Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • El we ýüz hereketleri
    Wagyz mekdebi
    • 12-NJI SAPAK

      El we ýüz hereketleri

      Munuň üçin näme etmeli?

      Pikiriňi ýa-da garaýşyňy görkezmek üçin eliňi, egniňi, ýa-da bütin bedeniňi hereketlendirmeli.

      Aýdýan sözleriňi täsirli etmek hem-de duýgularyňy bermek üçin başyňy, gözüňi we dodaklaryňy hereketlendirmeli.

      Bu näme üçin wajyp?

      El we ýüz hereketleri çykyşy täsirli edýär hem-de aýdylýan zatlary göz öňüne getirmäge kömek edýär. Olar arkaly güýçli duýgulary görkezip, sözleýşiňi joşgunly edip bolýar.

      KÄBIR ýurtlarda ýaşaýan adamlar beýleki ýurtlardaky adamlara garanyňda, el we ýüz hereketlerini erkin ulanýarlar. Emma geplände ýüz-gözüni we ellerini hereketlendirmeýän adam ýok bolsa gerek. Bu hereketler adaty gepleşikde-de, köpçüligiň öňünde çykyş edilende-de ulanylýar.

      El hereketlerini Isa we onuň şägirtleri-de ulanypdyrlar. Bir gün Isanyň ýanyna gepleşmek üçin ejesiniň we doganlarynyň gelendiklerini aýdýarlar. Şonda Isa: «Meniň ejem kim? Doganlarym kimler?» diýýär. Soňra Mukaddes Ýazgylarda şeýle habar berilýär: «(Isa) Öz şägirtlerine tarap elini uzadyp diýdi: „Ine, Meniň ejem, Meniň doganlarym“» (Mat. 12:48, 49). Şeýle-de Resullaryň işleri 12:17 we 13:16-da Petrus bilen Pawlus resulyň hem el hereketlerini ulanandygy barada aýdylýar.

      Pikirleri, duýgulary diňe bir ses bilen däl, eýsem, eliň we ýüzüň hereketleri bilenem berip bolýar. Çykyş edýän adam olary gowy ulanmasa, onda aýdýan zatlaryna parhsyz garaýan ýaly bolup görner. Emma geplände hereketler sazlaşykly ulanylsa, aýdylýan zatlar güýçli täsir edýär. Telefonda gepleşeniňizde-de, el we ýüz hereketlerini ulansaňyz, sözleriňiziň wajyplygyny görkezmek hem-de duýgyňyzy bermek aňsat bolar. Şol sebäpli siz nutuk bilen çykyş edeniňizde ýa-da okamaly bolanyňyzda, diňleýjiler size seretseler-de, Mukaddes Ýazgylardan yzarlasalar-da, el we ýüz hereketlerini ulanmak wajypdyr.

      El we ýüz hereketleri ýasama bolmaly däl. Siz gülmegi ýa-da gaharlanmagy ýörite öwrenen dälsiňiz. Şonuň ýaly-da, hereketler siziň hakyky duýgularyňyzy görkezmeli. Olar näçe adaty bolsa, şonça-da gowy bolar.

      El we ýüz hereketleri iki topara bölünýär: suratlandyryjy hem-de nygtaýjy hereketler. Suratlandyryjy hereketler arkaly bir zadyň hereketini, möçberini we ýerleşýän ýerini görkezip bolýar. Eger siz bu sapagyň üstünde işlemeli bolsaňyz, onda birki hereket bilen çäklenmäň. Olary bütin çykyşyň dowamynda adaty görnüşde ulanjak boluň. Eger bu size kyn bolsa, bir zadyň ugruny, uzaklygyny, ölçegini, ýerleşýän ýerini we ýagdaýyny görkezýän sözlere üns berseňiz peýdaly bolar. Emma diňleýjilerde täsir galdyrmak barada alada etmän, nutuk bilen gyzyklanyň. Siziň gepleýşiňiz we hereketiňiz gündelik durmuşdaky ýaly bolsun. Sebäbi özüňi arkaýyn duýsaň, hereketler öz-özünden döreýär.

      Nygtaýjy hereketler arkaly duýgyňy we ynamlylygyňy görkezip bolýar. Olar pikiri nygtaýar, janlandyrýar we güýçlendirýär. Bu hereketler wajypdyr. Ýöne seresap boluň! Nygtaýjy hereketleriň aňsatlyk bilen ýasama bolup başlamagy mümkin. Eger siz şol bir hereketi ulansaňyz, diňleýjileriň bar ünsüni nutugyňyza däl-de, özüňize çekersiňiz. Eger Mekdebiň gözegçisi siziň şeýle hereketi endik edinendigiňizi görüp, onuň üstünde işlemegi tabşyrsa, onda diňe suratlandyryjy hereketleri ulansaňyz gowy bolar. Biraz wagtdan bolsa, nygtaýjy hereketleri-de ulanyp başlarsyňyz.

