Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 76
  • Iýerusalimiň ýykylmagy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iýerusalimiň ýykylmagy
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Ybadathana hakda gürrüň ber»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
  • «Siziň soňuňyz geldi»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
  • Ýehowa yhlasly wagyz etmäge güýç-kuwwat berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 76

76-NJY HEKAÝA

Iýerusalimiň ýykylmagy

NEBUKADNEZAR patyşanyň ysraýyllylardan iň bilimli adamlary Babyla äkidenine on ýyldan gowrak wagt geçdi. Indi bolýan zatlara bir seret! Iýerusalim ýanyp dur. Diri galan ysraýyllylary bolsa, tutup Babyla alyp barýarlar.

Ýehowanyň pygamberleriniň aýdyşy ýaly-da boldy. Emma ysraýyllylar pygamberlere gulak asmady. Ýehowa sežde etmegiň deregine, olar ýalan taňrylara sežde edýärdiler. Şonuň üçinem halka jeza berilmelidi. Biz Ezekiýel pygamberiň gürrüňinden ysraýyllylaryň erbet işleri barada bileris.

Ezekiýeliň kimdigini bilýäňmi? Ol Iýerusalim ýykylmazyndan on ýyl öň, Nebukadnezar patyşanyň Babyla alyp giden ýigitleriniň biridi. Şol wagt Daniýel bilen onuň üç dosty Şadragy, Meşagy we Abednegony hem alyp gidipdiler.

Ezekiýel Babyldaka, Ýehowa oňa Iýerusalim ybadathanasynda edilýän erbet işleri görkezýär. Ol muny gudrat bilen edýär. Ezekiýel, hakykatdan-da, Babylda, ýöne Ýehowa oňa ybadathanadaky bolýan işleri görmäge mümkinçilik berýär. Ol diýseň erbet zatlary gördi!

Ýehowa Ezekiýele: «Halkyň ybadathanada edýän erbet işlerini bir gör. Daş-töweregiňdäki diwarlaryň ähli ýerinde ýylanlaryň we başga haýwanlaryň suratlary bar. Şeýle-de ysraýyllylara seret, olar bu suratlara sežde edýärler!» diýýär. Ezekiýel gudrat arkaly gören zatlarynyň barysyny ýazyp alýar.

«Ysraýyl ýaşulularynyň gizlinlikde edýän işini görýäňmi?» diýip, Ýehowa Ezekiýelden soraýar. Ol seretse, ine, 70 adam dur. Olaryň barysy ýalan taňrylara sežde edýär. Olar: «Ýehowa hiç zady görenok. Ol ýurdumyzy taşlady» diýýärler.

Soňra Ýehowa Ezekiýele ybadathananyň demirgazyk derwezesinde duran birnäçe aýallary görkezdi. Olar Tammuz diýen ýalan taňra sežde edýärdiler. Soňra ybadathananyň girelgesindäki adamlary görkezdi. Ezekiýel görse, takmynan 25 adam gündogara bakyp, Güne sežde edip dur!

Ýehowa: «Bu halk meni sylanok. Olar hatda ybadathanama gelip, erbet işleri edýärler. Şonuň üçin olara gaharym geldi. Olary ýok edenime gynanmaryn» diýýär.

Ýehowanyň Ezekiýele bu zatlary görkezenine üç ýyl geçdi. Ysraýyllylar Nebukadnezar patyşa garşy gozgalaň turuzdy. Şonda Nebukadnezar olar bilen uruşdy. Bir ýarym ýyl geçende, babyllylar Iýerusalimiň diwarlaryny ýykyp, şäheri bolsa otlaýarlar. Olaryň köpüsini ýa öldürýärler, ýa-da tutup Babyla äkidýärler.

Ýehowa muňa näme üçin ýol berdikä? Dogry, sebäbi ysraýyllylar Ýehowa gulak asmadylar. Onuň kanunyna boýun bolmadylar. Bu waka Ýehowanyň buýrugyny hemişe ýerine ýetirmegiň wajypdygyny görkezýär.

Ysraýyl ýurdunda galmaga başda diňe käbir adamlara rugsat berilýär. Nebukadnezar patyşa Gedalýa atly ýehudyny olara ýolbaşçy belleýär. Ýöne biraz wagtdan ysraýyllylar Gedalýany öldürýärler. Şu sebäpli halk babyllylardan gorkýar. Şonuň üçin olar Ýeremiýany hem özleri bilen Müsüre gaçmaga mejbur edýärler.

Ysraýyl ýurdunda ýekeje adam-da galmaýar. Bu ýerde 70 ýyllap hiç kim ýaşamaýar. Ýurt bütinleý boşap galdy. Ýöne Ýehowa halkyny 70 ýyldan ýurduna dolandyrjagyny wada berýär. Emma Hudaýyň Babyl ýurduna äkidilen halkyna näme bolduka? Gel, bileli.

2 Patyşalar 25:1—26; Ýeremiýa 29:10; Ezekiýel 1:1—3; 8:1—18.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş