Ýehowanyň terbiýesini elmydama kabul et
Rebbiň temmisini har... etme (SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 3:11)
1. Näme üçin Hudaýyň terbiýesini kabul etmeli?
GADYMY Ysraýyl patyşasy Süleýman Hudaýyň terbiýesini kabul etmegiň her birimize wajypdygyny aýtdy. Ol: «Oglum, Rebbiň temmisini har, terbiýesini äsgermezlik etme. Çünki ata halaýan ogluny nähili terbiýeleýän bolsa, Reb hem söýýänini terbiýeleýändir» diýdi (Süleýmanyň tymsallary 3:11, 12). Hawa, gökdäki Atamyz söýýändigi üçin biziň her birimizi terbiýeleýär.
2. «Temmi» diýmek näme we Ýehowa bizi nädip ýola getirýär?
2 «Temmi» bermek diýmek, terbiýe bermegi, ýola getirmegi, tälim bermegi, öwretmegi aňladýar. Pawlus resul: «Her hili terbiýe edilmek öňürti şatlykly zat däl-de, gaýgyly zat bolup görünýändir. Ýöne bu soňra şeýle ýetişdirilenler üçin dogrulygyň dynçlyk miwesini öndürýändir» diýip ýazdy (Ýewreýler 12:11). Hudaýyň terbiýesini kabul edip, ony berjaý etsek, dogry ýoldan ýöremäge kömek eder we mukaddes Ýehowa Hudaýa ýakynlaşdyrar (Zebur 99:5). Biz imandaşlar, mesihi ýygnaklar, Mukaddes Ýazgylar we «sadyk dolandyryjynyň» edebiýaty arkaly dogry ýola gelýäris (Luka 12:42—44). Şeýle peýdaly düzetmelere biz minnetar bolup bileris! Ýöne agyr günä edilende nähili terbiýe gerek?
Näme üçin käbir mesihçileri ýygnak gatnaşygyndan kesýärler?
3. Haýsy ýagdaýda mesihçi ýygnak gatnaşygyndan kesilýär?
3 Hudaýyň gullukçylary Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýaty okaýarlar. Olar ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde Ýehowanyň kada-kanunlaryny öwrenýärler. Şonuň üçin mesihçiler Ýehowanyň näme talap edýändigini gowy bilýärler. Agyr günä edip, ýöne toba etmeýän mesihçi ýygnak gatnaşygyndan kesilýär .
4, 5. Mukaddes Ýazgylarda ýygnak gatnaşygyndan kesilmek barada nähili mysal bar we näme üçin toba eden adamy ýygnaga kabul etmelidiler?
4 Mukaddes Ýazgylarda ýygnak gatnaşygyndan kesilen bir adamyň mysalyna seredeliň. Korintosdaky ýygnakda «butparazlar arasynda-da görülmedik ahlaksyzlyga... birine öz atasynyň aýalyny almaga» ýol berlipdi (1 Korintoslylar 5:1—5). Pawlus resul Korintoslylara: «Teni heläk bolup, ruhy... gutular ýaly, bu adamy şeýtana tabşyryň» diýip maslahat berdi . Günä eden adam ýygnak gatnaşygyndan kesilip, Şeýtanyň eline berilýär we Iblisiň dünýäsine tabşyrylýar (1 Ýahýa 5:19). Ýygnakda Hudaýyň «ruhy», ýagny häsiýetleri bolar ýaly, günä eden adamy ýygnak gatnaşygyndan kesýärler. Şonda ol ýygnaga erbet täsirini ýetirip bilmeýär. (2 Timoteos 4:22; 1 Korintoslylar 5:11—13).
5 Bu wakadan biraz wagt geçenden soň, Pawlus resul korintoslylara günä eden adamy ýygnaga kabul edilmegini maslahat berdi. Näme üçin? Ol «şeýtan bizden üstün çykmasyn» diýdi. Günä eden adam toba edip, ahlak taýdan arassa ýaşaýan bolmaly (2 Korintoslylar 2:8—11). Eger-de doganlar toba edýän adamy ýygnaga kabul etmeseler, olar Şeýtanyň aldawyna düşüp, Iblisiň isleýşi ýaly ýowuz we doňýürek bolardylar. Emma olar toba eden günäkäri «bagyşlap ruhlandyrmaly» (2 Korintoslylar 2:5—7).
6. Näme maksat bilen ýygnak gatnaşygyndan kesýärler?
6 Eýsem, näme maksat bilen ýygnak gatnaşygyndan kesýärler? Gatnaşykdan kesmek bilen Ýehowanyň mukaddes adyna dil ýetirilmez we onuň halkynyň abraýy saklanar (1 Petrus 1:14—16). Toba etmeýän günäkäriň ýygnak gatnaşygyndan kesilmegi bilen biz Hudaýyň kada-kanunlaryna hormat goýýarys we ýygnagy ruhy taýdan arassa saklaýarys. Şeýle-de adama eden agyr günäsine düşünmäge kömek edýäris.
Toba etmek wajyp
7. Dawut günäsini boýun almanda nähili täsir etdi?
7 Agyr günä eden mesihçileriň köpüsi ýürekden toba edeni üçin ýygnak gatnaşygyndan kesilmeýärler. Elbetde, ak ýürekden toba etmek aňsat däl. Geliň, 32-nji mezmury ýazan Ysraýyl patyşasy Dawudyň mysalyna seredeliň. Mümkin, mezmurda Dawut Batşeba bilen eden günäsini boýun almaýan wagtyny beýan edýän bolmaly. Tomsuna gurak howanyň agajy horlaýşy ýaly, netižede, Dawut hem eden günäsi üçin gam çekip ysgyndan gaçdy. Ol beden we duýgy taýdan ejir çekdi. Ýöne «jenaýatlaryny Rebbiň ýanynda boýun alanda» Ýehowa ony bagyşlady (Zebur 32:3—5). Soňra ol şeýle nagma aýtdy: «Reb tarapyndan günäsi hasaba alynmaýan adam... nähili bagtly!» (Zebur 32:1, 2) Dawut Hudaýyň rehimdarlygyny duýup örän bagtyýar boldy!
8, 9. Nädip toba etmeli we ýygnaga kabul ediler ýaly toba etmek näme üçin wajyp?
8 Diýmek, günäkär adamyň rehim edilmegi üçin ol toba etmeli. Emma günämi hemmeler biler diýip utanmak ýa-da gorkmak toba etmegi aňlatmaýar. «Toba etmek» diýen jümle eden günäň barada «pikiriňi üýtgemegi» aňladýar, sebäbi günäkär adam etmişine ökünýär. Toba eden adamyň «synyk, ökünçli göwni» bolup, mümkin boldugyndan ol «adalata ymtylýar» (Zebur 51:17; 2 Korintoslylar 7:11).
9 Mesihçiler ýygnagyna täzeden kabul ediler ýaly toba etmek örän wajyp. Gatnaşykdan kesilen adam wagtyň geçmegi bilen ýygnaga öz-özünden kabul edilmeýär. Entek ýygnaga kabul edilmänkä, ol çyn ýürekden uly özgerişler etmeli. Ol agyr günä edendigine, Ýehowanyň adyna, onuň ýygnagyna ysnat getirendigine düşünmeli. Günäkär adam toba edip, günäsiniň ötülmegi barada yzygiderli doga etmeli hem-de Hudaýyň adyl talaplaryny berjaý etmeli. Haçan-da ol ýygnaga kabul edilmegini haýyş edende, toba edýändigini «toba mynasyp iş bitirip» görkezmeli (Resullaryň işleri 26:20).
Näme üçin günäňi boýun almaly?
10, 11. Biz günäni näme üçin gizlemeli däl?
10 Günä edenleriň käbiri şeýle pikir etmegi mümkin: «Eger men günämi birine aýtsam, onda oňaýsyz ýagdaýa salýan soraglara jogap bermeli bolaryn we gatnaşykdan kesilerin, eger-de aýtmasam, onda hiç kim sorag hem bermez, ýygnakdakylaryň hiç haýsy-da bilmez». Şeýle pikir etsek, käbir wajyp zatlara üns bermeris. Nähili zatlara?
11 Ýehowa «rehimdar we mähriban Hudaý, örän sabyrly, merhemeti we hakykaty boldur, müňlerçelere merhemetini saklaýar, ýazygy, jenaýaty we günäni geçýär». Emma ol öz gullukçylaryna «gerekli derejede temmi berýär» (Çykyş 34:6, 7; Ýeremiýa 30:11). Eger biz agyr günä edip, ony gizlesek, hi bir Hudaýyň rehimdarlygyny gazanyp bilerismi? Ýehowa eden günämizi görýär we oňa gözüni ýummaýar (Süleýmanyň tymsallary 15:3; Habakkuk 1:13).
12, 13. Adamyň günäsini gizlemegi nämä elter?
12 Eger sen agyr günä edeniňi boýun alsaň, onda dogry ynsaby saklap bilersiň (1 Timoteos 1:18—20). Eger boýun almasaň, netijede ýaramaz ynsap seni uly günä etmäge iterer. Sen diňe adamlara ýa-da ýygnaga garşy däl, eýsem, Hudaýa garşy günä edendigiňi unutma. Mezmurçy şeýle ýazýar: «Rebbiň tagty göklerdedir. Onuň gözleri garaýar, gabaklary ynsan ogullaryny barlaýar. Reb dogry adamy [we erbet adamy, TD] synaýandyr» (Zebur 11:4, 5).
13 Agyr günäsini gizläp, mesihçileriň arassa ýygnagynda galjak bolýan adama Ýehowa ak patasyny bermeýär (Ýakup 4:6). Şol sebäpli agyr günä edip-de, mundan beýläk dogrulyk etmek isleseň, onda haýal etmän günäňi ýürekden boýun al. Ýogsam, agyr günäler barada okanyňda ýa-da eşideniňde, ynsabyň saňa has-da ezýet berer. Eýsem, Ýehowa Saul patyşadan mukaddes ruhuny alşy ýaly, senden hem alsa, näme edersiň? (1 Patyşalar 16:14). Hudaýyň mukaddes ruhy bolmasa, sen öňküdenem beter agyr günäleri edersiň.
Ýaşululara ynanmaly
14. Näme üçin günä eden adam Ýakup 5:14, 15-nji aýatlardaky maslahata eýermeli?
14 Toba eden günäkär adam näme etmeli? «Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag çalyp, onuň üçin doga etsin. Iman dogasy syrkawa şypa berer, Reb ony dikelder; eger ol günä eden bolsa, bagyşlanar» (Ýakup 5:14, 15). «Toba mynasyp hasyl bermegiň» bir usuly, ýaşulularyň ýanyna baryp kömek soramaly (Matta 3:8). Şeýle wepaly, rehimli ýaşulular Ýehowanyň adyndan günä eden adama ýag çalyp doga ederler. Hoşboý ysly ýagyň teselli berşi ýaly, olaryň Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatlary ýürekden toba edýän her bir adama göwünlik berer (Ýeremiýa 8:22).
15, 16. Ezekiýel 34:15, 16-njy aýatlardaky Hudaýyň göreldesine ýygnagyň ýaşululary nädip eýerýärler?
15 B. e. öň 537-nji ýylda Çopanymyz Ýehowa ýehudylary Babyl ýesirliginden we b. e. 1919-njy ýylynda bolsa ruhy Ysraýyly «Beýik Babyldan» azat edip, söýgi bilen görelde görkezdi! (Ylham 17:3—5; Galatýalylar 6:16). Şeýdip, ol: «Men goýunlarymy bakaryn, olara rahatlyk dörederin... Ýitenini taparyn, sürlüp äkidilenini yzyna getirerin, ýaralananyň ýarasyny daňaryn, kesellänini sagaldaryn» diýip, beren wadasyny ýerine ýetirdi (Ezekiýel 34:15, 16).
16 Ýehowa göçme manydaky goýunlaryny bakýardy, olary howpsuz ýerde saklaýardy we ýitenlerini tapýardy. Ýygnagyň ýaşululary hem Hudaýyň goýunlaryny ruhy taýdan otladyp, olaryň howpsuzlygy barada alada edýärler. Ýaşulular ýygnakdan giden goýunlary gözleýärler. Hudaýyň «ýaralananyň ýarasyny daňyşy ýaly», kimdir biriniň aýdan sözi ýa-da öz hereketi bilen goýun «ýaralananda», ýaşulular onuň «ýarasyny daňýar». Ýehowanyň «kesellän goýny sagaldyşy» ýaly, ýaşulular hem ruhy taýdan kesellänlere, ýagny günä edenlere kömek edýärler.
Çopanlar nädip kömek edýärler?
17. Näme üçin haýal etmän ýaşululardan ruhy taýdan kömek soramaly?
17 Ýaşulular: «Gorky bilen... rehimdar boluň» diýen maslahata höwes bilen eýerýärler (Ýahuda 23). Käbir mesihçiler jynsy taýdan ahlaksyzlyk edip, agyr günä etdiler. Ýöne olar ak ýürekden toba etseler, onda ýaşulular olara düşünip, duýgudaşlyk bildirer, sebäbi olar ruhy taýdan kömek etmek isleýär. Pawlus özi hem-de ýaşulular barada: «Bu biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürýäris diýmek däldir, biz şatlygyňyz üçin siziň işdeşleriňizdiris» diýdi (2 Korintoslylar 1:24). Şonuň üçin haýal etmän ruhy taýdan kömek soraň.
18. Ýaşulular günä eden mesihçilere nähili seredýärler?
18 Agyr günä edeniňizde, näme üçin ýygnak ýaşulularyna ynanyp bilersiňiz? Sebäbi, ilki bilen, olar Hudaýyň sürüsiniň çopanlary (1 Petrus 5:1—4). Ýaralanyp mäleýän, gulak asýan guzyny söýýän çopan urmaz. Şonuň ýaly ýaşulular günä eden mesihçiler bilen gürleşende, «eliň bilen edeniňi, egniň bilen çekersiň» diýmeýärler. Olaryň maksady, mümkin boldugyndan, ruhy taýdan kömek etmäge çalyşýarlar (Ýakup 5:13—20). Ýaşulular «sürini aýamaly» we adyl höküm çykarmaly (Resullaryň işleri 20:29, 30; Işaýa 32:1, 2). Ýaşulular ähli mesihçiler ýaly «adalatly bolmaly, ýagşylygy söýmeli we Hudaý bilen pespäl ýöremeli» (Mika 6:8). Ýehowanyň «örüsindäki goýunlarynyň» durmuşy we mukaddes gullugy babatda ýaşulular karara gelende, şeýle häsiýetleri ulanmak gerek (Zebur 100:3).
19. Mesihçi ýaşulular günäkäri nädip dogry ýola salýarlar?
19 Mesihçi ýaşulular mukaddes ruh arkaly bellenip, onuň görkezmesine eýerýärler. Eger «bir adam bir ýazyk üstünden tutulsa», ruhy taýdan ýetişen doganlar «beýle adamy ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getirmäge» jan eder (Galatýalylar 6:1; Resullaryň işleriň 20:28). Ökde lukman döwlen aýagy ýa-da eli gaty agyrtmajak bolup seresaplyk bilen ýerine salýar. Ýaşulular-da şonuň ýaly ýumşaklyk we Hudaýyň kadalaryny erjellik bilen ulanyp, günä eden adamyň garaýşyny üýtgetmäge kömek edýärler (Koloseliler 3:12). Meseläni Ýehowanyň garaýşy bilen çözmek üçin ýaşulular doga edip, Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, oňa rehim etmelimi ýa-da etmeli däldigini anyklaýarlar (Matta 18:18).
20. Kimdir birine käýinç berlende nähili ýagdaýda ýygnakda bildiriş edilýär?
20 Eger biriniň eden günäsi äşgär bolan bolsa ýa-da indi äşgär bolmaly bolsa, onda ýygnagyň abraýyny saklamak üçin bildiriş etmeli. Ýöne ýygnaga duýdurmak üçin hem bildiriş edilýär. Bir ýerine şikes ýeten adamyň ýagdaýynyň çäkli bolşy ýaly, ruhy käýinji alan adamyň hem ýagdaýy çäklidir. Ol birnäçe wagtlap ýygnakda jogap bermän diňlese, oňa peýda getirerdi. Ýaşulular kimdir biriniň onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmeginiň aladasyny edip biler. Şeýle okuwyň maksady, onuň gowşak tarapyny göz öňünde tutup, «imanda... sagdyn bolar» ýaly ruhy taýdan kömek etmeli (Titus 2:2). Bularyň ählisi günäkäri jezalandyrmak üçin däl-de, oňa söýgi bildirmek üçin edilýär.
21. Günäleriň käbiriniň nähili çözülmegi mümkin?
21 Ýaşulular dürli ýollar bilen ruhy taýdan kömek edýärler. Aýdaly, öň spirtli içgileri köp içýän dogan öýünde ýeke galyp, birki gezek köp içende, ýa-da çilim çekmek endigini taşlan dogan saklanyp bilmän hiç kimiň ýok wagty birki sapar çilim çekende, Hudaýa doga edip, onuň bagyşlaýandygyna ynansa-da, öňki erbet endigine dolanmaz ýaly, ýaşululardan kömek soramaly. Onuň bilen bir ýa-da iki ýaşuly gürrüňdeşlik geçirip biler. Emma olar ýygnagyň baş gözegçisine mälim etmeli, sebäbi munuň başga meselelere-de täsiri ýetmegi mümkin.
Hudaýyň terbiýesini kabul etmegiňi dowam et
22, 23. Biz Hudaýyň terbiýesini näme üçin elmydama kabul etmeli?
22 Her bir mesihçi Hudaýy razy etmek üçin, Ýehowanyň terbiýesini kabul etmeli (1 Timoteos 5:20). Sen Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary öwreneniňde ýa-da Ýehowanyň halkynyň ýygnaklarynda hem-de kongreslerinde eşidýän öwüt-ündewleri ýüregiň bilen kabul et. Ýehowanyň islegini berjaý etmegi unutma. Şonda Hudaýyň terbiýesi seni ruhy taýdan berkider, ýagny ol berk gala kimin günäden gorar.
23 Hudaýyň terbiýesini kabul edip, Onuň söýgüsinde galyp bileris. Käbirleriň ýygnak gatnaşygyndan kesilendigi hak, ýöne siz gatnaşykdan kesilmez ýaly, «ýüregiňizi gorap», «akyldarlar ýaly geziň» (Süleýmanyň tymsallary 4:23; Efesliler 5:15). Eýsem, ýygnak gatnaşygyndan kesilenler näme etmeli? Ýygnaga kabul ediler ýaly aýgytly ädimler ätmeli. Ýehowa bagyş edilen mesihçileriň hemmesiniň oňa wepaly we şadyýan ýürek bilen sežde etmeklerini isleýär (Kanunyň gaýtalanyşy 28:47). Eger sen Ýehowanyň terbiýesini hemişe kabul etseň, oňa ebedi gulluk edip bilersiň (Zebur 100:2).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Näme üçin mesihçileriň käbiri ýygnak gatnaşygyndan kesilýär?
• Ýürekden toba etmek näme?
• Eden agyr günämizi näme üçin boýun almaly?
• Ýygnak ýaşululary toba eden günäkärlere nähili kömek edýärler?