Mukaddes Kitapda endamyňa surat çekdirmek barada näme diýilýär?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Endamyňa surat çekdirmek barada Mukaddes Kitabyň diňe bir ýerinde agzalýar. Ol ýerde, ýagny 3 Musa 19:28-de: «Özüňizi tagmalamaň» diýilýär. Hudaý ysraýyllylaryň endamyna ýalan taňrylaryň adyny ýazýan ýa-da nyşanyny çekýän goňşy halklar ýaly bolmazlygy üçin şu tabşyrygy beripdi (5 Musa 14:2). Şu günler mesihçiler ysraýyl halkyna berlen Kanuna eýermeseler-de, ondaky prinsiplere çynlakaý seretmeli.
Mesihçiler endamyna surat çekdirse bolýarmy?
Aşakda getirilen aýatlar bu soragyň üstünde oýlanmaga kömek edýär.
«Gelin-gyzlar özlerini... salykatly» bezesinler (1 Timoteos 2:9). Bu prinsip erkek adamlara-da degişli. Biz başgalaryň duýgularyny göz öňünde tutup, özümize üns çekdirmeli däl.
Käbiri özüne ynamyny artdyrmak, özbaşdakdygyny ýa-da öz-özüne hojaýyndygyny görkezmek üçin endamyna surat çekýärler. Emma Mukaddes Kitapda: «Bedeniňizi diri, mukaddes we Hudaýa ýaramly gurban hökmünde hödürläň. Şonda siz pikirlenmek ukybyňyzy ulanyp, mukaddes gullugy berjaý edip bilersiňiz» diýilýär (Rimliler 12:1). Endamyňyza näme üçin surat çekdirmek isleýändigiňizi barlamak üçin «pikirlenmek ukybyňyzy ulanyp» oýlanyň. Eger siz muny ýörgünli bolandygy ýa-da belli bir topara degişlidigiňizi görkezmek üçin edýän bolsaňyz, onda islegiňiziň üýtgejekdigini, endamyňyzdaky suraty bolsa aýyrmagyň örän kyn boljakdygyny unutmaň. Niýetiňizi barlasaňyz, bu size dogry karara gelmäge kömek eder (Nakyllar 4:7).
«Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir; alňasak adamlaryň barysy diňe garyplyga barýandyr» (Nakyllar 21:5). Endamyňa surat çekdirmek barada çalt karara gelip bolýar, emma onuň täsiri uzak dowam edýär. Galyberse-de, ony endamyňdan aýyrmak agyryly we gymmada düşýär. Geçirilen barlaglara we endamyňa çekilen suratlary aýyrýanlaryň aýtmagyna görä, surat çekdiren adamlaryň köpüsi muňa ökünýärler.