-
Aýdyň mysallar arkaly öwretmekWagyz mekdebi
-
-
45-NJI SAPAK
Aýdyň mysallar arkaly öwretmek
AÝDYŇ MYSALLAR — tälim bermegiň iň gowy usuly. Olar diňleýjiniň ünsüni özüne çekip, dykgatly bolmaga has gowy kömek edýär. Şeýle-de oýlanmaga we aýdylan zatlary ýatda saklamaga ýardam berýär. Olar adamyň duýgusyna, ynsabyna we ýüregine täsir edýär. Käte aýdyň mysallary öňden galan ters pikiri ýeňmek üçin ulansa bolýar. Siz tälim bereniňizde bu usuly ulanýarmysyňyz?
Meňzetmeler — aýdyň mysallar bolup, olary bary-ýogy birnäçe sözler bilen aýdyp bolýar; olar aýdylan zady adamyň pikirinde aýdyň suratlandyrýar. Meňzetmeler dogry saýlanylsa, olaryň manysyny doly düşündirmek gerek bolmaýar. Emma mugallym aýdylanlaryň wajyplygyny nygtamak üçin gysgaça düşündiriş berip biler. Mukaddes Ýazgylarda meňzetmeler köp ulanylýar. Siz olardan öwrenip bilersiňiz.
Deňeşdirmeden we metaforadan başlaň. Deňeşdirme — meňzetmäniň ýönekeý görnüşi. Eger siz aýdyň mysallary ulanmagy öwrenýän bolsaňyz, onda deňeşdirmelerden başlasaňyz peýdaly bolar. Olar, köplenç, «kimin» we «ýaly» sözler bilen aýdylýar. Biri-birinden biraz tapawutlanýan iki zat deňeşdirilende, olaryň arasyndaky umumy meňzeşlik nygtalýar. Mukaddes Ýazgylarda ösümlikler, haýwanlar, asman jisimleri we adamlaryň durmuşy bilen baglanyşykly zatlar arkaly meňzetmeler getirilýär. Zebur 1:3-de Hudaýyň Sözüni yzygiderli okaýan adam «akar suwlar ýakasynda ekilen... agaç ýaly bolar» diýilýär, ol miwesini wagtynda berýär we ýapragy solmaýar. Erbet adama «arslan kimindir» diýilýär, ol oljasyny tutmak üçin gizlenip ýatýar (Zeb. 10:9). Ýehowa Ybraýym pygambere: «Nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin» diýip wada beripdi (Gel. çyk. 22:15—17). Ýehowa ysraýyl halky bilen ýakyn gatnaşygyny şeýle beýan etdi: «Guşak ynsanyň biline nähili ýapyşýan bolsa, Men hem tutuş ysraýyl we ýahuda halklaryny Özüme şeýle ýapyşdyraryn» (Ýer. 13:11).
Metafora — biri-birinden düýbünden tapawutlanýan iki zadyň arasyndaky meňzeşligi görkezýär. Şeýle ýagdaýda bir zat barada gürrüň edilende ikinji zat göz öňünde tutulýar we biriniň häsiýeti beýlekisinde görkezilýär. Isa şägirtlerine: «Siz dünýäniň yşygysyňyz» diýdi (Mat. 5:14). Ýakup şägirt erk edilmedik diliň ýetirip biljek zyýany barada şeýle ýazdy: «Dil otdur» (Ýakup 3:6). Dawut Ýehowa şeýle nagma aýtdy: «Meniň gaýam, berkitmäm Sensiň» (Zeb. 31:3). Gowy saýlanan metaforalary, köplenç, biraz düşündirmeli bolsa, käte olary düşündirmek gerek bolmaýar. Deňeşdirme gysga bolsa, onuň täsiri güýçli bolýar. Pikirler ýönekeý sözler bilen däl-de, metafora arkaly aýdylsa, diňleýjileriň ýadynda gowy galýar.
Giperbola — bir zady çakdanaşa ulaldyp görkezmek. Emma ony ulananyňda seresap bolmaly, ýogsam oňa nädogry düşünerler. Isa ýatdan çykmajak pikiri şekillendirmek üçin meňzetme usulyny ulandy. Ol şeýle sorag berdi: «Näme üçin sen doganyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň?» (Mat. 7:3). Giperbolany ýa-da başga bir meňzetmäni ulanmazdan öň, siz deňeşdirmäni we metaforany ökdelik bilen ulanmagy öwreniň.
Aýdyň mysallary ulanyň. Meňzetme usulyny ulanmagyň ýerine, siz toslanan ýa-da hakyky bolan wakalary ulanyp hem bilersiňiz. Olar, köplenç, çylşyrymly bolýar we esasy zatdan ünsüňi sowýar, şol sebäpli olary başarnykly ulanmak gerek. Şeýle mysallary diňe wajyp pikirleri tassyklamak üçin ulanmaly we diňleýjiler diňe bir wakany däl-de, eýsem, şol arkaly berilýän maslahaty-da ýadynda saklar ýaly gürrüň bermeli.
Aýdyň mysallaryň ählisini durmuşdan almak hökman bolmasa-da, olar adamlaryň hakyky garaýşyny we ýagdaýlaryny görkezmeli. Isa tälim berende, toba eden günäkär adama nähili garaýyşda bolmalydygyny görkezmek üçin, ýiten goýnuny tapan adamyň nähili şatlanandygyny gürrüň berdi (Luka 15:1—7). Musanyň kanunyndaky goňşyňy söýmeli diýen tabşyrygyň manysyna doly düşünmedik kanunça Isa ýaralanan adama ruhanynyň we lewiniň kömek etmän, samariýalynyň kömek edendigini gürrüň berdi (Luka 10:30—37). Eger siz adamlaryň garaýşyna we hereketlerine syn etmegi öwrenseňiz, tälim bermegiň şu usulyny ökdelik bilen ulanyp bilersiňiz.
Natan pygamber günä eden Dawut patyşanyň ýagdaýyna degişli bir toslama wakany gürrüň berdi. Bu waka örän täsirlidi, sebäbi onuň gürrüň berlişi Dawuda özüni aklamaga mümkinçilik bermeýärdi. Natan bir baý adamyň köp goýunlarynyň bolandygyny we bir garyp adamyň bolsa söýgi bilen aladasyny edýän ýekeje guzusynyň bardygyny gürrüň berýär. Dawut öň çopan bolupdy, şol sebäpli ol garyp adamyň duýgusyna gowy düşünýärdi. Ol baý adamyň garybyň eý görýän guzusyny elinden alandygyna örän gaharlanýar. Şonda Natan Dawuda: «Şol adam — sen!» diýip, göni aýdýar. Bu sözler Dawudyň ýüregine güýçli täsir edýär we ol ýürekden toba edýär (2 Şam. 12:1—14). Wagtyň geçmegi bilen, siz-de duýgy bilen baglanyşykly mysallary özüne çekiji edip gürrüň bermegi öwrenersiňiz.
Tälim bermek üçin gowy mysallary Mukaddes Ýazgylardan alsa bolýar. Isa-da käbir mysallary Mukaddes Ýazgylardan alypdy. Bir sapar ol: «Lutuň aýalyny ýada salyň!» diýip, ýönekeý bir mysal getirdi (Luka 17:32). Özüniň gelmegi bilen bagly alamaty jikme-jik düşündirende, ol «Nuhuň günlerine» salgylandy (Mat. 24:37—39). Pawlus resul Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda Hudaýa wepaly 16 sany erkekdir aýallaryň adyny agzap, olary mysal getirýär. Siz-de Mukaddes Ýazgylary gowy öwrenip, ondaky dürli wakalardan we adamlaryň durmuşyndan ajaýyp mysallary alyp bilersiňiz (Rim. 15:4; 1 Kor. 10:11).
Käte berlen maslahatyň wajyplygyny nygtamak üçin häzirki bolýan wakalardan mysal getirse bolýar. Emma munuň üçin wakanyň hakykatdanam bolandygyny anyklamaly we kimdir birini oňaýsyz ýagdaýa salmakdan ägä bolmaly. Şeýle-de diňleýjileriň ünsüni tema bilen baglanyşykly bolmadyk jedelli meselä çekmejek bolmaly. Mysaly belli bir maksada görä ulanmagy-da unutmaň. Gerekmejek jikme-jiklikleri gürrüň bermekden gaça duruň, sebäbi bu sizi maksadyňyzdan daşlaşdyrar.
Mysallar düşnükli bolarmy? Her bir aýdyň mysal belli bir maksat üçin ulanylýar. Eger mysaly tema bilen baglanyşdyryp bilmeseňiz, goýan maksadyňyza ýetip bilersiňizmi?
Isa şägirtlerine siz «dünýäniň yşygysyňyz» diýenden soňra, çyranyň ulanylyşyny gysgaça ýatladyp, olaryň nähili borjy ýerine ýetirmelidigini görkezdi (Mat. 5:15, 16). Ol ýiten goýun tymsalyny gürrüň berende, toba eden günäkär üçin gökde uly şatlygyň bolýandygyny aýtdy (Luka 15:7). Rehimdarlyk bildiren samariýaly adam baradaky tymsaly gürrüň berip, Isa gürrüňdeşine oýlanyşykly bir sorag berensoň, göni maslahat berdi (Luka 10:36, 37). Emma Isa topragyň dürli görnüşleri we ekin meýdanyndaky haşal ot hakyndaky tymsallaryň manysyny märekä düşündirmedi; ol muny diňe kiçigöwünlilik bilen onuň ýanyna gelip soranlara düşündirdi (Mat. 13:1—30, 36—43). Ölmezinden üç gün öň, Isa zalym bagbanlar baradaky tymsaly gürrüň berdi. Isa bu tymsalyň manysyny düşündirmedi, onuň geregi-de ýokdy. Sebäbi «baş ruhanylardyr fariseýler... özleri hakda gürrüň edýänini aňdylar» (Mat. 21:33—45). Diýmek, aýdyň mysaly düşündirmelimi ýa-da düşündirmeli däl, ýa-da näçeräk düşündirmelidigi getirilen mysala, diňleýjileriň garaýşyna we goýlan maksada bagly bolýar.
Aýdyň mysallary ökdelik bilen ulanmagy öwrenmek üçin wagt gerek, ýöne bu edilen tagalla degýär. Gowy saýlanan aýdyň mysallar diňe bir aňyňa däl, eýsem, ýürege-de täsir edýär. Olar aýdylan zatlaryň täsirini güýçlendirýär, emma muny hemişe diňe delilleri getirmek bilen edip bolmaýar.
-
-
Diňleýjilere tanyş mysallary ulanmakWagyz mekdebi
-
-
46-NJY SAPAK
Diňleýjilere tanyş mysallary ulanmak
SIZIŇ saýlaýan aýdyň mysallaryňyzyň gürrüň etjek temaňyza degişli bolmagy wajypdyr. Emma mysallar has täsirli bolar ýaly, olar diňleýjileriň durmuşyna-da gabat gelmeli.
Aýdaly, siz birnäçe adamdan ybarat bolan topara ýüzlenýärsiňiz. Mysal saýlanyňyzda diňleýjileri nädip göz öňünde tutmaly? Isa Mesih şeýle ýagdaýda näme edipdi? Ol märekä ýüzlense-de, şägirtlerine ýüzlense-de ysraýyl halkynyň durmuşyna degişli bolmadyk mysallary ulanmandyr. Sebäbi şeýle mysallar olara tanyş däldi. Meselem, Isa Müsür köşgüniň ýaşaýşy ýa-da Hindistanyň dini däp-dessurlary barada agzamandyr. Muňa garamazdan, onuň ulanan mysallary ähli ýurtda ýaşaýan adamlaryň edýän işlerine degişlidi. Isa geými ýamamak, söwda-satyk etmek, gymmatly zadyň ýitişi we toý baýramçylyklary barada aýdýardy. Ol adamlaryň dürli ýagdaýlarda özüni nähili alyp barjakdygyny bilýärdi we mysallary saýlanda, şolary göz öňünde tutýardy (Mar. 2:21; Luka 14:7—11; 15:8, 9; 19:15—23). Isa diňe ysraýyl halkyna wagyz edendigi sebäpli, onuň mysallary, köplenç, şol millete tanyşdy we olaryň gündelik durmuşy bilen baglydy. Ol daýhançylyk, goýunlaryň çopanyň sesine seslenişi we şerap guýulýan meşikler barada mysallary ulanypdyr (Mar. 2:22; 4:2—9; Ýahýa 10:1—5). Şeýle-de ol hemmelere mälim bolan taryhy wakalary, ýagny ilkinji ýaradylan adamlary, Nuhuň günlerindäki tupany, Sodom hem-de Gomoranyň ýok edilişini, Lutuň aýalynyň ölümini we başga-da wakalary mysal getiripdir (Mat. 10:15; 19:4—6; 24:37—39; Luka 17:32). Siz-de aýdyň mysallary saýlanyňyzda diňleýjileriň edýän işlerini we olaryň alan terbiýesini göz öňünde tutýarmysyňyz?
Eger siz uly märekä däl-de, bir ýa-da birnäçe adama ýüzlenmeli bolsaňyz näme? Onda şol adamlara degişli aýdyň mysallary saýlamaga jan ediň. Isa Sihar şäheriniň golaýyndaky guýynyň başynda samariýaly aýala wagyz edende, ol «dirilik suwy», «asla suwsamaz» we «ebedilik ýaşaýyş çeşmesi» ýaly meňzetmeleri ulanypdyr. Bularyň ählisi aýalyň edýän işi bilen baglydy (Ýahýa 4:7—15). Şeýle-de Isa balyk tutulýan torlaryny ýuwýan adamlara wagyz edende, balyk tutmak işine degişli meňzetmäni saýlapdyr (Luka 5:2—11). Bu iki ýagdaýda-da ol daýhançylyk barada gürrüň edip bilerdi, sebäbi olar ekerançylyk bilen meşgullanylýan ýerlerde ýaşaýardylar. Ýöne adamyň meşgullanýan işlerine degişli zatlara salgylanmak, gör, nähili täsirli boldy! Siz hem şeýle etmäge çalyşýarmysyňyz?
Isa «Ysraýyl öýüniň ýitirim bolan goýunlaryna» üns beren bolsa, Pawlus resul diňe ysraýyllylara däl-de, özge milletlere-de wagyz etmelidi (Mat. 15:24; Res. iş. 9:15). Bu onuň saýlan mysallaryna täsir etdimi? Hawa. Ol Korintosdaky mesihçilere hat ýazanda, özge milletlere tanyş bolan ylgaw meýdany, ýeňiş ýoly we butlara hödürlenýän gurbanlary iýmek ýaly mysallary agzapdy (1 Kor. 8:1—10; 9:24, 25; 2 Kor. 2:14—16).
Siz-de aýdyň mysallary Isa hem-de Pawlus ýaly ünsli saýlaýarmysyňyz? Siz diňleýjileriň alan terbiýesini we olaryň gündelik durmuşda edýän işlerini göz öňünde tutýarmysyňyz? Elbetde, häzirki ýaşaýyş I asyrdakydan tapawutlanýar. Köp adamlar telewizor arkaly dünýäde bolýan wakalary eşidip bilýärler. Şol sebäpli olar daşary ýurtda ýaşaýan adamlaryň durmuşy bilen tanyş. Eger siziň ýaşaýan ýeriňizde-de şeýle bolsa, onda şol habarlary aýdyň mysal hökmünde ulanyp bilersiňiz. Emma diňleýjileriňiziň durmuşy, ýagny öýi, maşgalasy, işi, iýmiti we ýurdunyň howasy bilen bagly zatlar barada gürrüň etseňiz has-da täsirli bolar.
Eger siz getirýän mysalyňyzy köp düşündirmeli bolsaňyz, diýmek, siz diňleýjiler üçin nätanyş zat barada gürrüň edýärsiňiz. Şeýle mysallar berýän maslahatyň üstüni örtüp biler. Şeýlelikde, diňleýjiler mysaly ýatda saklasalar-da, Mukaddes Ýazgylardan gürrüň beren zatlaryňyzy unudarlar.
Isa çylşyrymly deňeşdirmeleri ulanman, ýönekeý we durmuşda bolýan zatlary mysal getiripdir. Ol kiçi zat arkaly uly, ýönekeý zat arkaly çylşyrymly zatlary düşündiripdir. Isa gündelik durmuşdaky zatlar bilen ruhy hakykaty baglanyşdyryp, adamlara ruhy zatlara gowy düşünmäge we olary özleşdirmäge kömek edipdir. Gör, nähili ajaýyp görelde!
-