyň arasynda ýokdy. Şonuň üçin olar Iýerusalime dolanyp, Isany gözlemäge başlaýar.
Ahyry olar Isany şu mugallymlaryň arasyndan tapýarlar. Isa ünsli diňläp, olara sorag berýärdi. Isany diňleýänleriň barysy onuň akylyna haýran galýar. Emma ejesi: «Oglum, sen näme beýle etdiň? Kakaň bilen seni gözläp gaýgy etdik» diýýär.
Isa olara: «Meni näme üçin gözlediňiz? Siz meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýdi.
Hawa, Isa Hudaý barada bilim berilýän ýerde bolmagy gowy görýärdi. Bizde hem şeýle isleg bolmaly dälmi näme? Isa sežde etmek üçin, öz ýaşaýan şäheri Nasyradaky duşuşyklara her hepde gatnaýardy. Şol duşuşyklarda ünsli diňläni üçin, Mukaddes Ýazgylary gowy bilýärdi. Gel, bizem Isa ýaly bolaly.