Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/10 sah. 3—5
  • Näme üçin «oýa bolmak» wajyp?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Näme üçin «oýa bolmak» wajyp?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Olar üns bermediler»
  • «Taýýar boluň!»
  • Isa gelejek barada pygamberlik edýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Armageddonyň tizden boljakdygyny nireden bilýäris?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Biz näme üçin hemişe «oýa bolmaly»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Resullar alamat hakda soraýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/10 sah. 3—5

Näme üçin «oýa bolmak» wajyp?

«SENIŇ gelmegiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» (Mat. 24:3). Isanyň şägirtleriniň bu soragyna beren jogabyny Mattanyň 24-nji babynda, Markusyň 13-nji babynda we Lukanyň 21-nji babynda okaýarys. Ol alamatlary aýdyň we jikme-jik düşündirdi. Isanyň şägirtleri alamatlaryň käbirini mese-mälim görmelidi. Isa şonda-da şägirtlerine: «Oýa boluň» diýdi (Matta 24:42).

Alamatlar aýdyň görünmeli bolsa, onda näme üçin Isa: «Oýa boluň» diýdi? Munuň iki sebäbi bar. Birinjiden, käbir adamlar göwün açmalar sebäpli, aýdylan alamatlara üns bermezligi mümkin. Olaryň imany gowşap, oýa bolmazdylar. Ikinjiden, mesihçi ýaşaýan ýerinde käbir alamatlary görmese, özüne täsir etmez öýderdi. Şonuň üçin ol Isanyň «uly muşakgat» baradaky iň soňky pygamberligi entek berjaý bolmaz we oýa bolmak hökman däl öýderdi (Matta 24:21).

«Olar üns bermediler»

Isa şägirtlerine Nuh pygamberiň döwründe ýaşan adamlar barada ýatlatdy. Adamlar Nuhuň wagyz edişini, gämi ýasaýşyny we daş-töweregindäki zalymlygy görýärdiler. Emma olaryň köpüsi muňa «üns bermediler» (Matta 24:37—39). Şu günler hem adamlar duýduryşlara üns bermeýärler. Meselem, adamlaryň köpüsi maşyn sürende, tizligi çäklendiriji belgilere üns bermeýär. Köplenç ýol polisiýasy maşynlaryň badyny gowşatmak üçin şäheriň köçelerinde ýörite güberçekler ýasaýarlar. Şonuň ýaly-da, mesihçi soňky günleriň alamatlaryny görse-de, ünsüni sowýan işler bilen meşgullanmagy mümkin. Günbatar Afrikada ýaşaýan ýetginjek uýa Ariýel bilen bolan waka seredeliň.

Ariýel telewizorda aýallaryň gandbol oýnuna seretmegi gowy görýärdi. Onuň gandbol oýnamaga islegi şeýle güýçlüdi welin, mekdebinde gandbol topary açylanda, Hudaý bilen dostlugyna ýetirjek zyýany barada oýlanman, topara derwezeçi bolup ýazyldy. Soňra näme boldy? Ariýel şeýle gürrüň berýär: «Topardaky käbir gyzlaryň halaşýan oglanlary narkotik edýärdi we çilim çekýärdi. Men olara goşulmaýandygym üçin üstümden gülýärdiler. Olar maňa täsir etmez öýdýärdim. Oýna gyzygyp, Hudaý bilen dostlugym bozulyp başlady. Men diňe gandbol barada pikir edýärdim. Ýygnak duşuşyklarynda otursam-da, pikirim gandbol meýdançasyndady. Öňki ýaly Hudaýa ýaraýan häsiýetlerim hem ýokdy. Öňler gandbol oýnamagy halaýan bolsam, indi ýeňiş gazanmagyň yşgyndadym. Bäsdeşlikde ýeňmek üçin köp türgenleşip, halys ýadaýardym. Gandbol sebäpli, hatda köp dostlarymy ýitirdim.

Bir sapar oýunda garşydaş topar jerime urgusyny urmalydy. Men topy tutmaga taýýarlandym. Şonda Ýehowadan kömek soranyma düşünmän galdym! Şu wakadan soň Hudaý bilen dostlugymyň gowşandygyna düşündim». Ariýel Hudaý bilen ýene-de dostlaşar ýaly näme etdi?

Ol şeýle diýýär: «Ýaşlaryň sowallary. Men ömrümi nämä bagyş edeýin?»a diýen DVD-filmi gördüm. Ony ýene-de bir gezek oýlanyp görmegi ýüregime düwdüm. Filmdäki Andre ýaly kyn ýagdaýa düşüpdim. Esasanam, ýaşuly doganyň Andre Filipililer 3:8-i okamagy we oýlanmagy teklip edendigi ýüregime jüňk boldy. Men hem şol aýady okap, oýlandym we gandbol toparyndan çykdym.

Meniň ýüküm ýeňlän ýaly boldy! Bäsdeşlik ruhy we ýadawlyk zym-zyýat boldy. Häzir men özümi bagtly duýýaryn we mesihçi dostlaryma has-da ysnyşdym. Men indi Hudaýa gulluk etmegi örän wajyp hasaplaýaryn. Ýygnaklarda ünsli diňläp, höwes bilen jogap berýärin. Wagyz gullugym gowulaşdy. Häzir her aý kömekçi pioner bolup gulluk edýärin».

Göwün açmalar biziň hem ünsümizi Isanyň aýdan alamatlaryndan sowýan bolsa, Ariýel ýaly aýgytly ädimler ädeliň. Sen ine şu zatlary edip bilersiň. Gizlin hazynalaryň kartasy bolan «Garawul diňiniň indeksinden» gözleg geçirip, gowy maslahatlary we seniňki ýaly synaga düşen adamlar barada okap bilersiň. Ýygnak duşuşyklaryna gowy taýýarlanyp, bellikler etseň, köp peýda taparsyň. Ýygnakda çykyş edýän dogana ýakyn otursaň, diňlemek aňsat bolar. Ýygnak sorag-jogap görnüşinde geçirilende, derrew jogap bermäge çalyş. Şeýle-de gündeki täzelikleri göreniňde «soňky günleriň» alamatynyň ýerine ýetişine üns berip, ruhy taýdan oýa bol (2 Tim. 3:1—5; 2 Pet. 3:3, 4; Ylh. 6:1—8).

«Taýýar boluň!»

Soňky günleriň alamatlary «dünýäniň ähli ýerinde» berjaý bolýar (Mat. 24:7, 14). Millionlarça adamlar «güýçli ýer titremeler, açlyk hem gyrgynçylyk, gorkunç wakalar» bolýan ýerlerde ýaşaýarlar. Başga adamlar bolsa, parahat hem asuda ýurtlarda ýaşaýarlar. Eger sen käbir alamatlary hiç haçan gözüň bilen görmedik bolsaň, onda uly muşakgat entek bolmaz diýip bolarmy? Beýle pikir etmek akylsyzlyk bolardy.

Geliň, Isanyň «açlyk hem gyrgynçylyk» barada aýdanlaryna seredeliň (Luka 21:11). Birinjiden, ol açlyk hem gyrgynçylyk ähli ýerde birden bolar ýa-da belli bir derejede bolar diýmedi. Isanyň aýtmagyna görä, şol wakalar «aýry-aýry ýerlerde» bolmalydy. Şeýlelikde, biz şol bir wakalar ähli ýerde bir wagtyň özünde bolar öýtmeli däl. Ikinjiden, Isa açlyklar barada aýtsa-da, käbir şägirtlerine açgözlükden ägä bolmagy maslahat berdi: «Habardar boluň! Horanlyk... ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn» (Luka 21:34). Diýmek, ähli mesihçiler her bir alamaty başyndan geçirer öýtmeli däl. Gaýtam, Isa: «Şonuň ýaly hem bu zatlaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdygyny biliň» diýdi (Luka 21:31). Biz nirede ýaşasak-da, häzirki zaman tehnologiýa arkaly ähli alamatlaryň ýerine ýetişini görüp bileris.

Ýehowanyň uly muşakgatyň «gününi hem sagadyny» eýýäm belländigini unutma (Mat. 24:36). Ýer ýüzünde bolýan wakalar şol güni üýtgedip bilmez.

Isa ähli mesihçilere: «Taýýar boluň!» diýip, nesihat berdi (Mat. 24:44). Biz hemişe taýýar bolmaly. Elbetde, biz ruhy işler bilen günuzyn meşgullanyp bilmeris. Onsoňam, uly muşakgat başlanda, näme iş edip durjakdygymyzy hiç birimiz bilemizok. Belki, uly muşakgat käbirimiz işdekäk ýa-da öý işlerini edip ýörkäk bolar (Mat. 24:40, 41). Eýsem, taýýar bolmak üçin näme edip bileris?

Emmanuel, Wiktorina we olaryň alty gyzy Afrikada ýaşaýarlar. Olaryň ýaşaýan ýerinde soňky günleriň ähli alamatlary ýerine ýetmeýär. Olar taýýar bolmak üçin her gün ruhy gürrüňler etmegi ýüregine düwdüler. Emmanuel şeýle gürrüň berýär: «Hemmämize amatly wagty tapmak kyn boldy. Ahyry irden altydan ýediniň ýaryna çenli ýarym sagat wagt belledik. Biz her gün irden ýarym sagadyň dowamynda gündeki aýada okap, soňra bolsa şol hepde ýygnakda öwreniljek edebiýatdan birnäçe abzaslara seredýäris». Bu olara oýa bolmaga kömek edýärmi? Elbetde, kömek edýär! Emmanuel ýygnagyň ýaşulular maslahatynyň koordinatory. Wiktorina köplenç kömekçi pioner bolup gulluk edýär we köplere hakykaty kabul etmäge kömek etdi. Gyzlary hem ruhy taýdan ösýärler.

Isa bize: «Ägä, oýa boluň» diýdi (Mar. 13:33). Ünsüňi sowýan zatlar seni ruhy taýdan gowşatmasyn. Gaýtam, Ariýeliň göreldesine eýerip, edebiýatlarymyzda we ýygnaklarda berilýän peýdaly maslahatlara eýer. Emmanueliň maşgalasy ýaly her gün taýýar hem «oýa bolmaga» çalyş.

a Ýehowa ýaraýan işleri etmäge çalşan ýaş mesihçi hakynda film.

[4-nji sahypadaky surat]

Emmanuel we onuň maşgalasy her gün ruhy gürrüňler edip, «taýýar bolmaga» çalyşýarlar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş