Mazmuny
1-NJI BÖLÜM. NÄME ÜÇIN ÝEHOWA DOLANMALY?
Ýehowanyň gadymy döwürde ýaşan gullukçylary biziňki ýaly kynçylyklara duş gelýärdi. Ýehowa olara kömek edýärdi we goldaýardy. Ol beren sözüne wepaly bolup, bize-de kömek etjekdigine ynandyrýar. Aladaçyl we söýýän Çopan hökmünde Ýehowa ýiten goýunlaryny agtarýar, olara yzlaryna dolanmaga kömek edýär.
1-nji bölüm. «Ýiteni agtararyn»
2—4-NJI BÖLÜMLER. DOLANMAGA NÄME PÄSGEL BERIP BILER?
Ýehowanyň wepaly gullukçylary-da käte aladalardan, erbet duýgulardan ýaňa ejir çekýärler; özlerini günäkärleýärler, şeýdip, ruhy taýdan gowşaýarlar. Sen şu bölümlerden Ýehowanyň olara ruhy taýdan dikelmäge, öz halkyna dolanyp, ýene-de şatlanmaga nädip kömek edendigini bilersiň.
2-nji bölüm. Aladalar — «Biz dürli kynçylyklar sebäpli her tarapdan gysylýarys»
3-nji bölüm. Biri göwnüňe degende — «Öýkelemäge sebäp bolsa-da...»
4-nji bölüm. Özüňi günäkär duýmak — «Meni... günämden tämizle»
5-NJI BÖLÜM. NÄDIP ÝEHOWA DOLANMALY?
Ýehowa gullukçylarynyň özüne dolanmagyny isleýär. Muny nireden bilse bolýar? Sen şu bölümi okap, käbir mesihçileriň nädip Ýehowa dolanandygyny, ýygnakdaky dogan-uýalaryň olary nädip kabul edendigini we ýene-de yhlasly gulluk edip başlamak üçin ýaşulularyň nädip kömek edendigini bilersiň.