MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowany şöhratlandyryp ýaşa!
Ýaşaýyş Hudaýyň gymmatly sowgady. Biziň bu sowgady her gün ulanyşymyz ony näderejede gymmat saýýandygymyzy görkezýär. Biz Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde ukyplarymyzy we zehinlerimizi ýaşaýşy beren Ýehowa hormat hem-de şöhrat getirmek üçin ulanmaga jan edýäris (Zb 36:9; Ylh 4:11). Emma şu zalym dünýäde duş gelýän gaýgy-aladalarymyz aňsatlyk bilen ruhy zatlary ikinji orna geçirip biler (Mr 4:18, 19). Her birimiz özümize şeýle sorag bermeli: «Men Ýehowa iň gowy zadymy berýärinmi?» (Hş 14:3). Meniň işim Ýehowa edýän gullugyma nähili täsir edýär? Meniň nähili ruhy maksatlarym bar? Men nädip köpräk gulluk edip bilerin? Eger üýtgetmeli zatlaryň bar bolsa, onda Ýehowa kömek eder ýaly doga et we gerekli özgerişlikleri et. Ýehowany her gün şöhratlandyryp ýaşasaň kanagat taparsyň we bagtly bolarsyň! (Zb 61:8).
Sen öz zehiniňi kim üçin ulanarsyň?
«ZEHINIŇI ÝEHOWA ÜÇIN ULAN» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Öz zehiniňi Şeýtanyň dünýäsi üçin ulanmak näme üçin akylsyzlyk? (1Ýah 2:17)
Ýehowa iň gowy zadyny berýänler nähili bereketler alýar?
Sen öz islegiňe we zehiniňe görä mukaddes gullugyň haýsy görnüşine gatnaşyp bilersiň?