«Hudaýyň Rebbi... söý»
«Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý». MAT. 22:37
1. Ýehowa bilen Isanyň biri-birine bolan söýgüsi nädip artdy?
ÝEHOWANYŇ Ogly Isa Mesih: «Men Atany söýýärin» diýdi (Ýahýa 14:31). Şeýle-de ol: «Ata Ogluny söýýär» diýdi (Ýahýa 5:20). Bu sözler bizi geň galdyrmasa gerek. Sebäbi Isa ýer «Hudaýyň Rebbi... söý»ýüzüne gelmezden öň, Hudaýyň huzurynda «ussa kimin» işläpdi (Sül. tym. 8:30). Isa Atasy bilen işleşip, onuň ajaýyp häsiýetleri hakda köp zatlary bildi. Dogrudan-da, Isada Ýehowany söýmäge ençeme sebäpler bardy. Hawa, olaryň ýakyn dostlukly gatnaşygy biri-birine bolan söýgüsini artdyrdy.
2. a) Söýgi näme we Hudaý bizi näme üçin söýýär? b) Biz nähili soraglara serederis?
2 Söýgi kimdir birine bolan çuňňur duýgyny aňladýar. Mezmurçy Dawut şeýle nagma aýtdy: «Seni söýýärin, ýa Reb, eý meniň Güýjüm» (Zeb. 18:1). Hawa, bizem Hudaýy söýmeli. Eger biz Ýehowa gulak assak, ol bize hökman söýgüsini bildirer (Kanun taglymaty 7:12, 13-nji aýatlary okaň)a. Emma biz görünmez Hudaýy nädip söýüp bileris? Ýehowany söýmek nämäni aňladýar? Biz ony näme üçin söýmeli? Biz Hudaýy söýýändigimizi nädip görkezip bileris?
BIZ NÄME ÜÇIN HUDAÝY SÖÝÜP BILÝÄRIS?
3, 4. Biz Ýehowany näme üçin söýüp bilýäris?
3 «Hudaý Ruhdur», şol sebäpli biz ony görüp bilmeýäris (Ýahýa 4:24). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýy söýmelidigi barada tabşyryk berilýär. Diýmek, biz Ýehowany söýüp bilýäris. Meselem, Musa ysraýyllylara şeýle diýdi: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz bilen söýüň» (Kan. tag. 6:5).
4 Biz Hudaýy näme üçin söýüp bilýäris? Sebäbi ol bizi ruhy zerurlyklar bilen ýaratdy we bize söýgini bildirmäge ukyp berdi. Biz ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyryp, Ýehowa bolan söýgimizi artdyrýarys. Bu bize özümizi bagtly duýmaga ýardam edýär. Isa şeýle diýdi: «Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Patyşalygy olaryňkydyr» (Mat. 5:3). A. K. Morrison adamlaryň Hudaýa sežde etmäge bolan dogabitdi islegi barada şeýle ýazdy: «Adamyň Beýik Biribary agtarmaga we Oňa iman etmäge bolan güýçli islegi bizi haýran galdyrmaly» (Man Does Not Stand Alone).
5. Biz Hudaýy tapyp bolýandygyny nireden bilýäris?
5 Heý-de, Hudaýy agtaryp, ony tapyp bolarmy? Elbetde, bolar! Çünki Hudaý biziň ony agtarmagymyzy isleýär. Pawlus resul munuň şeýledigini Ares depesinde ýygnanan adamlara wagyz edende düşündiripdi. Şol depeden gadymy Afinanyň baş taňrysyna bagyş edilen ybadathana görünýärdi. Şonda Pawlus «dünýäni, onuň içinde bolan bütin zatlary ýaradan Hudaýdyr» diýdi we Ýehowanyň «el bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaýandygyny» düşündirdi. Soňra Pawlus şeýle diýdi: «(Hudaý) adamlaryň ähli milletlerini bir gandan ýaradyp, olary bütin ýer ýüzünde ýaşatdy. Hudaýy agtararlar, Ony, belki-de, sermeläp taparlar diýip, olaryň wagtlaryny, mesgen tutjak ýerleriniň çäklerini öňünden belledi. Muňa garamazdan, Ol biziň hiç birimizden uzakda däldir» (Res. iş. 17:24—27). Hawa, adamlar Hudaýy agtaryp, ony tapyp bilýärler. Ýedi ýarym milliondan gowrak Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýy «tapdylar» we ony ýürekden söýýärler.
HUDAÝY SÖÝMEK NÄMÄNI AŇLADÝAR?
6. Isa «kanundaky iň uly tabşyryk» babatda berlen soraga nähili jogap berdi?
6 Biz Ýehowany ýürekden söýmeli. Bir sapar fariseý Isadan: «Mugallym, kanunda iň uly tabşyryk näme?» diýip soraýar. Şonda Isa: «„Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý“. Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr» diýip jogap berdi (Mat. 22:34—38).
7. Hudaýy a) «bütin ýüregiň», b) «bütin janyň» we w) «bütin düşünjäň» bilen söýmek nämäni aňladýar?
7 Isa Hudaýy «bütin ýüregiň» bilen söýmeli diýende nämäni göz öňünde tutdy? Ol Ýehowany göçme manydaky ýüregimiz, ýagny isleglerimiz we duýgularymyz bilen söýmelidigini aýtdy. Şeýle-de biz Hudaýy «bütin janymyz», ýagny ýaşaýşymyz hem-de «bütin düşünjämiz», ýagny pikirlenmek ukybymyz bilen söýmeli. Hawa, biz Ýehowany bütin durkumyz bilen söýmeli!
8. Hudaýa bolan söýgimiz näme etmäge höweslendirer?
8 Eger biz Ýehowany bütin ýüregimiz, janymyz we düşünjämiz bilen söýsek, Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwreneris, Hudaýyň niýetini ýürekden ýerine ýetireris hem-de Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly wagyz ederis (Mat. 24:14; Rim. 12:1, 2). Biziň Ýehowa bolan söýgimiz has-da oňa ýakynlaşdyrar (Ýakup 4:8). Elbetde, şu makalada Hudaýy näme üçin söýmelidiginiň ähli sebäplerini agzap bilmesek-de, geliň, olaryň käbirine seredeliň.
BIZ ÝEHOWANY NÄME ÜÇIN SÖÝMELI?
9. Biz näme üçin Ýehowany Ýaradyjymyz we Ekleýjimiz hökmünde söýýäris?
9 Ýehowa biziň Ýaradyjymyz we Ekleýjimiz. Pawlus şeýle diýdi: «Biz Onda ýaşaýandyrys, hereket edýändiris we bardyrys» (Res. iş. 17:28). Ýehowa bize ajaýyp öý, ýagny ýer şaryny berdi (Zeb. 115:16). Şeýle-de ol bizi ýaşaýyş üçin iýmit we başga-da gerekli zatlar bilen üpjün edýär. Şol sebäpli Pawlus Listradaky butparaz adamlara şeýle diýdi: «Diri Hudaý... ýagşylyk etmek, size Gökden ýagmyr hem hasylly möwsümler bermek, ýüregiňizi iýmit hem şatlykdan doldurmak bilen, Özüni güwäsiz goýmady» (Res. iş. 14:15—17). Bu bizi Beýik Ýaradyjymyzy we Ekleýjimizi söýmäge höweslendirmeli dälmi näme?! (Wag. 12:1).
10. Isanyň töleg gurbany biziň Hudaýa bolan söýgimize nähili täsir etmeli?
10 Hudaý bizi Adam atadan miras galan günäden we ölümden halas edýär (Rim. 5:12). Hawa, «Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi» (Rim. 5:8). Eger biz eden günälerimiz üçin toba edip, Isanyň töleg gurbanyna iman etsek, Ýehowa bizi bagyşlar. Bu-da biziň Ýehowa bolan söýgimizi has-da artdyrýar (Ýahýa 3:16).
11, 12. Ýehowa bize nähili umyt berýär?
11 Ýehowanyň berýän umydy bize şatlyk we parahatlyk berýär (Rim. 15:13). Hudaýyň berýän umydy bize synaglarda berk durmaga kömek edýär. Mesh edilen mesihçiler ölýänçäler wepaly galsalar «ýaşaýyş täjini» alarlar (Ylh. 2:10). Hudaýyň öňünde aýypsyzlygyny saklan beýleki adamlar ýer ýüzünde tükeniksiz bereketleriň eýesi bolarlar (Luka 23:43). Hudaýyň bu ajaýyp wadalary bize nähili täsir edýär? Bu bize şatlyk we parahatlyk berip, «ähli oňat, kämil sowgat» berýän Ýaradyjymyza bolan söýgimizi artdyrýar (Ýakup 1:17).
12 Direliş umydy bize teselli berýär (Res. iş. 24:15). Dogan-garyndaşlarymyzyň ölümi bizi örän gynandyrýar, ýöne direlişe bolan umyt bize «umytsyz adamlar ýaly hasrat çekdirmeýär» (1 Sel. 4:13). Söýgüden doly Ýehowa ölen adamlary, esasan-da, Eýýup ýaly wepaly gullukçylaryny direltmek isleýär (Eýýup 14:15). Ýer ýüzünde direljek adamlary garşy almak, gör, nähili tolgundyryjy bolar! Şeýle ajaýyp umyt biziň gökdäki Atamyza bolan söýgimizi artdyrmaýarmy näme?!
13. Hudaýyň biziň aladamyzy edýändigi nämeden görünýär?
13 Ýehowa biziň aladamyzy edýär (Zebur 34:6, 18, 19; 1 Petrus 5:6, 7-nji aýatlary okaň). Biz söýgüli Hudaýymyzyň wepaly gullukçylaryna kömek etjekdigini bilýäris. Şol sebäpli biz özümizi Onuň «örüsiniň sürüsinde» howpsuz duýýarys (Zeb. 79:13). Şeýle-de Hudaýyň Mesihi Patyşalyk arkaly amala aşyrjak işleri Onuň söýgüsini aýan edýär. Onuň saýlan Patyşasy Isa Mesih ýer ýüzüni zorlukdan, zulumdan we erbetlikden arassalar. Hudaýa gulak asýan adamlar bolsa, parahatlykda we abadançylykda ýaşarlar (Zeb. 72:7, 12—14, 16). Şu zatlar sizi aladaçyl Hudaýy bütin ýüregiňiz, janyňyz, güýjüňiz we düşünjäňiz bilen söýmäge höweslendirmeýärmi näme?! (Luka 10:27).
14. Hudaý bize nähili hormatly işi ynandy?
14 Ýehowa bizi Şaýady edip, hormatly işini ynandy (Iş. 43:10—12). Biz Hudaýy söýýäris, çünki ol bize hökümdarlygyny goldamaga mümkinçilik berdi we bu zalym dünýäde adamlara hakyky umyt berýän habary wagyz etmegi ynandy. Biziň wagyz edýän hoş habarymyz Hudaýyň Sözüne esaslanýar, şol sebäpli biz imanymyz hakda ynamly gürrüň edýäris. Çünki Hudaýyň wadalary hemişe ýerine ýetýär (Ýeşuwa 21:45; 23:14-nji aýatlary okaň)b. Elbetde, Ýehowanyň berýän bereketleri we ony näme üçin söýýändigimiziň sebäpleri sanardan gaty kän. Ýöne biz ony söýýändigimizi nädip görkezip bileris?
BIZ HUDAÝY SÖÝÝÄNDIGIMIZI NÄDIP GÖRKEZIP BILERIS?
15. Hudaýyň Sözüni okamagyň we ony durmuşyňda ulanmagyň nähili peýdasy bar?
15 Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip, durmuşda ulanyň. Şonda biz Ýehowany söýýändigimizi we onuň «nurly» ýolunda ýöremek isleýändigimizi görkezýäris (Zeb. 119:105). Biz kynçylyklara uçranymyzda, şu sözlerden teselli tapyp bileris: «Eý Hudaý, Sen synyk, ökünçli göwni kemsitmersiň... Ýa Reb, merhemetiň meni tutýar. Içimdäki aladalar artanda Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär» (Zeb. 51:17; 94:18, 19). Ýehowanyň horluk çekýän adamlara rehimi inýär. Isanyň hem şeýle adamlara haýpy gelýärdi (Iş. 49:13; Mat. 15:32). Biz Mukaddes Ýazgylary öwrenenimizde, Ýehowanyň söýgi bilen aladamyzy edýändigine doly düşünýäris. Şonda biz ony ýürekden söýüp başlaýarys.
16. Hemişe doga etmeklik Ýehowa bolan söýgimiziň artmagyna nädip ýardam eder?
16 Hudaýa hemişe doga ediň. Biz «dogalary eşidýän» Ýehowa dileg edip, onuň bilen dostlaşýarys (Zeb. 65:2). Biz Hudaýyň dogalarymyza jogap berýändigine düşünenimizde, oňa bolan söýgimiz artýar. Meselem, ol biziň güýjümizden öte synalmagymyza ýol bermeýär (1 Kor. 10:13). Bizi nämedir bir zat biynjalyk edende, Ýehowa ýürekden ýalbarsak, «Hudaýyň parahatçylygy» kalbymyza rahatlyk berer (Flp. 4:6, 7). Käte biz hem Nehemýa ýaly sessiz doga edip bileris. Sebäbi şeýle dogalaryň hem jogapsyz galmajakdygyna doly ynanýarys (Neh. 2:1—6). Biziň «erjellik» bilen edýän dogamyza Ýehowanyň jogap bermegi, onuň gelejekki synaglarda-da kömek etjekdigine ynandyrýar. Bu bolsa, oňa bolan söýgimizi has-da artdyrýar (Rim. 12:12).
17. Biz Hudaýy söýsek ruhy çärelere nähili gararys?
17 Ýygnak duşuşyklaryna we kongreslere barmagy endik ediniň (Ýew. 10:24, 25). Ysraýyllylar Ýehowa hormat goýmagy we onuň kanunyny berjaý etmegi öwrenmek üçin ýygnanyşýardylar (Kan. tag. 31:12). Eger biz Hudaýy, hakykatdan-da, söýýän bolsak, onuň islegini berjaý etmek agyr bolmaz (1 Ýahýa 5:3-i okaň). Şol sebäpli, geliň, şeýle duşuşyklara barmaga hiç zada päsgel berdirmäliň! Hawa, biz Ýehowa bolan ilkinji söýgimiziň sowamagyna ýol bermek islemeýäris (Ylh. 2:4).
18. Hudaýa bolan söýgimiz näme etmäge höweslendirýär?
18 «Hoş habaryň hakykatyny» yhlasly gürrüň beriň (Gal. 2:5). Hudaýa bolan söýgimiz Mesihi Patyşalyk barada gürrüň bermäge höweslendirýär. Onuň Patyşasy Isa Armageddon söweşinde «dogrulyk üçin... atlanar» (Zeb. 45:4; Ylh. 16:14, 16). Hudaýyň söýgüsi we onuň täze dünýä baradaky wadalary hakda wagyz edip, şägirt taýýarlamak, gör, nähili şatlyk berýär! (Mat. 28:19, 20).
19. Biz Ýehowanyň «adamlar görnüşindäki sylaglaryna» näme üçin minnetdar bolmaly?
19 Hudaýyň sürüsine gözegçilik edýändigine minnetdar boluň (Res. iş. 20:28). Ýehowa ýygnak ýaşululary arkaly biziň aladamyzy edýär. Olar «ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek» kömek edýärler (Iş. 32:1, 2). Biz güýçli ýelden ýa-da çabgadan goraýan ýeri, günüň jöwzasyndan goraýan gaýanyň kölegesini örän gymmat saýýarys. Şeýle meňzetmeler ýaşuly doganlaryň ruhy taýdan kömek edýändigine we ruhlandyrýandygyna düşünmäge ýardam edýär. Bu doganlara gulak asyp, biz «adamlar görnüşindäki sylaglara» minnetdardygymyzy görkezýäris we Hudaýa hem-de ýygnagyň Başy bolan Mesihe söýgimizi bildirýäris (Efes. 4:8; 5:23; Ýew. 13:17).
Ýehowa ýygnak ýaşululary arkaly sürüsiniň aladasyny edýär (19-njy abzasa serediň)
ÝEHOWA BOLAN SÖÝGIŇIZI ARTDYRYŇ
20. Hudaýy söýýän adam Ýakup 1:22—25-nji aýatlardaky aýdylanlara nähili seslener?
20 Ýehowa «kämil» kanuny arkaly biziň berjaý etmeli zatlarymyzy görkezýär. Eger siz Ýehowa bilen dostlugyňyzy gymmat saýsaňyz, onda ýöne bir «diňleýji däl-de, sözi ýerine ýetiriji bolarsyňyz» (Ýakup 1:22—25-nji aýatlary okaň). «Sözi ýerine ýetirýän» mesihçi wagyz işine we ýygnak duşuşyklaryna yhlasly gatnaşmaga jan edýär. Meselem, siz Ýehowany söýýändigiňiz üçin, ol barada gürrüň berersiňiz we ýygnak duşuşyklarynda jogap bermek bilen ony şöhratlandyrarsyňyz (Zeb. 19:7—11).
21. Ýürekden edilýän dogalary näme bilen deňeşdirse bolýar?
21 Ýehowa Hudaýa bolan söýgiňiz oňa hemişe ýürekden doga etmäge höweslendirer. Mezmurçy Dawut Musanyň kanunyndaky her gün ýakylýan buhury göz öňünde tutup, Hudaýa şeýle nagma aýtdy: «Dogam huzuryňda tüsse kimin, el serişim agşam sowgady kimin kabul bolsun» (Zeb. 141:2; Müs. çyk. 30:7, 8). Goý, siziňem kiçigöwünlilik bilen edýän dogalaryňyz, ýalbarmalaryňyz we Hudaýy ýürekden şöhratlandyryp aýdýan öwgüli sözleriňiz buhuryň ýakymly ysy kimin bolsun! (Ylh. 5:8).
22. Biz indiki makalada näme barada gürrüň ederis?
22 Isa biziň Hudaýy hem-de adamlary söýmelidigimizi aýtdy (Mat. 22:37—39). Biz indiki makalada Ýehowa we onuň prinsiplerine bolan söýginiň imandaşlarymyzy hem-de başga adamlary söýmäge kömek edýändigi hakda gürrüň ederis.
a Kanun taglymaty 7:12 Şu hökümlere gulak goýup, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza wada edişi ýaly, siziň bilen tükeniksiz söýgüsini we ähtini saklar. 13 Reb sizi söýer, ýalkar we köpelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda siziň örňäp ösmegiňize, ýeriňizden alynýan önüme, dänäňize, şerabyňyza we ýagyňyza, şeýle hem, mal-garalaryňyzyň köpelmegine, sürüleriňiziň sanynyň artmagyna bereket berer.
b Ýeşuwa 21:45 Rebbiň Ysraýyl nesillerine beren wadalaryndan ýekeje sözi hem ýerine ýetmän galmady. Olaryň ählisi hakykat ýüzünde berjaý boldy. 23:14 Ine, görşüňiz ýaly, meniň sanalgym doldy. Siziň hemmäňiz bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden bilýärsiňiz, çünki Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmady. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady.