Beýik ruhy oraga doly gatnaşyň
«Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň». (1 KOR. 15:58)
1. Isa şägirtlerini nämä çagyrdy?
ISA b. e. 30-njy ýylynyň aýagynda Samariýanyň üstünden geçip barýarka, dynç almak üçin Sihar şäheriniň golaýyndaky guýynyň başynda oturýar. Şonda ol şägirtlerine ýüzlenip: «Gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm ormaga ýetişipdir» diýýär (Ýahýa 4:35). Isa hasyl ýygymyny däl-de, akýürekli adamlaryň ruhy ýygymyny göz öňünde tutýardy. Olar Isanyň şägirdi bolmalydy. Isa bu sözleri aýtmak bilen, şägirtlerini ruhy hasyl ýygymyna gatnaşmaga çagyrdy. Hawa, edilmeli iş köp, ýöne ony ýerine ýetirmek üçin wagt az!
2, 3. a) Biziň orak möwsüminde ýaşaýandygymyzy näme görkezýär? b) Bu makalada nämä serederis?
2 Isanyň hasyl ýygymy hakda aýdan sözleri şu günler has-da ähmiýetli. Ekin meýdany, ýagny bütin adamzat dünýäsi «ormaga ýetişipdir». Her ýyl millionlarça adamlar ýaşaýyş berýän hakykaty bilmäge çagyrylýar we olaryň müňlerçesi suwda çokundyrylýar. Hasyl eýesi Ýehowa Hudaýyň ýolbaşçylygy astynda, iň beýik hasyl ýygymyna gatnaşmak biziň üçin uly hormatdyr! Sen hasyl ýygymyna «yhlasly ýapyşýarmyň?» (1 Kor. 15:58).
3 Isa ýer ýüzünde üç ýarym ýyl gulluk edende, şägirtlerini hasyl ýygymyna gatnaşmaga taýýarlady. Şu makalada Isanyň şägirtlerine beren ençeme möhüm sapaklarynyň üçüsine serederis. Bu sapaklaryň hersi bize bar güýjümiz bilen şägirt taýýarlamakda gymmatly häsiýetleri ösdürmäge kömek eder. Geliň, bu häsiýetleriň hersine aýratynlykda seredeliň.
Pes göwünlilik wajyp
4. Isa pes göwünli bolmagyň ähmiýetini nädip görkezdi?
4 Şägirtler ýaňyja kimiň uludygy barada jedel etdiler. Olaryň biri-birine bolan ynamsyzlygyny we gaharyny ýüzlerinden görse bolýar. Şonda Isa bir çagany çagyryp, olaryň ortasynda duruzýar. Soňra olaryň ünsüni çaga çekip: «Kim özüni şu çaga ýaly pes göwünli tutýan bolsa, Gökleriň Patyşalygynda iň uly şoldur» diýýär (Matta 18:1—4-nji aýatlary okaň). Bu dünýäde adamyň wezipesine, baýlygyna we abraýyna görä baha berilýär. Ýöne şägirtler ýürekden «pes göwünli» bolsa, uly saýyljakdygyna düşünmelidiler. Diňe şonda Ýehowa olara ak pata berip, öz gullukçysy saýardy.
5, 6. Hasyl ýygymyna doly gatnaşar ýaly näme üçin pes göwünli bolmaly? Düşündiriň.
5 Häzir köp adamlar wezipe, abraý gazanmak we baýlyk toplamak üçin bütin ömrüni bagyş edýärler. Şonuň üçin olaryň Hudaý barada bilim almaga we oňa gulluk etmäge wagtlary ýok (Mat. 13:22). Emma Ýehowanyň halky Hasyl eýesinden pata alyp, ony razy etmek üçin «pes göwünli» bolup, özüni bagtly duýýarlar (Mat. 6:24; 2 Kor. 11:7; Flp. 3:8).
6 Geliň, Günorta Amerikada ýaşuly bolup gulluk edýän Fransisko bilen bolan waka seredeliň. Ol pioner bolup gulluk etmek üçin ýokary okuw jaýyny taşlaýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Biraz wagtdan men öýlendim. Men maşgalamy doly eklär ýaly, gowy gazançly iş tapyp bilerdim. Ýöne biz ýönekeý ýaşaýşy saýlap, pioner gullugyny dowam etmegi ýüregimize düwdük. Çagalarymyz dünýä inende, kynçylyklar artdy. Emma Ýehowa bize ýönekeý ýaşaýşymyzy dowam etmäge ýardam berdi». Ol: «Men otuz ýyldan gowrak ýaşuly bolup gulluk etdim we ýygnakda başga-da köp borçlary ýerine ýetirdim. Men ýönekeý ýaşaýşy saýlanyma hiç haçan ökünmeýärin» diýip, gürrüňini tamamlaýar.
7. Sen Rimliler 12:16-daky maslahaty ulanyp gördüňmi? Gürrüň beriň.
7 Eger sen bu dünýädäki adamlar ýaly «özüňi ýokary tutman», «ornuň aşak» bolsa, onda ruhy hasyl ýygymynda köp bereketlere we sylaglara garaşyp bilersiň (Rim. 12:16; Mat. 4:19, 20; Luka 18:28—30).
Janypkeşligiň sylagy
8, 9. a) «Amanat pul tymsalyny» gysgaça gürrüň beriň. b) Bu tymsal, esasan, kimi ruhlandyryp biler?
8 Hasyl ýygymyna gatnaşmak üçin janypkeş hem bolmaly. Isa muny «Amanat pul» baradaky tymsalda düşündirdia. Bu tymsala görä, bir adam uzak ýola gitmänkä, üç hyzmatkärine mal-mülküni ynanýar. Birinji hyzmatkärine bäş talant, ikinjisine iki talant, üçünjisine bolsa bir talant berýär. Hojaýyny gidende, ilkinji iki hyzmatkär janypkeşlik bilen, şol bada «söwda etmäge girişýär». Emma üçünji hyzmatkär «ýaltady». Ol berlen puly ýere gömüp goýýar. Agasy dolanyp gelende, iki hyzmatkärini sylaglap, olary «köp zatlara» belleýär. Üçünji hyzmatkärine beren talantyny bolsa yzyna alyp, ony öýünden kowup goýberýär (Mat. 25:14—30).
9 Elbetde, sen Isanyň tymsalyndaky janypkeş hyzmatkärleriň göreldesine eýerip, şägirt taýýarlamak işine doly gatnaşmak isleýänsiň. Ýöne käbir ýagdaýlara görä, sen oňa gatnaşyp bilmeýän bolsaň näme? Belki-de, ykdysady kynçylyklar sebäpli uzak gün işläp, maşgalaňy eklemeli bolýansyň. Ýa-da sende öňki ýaly güýç-kuwwat ýokdur. Eger şeýle bolsa, onda «Amanat pul tymsaly» seni ruhlandyryp biler.
10. Tymsaldaky hojaýyna näme üçin paýhasly diýse bolýar we bu saňa nähili teselli berýär?
10 Üns beren bolsaň, tymsaldaky hojaýyn hyzmatkärleriniň ukybynyň dürli-dürlüdigini bilýärdi. Muny onuň «her haýsynyň başarnygyna laýyk» talant berendiginden bilse bolýar (Mat. 25:15). Görşümiz ýaly, birinji hyzmatkär ikinjä garanyňda köp girdeji getirýär. Emma hojaýyn iki hyzmatkäriň hem janypkeşlik bilen zähmet çekendigini bilip, olaryň ikisine-de: «Berekella, ýagşy, sadyk hyzmatkär!» diýýär (Mat. 25:21, 23). Şonuň ýaly-da, hasyl Eýesi Ýehowa Hudaý hem seniň ýagdaýyňa görä gulluk edýändigiňe düşünýär. Ol seniň bütin janyň bilen edýän tagallaňy görüp, şoňa görä sylaglar (Mar. 14:3—9; Luka 21:1—4-nji aýatlary okaň).
11. Janypkeşlik bilen edilen tagallanyň bol bereket berýändigini gürrüň beriň.
11 Braziliýaly Selmira uýamyzyň başdan geçirenlerine seredeliň. Onuň bilen bolan waka Hudaýa janypkeşlik bilen gulluk etmegiň durmuşdaky ýagdaýyňa bagly däldigini görkezýär. Ýigrimi ýyl mundan ozal onuň ýanýoldaşyny bir adam atyp öldürýär. Sebäbi onuň ogurlyk edenini görýär. Uýamyz üç gyzy bilen ýeke galýar. Ol bir öýde hyzmatkär bolup işleýär we köp wagtyny sarp edýär. Uýa işe barmak üçin, birnäçe wagtyny şäheriň dyknyşyk ulagynda geçirýär. Şeýle kynçylyklara garamazdan, uýamyz wagtyny gowy planlaşdyryp, pioner bolup gulluk edýär. Soňra onuň iki gyzy-da pioner gullugyna başlaýar. Selmira şeýle gürrüň berýär: «Men ýigrimiden gowrak adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdim we olar biziň «maşgalamyza» goşuldy. Olaryň söýgüsi we dostlugy maňa goşa ganat berýär. Bu hazynany hiç hili pula satyn alyp bolmaýar». Selmiranyň janypkeşlik bilen eden tagallasyny hasyl Eýesi, gör, nähili sylaglady!
12. Wagyz işini nädip janypkeşlik bilen goldap bilersiň?
12 Eger seniň köpräk gulluk etmäge häzir ýagdaýyň bolmasa-da, hasyl ýygymyna goşant goşmak üçin has netijeli wagyz etmäge jan et. Her hepdedäki Gulluk duşuşygynda berilýän peýdaly maslahatlary ulansaň, wagyz etmek ukybyňy kämilleşdirmäge kömek eder we gullugyň täze görnüşlerine gatnaşmaga mümkinçilik berer (2 Tim. 2:15). Şeýle-de wajyp däl işleriňi soňa goýup, ýygnagyň wagyz üçin geçirilýän duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşar ýaly, eliňde baryny edip bilersiň (Kol. 4:5).
13. Janypkeş bolmaga näme kömek edýär?
13 Minnetdar ýüregiň janypkeş bolmaga höweslendirýändigini unutmaň (Zeb. 40:8). Tymsaldaky üçünji hyzmatkär hojaýynyndan gorkýar we ony juda talapkär adam hasaplaýar. Şonuň üçin ol hojaýynyň mal-mülküni artdyrmagyň deregine, berlen puly ýere gömüp goýýar. Biz şeýle nädogry garaýyşdan gaça durmaly. Şol sebäpli hasyl Eýesi Ýehowa bilen dostlugyňy berkidip, onuň söýgüsinde galmaly. Şeýle-de Onuň söýgi, sabyr we rehimdarlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri barada bilim alyp, olar barada oýlanmaga wagt tapmaly. Şonda seniň ýüregiň güýjüňi gaýgyrman wagyz etmäge höweslendirer (Luka 6:45; Flp. 1:9—11).
«Mukaddes boluň»
14. Hasyl ýygymyna gatnaşmak isleýän adamlardan näme talap edilýär?
14 Petrus resul Töwrada salgylanyp, Hudaýyň ýer ýüzündäki gullukçylarynyň nähili bolmalydygyny aýdýar: «Sizi çagyranyň mukaddes bolşy ýaly, ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň. Sebäbi: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýip ýazylgydyr» (1 Pet. 1:15, 16; Lew. 19:2; Kan. tag. 18:13). Bu sözler hasyl ýygymyna gatnaşýanlaryň ahlak we ruhy taýdan arassa bolmalydygyny görkezýär. Biz bu talaba laýyk gelmek üçin «arassalanmaly». Munuň üçin bize näme kömek eder? Hudaýyň hakykat sözi kömek eder.
15. Hudaýyň hakykat sözüniň bize nähili peýdasy bar?
15 Suw arassaçylygyň girewidir. Oňa Hudaýyň hakykat sözüni hem meňzetse bolar. Meselem, Pawlus resul mesh edilen mesihçiler ýygnagynyň Hudaýyň nazarynda Mesihiň päk gelni ýaly arassadygyny ýazdy. «Mesih imanlylar ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizläp... mukaddes hem müýnsüz» etdi (Efes. 5:25—27). Hudaýyň sözüniň arassalaýandygyny Isa-da aýdypdy. Ol şägirtlerine: «Meniň size aýdan sözüm arkaly siz indi tämizsiňiz» diýdi (Ýahýa 15:3). Diýmek, Hudaýyň hakykat sözi ahlak we ruhy taýdan arassalaýar. Eger biz Hudaýyň hakykatyna özümizi arassalamaga ýol bersek, diňe şonda Ol biziň seždämizi kabul eder.
16. Biz nädip ruhy we ahlak taýdan arassa bolup bileris?
16 Şeýlelikde, hasyl ýygymynyň işçisi bolmak üçin, ilki bilen, biz Hudaýyň ahlak we ruhy taýdan hapa hasaplaýan ähli işlerinden gaça durmaly. Hawa, hasyl ýygymynyň mynasyp işçisi bolmak üçin, Ýehowanyň beýik ahlak we ruhy kadalaryna laýyk gelmeli (1 Petrus 1:14—16-njy aýatlary okaň). Beden taýdan özümizi elmydama arassalaýşymyz ýaly, Hudaýyň hakykat sözi bilen özümizi hemişe arassalamaly. Munuň üçin Mukaddes Ýazgylary okamaly we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaly. Şeýle-de Hudaýyň ýatladýan maslahatlaryny durmuşymyzda ulanmak üçin ýürekden tagalla etmeli. Şonda biz günäli höweslere garşy durup, dünýäniň ýaramaz täsirine düşmeris (Zeb. 119:9; Ýakup 1:21—25).
17. Arassaçylyk babatda Mukaddes Ýazgylarda nähili maslahatlar berilýär?
17 Sen Hudaýyň hakykat sözi arkaly durmuşyňy arassalaýarmyň? Bu dünýäniň ýaramaz göwün açmalarynyň howpuny duýanyňda näme edýärsiň? (Zeb. 101:3). Mekdepde we işde Ýehowa iman etmeýän adamlar bilen dost bolmakdan gaça durýarmyň? (1 Kor. 15:33). Ýehowanyň hapa hasaplaýan häsiýetleriniň üstünde işlemek üçin jan edýärmiň? (Kol. 3:5). Sport ýaryşlaryna täsir eden milletparazlyk ruhundan we dünýäniň syýasy gürrüňlerinden daşda durýarmyň? (Ýakup 4:4).
18. Ahlak we ruhy arassaçylyk hasyl ýygymynyň netijeli bolmagyna nädip kömek eder?
18 Sen şu meselelerde Hudaýa wepaly bolsaň, ajaýyp bereketler alarsyň. Isa mesh edilen şägirtlerini üzüm agajynyň şahalary bilen deňeşdirip, şeýle diýýär: «Mendäki miwe bermeýän her bir şahany Ol (Atam) keser, miwe berýänini bolsa has-da köp miwe bersin diýip, timarlap, tämizlär» (Ýahýa 15:2). Mukaddes Ýazgylaryň hakykat suwy arkaly tämizlenseň, sen has köp miwe berersiň.
Häzirki we geljekki bereketler
19. Isanyň şägirtleri hasyl ýygymyna yhlasly gatnaşyp nähili bereket aldylar?
19 Isanyň taglymatlaryna doly eýeren wepaly şägirtlere b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde «ýeriň tä soňuna çenli» güwälik etmek üçin mukaddes ruh berildi (Res. iş. 1:8). Olar ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary, missioner, aýlanýan ýaşulular bolup gulluk etmäge iberildiler we «gök astyndaky bütin ýaradylyşa» wagyz etmekde esasy orun tutdular (Kol. 1:23). Olar adamlara şatlykly habary aýdyp, ajaýyp bereket aldylar!
20. a) Sen ruhy ýygyma doly gatnaşsaň nähili bereketler alarsyň? b) Sen näme etmegi ýüregiňe düwdüň?
20 Hawa, biz pes göwünli we janypkeş bolup, Hudaýyň Sözündäki ýokary kadalara eýersek, uly depgin bilen alnyp barylýan beýik hasyl ýygymyna doly gatnaşyp bileris. Baýlyga we keýpi-sapa kowalaşýan dünýäde köp adamlar ejir çekip, ruhdan düşýär, emma biz özümizi, hakykatdan-da, bagtly duýýarys (Zeb. 126:6). Galyberse-de, «zähmetimiziň Rebde boş däldigini bilýäris» (1 Kor. 15:58). Hasyl Eýesi Ýehowa Hudaý «Öz adyna görkezen söýgimiz» we hyzmatymyz üçin ebedi ýaşaýyş bilen sylaglar (Ýew. 6:10—12).
a «Amanat pul tymsaly» Isa bilen mesh edilen şägirtleriň gatnaşygy hakda bolsa-da, onda ähli mesihçileriň ulanyp biljek prinsipi bar.
Ýadyňyzdamy?
• Hasyl ýygymyna doly gatnaşmak isleýän adamlar näme üçin pes göwünli bolmaly?
• Hasyl ýygymynda janypkeş bolmaga we gowşamazlyga näme kömek eder?
• Hasyl ýygymyna gatnaşýan adamlar näme üçin ahlak we ruhy taýdan arassa bolmaly?