Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/6 sah. 22—26
  • «Başky söýgiňi» sakla

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Başky söýgiňi» sakla
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hakykata seni näme ynandyrdy?
  • Başky söýgiňi ösdür
  • Özüňi barla
  • Minnetdar bolmaga köp sebäp bar
  • Söýgiňiz sowamasyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • «Hudaýyň Rebbi... söý»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ýehowa sizi söýýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Seni söýýän Hudaýy söý
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/6 sah. 22—26

«Başky söýgiňi» sakla

«Baryňy gaýym sakla» (Ylh. 3:11).

1, 2. Ýehowa barada bileniň hakykatdygyna göz ýetireniňde özüňi nähili duýduň?

ÝEHOWANYŇ gulak asýan adamzada hödürleýän ajaýyp gelejegi barada ilkinji gezek eşideniň ýadyňdamy? Eger sen öň başga bir diniň agzasy bolan bolsaň, saňa Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň niýeti düşündirilende ýa-da öňki düşünmesi kyn bolan taglymatlar anyklananda, sen özüňi nähili duýduň? Mümkin, sen öň aldanandygyňa düşünensiň. Emma häzir hakykaty bileniň üçin nähili şatlanýansyň! Eger sen mesihçi maşgalada terbiýelenen bolsaň, Ýehowa barada bileniň hakykatdygyna göz ýetireniňde we şoňa görä ýaşamagy ýüregiňe düweniňde özüňi nähili duýandygyň ýadyňdamy? (Rim. 12:2).

2 Imandaşlaryň köpüsi Ýehowa bilen dostlaşandygyna örän şatlanandygy we onuň olary özüne çekendigine minnetdardygy barada gürrüň berip bilerdiler (Ýahýa 6:44). Bu olary wagyz gullugyna gatnaşmaga höweslendirdi. Olar bilen zatlary barada hemmä gürrüň bermek islediler. Sende-de şeýle isleg bolupmydy?

3. I asyrda Efesosdaky ýygnagyň ýagdaýy nähilidi?

3 Isa I asyrdaky efesosly mesihçilere: «Sende başky söýgiň» bardy diýdi. Efesoslylaryň gowy häsiýetleri köpdi, ýöne olaryň Ýehowa bolan öňki söýgüsi sowapdy. Şol sebäpli Isa olara şeýle diýdi: «Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Köp zähmetler çekeniňi, sabyrlydygyňy, ýaman adamlara çydap bilmeýäniňi bilýärin. Sen resul bolmasalar-da, özlerine resul diýýänleri synadyň, olaryň ýalançylygyna göz ýetirdiň. Seniň sabryň bar. Meniň adym ugrunda dert çekdiň, ýadamadyň. Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen başky söýgiňi taşladyň» (Ylh. 2:2—4).

4. Näme üçin Isanyň efesoslylara ýazan haty şu günler hem ähmiýetli?

4 Isanyň Ylham kitabynda Efesosdaky we başga ýerdäki ýygnaklara ýazan maslahaty, mesh edilen mesihçileriň 1914-nji ýyldan soň biraz wagtlaýyn bolan ruhy ýagdaýyna-da degişli (Ylh. 1:10). Emma şu günki mesihçileriň käbiri-de Ýehowa we mesihi hakykata bolan «başky söýgüsini» ýitirmekleri mümkin. Şuny göz öňünde tutup, geliň, Hudaýa we hakykata bolan söýgimizi, yhlasymyzy nädip saklap, abatlap, ösdürip biljekdigimize seredeliň.

Hakykata seni näme ynandyrdy?

5, 6. a) Her bir mesihçi nämä göz ýetirmeli? b) Ýehowanyň Güwäçileriniň hakykaty öwredýändigine seni näme ynandyrdy? ç) Başky söýgini oýarmaga näme kömek edip biler?

5 Ýehowa bagyş etmezden öň, ilki bilen, «Hudaýyň halaýan oňat, kämil isleginiň nämedegini» aňlamaly (Rim. 12:1, 2). Munuň üçin Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini bilmeli. Bir adamy ynandyran zat beýleki adamy hökman ynandyrar diýip bolmaýar. Köpleri Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň adyny okanda ýa-da ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygyny bilende geň galdylar (Zeb. 83:18; Wag. 9:5, 10). Käbirine Ýehowanyň halkynyň arasyndaky söýgi täsir galdyrdy (Ýahýa 13:34, 35). Käbiri bolsa dünýäden bolmazlygyň nämedigine düşünende, durmuşyny özgertmegi ýüregine düwdüler. Olar mesihçileriň syýasy işlere we milletara uruşlara gatnaşyp bilmeýändigine düşündiler (Iş. 2:4; Ýahýa 6:15; 17:14—16).

6 Şu we başga taglymatlar köp adamlaryň ýüreginde Hudaýa bolan başky söýgini döretdi. Hakykata seni näme ynandyrandygyny ýadyňa saljak bol. Her kimiň özüne mahsus bolan ýagdaýy we kynçylygy bolýar. Şol sebäpli Ýehowany söýmäge we onuň wadalaryna iman etmäge seni höweslendiren zat başgalaryňkydan tapawutlanýar. Has dogrusy, sen ilkibaşda täsir eden hakykata häzirem biperwaý garamaýarsyň. Hakykat üýtgemedi. Şoňa görä-de, sen ilkinji dörän duýgularyňy ýada salsaň, hakykata bolan başky söýgiňi oýarmaga kömek eder (Zebur 119:151, 152; 143:5-nji aýatlary okaň).

Başky söýgiňi ösdür

7. Näme üçin hakykata bolan başky söýgimizi ösdürmeli we nädip?

7 Ýehowa özüňi bagyş edeniňden bäri, sen durmuşyňda köp özgerişler edensiň. Seniň hakykata bolan başky söýgiň wajypdy, ýöne wagtyň geçmegi bilen imanyň synalyp kynçylyklara hötde gelmek üçin, sen söýgiňi ösdürmelidiň. Elbetde, Ýehowa seni goldandyr (1 Kor. 10:13). Şoňa görä-de, şol geçen ýyllar seniň üçin örän gymmatly bolsa gerek. Başdan geçiren synaglaryň saňa başky söýgiňi ösdürmäge we Hudaýyň halaýan oňat, isleginiň nämedegini aňlamaga kömek etdi (Ýeş. 23:14; Zeb. 34:8).

8. Ýehowa özi barada Musa näme diýdi we ysraýyllylar Hudaýy nädip ýakyndan tanadylar?

8 Meselem, Ýehowa halkyny Müsür gulçulygyndan azat etmek üçin wada berendäki Ysraýyl halkynyň ýagdaýyna seredeliň. Hudaý özi barada Musa şeýle diýdi: «Men kim bolmak islesem bolup bilýärin» (Çyk. 3:7, 8, 13, 14). Aslynda, Ýehowa halkyny azat etmek üçin islendik wezipäni ýerine ýetirip biljekdigini aýdýar. Şondan soňky wakalar ysraýyllylara Ýehowany Her zady başarýan, Kazy, Serdar, Halasgär, Serkerde we aladaçyl Ata hökmünde tanamaga kömek etdi (Çyk. 12:12; 13:21; 14:24—31; 16:4; Neh. 9:9—15).

9, 10. Hudaýy ýakyndan tanamaga näme kömek eder we Ýehowanyň aladaňy edendigi barada oýlanmak näme üçin peýdaly?

9 Elbetde, seniň ýagdaýyň gadymy ysraýyllylaryň ýagdaýyndan tapawutlanýar. Ýöne senem Hudaýyň aladaňy edendigine ençeme gezek göz ýetirensiň we bu imanyňy berkidendir. Mümkin, Ýehowa seniň üçin aladaçyl Ata, Teselli beriji ýa-da Mugallym bolandyr (Işaýa 30:20, 21-nji aýatlary okaň). Ýa-da sen dogaňa aýdyň jogap alansyň. Belki-de, kynçylyga uçranyňda, imandaşlaryň kömek edendir. Ýa-da şahsy okuw arkaly Ýazgylardan gerekli aýady tapansyň.

10 Eger sen şu barada başgalara gürrüň berseň, olaryň käbirine onçakly täsir etmez. Iňsoňy, hiç hili üýtgeşik zat bolmady. Emma bolan wakalar seniň üçin örän wajyp. Sebäbi Ýehowa seniň üçin kim bolmaly bolsa bolupdy. Sen näçe ýyldan bäri hakykatda? Ýehowanyň sen hakda alada edendigini ýadyňa salyp bilermiň? Bu wakalary we öz duýgularyňy ýatlap, sen ýüregiňde Ýehowa bolan başky söýgiňi oýaryp bilersiň. Özüňde bolan şeýle wakalary wagtal-wagtal ýatlap dur we olaryň gadyryny bil. Bu Ýehowanyň seni söýýändigine ynandyrar. Şonda hiç kim seniň oňa bolan söýgiňi gowşadyp bilmez.

Özüňi barla

11, 12. Hakykata bolan söýginiň gowşamagyna näme sebäp bolup biler we Isa nähili maslahat berdi?

11 Eger sen Hudaýa we hakykata birwagtky ýaly söýgiň bolmasa, onda bu Hudaýyň üýtgändigini aňlatmaýar. Ýehowa hiç haçan üýtgemeýär (Mal. 3:6; Ýakup 1:17). Ol häzirem sen hakda öňki ýaly alada edýär. Onda näme üýtgedi? Belki, seniň ýagdaýyň has kynlaşyp, durmuşyň aladalary seni basýandyr? Mümkin, sen öň erjellik bilen doga edensiň, Ýazgylary hyjuw bilen öwrenensiň we okan zatlaryň barada ýygy-ýygydan oýlanansyň. Has yhlasly wagyz edýärmidiň? Ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýarmydyň? (2 Kor. 13:5).

12 Belki, sen özüňde şeýle üýtgeşiklikleri duýan dälsiň. Ýöne duýýan bolsaň, näme sebäpden şeýle bolandygy barada oýlan. Mümkin, käbir sebäplere görä, meselem, maşgalaň ýa-da saglygyň barada alada edip, Ýehowanyň gününiň golaýdygyny ünsden sowansyň. Isa resullaryna şeýle diýdi: «Habardar boluň! Horanlyk, serhoşluk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn. Çünki ol gün bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne duzak kimin geler. Bu boljak zatlaryň baryndan gaçyp biler ýaly,.. hemişe oýa bolup, doga ediň» (Luka 21:34—36).

13. Ýakup Hudaýyň Sözüni näme bilen deňeşdirdi?

13 Ýakup şägirt Hudaýyň ylhamy bilen Mukaddes Ýazgylarda imandaşlaryny Hudaýyň Sözi arkaly özlerini barlamaga höweslendirdi. Ol şeýle ýazdy: «Diňe özüni aldaýan diňleýji däl-de, sözi ýerine ýetiriji boluň. Çünki kim sözi diňläp, ony ýerine ýetirmese, ol öz tebigy keşbini aýnada synlaýan adama meňzeşdir: Çünki ol öz-özüni synlap gidýär-de, nähilidigini şol bada unudýar. Emma kim kämil kanuna, azatlyk kanunyna ýakyndan seretse, huşsuz diňleýji bolman, işe amal ediji bolup, onda dursa, ol öz edenlerinde bagtly bolar» (Ýakup 1:22—25).

14, 15. a) Mukaddes Ýazgylar saňa ruhy taýdan ösmäge nädip kömek ederr? b) Sen näme barada oýlanmaly?

14 Adam özüniň daşky keşbiniň ýerbe-ýerdigini bilmek üçin aýna seredýär. Meselem, erkek adam galstugynyň gyşykdygyny görse, ony düzedýär. Eger aýal saçynyň gowy däldigini görse, oňa timar berýär. Şonuň ýaly Ýazgylar hem bize özümize barlamaga kömek edýär. Eger biz özümizi Mukaddes Ýazgylara görä barlasak, ony aýna kimin ulanýarys. Emma kemçiligimizi görüp-de, ony düzetmesek, onda aýna seretmek nämä gerek? Eger biz Hudaýyň «kämil kanunyna» görä hereket edip, «ýerine ýetiriji» bolsak, paýhasly bolarys. Şol sebäpli eger sen Ýehowa we hakykata bolan başky söýgiň sowandygyny duýsaň, özüňe şeýle soraglary ber: «Men durmuşda nähili kynçylyga duş gelýärin we oňa nädip hötde gelýärin? Öň oňa nädip hötde gelýärdim? Şol kynçylyklara garaýşym üýtgedimikä?» Özüňe şeýle soraglary bereniňde, ýüze çykan islendik kemçiligi ünsden goýma. Eger gowşaklyklaryň bar bolsa, onda gijikdirmän derrew hereket et (Ýew. 12:12, 13).

15 Şeýle oýlanmaklyk ruhy taýdan ösmek üçin paýhasly maksatlary öňümizde goýmaga hem kömek edýär. Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen işdeşi Timoteosa gullukda kämilleşmegi maslahat berdi. Pawlus ony şeýle höweslendirdi: «Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin bular bilen meşgullan». Biz hem Hudaýyň Sözi bolan aýna seredip, ruhy taýdan ilerlemek üçin oýlanmaly (1 Tim. 4:15).

16. Hudaýyň Sözi bolan aýna seredip özüňi barlanda, nämäni unutmaly däl?

16 Ak ýürekden özümizi barlasak, kemçilik hökman ýüze çykar. Bu seni gynandyryp biler, ýöne ruhdan düşme. Sebäbi şeýle barlagyň maksady, nämede özgermelidigiňi düşünmäge kömek edýär. Elbetde, Şeýtan mesihçileriň kemçilikleri we gowşaklyklary zerarly özüni hiç zada ýaramaýan ýaly duýmagyny isleýär. Ol erbet adamlar arkaly adam näçe tagalla etse-de, Hudaýa ýaranyp bilmez diýip ynandyrjak bolýar (Eýýup 15:15, 16; 22:3). Munuň ýalandygyny Isa dogumlylyk bilen paş etdi. Ol Hudaýyň biziň her birimizi gymmat saýýandygyny görkezdi (Matta 10:29—31-nji aýatlary okaň). Kemçilikleriňe düşünmeklik, Ýehowanyň güýjüne bil baglap, kiçigöwünlilik bilen häsiýetleriňi gowulandyrmaga höweslendirmeli (2 Kor. 12:7b—10). Eger ýarawsyzdygyň ýa-da gartaşandygyň sebäpli öňki ýaly gulluk edip bilmeýän bolaň, onda paýhasly maksatlary goý, ýöne hiç haçan lapykeç bolmagyňa we söýgiň sowamagyna ýol berme.

Minnetdar bolmaga köp sebäp bar

17, 18. Başky söýgiňi ösdürseň nähili bereketler alarsyň?

17 Başky söýgiňi ösdürseň, bol bereket alarsyň. Sen Hudaý baradaky bilimiň we onuň söýgi bilen berýän görkezmesi üçin minnetdarlygyňy ösdürip bilersiň (Süleýmanyň tymsallary 2:1—9; 3:5, 6-nji aýatlary okaň). Mezmurçy: «Olary [Ýehowanyň hökümlerini] saklamakda uly sylag bardyr» diýdi. «Rebbiň şaýatlygy ygtybarlydyr, ol mön adamy hem akyldar edýändir». Şeýle-de «Rebbiň kanunynda gezýän göni ýollular nähili bagtly!» (Zeb. 19:7, 11; 119:1).

18 Minnetdar bolmaga sende köp sebäp bar. Meselem, sen näme üçin dünýäde zorluk we adalatsyzlygyň bolýandygyny bilýärsiň. Hudaýyň öz halky barada aladasyny edip, berýän ruhy iýmitinden peýdalanýarsyň. Elbetde, Ýehowanyň seni bütindünýä ýygnagyna çekip, öz Güwäçileriniň biri bolmaga mynasyp görendigine minnetdarlyk duýýansyň. Alýan bereketleriň gadyryny bil! Ýehowanyň saňa berýän bereketleriniň spisogyny düzseň, ummasyz kän bolar. Bu bereketleri ýygy-ýygydan özüňe ýatlatsaň, sen Isanyň: «Baryňy gaýym sakla» diýen çagyryşyna eýerip bilersiň (Ylh. 3:11).

19. Ruhy taýdan oýa bolmaga oýlanmakdan başga ýene näme kömek edýär?

19 Ýyllar boýy imanyň nädip berkändigi barada oýlanmaklyk, saňa baryňy gaýym saklamaga kömek eder. Bu žurnalda ruhy taýdan oýa bolmaga ýene nämäniň kömek etjekdigine üns berildi. Muňa doga, ýygnak duşuklaryna we wagyz gullugyna yhlasly gatnaşmak degişli. Bu zatlar bize başky söýgimizi saklamaga, abatlamaga we ösdürmäge kömek eder (Efes. 5:10; 1 Pet. 3:15; Ýahuda 20, 21).

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Ýehowany başda näme sebäpden söýendigiň häzirem seni nädip berkidip biler?

• Gullukda geçiren ýyllaryň barada oýlanmaklyk, seni nädip berkidip biler?

• Näme üçin Hudaýa bolan söýgimizi barlamaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş