Ýehowanyň ýatlatmalaryndan şatlyk tapyň
«Men Seniň ýatlatmalaryňy ebedilik miras aldym». ZEB. 119:111, TD
1. a) Adamlar maslahata nähili seslenýärler we näme üçin? b) Tekepbir adam maslahata nähili garaýar?
ADAMLAR berilýän maslahata dürli-dürli seslenýärler. Meselem, ýokary wezipeli adam maslahat berende, ony höwes bilen kabul edýärler, emma deň-duşlarynyň ýa-da pes derejeli adamyň maslahatyny şol bada inkär edýärler. Adamlara öwüt-ündew ýa-da temmi berlende, olar her hili duýgulary başdan geçirýärler. Käbirleri gynanyp, lapykeç bolýarlar, käbirleri bolsa olary ýürekden kabul edip, durmuşynda ulanýarlar. Näme üçin adamlaryň maslahata seslenişi biri-birinden tapawutlanýar? Munuň bir sebäbi — tekepbirlik. Hawa, tekepbirlik häsiýeti adamyň pikirlenmek ukybyny zaýalap, berlen maslahata eýermäge päsgel berýär (Sül. tym. 16:18).
2. Mesihçiler Hudaýyň Sözündäki maslahatlary näme üçin gymmat saýýarlar?
2 Ýehowanyň gullukçylary peýdaly maslahatlary, esasan-da, Mukaddes Ýazgylara görä berlen öwüt-ündewleri gymmat saýýarlar. Ýehowanyň ýatlatmalary bize jynsy ahlaksyzlyk, spirtli içgiler, neşe serişdeleri we köp zat satyn almak ýaly duzaklary görmäge hem-de olardan gaça durmaga kömek edýär (Sül. tym. 20:1; 2 Kor. 7:1; 1 Sel. 4:3—5; 1 Tim. 6:6—11). Şeýle-de biz Hudaýyň görkezmelerine eýermek bilen «ýüregimizdäki şatlygy» gorap saklaýarys (Iş. 65:14).
3. Mezmurçynyň nähili garaýşyna eýersek paýhasly bolar?
3 Biz gökdäki Atamyz Ýehowa bilen dostlugymyzy goramak üçin, Onuň berýän paýhasly görkezmesine hemişe eýermeli. Biz mezmurçynyň şu aýdan sözlerine eýersek, gör, nähili paýhasly bolardy! Ol: «Men Seniň şaýatlyklaryňy (ýatlatmalaryňy, TD) ebedilik miras aldym, ýüregimiň şatlygy olardyr» diýdi (Zeb. 119:111). Biz hem Ýehowanyň kanunlaryndan şeýle şatlyk tapýarysmy ýa-da olar bize agyr ýük bolup görünýär? Hawa, käte biz berilýän maslahatlara gaharlanýan bolsak-da, ruhdan düşmeli däl. Gaýtam, biz Hudaýyň çuňňur akyldarlygyna ynamymyzy has-da berkitmeli. Geliň, munuň üç usulyna seredeliň.
DOGA ARKALY YNAMYŇYZY BERKIDIŇ
4. Dawudyň durmuşynda näme aýdyň görünýärdi?
4 Dawut patyşa ýagşy we ýaman günleri başdan geçirse-de, onuň Ýaradyjysyna doly bil baglaýandygy hemişe aýdyň görünýärdi. Ol şeýle diýdi: «Ýa Reb, janymy Saňa tabşyrýaryn. Eý Hudaýym, men Saňa bil bagladym» (Zeb. 25:1, 2). Dawuda gökdäki Atasyna berk ynanmaga näme kömek edýärdi?
5, 6. Mukaddes Ýazgylarda Dawut bilen Ýehowanyň dostlugy nähili beýan edilýär?
5 Adamlaryň köpüsi diňe kynçylyga uçranda Hudaýa doga edýärler. Eger dostuň ýa-da garyndaşyň saňa diňe pul ýa kömek gerek bolan wagty ýüz tutsa, özüňi nähili duýarsyň? Wagtyň geçmegi bilen, sen onuň dogry niýetiniň bardygyna şübhelenip başlamagyň mümkin. Emma Dawut bilen Ýehowanyň dostlugy barada beýle diýip bolmaz. Dawut ýagşy we ýaman günlerinde-de Hudaýa iman edýändigini hem-de Ony söýýändigini görkezýärdi (Zeb. 40:8).
6 Dawudyň Ýehowany şöhratlandyryp, Oňa minnetdarlyk bildirişine üns bereliň: «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly! Sen şöhratyňy gökleriň üstüne ýazdyň» (Zeb. 8:1). Siz bu sözlerde Dawudyň Ýehowa bilen ýakyn dost bolandygyny duýýarmysyňyz? Ýehowanyň şan-şöhraty we Onuň beýikligi Dawudy «bütin gün» Hudaýy wasp etmäge höweslendirýärdi (Zeb. 35:28).
7. Hudaýa doga arkaly ýakynlaşmak näme üçin peýdaly?
7 Ýehowa ynamymyz berk bolar ýaly, Dawudyň göreldesine eýerip, yzygiderli doga etmeli. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýakup 4:8). Ýehowa doga arkaly ýakynlaşsak, Ol bize mukaddes ruhuny hem berer (1 Ýahýa 3:22-ni okaň).
8. Doga edenimizde şol bir sözleri gaýtalap durmakdan näme üçin gaça durmaly?
8 Siz Hudaýa doga edeniňizde şol bir sözleri gaýtalap durýarmysyňyz? Eger şeýle bolsa, doga etmezden öň, aýtmak isleýän zatlaryňyz barada biraz oýlanyp görüň. Eger dostuňyz ýa garyndaşyňyz bilen gürrüňdeş bolanyňyzda şol bir sözleri gaýtalap dursaňyz, bu onuň göwnüne ýararmy? Wagtyň geçmegi bilen, ol sizi asla diňläsi gelmez. Elbetde, Ýehowa wepaly gullukçylarynyň ýürekden edýän dogalaryny hemişe diňleýär. Emma biz şol bir sözleri gaýtalamakdan gaça dursak paýhasly bolar.
9, 10. a) Biz näme barada doga edip bileris? b) Dogamyzy manyly etmäge näme kömek eder?
9 Görşümiz ýaly, Hudaýa ýakynlaşmak üçin ýüzleý doga etmeli däl. Ýürekden edilýän dogalar Hudaýa has ýakynlaşmaga we Oňa doly bil baglamaga kömek edýär. Biz näme barada doga edip bileris? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň» (Flp. 4:6). Hawa, biz Ýehowa bilen dostlugymyza we durmuşymyza täsir edýän ähli zatlar barada doga edip bileris.
10 Biz geçmişde ýaşan wepaly erkekdir aýallardan doga babatda köp zatlary öwrenip bileris (1 Şam. 1:10, 11; Res. iş. 4:24—31). Meselem, Zebur kitabynda Ýehowa bagyşlanyp aýdylan ençeme dogalar we aýdymlar bar. Olarda adamlaryň jebir-jepalary we şatlykly duýgulary beýan edilýär. Şol dogalar barada çuňňur oýlansak, öz dogalarymyzy has manyly etmäge kömek eder.
HUDAÝYŇ ÝATLATMALARY HAKDA OÝLANYŇ
11. Mukaddes Ýazgylarda berlen maslahatlar barada näme üçin oýlanmaly?
11 Dawut: «Rebbiň şaýatlygy (ýatlatmasy, TD) ygtybarlydyr, ol mön adamy hem akyldar edýändir» diýip ýazdy (Zeb. 19:7). Hawa, biz tejribesiz bolsak-da, Hudaýyň kanunlaryny ýerine ýetirip, akyldar bolup bileris. Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlary bize doly peýda getirer ýaly, olaryň üstünde çuňňur oýlanmaly. Bu bize işde ýa-da mekdepde bolýan synaglarda aýypsyz galmaga, bitaraplygy saklamaga, gandan gaça durmaga we daş keşp babatda berilýän prinsiplere eýermäge kömek edýär. Biz şeýle ýagdaýlarda Hudaýyň garaýşyna görä hereket etsek, kynçylyklaryň öňüni alyp bileris. Şeýle-de belli bir karara gelmezden öň pikirlensek, ýürege ýara saljak zatlardan gaça durarys (Sül. tym. 15:28).
12. Hudaýyň ýatlatmalaryna eýermek üçin näme barada oýlanmaly?
12 Biz ruhy taýdan oýa bolup, Ýehowanyň wadalaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarysmy? Meselem, biz Beýik Babylyň tizden ýok ediljekdigine ynanýarysmy? Gelejekdäki bereketlere, ýer ýüzünde boljak ebedi ýaşaýşa häzir hem berk ynanýarysmy? Biz Hudaýa yhlasly gulluk etmegi dowam edýärismi ýa-da öz islegimizi birinji orunda goýýarys? Biz Ýehowanyň adyny mukaddes etmegi we Onuň hökümdarlygyny goldamagy häzir hem wajyp hasaplaýarysmy? Şu soraglaryň üstünde çuňňur oýlansak, biz Hudaýyň ýatlatmalaryny «ebedi miras alyp» bileris (Zeb. 119:111).
13. I asyrdaky mesihçilere käbir zatlara düşünmek näme üçin kyn boldy? Mysal getiriň.
13 Biziň Mukaddes Ýazgylardaky käbir zatlara doly düşünmezligimiz mümkin, sebäbi Ýehowa olary heniz aýan eden däldir. Meselem, Isa resullaryna özüniň görgi görjekdigini we öldüriljekdigini birnäçe sapar aýdýar (Matta 12:40; 16:21-i okaň). Ýöne olar Isanyň nämäni göz öňünde tutandygyna düşünmediler. Isa direlenden soňra köp şägirtlerine görünýär we olara Mesih baradaky pygamberliklere düşünmäge kömek edýär. Resullar diňe şondan soň onuň aýdanlaryna akyl ýetirdiler (Luka 24:44—46; Res. iş. 1:3). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni şägirtlere mukaddes ruh inende, Hudaýyň Patyşalygynyň gökden höküm sürjekdigi olara aýan bolýar (Res. iş. 1:6—8).
14. XX asyryň başlarynda dogan-uýalaryň köpüsi soňky günler babatda käbir zatlara dogry düşünmeseler-de, nähili gowy görelde galdyrdylar?
14 XX asyryň başlarynda mesihçiler soňky günlere degişli käbir zatlara nädogry düşünýärdiler (2 Tim. 3:1). Meselem, 1914-nji ýylda mesihçileriň käbiri tizden göge gideris öýdýärdiler. Ýöne olaryň bu umydy amala aşmady. Şonda olar Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, wagyz işiniň uly möçberde alnyp barylmalydygyna göz ýetirdiler (Mar. 13:10). 1922-nji ýylda Sidar-Poýntda (Ogaýo ştaty, ABŞ) geçirilen halkara kongresinde J. F. Ruterford doganymyz şeýle diýdi: «Ynha, Patyşa höküm sürýär. Siz onuň jarçylary. Şonuň üçin Patyşany we onuň patyşalygyny wagyz ediň, wagyz ediň, wagyz ediň!» Ine, şondan bäri Ýehowanyň halky Patyşalyk baradaky hoş habar yglan etmek bilen tanalýarlar (Mat. 4:23; 24:14).
15. Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetişi barada oýlanmagyň nähili peýdasy bar?
15 Ýehowanyň geçmişde we şu günler halkyna beren wadalaryny ýerine ýetirişi barada oýlansak, Onuň niýetiniň gelejekde hem ýerine ýetjekdigine ynamymyz artar. Şeýle-de Ýehowanyň ýatlatmalary bize Onuň wadalarynyň ýüregimizde we aňymyzda berk ornaşmagyna kömek edýär. Bu bolsa Hudaýyň wadalaryna ynamymyzy has-da berkider.
HUDAÝA SEŽDE EDIP, IMANYŇYZY BERKIDIŇ
16. Hudaýa yhlasly gulluk etsek nähili bereketleriň eýesi bolarys?
16 Ýehowa Gudratygüýçli we hereket etmäge hemişe taýýar Hudaýdyr. Mezmurçy şeýle diýdi: «Seniň ýaly gudratly kim bar, ýa Reb?.. Seniň... eliň güýçli, sag eliň belent» (Zeb. 89:8, 13). Hawa, Ýehowa Patyşalyk üçin edýän ähli tagallalarymyzy gymmat saýýar we pata berýär. Ol ähli gullukçylarynyň: erkekdir aýallaryň, ýaşlaryň we garrylaryň «ýaltalyk çöregini» iýmeýändigini görýär (Sül. tym. 31:27). Biz teokratik işlerine yhlasly gatnaşyp, Ýaradyjymyzyň göreldesine eýerýäris. Hudaýa ýürekden gulluk etsek, özümizi bagtly duýarys we Ýehowany begendireris (Zebur 62:12-ni okaň).
17, 18. Iman bilen edilen işler Ýehowa has berk bil baglamaga nädip kömek edýär? Mysal getiriň.
17 Iman bilen edilen işler Ýehowa has berk bil baglamaga nädip kömek edýär? Geliň, ysraýyl halkynyň Wada edilen diýara girmezinden öň bolan waka seredeliň. Ýehowa äht sandygyny göterýän ruhanylara Iordan derýasyndan geçmegi tabşyrýar. Ysraýyl halky derýa golaýlaşanda, ýazky ýagyş sebäpli suwuň joşup, ähli kenarlary bilen dolup daşandygyny görýärler. Olar näme ederkä? Olar kenaryň golaýynda çadyryny dikip, suwuň peselmegine garaşyp oturarlarmy? Ýok. Olar Ýehowa doly bil bagladylar we Onuň görkezmesine eýerdiler. Munuň soňy näme bilen gutardy? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ruhanylar... aýaklaryny suwa degren badyna, derýanyň akymy togtady... ruhanylar bolsa, tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular» (Ýeş. 3:12—17). Güýçli suw akymynyň togtamagyny görmek, gör, nähili tolgundyryjy bolandyr! Ysraýyllylaryň Ýehowa bolan ynamy has-da berkedi, sebäbi olar Onuň görkezmesine eýerdiler.
18 Ýehowa şu günler şeýle gudratlary görkezmese-de, iman bilen edilen işleri sylaglaýar. Hudaýyň mukaddes ruhy Patyşalyk baradaky habary bütin dünýä wagyz etmäge kömek edýär. Ýehowanyň Baş Güwäçisi Isa Mesih bu wajyp işde şägirtlerini goldajakdygyny ynandyryp, şeýle diýdi: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň... Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Mat. 28:19, 20). Çekinjeň dogan-uýalar nätanyş adamlar bilen batyrgaý gürrüňdeş bolmaga mukaddes ruhuň kömek edýändigini duýýarlar (Zebur 119:46; 2 Korintoslylar 4:7-i okaň).
19. Biz ýagdaýymyzyň çäklidigine garamazdan nämä ynanyp bileris?
19 Käbir dogan-uýalar syrkawlyk ýa-da garrylyk sebäpli Hudaýa köp gulluk edip bilmeýärler. Ýöne olar «rehimler... teselliler Hudaýynyň» her bir wepaly gullukçysynyň ýagdaýyna düşünýändigine ynanyp bilerler (2 Kor. 1:3). Ýehowa Patyşalyk babatda edilýän ähli işleri gymmat saýýar. Biz gutulyşymyzyň, esasan, Isanyň töleg gurbanyna bolan imanymyza baglydygyny unutmaly däl (Ýew. 10:39).
20, 21. Biz Ýehowa bil baglaýandygymyzy nädip görkezip bileris?
20 Biz ýagdaýymyza görä güýjümizi, wagtymyzy we serişdämizi sarp edip, gulluk edýäris. Biz ýürekden «Hoş Habarçy bolup işlemek» isleýäris (2 Tim. 4:5). Şeýle-de biz adamlara «hakykat bilimine ýetmäge» kömek etmekden şatlyk tapýarys (1 Tim. 2:4). Hudaýa hormat goýmak we Ony şöhratlandyrmak bizi ruhy taýdan baý edýär (Sül. tym. 10:22). Bu bize Ýaradyjymyza ýürekden bil baglamaga kömek edýär (Rim. 8:35—39).
21 Görşümiz ýaly, Ýehowanyň paýhasly görkezmesine bil baglamak üçin köp tagalla etmeli. Ýehowa doga edip, Oňa doly bil baglaň. Onuň geçmişde eden we gelejekde etjek işleri hakda oýlanyň. Ýehowa berk bil baglamak üçin, Oňa sežde etmegi dowam ediň. Hawa, Ýehowanyň ýatlatmalary ebedidir! Siz olara ünsli bolsaňyz, ebedi ýaşap bilersiňiz.