52-NJI AÝDYM
Ömrüňizi Ýehowa bagyş ediň
Çap edilen görnüşi
1. Ýehowa Hudaý ýaratdy
Giň älem-jahany.
Gudraty bilen döretdi
Ýeri hem asmany.
Ýehowa ýaşaýyş berdi
Ýaradan zadyna.
Alkyş aýdyň Beýik Hudaýa,
Şöhrat bolsun adyna.
2. Isa hakykaty söýüp,
Çümdürildi suwa.
«Islegiňi etjek» diýip,
Söz berdi Ýehowa.
Derýadan çykan badyna,
Saýlan Ogly boldy.
«Atam, islegiň bolsun!» diýip,
Mydam wepaly boldy.
3. Eý mähriban Hudaýymyz,
Ýygnandyk öýüňe.
Bagyş etdik ömrümizi,
Seniňki biz diňe.
Eziz Ogluňy iberip,
Bizi halas etdiň.
Ýaşasak-da, ölsek-de indi,
Berjaý bolsun islegiň.
(Serediň: Mat. 16:24; Mar. 8:34; Luka 9:23)