      Nygtaýjy hereketleriň haýsysyny we nähili ýagdaýda ulanmalydygyny bilmek üçin diňleýjileri göz öňünde tutmaly. Meselem, diňleýjilere barmagyňyzy çommaldyp görkezseňiz, olar özlerini oňaýsyz duýarlar. Mysal üçin, käbir ýurtlarda eliňi agzyňa goýup geň galmak hereketi aýal-gyzlara mahsusdyr; eger şeýle hereketi erkek kişiler ulansa, geň görülýär. Käbir ýurtlarda bolsa, aýallar elini aşa köp hereketlendirip geplese gelşiksiz hasaplanylýar. Şeýle ýurtlarda uýalar, esasan-da, ýüz hereketlerini ulansalar gowy bolar. Emma kiçi toparyň öňünde çykyş edeniňizde hereketleri çendenaşa ulansaňyz gülkünç görner.

      Siz wagtyň geçmegi bilen tejribe toplap, has erkin geplemegi öwrenersiňiz. Nygtaýjy hereketleriň kömegi bilen çuňňur duýgulary adaty ýagdaýda görkezip bilersiňiz. Şeýle-de olar siziň ynamly we ýürekden gepleýändigiňizi aýan eder. Bu-da çykyşyňyzy täsirli eder.

      Ýüz hereketleri. Beýleki hereketlere garanyňda, ýüz hereketleri biziň hakyky duýgularymyzy görkezýär. Göz, dodak, başyňy egmek — bularyň ählisi duýgularyňy bildirmäge kömek edýär. Adam ýekeje söz aýtmasa-da, onuň ýüzünden biparhdygyny, närazydygyny, düşünmeýändigini, geň galýandygyny ýa-da begenýändigini görse bolýar. Eger şeýle hereketler bilen birlikde ýerlikli sözler ulanylsa, olar çykyşy has-da täsirli edýär hem-de aýdylýan zatlary göz öňüne getirmäge kömek edýär. Ýehowa ynsanyň ýüzünde 30-dan gowrak myşsa ýaradypdyr. Adam diňe bir ýylgyranda, olaryň ýarysy diýen ýaly hereket edýär.

      Siz sahnada çykyş etseňiz-de, wagyzda bolsaňyz-da, adamlara ýakymly we ýüreklerine täsir etjek zatlar barada geplemäge çalşyň. Bu babatda size mähirli ýylgyrmaklyk ýardam eder. Emma geplänimizde ýüzümizde hiç hili duýgy görünmese, adamlar biziň ýürekden sözleýändigimize şübhelenerler.

      Siz ýylgyrmak bilen adamlara bolan mähirli duýgularyňyzy hem görkezersiňiz. Bu örän wajypdyr, çünki häzir adamlar kesekilerden gorkýarlar. Siz ýylgyrsaňyz, adamlar özüni arkaýyn duýarlar we aýdýan zatlaryňyzy höwes bilen diňlärler.

  • Seretmek
    Wagyz mekdebi
    • 13-NJI SAPAK

      Seretmek

      Munuň üçin näme etmeli?

      Gürrüňdeş bolanyňyzda adamyň ýüzüne serediň. Eger ýaşaýan ýeriňizde ýerlikli bolsa, onuň gözüne seredip gepläň. Köpçülige däl-de, olaryň hersine aýratynlykda serediň.

      Bu näme üçin wajyp?

      Köp ýurtlarda söhbetdeş bolýan adamlaryňa seredip geplemeklik, olar bilen gyzyklanýandygyňy görkezýär. Şeýle-de bu adamyň ynamly sözleýändigini aýan edýär.

      ADAMYŇ gözi onuň garaýşyny we duýgusyny görkezýär. Şeýle-de ol geň galmagy, gorkyny, duýgudaşlygy ýa-da söýgini aýan edip biler. Käte adamyň gözünden onuň şübhelenýändigini ýa-da betbagtçylygy başdan geçirendigini görse bolýar. Ençeme horluklary başdan geçiren bir ýaşuly adam özi we ildeşleri barada şeýle diýýär: «Biz göz arkaly gepleşýäris».

      Käbirleri adamyň kimdigini we näme hakda gürrüň berýändigini bilmek üçin onuň nirä seredip gepleýändigine üns berýärler. Käbir ýurtlarda mähirli seredip gepleýän adamlara ynanýarlar, emma adam ýere ýa-da başga zada seredip geplese, onuň akýürekliligine we ynamly sözleýändigine şübhelenerler. Käbir ýurtlarda ýolbaşçy adamlaryň gözüne siňe seredip ýüzlenilse, bu gödekligi we edepsizligi aňladyp biler. Şeýle garaýyş erkek kişiler bilen aýal-gyzlaryň arasynda bolsa, näz-kereşmäni görkezýär. Eger ýaşlar özünden uly adam bilen gepleşende göni gözüne seretse, hormatsyzlyk hasaplanylýar.

      Emma wajyp bir zady aýtjak bolanyňda, adamyň gözüne seretmeklik edepsizlik hasaplanylmaýar. Gaýtam, bu adamyň ynamly sözleýändigini görkezýär. Bir gezek Isanyň şägirtleri geň galyp, ondan: «Kim halas bolup biler?» diýip soradylar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Isa olara seredip diýdi: „Ynsanlar üçin bu mümkin däl, ýöne Hudaý üçin ähli zat mümkin“» (Mat. 19:25, 26). Şeýle-de Hudaýyň Sözünde Pawlus resulyň diňleýjilere syn edendigi barada aýdylýar. Sebäbi ol aýdan sözleriniň olara edýän täsirini bilmek isledi. Bir gezek ol wagyz edip durka, märekäniň arasynda dogabitdi agsak adamy görýär. Resullaryň işleri 14:9, 10-njy aýatlarda şeýle diýilýär: «Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňledi; Pawlus hem oňa göz dikdi, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny görüp, gaty ses bilen diýdi: „Aýagyň üstünde dik dur!“»

      Wagyz edeniňizde. Adamlar bilen mähirli gürrüňdeş bolmaga çalşyň. Hem özüňizi, hem-de söhbetdeşiňizi gyzyklandyrjak temany saýlap, eger ýerlikli bolsa, gürrüňdeşligi oýlandyryjy sorag bilen başlaň. Adamyň gözüne, hiç bolmanda, ýüzüne mylakatly we hormat bilen serediň. Ol mähirli ýylgyrsa, ýüregindäki şatlygy gözünden görner. Şeýdip, siz adamy özüňize çekip, oňa arkaýyn pikir alyşmaga kömek edersiňiz.

      Siz adamyň gözüne seretseňiz, özüňizi nähili alyp barmalydygyny bilersiňiz. Onuň gözünden gaharlydygyny, aýdýan sözleriňize düşünmeýändigini ýa-da gyzyklanmaýandygyny görersiňiz. Eger ol gyzyklanýan bolsa, onda gürrüňiňizi dowam edip bilersiňiz. Adamyň gözüne seredip, çaltrak ýa-da haýalrak geplemelidigini, söhbetdeşlige goşulmaga mümkinçilik bermelidigini, gürrüňdeşligi tamamlamalydygyny ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkezmelidigini bilse bolýar.

      Siz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirseňiz-de, wagyz etseňiz-de adamyň gözüne hormat bilen seretmäge çalşyň. Emma siňe seretmäň, ýogsam adamy oňaýsyz ýagdaýa salarsyňyz (2 Pat. 8:11). Ýöne adamyň ýüzüne ýygy-ýygydan dostlukly garaýyş bilen garaň. Şeýle garaýyş köp ýurtlarda adam bilen ýürekden gyzyklanýandygyňy görkezýär. Elbetde, Mukaddes Ýazgylardan ýa-da başga edebiýatdan okanyňyzda, siziň gözüňiz okalýan zatda bolar. Ýöne esasy bölümleri nygtamaly bolanda, biraz salym adamlara seretmek islärsiňiz. Eger diňleýjilere wagtal-wagtal seretseňiz, olaryň okaýan zadyňyza bolan garaýşyny görersiňiz.

      Eger çekinjeň bolsaňyz, ilkibada, size adamyň gözüne seretmek kyn bolar, ýöne ruhdan düşmäň. Munuň üstünde işlemegiňizi dowam etseňiz, wagtyň geçmegi bilen adamyň gözüne adaty boluşda seretmegi öwrenersiňiz. Bu bolsa adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda kömek eder.

      Çykyş edeniňizde. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň Dagdaky wagzyny aýdyp başlamanka, «şägirtlerine garandygy» barada

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş