Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yp2 bap 30 sah. 246—252
  • Elektron oýunlary oýnasa bolýarmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Elektron oýunlary oýnasa bolýarmy?
  • Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Sözbaşylar
  • Zyýanly taraplary
  • Näme üçin saýlamaly?
  • Nähili oýny saýlamaly?
  • Paýhasly saýla!
Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
yp2 bap 30 sah. 246—252

30-NJY BAP

Elektron oýunlaryny oýnasa bolýarmy?

BRAÝN şeýle diýýär: «Elektron oýunlary gaty gyzykly. Emma oýunlarda edýän zatlaryňy hakyky durmuşda etseň, gowulygyň üstünden eltmez. Olary durmuşda, umuman, etmeseň gerek». Debora hem elektron oýunlaryny oýnamagy gowy görýär. Ýöne ol bu zatlaryň wagtyňy gaty köp alýandygyny we özüne bagly edýändigini aýdýar.

Dogrudan-da, elektron oýunlaryna diňe bir häzirki zaman enjamlary diýip bolmaz. Olar ukybyňy ösdürýär we içgysgynç bolmazlyga kömek edýär. Şeýle-de olar ünsli bolmaga, hatda käbiri matematikadan ökde bolmaga we okamak ukyplaryňy ösdürmäge kömek edýär. Galyberse-de, soňky çykan elektron oýunlary klasdaşlaryň bilen gürrüňe başlamaga mümkinçilik berýär. Eger sen elektron oýunlaryny oýnaýan bolsaň, deň-duşlaryň bilen aňsat dil tapyşýansyň.

Sen şeýle oýunlary saýlanyňda seresap bolsaň, gowy göwün açmaga kömek edýän hem-de Hudaýyň kada-kanunlaryna gabat gelýän oýunlary saýlap bilersiň. Emma näme üçin seresap bolmaly?

Zyýanly taraplary

Gynansak-da, elektron oýunlarynyň ählisine gowy diýip bolmaz. Olaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Hudaýyň ýigrenýän «ten işlerini», ýagny erbet işleri gowy edip görkezýär (Galatýalylar 5:19—21).

18 ýaşly Adriýan ýaşlaryň arasynda gowy görülýän oýunlaryň biri barada şeýle diýýär: «Bu oýunda topar-topar bolup uruşmak, neşe çekmek, ahlaksyz zatlaryň görkezilmegi, hapa sözler, zalymlyk we gan döküşlik erbet zat hasaplanmaýar». Mundan başga-da, käbir oýunlar jadygöýlikden doly. Şeýle-de çykýan oýunlaryň täzelenen görnüşi öňkä garanda has erbet bolýar. Şeýle zalym oýunlary Internetde başgalar bilen bilelikde oýnap bolýar. Bu zatlar bolsa şeýle oýunlary gaty gyzykly edip görkezýär. 19 ýaşly Jeýms: «Öýden çykman dünýäniň beýleki künjegindäkiler bilen bile oýun oýnap bolýar» diýýär.

Esasan-da, Internetde rollara bölünip oýnalýan oýunlar giňden ýaýran. Rollara bölünip alnan oýunda oýunçylar özüne adamyň ýa haýwanyň keşbindäki ýa-da adam bilen haýwany goşanyňda döreýän keşpdäki zady saýlap bilýär. Bu elektron oýnuny Internet arkaly müňlerçe oýunçylar oýnamagy gaty gowy görýärler. Şeýle oýunlarda dükanlary, maşynlary, öýleri, gijeki klublary we köpçülik ýerlerini, umuman alanyňda, hakyky durmuşda näme bar bolsa, şol zatlary görüp bolýar. Oýunçylar bu oýunda öz saýlan keşbi arkaly biri-biri bilen SMS ýazyşyp bilýär.

Şeýle oýunlar mafialardan, ahlaksyzlyk etmäge gyz tapyp berýänlerden, beçebazlardan, talaňçylardan we puluna tutulan ganhorlardan doly. Bu oýny oýnaýanlar durmuşda etmejek zatlary bilen meşgullanýarlar. Mysal üçin, birki düwmäni bassaň, oýnuň içindäkiler jynsy gatnaşyk bilen meşgullanýarlar. Şol wagt oýnap oturanlar bolsa ahlaksyz zatlar barada ýazyşýarlar. Köp oýunlar uly adamyň keşbindäkiler bilen çagalaryň keşbindäkiler jynsy gatnaşyk edip biler ýaly edilip düzülen. Şeýle ýigrenji, hapa zatlaryň oýun hökmünde kabul edilmegi köp psihologlary biynjalyk edýär.

Näme üçin saýlamaly?

Zorlukly ýa-da ahlaksyz elektron oýunlaryny oýnaýanlar: «Men hiç hili erbet zat edemok. Durmuşda beýle däl. Bu ýöne bir oýun» diýip pikir etmegi mümkin. Emma şeýle nädogry garaýyşlara aldanma!

Mukaddes Ýazgylarda: «Işi sapmy, dogrumy ýa dälmi, çaga-da öz edenleri bilen tanalýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 20:11). Eger senem zorlukly we ahlaksyz oýunlary oýnaýan bolsaň, bu seniň dogruçyldygyňy görkezýärmi ýa-da erbet adamdygyňy? Her gezegem geçirilýän barlaglar zorlukly oýunlary oýnamagyň gaharjaňlygy ösdürýändigini subut edýär. Käbir barlag geçirijiler telewizora garanyňda, elektron oýunlarynyň has güýçli täsir edýändigini belläp geçýär. Sebäbi elektron oýunlaryny oýnamaga adamyň özi gatnaşýar.

Zorlukly we ahlaksyz oýunlary oýnamak zäherli maddany oýnan ýalydyr. Onuň netijesi şol bada bildirmese-de, hökman zyýan ýetirer. Zäherli madda aşgazanyň bardalaryna zyýan ýetirip, bakteriýalar gana geçip başlar. Netijede bolsa, agyr kesellärsiň. Edil şonuň ýaly, oýunlarda edilýän jynsy gatnaşyk we zalymlyk «haýasyzlyga» eltýär, ýagny ahlak kadalaryna sowuk-sala garamaga iterýär. Bu bolsa seniň pikiriň we hereketleriň üstünden agalyk eder (Efesliler 4:19; Galatýalylar 6:7, 8).

Nähili oýny saýlamaly?

Eger ene-ataň elektron oýunlaryny oýnamaga rugsat berýän bolsa, haýsy oýunlary oýnamalydygyny we näçe wagt sarp etmelidigini nädip anyklap bilersiň? Indiki soraglar muny bilmäge kömek eder.

Saýlaýan oýnum Ýehowanyň maňa bolan garaýşyna nähili täsir eder? Zebur 11:5-de: «Reb dogry adamy synaýandyr, ýöne erbet adamy, zorlugy söýýäni ýigrenýändir» diýilýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda jadygöýlik bilen meşgullanýanlar barada: «Bu işleri edýänler Reb üçin nejisdir» diýilýär (Kanun taglymaty 18:10—12). Eger sen Hudaýyň dosty bolmak isleseň, Zebur 97:10-daky: «Ýamanlygy ýigren!» diýen maslahata eýer.

Bu oýun pikirime nähili täsir eder? Özüňe: «Bu oýny oýnamak „ahlaksyzlykdan“ gaça durmaga kömek edermi ýa-da oňa iterer?» diýen soragy ber (1 Korinfliler 6:18). Oýunlaryň içindäki ýarym-ýalaňaç suratlar ýa-da ahlaksyz gürrüňler «dogry, päk... öwgä we şöhrata mynasyp zatlar hakda oýlanmaga» kömek etmez (Filipililer 4:8).

Bu oýna näçe wagt sarp ederin? Hatda saýlan oýnuň gowy bolsa-da, oňa gaty köp wagtyň gidip biler. Şonuň üçin oýna näçe wagt sarp edýändigiňi belläp al. Bu seniň has wajyp zatlar üçin goýýan wagtyňy alýarmy? Wagtyň nirä gidýändigini bilseň, ilki, wajyp zatlary etmäge kömek eder (Efesliler 5:16).

Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda bütin ömrüňi öwrenip ýa-da işläp geçirmelidigi aýdylmaýar. Munuň tersine, Mukaddes Ýazgylarda gülmegiň öz wagtynyň bardygy, tans etmegiň hem öz wagtynyň bardygy aýdylýar (Wagyz kitaby 3:4). «Tans etmek» diýlen jümle, diňe bir oýun oýnamagy aňlatman, eýsem beden taýdan hereketi hem aňladýar. Şonuň üçin boş wagtlaryň ekranyň öňünde oturyp oýun oýnamagyň deregine, beden taýdan hereket eder ýaly oýunlary oýna.

Paýhasly saýla!

Elbetde, sen elektron oýunlaryny gowy oýnaýan bolsaň, ol hasam gyzyklydyr. Ine, şol sebäpli-de elektron oýunlaryny paýhasly saýlamak gaty wajyp. Meselem, sen haýsy sapaklardan ökde? Bular seniň gowy görýän sapaklaryň bolsa gerek?! Dogrudan-da, gowy görýän sapaklaryň saňa has güýçli täsir edýär. Şonuň üçin: «Men haýsy oýny has gowy görýärin? Bu oýun maňa ahlak kadalary babatda näme öwredip biler?» diýen soraglaryň üstünde oýlan.

Şol oýny deň-duşlaryň gowy görýändigi üçin oýnamagyň deregine, oýny özüň saýlap, karara gelmäge çekinme! Esasy zat bolsa, Mukaddes Ýazgylardaky: «Hudaýa nämäniň ýaraýandygyny elmydama biljek boluň» diýen maslahata eýer (Efesliler 5:10).

INDIKI BAPDA

Senem hemmeler ýaly aýdym diňlemegi halaýansyň. Ýöne ýatsaň-tursaň diňe şol hakda pikirlenýän bolsaň näme etmeli?

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Eý Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň!» Zebur 97:10

MASLAHAT

Bir kagyz al-da, oýnamak isleýän oýnuňy, onuň maksadyny we oňa ýetmek üçin näme etmelidigiňi ýaz. Soňra eden bellikleriňi şu bapda agzalýan Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri bilen deňeşdirip, ony oýnasa bolýandygyny ýa-da bolmaýandygyny anykla.

BILÝÄŇIZMI?

2006-njy ýylda Amsterdamda (Niderlandiýa) ýörite elektron oýunlaryna bagly bolan adamlara kömek edýän ilkinji bejeriş hassahanasy açyldy.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Dostum zorlukly ýa-da ahlaksyz elektron oýnuny oýnamagy teklip etse, men ․․․․․

Elektron oýnuny oýnamak üçin goýýan wagtymy hepdede ․․․․․ çenli azaltmak üçin, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Elektron oýunlary adamyň pikirine we duýgularyna nähili täsir edýär?

● Oýun saýlanyňda Ýehowanyň ahlak kadalaryny göz öňünde tutmak näme üçin wajyp?

● Erbet elektron oýunlaryny oýnaýan jigiňe nädip kömek edersiň?

[249-njy sahypadaky sitata]

«Oýunlaryň köpüsi zorlugy, hapa sözleri hem-de ahlaksyzlygy bolaýmaly zat ýaly edip görkezýär we oňa öwrenişýärsiň. Netijede, bu zatlara durmuşda bolmaly zat ýaly garap başlaýarsyň. Şonuň üçin oýun saýlanyňda gaty seresap bolmaly» Emi

[250-nji sahypadaky surat]

Zorlukly we ahlaksyz oýunlary oýnamak zäherli maddany oýnan ýalydyr. Onuň netijesi şol bada bildirmese-de, hökman zyýan ýetirer

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş