Erkinlik berýän Ýehowa gulluk ediň
«Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» (1 ÝAHÝA 5:3).
1. Ýehowa erkinlige nähili garaýar we Ol Adam ata bilen How enä nähili erkinlik berdi?
DIŇE Ýehowada doly erkinlik bar. Ol hemişe erkinligini dogry ulanýar. Emma gullukçylarynyň edýän her bir ujypsyz işine gözegçilik etmän, gaýtam, adamlara karara gelmek üçin erkinlik berip, olaryň ähli dogry isleglerini kanagatlandyrýar. Meselem, Hudaý Adam ata bilen How enä diňe bir zat etmegi rugsat bermedi. Ýehowa olara: «Ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmäň» diýdi (Gel. çyk. 2:17). Olar Hudaýyň islegini berjaý edip bilerdi we şu günlere çenli ajaýyp erkinlikde bolardy!
2. Näme üçin Adam ata bilen How ene günäniň guly boldy?
2 Hudaý näme üçin Adam ata bilen How enä şeýle köp erkinlik berdikä? Sebäbi Ýehowa olara ynsap berdi we olary özüne meňzedip ýaratdy. Adam ata bilen How ene dogry iş edip, Ýaradyja bolan söýgüsini görkezmelidi (Gel. çyk. 1:27; Rim. 2:15). Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Ýaradyjynyň beren erkinliginiň gadyryny bilmedi. Olar ýagşyny we ýamany özleri çözesi geldi. Şeýtmek bilen, olar has erkin bolarys öýtdüler, ýöne, aslynda, olaryň gelen karary özüni we çagalaryny günäniň guly edip, iň soňy horluga hem-de ölüme eltdi (Rim. 5:12).
3, 4. Şeýtan Hudaýyň talaplary barada biziň nähili pikir etmegimizi isleýär?
3 Eger Şeýtan iki kämil adamy we ençeme perişdeleri Hudaýyň hökümdarlygyna garşy gitdirmek üçin täsir edip bilen bolsa, onda bize-de täsir edip biler. Şeýtanyň hileleri üýtgemedi. Ol biziň hem Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmek kyn diýip pikir etmegimizi isleýär. Şeýle-de ol Hudaýa gulluk etsek durmuşdan lezzet alyp bilmeris öýtmegimizi isleýär (1 Ýahýa 5:3). Biz dünýädäki adamlar bilen köp wagtymyzy geçirsek, olar ýaly pikir edip başlamagymyz mümkin. 24 ýaşly uýa erbet joralarynyň ýaramaz täsirine düşendigini aýdýar. Ol beýleki ýaşlardan tapawutlanmaga çekinip, ahlaksyzlyk etdi. Belki, sen hem dostlaryň güýçli täsir edýändigini duýýansyň.
4 Gynansak-da, mesihçiler ýygnagynda hem käbirleriniň erbet täsir etmegi mümkin. Bir ýaş dogan ýygnakdaky dostlarynyň Ýehowa gulluk etmeýän adamlar bilen söýşendigini gürrüň berýär. Ol şol dostlary bilen köp wagtyny geçirip, gitdigiçe şolara meňzäp başlady. Ol şeýle diýýär: «Meniň Ýehowa bilen dostlugym bozuldy. Men ýygnaga barmaýardym, wagyz hem etmeýärdim. Men muňa düşünenimde, Ýehowa gulluk etmeýän adamlardan aramy açdym!» Sen hem dostlaryň nähili güýçli täsir edýändigine düşünýärsiňmi? Mukaddes Ýazgylardan bize kömek etjek bir mysala seredeliň (Rim. 15:4).
OL OLARYŇ ÝÜREGINI AWLADY
5, 6. Abşalom adamlary nädip aldady we onuň niýeti başa bardymy?
5 Mukaddes Ýazgylarda erbet täsir eden adamlaryň birnäçe mysallary bar. Olaryň biri Dawut patyşanyň ogly Abşalom. Ol örän görmegeý ýigitdi. Ol Şeýtan ýaly ýüreginde erbet höwesleriň kök urmagyna ýol berdi. Onuň patyşa bolmaga haky bolmasa-da, kakasynyň tagtyna geçmek isledia. Abşalom arzuwyna ýetjek bolup, patyşanyň adamlara kömek etmek islemeýändigini, özüniň bolsa kömek etjekdigini aýtdy. Erem bagynda edil Iblisiň edişi ýaly, Abşalom hem adamlaryň aladasyny edýärin diýip, atasyna töhmet atdy (2 Sam. 15:1—5).
6 Abşalomyň niýeti başa bardymy? Ilkibaşda biraz başa bardy diýse bolar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Abşalom ysraýyllylaryň ýüregini awlady» (2 Sam. 15:6). Abşalom köp adamlary aldasa-da, iň soňy ýeňlişe sezewar boldy. Onuň tekepbirligi özüniň we aldanan müňlerçe adamlaryň ölümine eltdi (2 Sam. 18:7, 14—17).
7. Abşalomyň mysalyndan biz nähili sapak edinip bileris? (14-nji sahypadaky surata seret).
7 Näme üçin Abşaloma ysraýyllylary aldamak kyn bolmady? Belki, Abşalom olaryň göwnünden turaýjak zady wada berendir. Ýa-da olara onuň görmegeýligi täsir edendir. Nähili bolaýanda-da, olar Ýehowa we onuň saýlan patyşasyna wepaly bolmadylar. Şu günlerem Şeýtan Abşalom ýaly adamlar arkaly Ýehowanyň gullukçylaryny aldajak bolýar. Olar Ýehowanyň talaplaryny berjaý etmek kyn ýa-da Ýehowa gulluk etmeýänler has bagtly diýmekleri mümkin. Siz şeýle zatlary eşideniňizde, munuň ýalandygyna we Hudaýa wepaly bolmalydygyna düşünýärsiňizmi? Siz Ýehowanyň «kämil kanuny», Mesihiň kanuny hakyky azatlygy berýändigine göz ýetirýärsiňizmi? (Ýakup 1:25). Siz muňa göz ýetirýän bolsaňyz, şol kanuna bolan söýgiňizi görkezýärsiňiz we erkinligiňizi dogry ulanyp, Ýehowany razy edýärsiňiz (1 Petrus 2:16-ny okaň).
8. Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý etmesek bagtly bolmajakdygymyzy haýsy mysallar görkezýär?
8 Şeýtan, esasanam, ýaşlary aldamak isleýär. 30 ýaşyndaky bir dogan ýetginjekkä, Ýehowanyň ahlak kadalary goramaýar-da, gaýtam çäklendirýär diýip pikir edendigini aýdýar. Iň soňy, ol jynsy ahlaksyzlyk etdi, ýöne özüni bagtly duýmady. Gaýtam birnäçe ýyl özüni günäkär duýup, eden işine ökündi. Ýetginjek ýaşynda ahlaksyzlyk eden uýa, soňra gaty gynanyp, özüni dereksiz duýandygyny ýazýar. Ol şeýle diýýär: «Şondan soň 19 ýyl geçse-de, öňki bolan erbet zatlar ýadyma düşýär». Başga uýa bolsa eden etmişiniň iň ýakyn adamlaryna nähili erbet täsir edendigi hakynda oýlananda, ýüreginiň gyýylýandygyny aýdýar. Şeýtan eden günäňiziň netijesi hakynda oýlanmagyňyzy islemeýär.
9. a) Ýehowanyň kanunlary we prinsipleri barada özüňe nähili soraglary bermeli? b) Näme üçin Hudaýy gowy tanamaly?
9 Şeýle mysallar Hudaýa gulak asmazlygyň örän erbet netije berýändigini görkezýär. Gynansak-da, Hudaýa gulluk edýän köp ýaşlar, hatda uly adamlar hem günä edensoň, gören görgüsinden sapak edinýärler! (Gal. 6:7, 8). Sen özüňe şeýle soraglary ber: «Şeýtanyň meni aldajak bolýandygyna düşünýärinmi? Ýehowany iň gowy Dost hasaplap, onuň hemişe hakykaty aýdýandygyna we maňa iň gowy zatlary isleýändigine düşünýärinmi? Bagtly bolmagym üçin hiç haçan Hudaýyň hiç bir gowy zady gaýgyrmaýandygyna ýürekden ynanýarynmy? (Işaýa 48:17, 18-nji aýatlary okaň)b. Sen şu soraglara «Hawa» diýip jogap berýän bolsaň, onda Ýehowany gowy tanaýarsyň. Sen Ýehowanyň kanunlarynyň we prinsipleriniň, Onuň saňa bolan söýgüsini görkezýändigine hem-de erkinligiňi çäklendirmek islemeýändigine düşünmeli (Zeb. 25:14).
AKYLDARLYK WE GULAK ASMAK BARADA DOGA EDIŇ
10. Biz näme üçin ýaş Süleýman patyşanyň göreldesine eýermeli?
10 Süleýman patyşa ýaşka Ýehowa kiçigöwünlilik bilen: «Men entek ýaş we baştutan bolup bilmeýärin» diýip, akyldar bolmagy we gulak asmagy diledi (1 Pat. 3:7—9, 12). Ýehowa onuň ýürekden eden dogasyna jogap berdi. Sen hem ýaşlygyňa ýa garrylygyňa garamazdan, şulary dileseň, Ýehowa dogaňa jogap berer. Emma sen Hudaýyň Sözüni ünsli okamasaň, mukaddes ruhy dilemeseň, ýygnak duşuşyklarynda berilýän öwüde we görkezmä eýermeseň, Ýehowa saňa akyldarlyk bermez (Ýakup 1:5). Diýmek, Ýehowa ýaş gullukçylaryny Hudaýa gulak asmaýan garry we bilimli adamlardanam akyldar edýär (Luka 10:21; Zebur 119:98—100-nji aýatlary okaň).
11—13. a) Zebur 26:4, Süleýmanyň tymsallary 13:20, 1 Korintoslylar 15:33-nji aýatlardan nähili wajyp sapak edinip bileris? b) Sen şu prinsiplere nädip eýerip bilersiň?
11 Geliň, dost saýlamak babatda wajyp sapak edinmek üçin Mukaddes Ýazgylardan birnäçe aýada seredeliň. Bu bize Ýehowany gowy tanamak üçin Mukaddes Ýazgylary okamagyň we okan zatlarymyz hakynda oýlanmagyň wajypdygyna düşünmäge kömek eder. Zebur 26:4-de: «Ýalançylar bilen oturmadym, ikiýüzlüler bilen gatnaşyk etmerin» diýilýär. Süleýmanyň tymsallary 13:20-de bolsa: «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar; akylsyzlaryň dosty bolsa zelel çeker» diýilýär. 1 Korintoslylar 15:33-de: «Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr» diýilýär.
12 Biz şu aýatlardan nähili sapak edinip bileris? Ýehowa dost-ýarlary ünsli saýlamagymyzy isleýär Ol bizi dostlarymyzyň ýaramaz täsirinden goramak isleýär. Hakykatdanam, dostlarymyz bize gowy ýa-da erbet täsir edýär. Ýokarda getirlen aýatlardan görnüşi ýaly, Ýehowa biziň ýüregimize täsir etmek isleýär. Şu aýatlarda hakykatyň ýönekeý ýazylyşyna üns beriň, olar «sen muny etme» ýa-da «sen ony etme» diýen düzgün hökmünde ýazylmandyr. Bu Ýehowanyň bize: «Bu hakykatdyr. Sen näme edersiň? Ýüregiňe nämäni düwdüň?» diýdigidir.
13 Ýokarda getirilen üç aýat şeýle düşnükli ýazylan welin, şu günler hem adamlar köp ýagdaýlarda olara eýerip bilýär. Özüňe şeýle soraglary ber: «Men «ikiýüzlüler bilen gatnaşyk» etmekden nädip gaça durup bilerin? Men olar bilen dostlaşmaz ýaly näme edip bilerin?» (Sül. tym. 3:32; 6:12). Ýehowa nähili «akyldarlar» bilen dostlaşmagymy isleýär? Men nähili «akylsyzlardan» gaça durmaly? (Zeb. 111:10; 112:1; Sül. tym. 1:7). Men ýaman dostlary saýlasam, nähili «ýagşy ahlagym» bozular? Men «ýaman ýaranlara» diňe şu dünýädäki adamlaryň arasynda duşýarynmy? (2 Pet. 2:1—3). Sen şu soraglara nähili jogap berersiň?
14. Maşgala okuwyny nädip gowulandyryp bilersiňiz?
14 Sen we maşgalaň Hudaýyň garaýşyna düşüner ýaly, diňe şu üç aýady däl, eýsem başga aýatlary hem okap bilersiňc. Ata-eneler, maşgala okuwynda şol temalara serediň. Okuw geçende maksadyňyzy unutmaň, ýagny maşgala agzalarynyň her birine Hudaýyň kanunlary we prinsipleri bize bolan söýgüsini görkezýändigine düşünmäge kömek etmeli (Zeb. 119:72). Şeýdip, maşgala okuwyny geçirseňiz, Ýehowa bilen we biri-biriňiz bilen gatnaşygyňyzy berkidersiňiz.
15. Sen akyldardygyňy we gulak asýandygyňy nädip bilmeli?
15 Sen akyldardygyňy we gulak asýandygyňy nädip bilmeli? Muny bilmek üçin pikirimizi gadymy döwürdäki Hudaýyň wepaly gullukçysy Dawut patyşanyň pikiri bilen deňeşdirmeli. Ol şeýle ýazdy: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir» (Zeb. 40:8). Şeýle-de 119-njy mezmurda: «Men Seniň kanunyňy nähili soýýärin! Bütin gün oý-pikirim şol hakda» diýilýär (Zeb. 119:97). Hudaýyň kanunyny şeýle söýmek üçin tagalla etmeli. Sen Mukaddes Ýazgylary çynlakaý öwrenseň, doga etseň we oýlansaň şeýle söýgiňi artdyryp bilersiň. Şeýle-de Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý edip, köp bereketler alanyňda, söýgiň artýandygyna göz ýetirersiň (Zeb. 34:8).
MESIHI ERKINLIK UGRUNDA GÖREŞ!
16. Azatlyk ugrunda göreşeniňde üstün çykmak üçin nämäni unutmaly däl?
16 Taryhdan bilşimiz ýaly, halklar azatlyk ugrunda ýowuz uruşlar alyp barýardy. Sen onda mesihi azatlyk üçin has-da göreşmeli. Duşmanyň diňe bir Şeýtan we dünýädäki çüýrük pikirler däldigini unutma. Şeýle-de bikämilligiňe we mekir ýüregiňe garşy göreşmeli (Ýerem. 17:9; Efes. 2:3). Ýehowanyň kömegi bilen üstün çykyp bilersiň. Her gezek dogry zady etmegi saýlanyňda, iň bolmanda, iki sany gowy netije berýändigini görersiň. Birinjiden, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyň (Sül. tym. 27:11). Ikinjiden, «kämil kanuna, azatlyk kanunyna» gulak asanyňda, özüň üçin gowudygyna her sapar düşünersiň we ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremegi ýüregiňe berk düwersiň. Gelejekde bolsa, Ýehowanyň ähli wepaly gullukçylaryna wada eden azatlygyny has köp alarsyň (Ýakup 1:25; Mat. 7:13, 14).
17. Biz ýalňyşanymyzda näme üçin göwünçökgün bolmaly däl? Ýalňyşanymyzda Ýehowa bize nädip kömek edýär?
17 Elbetde, biziň ählimiz käte ýalňyşýarys (Wag. 7:20). Sen hem ýalňyşan bolsaň özüňi dereksiz duýma we göwünçökgün bolma. Şeýle ýagdaýda ýalňyşyňy düzetmek üçin ýaşululardan kömek sora. Ýakup olaryň «iman dogasy syrkawa şypa berer; Reb ony dikelder. Eger ol günä eden bolsa bagyşlanar» diýýär (Ýakup 5:15). Hudaýyň rehimdardygyny we sende bir gowy häsiýetiňi görüp, ýygnakda galmagyňy isleýändigini unutma (Zebur 103:8, 9-njy aýatlary okaň). Ýehowa hemişe bütin ýüregiň bilen gulluk etseň, ol seni hiç haçan terk etmez (1 Tar. 28:9).
18. Ýehowa bizi gorar ýaly näme etmeli?
18 Isa ölüminiň soňky gijesi 11 wepaly resuly üçin doga edip, Atasyndan olary goramagy diledi. Isa: «Olary dünýäden almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy dileýärin» diýip, ýatdan çykmajak sözleri aýtdy (Ýahýa 17:15). Şonda Isa diňe öz resullary barada däl-de, eýsem häzirki şägirtleri barada-da alada edipdi. Şonuň üçin şu kyn günlerde Ýehowanyň bizi gorap, Isanyň dogalaryna jogap berýändigine ynamly bolup bileris. Süleýmanyň tymsallary 2:7, 8-nji aýatlarda Ýehowanyň wepaly gullukçylary üçin galkan kimindigi we «Özüne sadyklaryň ýoluny goraýandygy» aýdylýar. Elbetde, Ýehowanyň talaplaryny hemişe berjaý etmek aňsat däl. Emma diňe Ýehowa gulak asýanlar ebedi ýaşar we hakyky azatlyga gowşar (Rim. 8:21). Goý, Ýehowanyň ýolundan ýöremäge saňa hiç kim päsgel bermesin!
a Hudaý Dawuda ondan soň patyşa boljak «nesil» ýa-da ogul barada wada berende, Abşalom eýýäm dünýä inipdi. Abşalom Ýehowanyň ony Dawutdan soňky patyşa edip saýlamandygyny bilýärdi (2 Sam. 3:3; 7:12).
b Işaýa 48:17 Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin. 18 Käşgä tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadançylygyňyz derýa deý, deňiz tolkunlary deý bolardy dogrulygyňyz.
c Pawlusyň söýgi barada aýdan 1 Korintoslylar 13:4—8-nji aýatlardan we Ýehowanyň kanunlaryna gulak assak, aljak ençeme bereketler barada aýdylýan Zebur 19:7—11-nji aýatlardan gowy mysallar getiriň.
[14-nji sahypadaky suratlar]
Häzirki Abşalomlary nädip tanap bolar we olaryň täsirinden nädip gaça durup bileris?