35-NJI BAP
Men nädip Hudaýyň dosty bolup bilerin?
Jeremi durmuşynda bolan bir pajygaly wakadan soň, Hudaý bilen dostlaşmagyň wajypdygyna göz ýetirýär. Ol şeýle diýýär: «12 ýaşymdakam kakam bizi taşlap gitdi. Bir gün agşam men: „Kakam yzyna gelsin“ diýip, Ýehowa ýalbaryp doga etdim».
Jeremi gam-gussaly wagty Mukaddes Ýazgylary okap başlaýar. Ol Zebur 10:14-i okanda, aýatdaky sözler onuň ýüregine jüňk bolýar. Ol ýerde Ýehowa barada: «Garyp özüni saňa tabşyrýar; ýetimiň kömekçisi Sensiň» diýilýär. Jeremi: «Şonda bu sözleri Ýehowanyň maňa aýdýandygyna düşündim. Ol meniň kömekçimdigini we Atamdygyny ýatlatmak isleýän ýaly boldy. Aslynda, ondan gowy Ata barmy näme?!» diýýär.
SENIŇ ýagdaýyň Jereminiňki ýaly bolsa-da, bolmasa-da, Ýehowa seniň özi bilen dostlaşmagyňy isleýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýakup 4:8). Bu sözleriň manysy hakda oýlanyp gör. Hudaýy görüp bilmeseň-de, hatda deň-duşuň bolmasa-da, Ol seniň bilen dostlaşmak isleýär.
Emma Hudaýyň dosty bolmak üçin tagalla etmeli bolarsyň. Muňa düşünmek üçin, gel, bir mysala seredeli. Öýde ösýän güli göz öňüne getir. Ol öz-özünden ösmeýär. Onuň ösmegi üçin yzygiderli suw bermeli we gowuja seretmeli. Hudaý bilen dostlaşmak hem, edil, şunuň ýaly. Onda Hudaý bilen dostlugyňy berkitmäge näme kömek edip biler?
Mukaddes Ýazgylary öwrenmek
Dostluk — iki adamyň bir-birini diňlemegini we gürleşmegini aňladýar. Hudaý bilen hem şu usullar arkaly dostlaşyp bolýar. Hudaýyň bize näme diýýändigini eşitmek üçin Mukaddes Ýazgylary okamaly we öwrenmeli (Zebur 1:2, 3).
Mümkin, sen öwrenmegi halaýan dälsiň. Ýaşlaryň köpüsi okanyndan telewizor görenini, oýun oýnanyny ýa-da dostlary bilen wagtyny bile geçirenini gowy görýär. Ýöne sen Hudaýyň dosty bolmak isleseň, Onuň özi bilen dostlaşmak isleýän adamlaryndan edýän talaplaryna eýermeli. Sen ony diňlemek üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenmeli.
Eger senem öwrenmegi gowy görmeýän bolsaň, alada etme. Mukaddes Ýazgylary öwrenmek seniň pikir edişiň ýaly kyn däl. Sen kitap okamagy halamasaň-da, Mukaddes Ýazgylary okamakdan lezzet alyp bilersiň. Munuň üçin ýörite wagt bellemeli. Liza şeýle diýýär: «Okamak üçin gün tertibim bar. Men her gün irden Mukaddes Ýazgylardan bir bap okaýaryn». 15 ýaşly Mariýa bolsa: «Her gün ýatmazdan öň Mukaddes Ýazgylaryň bir parçasyny okaýaryn» diýýär.
Mukaddes Ýazgylary düzen gün tertibiňe görä okap başlamazdan öň, 292-nji sahypadaky çarçuwa seret. Soňra aşakdaky boş ýere Hudaýyň Sözüni öwrenmäge haçan ýarym sagat wagt sarp edip biljekdigiňi ýaz.
․․․․․
Ýöne gün tertibini düzmek munuň başlangyjy. Sen Mukaddes Ýazgylary okap başlanyňda, ony öwrenmegiň hemişe aňsat bolmaýandygyna düşünersiň. Belki, senem 11 ýaşly Jezrel atly oglanyň aýdýanlary bilen ylalaşarsyň. Ol: «Mukaddes Ýazgylaryň käbir ýerlerini okamak gaty kyn we känbir gyzykly däl» diýýär. Eger sende-de şeýle bolýan bolsa, onda ýan berme! Mukaddes Ýazgylary okamaklyga dostuň Ýehowa Hudaýy diňlemäge mümkinçilik hökmünde seret. Onsoňam, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek gyzykly we peýdaly bolarmy ýa-da ýok, bu seniň özüňe bagly.
Doga etmek
Doga etmek — Hudaý bilen gürleşmekdir. Hudaýyň saňa şeýle ajaýyp sowgady berendigi hakda oýlan! Gije ýa gündizdigine garamazdan, sen islendik wagt Ýehowa doga edip bilýärsiň. Ol seni hemişe diňlemäge taýýar. Üstesine-de, ol seniň aýtmak isleýän zatlaryňy eşitmek isleýär. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylarda: «Her ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap, minnetdarlyk bilen doga ediň we ýalbaryň» diýilýär (Filipililer 4:6).
Bu aýatda aýdylyşyna görä, Ýehowa hemme zady aýdyp bilýärsiň. Meselem, sen oňa kynçylyklaryň we gaýgy-aladalaryň barada aýdyp bilersiň. Şeýle-de sen eden ýagşylyklary üçin dostuňa minnetdarlyk bildirişiň ýaly, Ýehowa-da minnetdarlyk aýdyp bilersiň. Sebäbi ol saňa islendik dostuňdan hem köp ýagşylyk edýär (Zebur 106:1).
Ýehowa haýsy zatlar üçin minnetdarlyk bildirmek isleýändigiňi ýaz.
․․․․․
Elbetde, käte gorky we gaýgy-alada ýük bolup biler. Şeýle ýagdaýda Zebur 55:22-däki: «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar; Ol dogry adamy asla sarsdyrmaz» diýen maslahata eýer.
Hudaýa nämeler hakda doga etjekdigiňi aşakdaky boş ýerlere ýaz.
․․․․․
Hudaýyň kömegi
Hudaý bilen dostlaşmak üçin onuň saňa eden kömegini hem ýatlamak wajyp. Mezmurçy Dawut: «Rebbiň ýagşylygyny dadyp görüň!» diýip ýazdy (Zebur 34:8). 34-nji mezmury ýazmazdan öň, onuň janyna birnäçe gezek howp abanypdy. Sebäbi Şawul patyşa Dawudy öldürmegi buýrupdy. Şol sebäpli ol duşmany bolan piliştlileriň ýanyna gaçmaly boldy. Dawut ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda, özüni däli ýaly alyp baryp, ölümden gutulyp bildi (1 Şamuwel 21:10—15).
Emma Dawut bu ýagdaýda: «Öz güýjüm bilen halas boldum» diýip pikir etmedi. Ol Ýehowanyň elini gördi. Ol ýokarda getirilen mezmurda şeýle sözleri ýazýar: «Men Rebbi agtardym, Ol maňa jogap berdi, meni ähli howplardan halas etdi» (Zebur 34:4). Dawut bu sözleriň dogrudygyna öz durmuşynda göz ýetiripdi. Şol sebäpli ol başgalary hem «Rebbiň ýagşylygyny dadyp görmäge»a höweslendirdi.
Ýehowanyň saňa kömek edendigi ýadyňa düşýärmi? Muny aşakdaky boş ýere ýazyp bilersiň. Belki, bu üýtgeşik däl-de, her günki bolýan ýagdaýdyr we bolmaly zat ýaly görünýändir.
․․․․․
Saňa Hudaýyň Sözüni, belki, ene-ataň öwredendir. Eger şeýle bolsa, muny gymmat saý! Ýöne Hudaý bilen dostlugyňy özüň berkitmelidigiňi ýadyňdan çykarma. Şu bapdaky maslahatlar saňa muny etmäge kömek eder. Ýehowa bolsa edýän tagallaňy patalar. Mukaddes Ýazgylarda: «Dilemegiňizi dowam ediň, size berler; agtarmagyňyzy dowam ediň, taparsyňyz» diýilýär (Matta 7:7).
ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 38, 39-NJY BAPLARYNA SERET
Sen Hudaý barada gürrüň bermäge çekinýärsiňmi? Çekinmez ýaly näme etmeli?
[Çykgyt]
a Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde bu jümle «özüň göz ýetir» ýa-da «öz tejribäňde gör» diýip hem terjime edilipdir.
ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr, çünki gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr». Matta 5:3
MASLAHAT
Eger sen Mukaddes Ýazgylardan her gün 4 sahypa okasaň, onda bir ýylyň dowamynda okap gutararsyň.
BILÝÄŇIZMI?
Eger sen şu kitaby okap, ondaky Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatlara eýerýän bolsaň, Ýehowa saňa aýratyn üns berýär (Ýahýa 6:44).
SEN NÄME ETMEKÇI?
Mukaddes Ýazgylary okanymda köpräk peýda alar ýaly, men ․․․․․
Hudaýa yzygider doga etmek üçin, men ․․․․․
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Mukaddes Ýazgylary öwreneniňde has gyzykly bolar ýaly näme edip bilersiň?
● Näme üçin Ýehowa bikämil adamlaryň dogasyny diňlemek isleýär?
● Ýehowa edýän dogalaryňy nädip gowulandyryp bilersiň?
[291-nji sahypadaky sitata]
«Kiçi wagtym Hudaýa doga edenimde her gezek şol bir zatlary gaýtalaýardym. Indi bolsa, her günki bolup geçen gowy we erbet zatlary gürrüň berýärin. Her günüň üýtgeşik bolýandygy üçin şol bir zatlary gaýtalamaýaryn» Ýewa
[292-nji sahypadaky çarçuwa]
Mukaddes Ýazgylardan gözleg geçir
1. Okamak isleýän wakaňy saýla. Muňa gowy düşünmek üçin Hudaýdan akyldarlyk dile.
2. Ünsli oka. Okanyňda howlukma! Wakany göz öňüňe getir. Şeýle-de okanyňda bolup geçýän zatlary görmäge, adamlaryň sesini eşitmäge, şol wagtky ysy almaga, naharlaryň tagamyny datmaga we şuňa meňzeş zatlara üns berjek bol. Mümkin boldugyndan, wakany pikiriňde janlandyr!
3. Okan zatlaryň hakda oýlan. Özüňe şeýle soraglary ber:
● Ýehowa näme üçin bu wakany öz Sözünde ýazdyrdy?
● Kimlerden görelde almaly we kimleriň mysaly duýduryş üçin ýazyldy?
● Öwrenen zatlarymy durmuşda nädip ulanyp bilerin?
● Bu waka maňa Ýehowa we onuň haýsy ýagdaýda nähili hereket edýändigi barada näme öwredýär?
4. Ýehowa gysgaça doga et. Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryňy we ony durmuşda nädip ulanjakdygyňy Ýehowa gürrüň ber. Oňa Mukaddes Ýazgylary sowgat berendigi üçin hemişe minnetdarlyk aýt!
[Surat]
«Sözüň aýaklaryma çyra, ýoluma nurdur». Zebur 119:105
[294-nji sahypadaky çarçuwa]
Ilki daş, soňra çäge!
«Doga etmäge wagtym ýok» ýa-da «Mukaddes Ýazgylary okamaga wagtym ýok» diýýän bolsaň, bu köplenç durmuşda wajyp hasaplaýan zatlaryňa bagly bolýar.
Muny barlap gör: Bir bedräniň içine uly daşlary ýerleşdir. Soňra onuň üstüne tä bedre dolýança çäge guý. Şeýlelikde, bedre daşlardan we çägeden dolandyr.
Indi bolsa, bedräni boşat we muny tersine edip gör. Onuň içine ilki çägäni guý, soňra daşlary ýerleşdir. Daşlaryň hemmesi sygmady gerek?! Sebäbi bu gezek sen bedrä ilki bilen çägäni guýduň.
Mundan näme öwrenip bileris? Mukaddes Ýazgylarda: «Iň wajyp zatlara düşüniň» diýilýär (Filipililer 1:10). Eger sen çägäni, ýagny dynç alyş ýaly zatlary birinji ýerde goýsaň, onda daşlara, ýagny ruhy zatlara ýeterlik wagtyň galmaz. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda maslahat berlişine görä, wajyp zatlary birinji orunda goýsaň, hem Hudaýyň Patyşalygyny goldamaga, hem dynç almaga wagt taparsyň. Hemme zat bedräňe nämäni birinji salýandygyňa bagly!
[290-njy sahypadaky surat]
Hudaý bilen dostluk güle meňzeýär. Onuň ösmegi üçin tagalla etmeli