Ýüregiň niýetinden seresap bol
Mukaddes Ýazgylarda: «Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr» diýilýär (Ýer. 17:9). Biz bir zady etmegi ýüregimize berk düwsek, şony etjek bolup özümizi aklaýarysmy?
Mukaddes Ýazgylarda şeýle duýduryş berilýär: «Erbet pikirler, adam öldürme, azgynlyk, zynahorlyk, ogrulyk, ýalan güwälik, sögünç ýürekden çykýar» (Mat. 15:19). Göçme manydaky ýüregimiz bizi aldap, günä etdirip bilýär. Biz günä edenimizden soň hem ýüregimiziň aldandygyna düşünmeýäris. Erbet zady etmänkäk, ýüregimiziň niýetini bilmäge näme kömek eder?
ÝÜREGIŇI NÄDIP BILIP BOLÝAR?
Her gün Mukaddes Ýazgylary okasak, ýüregimizi bilmäge nädip kömek edýär?
Her gün Mukaddes Ýazgylary oka we oýlan.
Pawlus resul şeýle diýdi: «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy... bölýänçä batýandyr». Hudaýyň Sözi arkaly «ýüregiň düşünjeleridir niýetlerini» bilip bolýar (Ýew. 4:12). Biz Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, pikirimizi we edýän işlerimizi barlamaly. Bu bize ýüregimizdäki zatlary bilmäge kömek edýär. Şol sebäpli her gün Mukaddes Ýazgylary okamak we okan zatlarymyz barada oýlanmak örän wajyp. Şonda biz ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly gararys!
Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlaryna we prinsiplerine eýerip, ynsabymyzy terbiýeleýäris. Ynsabymyz bizi erbet iş etmekden saklaýar (Rim. 9:1). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda «bize ündew üçin» ýazylan ençeme mysallar bar (1 Kor. 10:11). Biz şol mysallary öwrenip, dogry karara gelip bilýäris. Bize ýene näme kömek eder?
Doga ýüregimizi bilmäge kömek edýär
Ýüregiňi bilmek üçin Hudaýa doga et.
Ýehowa ýürekleri barlaýar (1 Ýyl. 29:17). Ol «ýüregimizden uludyr, hemme zady bilýändir» (1 Ýahýa 3:20). Hudaý aldamaýar. Biz Ýehowa dogada ýüregimizi döküp, gaýgy-aladamyzy we islegimizi aýtsak, ýüregimiziň niýetlerini bilmäge kömek eder. Biz hatda Hudaýa «mende tämiz ýürek ýarat» diýip hem doga edip bileris (Zeb. 51:10). Ýüregimizi bilmek üçin, doga etmek örän wajyp.
Ýygnak duşuşyklary ýüregimizi bilmäge kömek edýär
Ýygnakda ünsli diňle.
Ýygnak duşuşyklary ýüregimize dogry baha bermäge kömek edýär. Biz her duşuşykda täze maglumat eşitmesek-de, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini has gowy düşünmäge, ýüregimiziň niýetini bilmäge we düzetmäge kömek edýän maslahatlar berilýär. Dogan-uýalaryň berýän jogaplary hem ynsabymyzy arassalamaga kömek edýär (Sül. tym. 27:17). Biz ýygnak duşuşyklaryna yzygider barmasak, özümizi çetde tutup, zyýan ýetirip bileris (Sül. tym. 18:1). Şol sebäpli özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Men ähli ýygnak duşuşyklaryna barmagy we ünsli diňlemegi endik etdimmi?» (Ýew. 10:24, 25).
ÝÜREGIŇ NÄDIP ALDAP BILÝÄR?
Ýüregimiz dürli ýol bilen aldap bilýär. Geliň, olaryň dördüsine seredeliň: baýlyga kowalaşmak, spirtli içgileri içmek, dostlary saýlamak we dynç almak.
Baýlyga kowalaşmak.
Ählimize iýmit, egin-eşik we ýaşara jaý gerek. Bu zatlary edinmegiň hiç hili erbetligi ýok. Emma Isa pygamber bu zatlary çendenaşa alada etmezligi duýdurdy. Isa ammarlary doly baý adam barada bir tymsaly gürrüň berdi. Şol adam täze hasyl alandan soň ýeri bolmandygy üçin, köne ammarlary söküp, uluragyny salmagy ýüregine düwýär. Ol özüne: «Eý janym, köp ýyl üçin ýygnalan birtopar zadym bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek» diýýär. Emma bu baý adam bir wajyp zady göz öňünde tutmady. Şol gijäniň özünde onuň jany alynmalydy (Luka 12:16—20).
Biz garradygymyz saýyn, ýeterlikli pulumyz bolar ýaly aladalanyp, köp gazanç edip başlamagymyz mümkin. Netijede, köp işläp ýygnagy sypdyryp, kän wagyz etmän we mesihçi borçlaryna biperwaý garap, özümizi aklap başlaýarys. Ýa-da ýaş bolsak, pioner bolmagyň has gowudygyna düşünýändiris. Emma biz pioner gullugyna başlamankak, köpräk işläp pul ýygnamaly diýip pikir etmegimiz mümkin. Eger şeýle pikir edýän bolsak, häzir Hudaýa gulluk etmegiň iň gowy wagtdygyny unutmalyň. Biziň hiç birimiz ertir näme boljagyny bilmeýäris.
Spirtli içgileri içmek.
Süleýmanyň tymsallary 23:20-de: «Şerap içegenleriň ýa-da et iýegenleriň arasynda bolma» diýilýär. Eger adamda spirtli içgileri içmäge güýçli höwesi bolsa, ol ýygy-ýygydan içip: «Men serhoş bolmak üçin däl-de, ýadawlygy aýyrmak üçin içýärin» diýip, özüni aklaýandyr. Eger sen hem şeýle edýän bolsaň, ýüregiň niýetlerini barlasaň gowy bolar.
Dostlary saýlamak.
Biz her gün mekdepde, işde we wagyzda Hudaýa gulluk etmeýän adamlara duş gelýäris. Emma olar bilen köp wagtymyzy geçirsek, hatda dostlaşsak, bize zyýan ýetirer. Olaryň häsiýeti gowy, şonuň üçin dostlaşýaryn diýip, özümizi aklamagymyz mümkin. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr» diýilýär (1 Kor. 15:33). Biraz hapa suwuň arassa suwy hapalaýşy ýaly, Ýehowany söýmeýänler bilen dostlaşsak, Hudaý bilen dostlugymyzy bozar. Şonda biz şeýle adamlar ýaly özümizi alyp baryp, pikir edip, gepläp we geýinmegimiz mümkin.
Nädip dynç almaly.
Häzirki zaman tehnologiýasynyň ösmegi bilen mesihçilere ýaramaýan dürli görnüşli göwün açmalar gitdigiçe köpelýär. Pawlus resul: «Her hili hapalyk... araňyzda ady-da agzalmasyn» diýip ýazdy (Efes. 5:3). Eger hapa zatlary görmäge ýa-da diňlemäge güýçli islegimiz bolsa näme? Hemmämiz biraz dynç almaly, ýöne nädip dynç almalydygyny her kimiň özi çözýär diýip, özümizi aklamagymyz mümkin. Pawlusyň maslahatyna gulak asyp, hapa zatlary görmäliň we diňlemäliň.
BIZ PIKIRIMIZI ÜÝTGEDIP BILERIS
Biz ýüregimiziň aldawyna düşüp, eden erbet işlerimiz üçin özümizi aklaýan bolsak, pikirimizi üýtgedip bileris (Efes. 4:22—24). Iki mysala seredeliň.
Migela atly dogan baýlyga bolan garaýşyny üýtgetdi. Ol şeýle diýýär: «Men aýalym hem oglum bilen iň soňky we gowy tehnologiýa edinmek wajyp hasaplanýan ýurtda ýaşaýardym. Öňler men baýlyga kowalaşmanam, dünýädäki ähli zatlary gazanyp bolýandyr öýdüp, bar ömrümi şoňa bagyş edýärdim. Soňra men zat satyn almagyň yzy üzülmeýändigine düşündim. Men ýüregimi barlap görmek üçin Ýehowa doga edip, maşgalam bilen doly wagt gulluk etmek isleýändigimi aýtdym. Biz ýaşaýşymyzy sadalaşdyryp, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçdük. Soňra pioner bolup gulluk edip başladyk. Biz bagtly ýaşamak üçin köp zadyň gerek däldigine düşündik».
Li atly dogan köp wagtyny erbet dostlary bilen geçirýärdi. Onuň mysalyndan erbet dostlar bilen arany açmak üçin oýlanmagyň wajypdygyny görse bolýar. Li işgärleri bilen ýygy-ýygydan oturyşyk edýärdi. Şol oturyşyklarda işgärleriniň spirtli içgileri köp içjekdigini bilse-de, ol ýere barmagy gowy görýärdi. Li birnäçe gezek serhoş bolup, soňra ökünýär. Ol pikirini üýtgetmelidigine düşünip, şeýle diýýär: «Hudaýyň Sözündäki maslahatlar we ýaşulularyň berýän kömegi arkaly Hudaýy söýmeýän adamlar bilen dostlaşandygyma düşündim». Indi köp işimi şol işgärlerim bilen telefon arkaly habarlaşyp edýärin.
Biz özümize dogry baha berip, ýüregimizi barlamaly. Nädip? Biz «ýürek syrlaryny bilýän» Ýehowa doga etmeli (Zeb. 44:21). Bizde nähili adamdygymyzy bilmäge kömek edýän aýna kimin Hudaýyň Sözi bar (Ýakup 1:22—25). Şeýle-de Ýehowa bize maslahaty ýygnak we edebiýatlar arkaly berýär! Bu zatlaryň ählisi ýüregimizi goramaga we dogry işleri etmäge kömek edýär.
a Atlary üýtgedilen.