Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/7 sah. 7—11
  • Goý, Ýehowa seni azat etsin!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Goý, Ýehowa seni azat etsin!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • BIZI AZAT EDÝÄN KANUN
  • «KÄMIL KANUNY» BIZI NÄDIP AZAT EDÝÄR?
  • HUDAÝYŇ SÖZÜNE ÝAKYNDAN SERETMEK
  • MUKADDES RUH SIZI AZAT EDÝÄR
  • MESIHÇILER ÝYGNAGYNDAKY AZATLYK
  • «HUDAÝYŇ PERZENTLERINIŇ ŞÖHRATLY AZATLYGY»
  • Azatlyk Hudaýy Ýehowa gulluk ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Hakyky azatlygyň açary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Ýehowa sežde edýänleriň erkinligi
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/7 sah. 7—11

Goý, Ýehowa seni azat etsin!

«Kämil kanuna, azatlyk kanunyna ýakyndan seret» (ÝAKUP 1:25).

SIZ NÄHILI DÜŞÜNDIRERSIŇIZ?

  • Haýsy kanun adamlary hakyky azatlyga taýýarlaýar we ol kimlere peýdaly?

  • Hakyky azat bolmak üçin näme etmeli?

  • Ýehowa gulak asýanlar nähili azatlyga gowşar?

1, 2. a) Adamlaryň azatlygyna näme boldy we näme üçin?  b) Ýehowanyň gullukçylary nähili azatlyga gowuşmaga umyt edýär?

BIZ açgözlügiň, jenaýatçylygyň we zalymlygyň möwç urýan döwründe ýaşaýarys (2 Tim. 3:1—5). Şol sebäpli hökümetler ençeme kanun çykarýar, polisiýa işgärlerini köpeldýär hem-de adamlaryň näme edýändigini bilmek üçin kameralar goýýarlar. Käbir ýurtlaryň raýatlary howpsuz ýaşamak üçin öýlerinde signalizasiýa, birnäçe gulp, hatda öýüniň daşyndan elektrik haýat aýlaýarlar. Köp adamlar gijesine daşary çykmaga gorkýarlar, çagalaryny bolsa daşarda ýeke oýnamaga goýbermeýärler. Bu gitdigiçe adamlaryň azatlygyny çäklendirýändigini we ýagdaýyň erbetleşýändigini görkezýär.

2 Şeýtan Erem bagynda adamlar Ýehowa gulak asmasalar, şonda hakykatdan azat bolar diýipdi. Onuň aýdan sözleri baryp ýatan töhmet! Adam Hudaýyň diýenini däl-de, öz diýenini näçe etdigiçe, şonça-da ejir çekýär. Bu bolsa Ýehowanyň gullukçylaryna täsir edýär. Emma biz tizden adamlaryň günäden, parahorlukdan azat bolup, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşjakdygyna» umyt edýäris (Rim. 8:21). Dogrudan-da, Ýehowa gullukçylaryny şol azatlyga häzirden taýýarlaýar. Nädip?

3. Ýehowa gullukçylaryna nähili kanun berdi? Biz haýsy soraglara serederis?

3 Ýehowa gullukçylaryny gelejekdäki azatlyga taýýarlamak üçin, Ýakubyň aýdyşy ýaly «kämil kanuny, azatlyk kanunyny» berdi (Ýakup 1:25-i okaň). Mukaddes Ýazgylaryň bir terjimesinde oňa «bizi azat edýän kanun» diýilýär (The New English Bible). Adamlar kanun diýlende, azatlygy däl-de, çäklendirilmegi göz öňüne getirýär. «Kämil kanuny, azatlyk kanuny» näme? Bu kanun bizi nädip azat edýär?

BIZI AZAT EDÝÄN KANUN

4. «Kämil kanuny, azatlyk kanuny» näme we ol kimlere peýdaly?

4 «Kämil kanuny, azatlyk kanuny» bu Musa pygambere berlen kanun däl. Ýehowa Musanyň kanunyny ysraýyllylara günälerini aýan etmek üçin beripdi we şol kanun Isada berjaý bolupdy (Mat. 5:17; Gal. 3:19). Onda Ýakup haýsy kanun barada aýtdyka? Ol «Mesihiň kanuny», «iman kanuny», «azatlyk kanuny» barada aýdypdy (Gal. 6:2; Rim. 3:27; Ýakup 2:12). «Kämil kanunyna» Ýehowanyň bizden ähli talap edýän zatlary degişli. Ol mesh edilen mesihçilere-de, «başga goýunlara-da» peýda getirýär (Ýahýa 10:16).

5. Azatlyk kanunyny berjaý etmek näme üçin kyn däl?

5 «Kämil kanuny» köp ýurtlaryň kanunyndan tapawutlanýar. Onuň ýönekeý we esasy prinsiplerine düşünmek hem-de berjaý etmek kyn däl (1 Ýahýa 5:3). Isa: «Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir» diýdi (Mat. 11:29, 30). Şeýle-de «kämil kanuna» birgiden düzgünler girmeýär. Ol söýgä esaslanyp, daşa däl-de, adamlaryň aňyna we ýüregine ýazylandyr (Ýewreýler 8:6, 10-njy aýatlary okaň).

«KÄMIL KANUNY» BIZI NÄDIP AZAT EDÝÄR?

6, 7. Ýehowanyň talaplary barada näme diýse bolar we näme üçin azatlyk kanuny bizi erkin edýär?

6 Ýehowanyň adamlara goýan çägi olary goraýar we peýda getirýär. Meselem, ýeriň dartyş kanuny barada oýlanyp gör. Adamlar bu kanun bizi çäklendirýär diýip, nägile bolmaýar. Olar bu kanunyň peýdaly bolandygy üçin minnetdar. Şonuň ýaly-da, Mesihiň «kämil kanunynda» Ýehowanyň talap edýän zatlarynyň bize peýdalydygyny bilýäris.

7 «Azatlyk kanuny» bizi goraýar, özümize-de zyýan ýetirmän, başga adamlaryň hem hukugyny we erkinligini äsgermezlik etmän, dogry islegimizi kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Biziň islegimiz dogry bolanda, ony arkaýyn ýerine ýetirip bileris. Diýmek, biz Ýehowanyň gowy görýän we bizden talap edýän zatlaryny islemeli. Biz «azatlyk kanuny» arkaly Ýehowanyň gowy görýän zatlaryny gowy görmegi we ýigrenýän zatlaryny ýigrenmegi öwrenýäris (Amos 5:15).

8, 9. «Azatlyk kanunyna» gulak asmagyň näme peýdasy bar? Mysal getiriň.

8 Biz bikämil bolanymyz üçin, erbet islegimize erk etmek kyn bolýar. Emma azatlyk kanunyna doly gulak assak, häzirden azat bolarys. Mysal üçin, Jeý atly gyzyklanýan adam çilim çekýärdi. Ol Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanda, bu endigi Hudaýyň halamaýandygyny bilip, bir karara gelmelidi. Jeý çilim çekmegini dowam edermi ýa-da Ýehowa gulak asar? Oňa çilimi taşlamak kyn bolsa-da, Ýehowa gulluk etmek üçin paýhasly karara geldi. Çilimi taşlansoň, ol özüni nähili duýdy? Ol begenip: «Men indi hakykatdanam azat» diýdi.

9 Zalym dünýäniň erkinligi adamlara islän zadyny etmäge ýol berýär. Emma Jeýiň mysalyndan bilşimiz ýaly, aslynda, adamlar erkin däl-de, günäniň guly bolýar. Hudaýyň azatlyk kanunyny berjaý edýänler Onuň ruhuna eýerip, azat bolýarlar we «ýaşaýyşdyr, parahatlyga» gowuşýarlar (Rim. 8:5, 6). Jeý çilimini nädip taşladyka? Ol bu endigi öz güýji bilen däl-de, Hudaýyň kömegi bilen goýdy. Jeý Mukaddes Ýazgylary yzygider öwrendi, mukaddes ruhy diledi we oňa ýygnakdaky dogan-uýalar kömek etdi. Bu zatlar bize-de hakyky azatlyga gowuşmaga kömek eder. Nädip?

HUDAÝYŇ SÖZÜNE ÝAKYNDAN SERETMEK

10. Hudaýyň kanunyna «ýakyndan seretmeklik» nämäni aňladýar?

10 Ýakup 1:25-de şeýle diýilýär: «Kim kämil kanuna, azatlyk kanunyna ýakyndan seretse, huşsuz diňleýji bolman, işe amal ediji bolup, onda dursa, ol öz edenlerinde bagtly bolar». «Ýakyndan seretmek» diýen jümle tagalla etmegi aňladýar. Biz azatlyk kanunynyň aňymyza, ýüregimize täsir etmegini islesek, Mukaddes Ýazgylary ünsli we yzygiderli okamak hem-de okan zatlarymyzyň üstünde çuňňur oýlanmak üçin tagalla etmeli (1 Tim. 4:15).

11, 12. a) Isa hakykaty durmuşymyzda esasy orunda goýmalydygy barada näme diýdi? b) Uýanyň mysalyndan görnüşi ýaly, ýaşlar nämeden gaça durmaly?

11 Hudaýyň Sözüne eýermek üçin biz hem erjel, hem çydamly bolmaly. Hudaýyň hakykaty durmuşymyzda esasy orun tutmaly. Isa özüne iman eden adamlara şeýle diýdi: «Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan hem Meniň şägirtlerim bolarsyňyz; Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» (Ýahýa 8:31, 32). Bir sözlükde aýdylyşyna görä, «bilmek» diýen sözüň manysy durmuşymyzda nämäniň wajypdygyna düşünmegi aňladýar. Biz hakykaty durmuşymyzda esasy orunda goýsak, ony doly bilýäris diýip bolar. Şonda «Hudaýyň sözi» bize täsir eder. Bu bize gökdäki Atamyza has gowy eýermek üçin, häsiýetimizi üýtgetmäge kömek eder (1 Sel. 2:13).

12 Özüňize şeýle soraglar beriň: «Men, dogrudanam, hakykaty bilýärinmi? Men ony durmuşymda esasy orunda goýýarynmy? Ýa-da zalym dünýäniň käbir erkinligini henizem isleýärinmi? Mesihçi maşgalada ulalan bir uýa özi barada gürrüň berýär. Ol ýaşka Ýehowa ynanýardy, emma aslynda ony tanamaýardy. Uýa şeýle ýazýar: «Men hiç haçan Ýehowanyň ýigrenýän zadyny ýigrenmegi öwrenmedim. Edýän işlerimiň Hudaýa täsir edýändigine ynanmaýardym. Men hiç zat bilmän, öz düşünjäme daýanýardym, indi bolsa muňuň akylsyzlykdygyna düşündim». Bagtymyza, uýa gaty nädogry pikirde bolandygyna düşündi we wajyp özgerişler etdi. Hatda ol pioner bolup gulluk edip başlady.

MUKADDES RUH SIZI AZAT EDÝÄR

13. Hudaýyň mukaddes ruhy bizi nädip azat edýär?

13 2 Korintoslylar 3:17-de: «Rebbiň Ruhy nirede bolsa, azatlyk hem şol ýerdedir» diýilýär. Mukaddes ruh bizi nädip azat edýär? Ol bize «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklyk» ýaly häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär (Gal. 5:22, 23). Adamlar şol häsiýetleri, esasanam, söýgini ösdürmese, hakykatdanam azat bolup bilmeýär. Muny dünýäniň ýagdaýyndan görse bolýar. Pawlus resul ruhuň miwesini agzap geçensoň, «bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur» diýdi. Bu nämäni aňladýar? Hiç hili kanun Hudaýyň ruhunyň miwesini çäklendirmeýär we olary ösdürmäge päsgel hem berip bilmeýär (Gal. 5:18). Ýehowa bu häsiýetleri has gowy we ebedi ösdürmegimizi isleýär.

14. Dünýäniň ruhy adamlary nädip gul edýär?

14 Dünýäniň ruhuna eýerip, ten höweslerini kanagatlandyrýan adamlar özlerini azatdyryn öýdýärler (2 Petrus 2:18, 19-njy aýatlary okaň). Emma olar guldygyny bilmeýärler. Hökümetler olaryň höweslerine we edýän işlerine gözegçilik etmek üçin ençeme kanun çykarýar. Pawlus resul kanun «dogry adam üçin däl-de, kanunsyzlar we agyzzyryksyzlar» üçin diýdi (1 Tim. 1:9, 10). Onsoňam, olar günäli, zalym höwesleriniň guly, çünki «ten höweslerine» eýerýärler (Efes. 2:1—3). Mör-möjekleriň iýmek üçin bally gaba girip, çykyp bilmeýşi ýaly, erbet höweslerine eýerýän adamlar hem günäniň guly bolýar (Ýakup 1:14, 15).

MESIHÇILER ÝYGNAGYNDAKY AZATLYK

15, 16. Biz mesihçi bolanymyzdan bäri nähili bereketler alýarys? Ýygnakda biz nähili azatlygy duýýarys?

15 Mesihçiler ýygnagy bu gürrüňdeş bolup, wagtyňy geçirmek üçin barylýan klub däl. Siz ýygnaga Ýehowanyň sizi özüne çekendigi üçin barýarsyňyz (Ýahýa 6:44). Ol näme üçin sizi saýlady? Ol siziň Hudaýdan gorkýan dogry adamdygyňyzy gördümikä? Belki, siz: «Bu beýle däl!» diýýänsiňiz. Onda Hudaý sizi özüne näme üçin çekdikä? Ol siziň kanunyna gulak asmak we görkezmesine eýermek isleýändigiňizi gördi. Mesihçi bolanyňyzdan bäri Ýehowa size Sözi arkaly öwredip, siziň aladaňyzy edýär. Ol sizi ýalandan we ýalan diniň yrymlaryndan azat edip, Isanyň göreldesine eýermegi öwredýär (Efesliler 4:22—24-nji aýatlary okaň). Indi biziň üçin hakykatdan azat bolan adamlaryň arasynda bolmak uly hormatdyr (Ýakup 2:12).

16 Ine, şu zat barada oýlanyň: Siz Ýehowany ýürekden söýýän adamlar bilen bile bolanyňyzda gorkýarsyňyzmy? Patyşalyk zalynda dogan-uýalar bilen gürleşeniňizde, kimdir-biri zadymy ogurlar diýip biynjalyk bolýarsyňyzmy? Elbetde, ýok! Siz özüňizi howpsuz we arkaýyn duýýarsyňyz. Siz özüňizi başga adamlar bilen hem şeýle duýýarsyňyzmy? Duýýan dälsiňiz! Emma häzir gelejekde aljak azatlygy Ýehowanyň halkynyň arasynda birazajyk dadýansyňyz.

«HUDAÝYŇ PERZENTLERINIŇ ŞÖHRATLY AZATLYGY»

17. «Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagy» nädip adamlara azat bolmaga kömek eder?

17 Pawlus resul Ýehowanyň ýer ýüzünde adamlara berjek azatlygy barada ýazdy. Ol şeýle diýdi: «Ýaradylyş Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagyna küýseg bilen garaşýar... ýaradylyşyň özi hem çüýreme gullugyndan azat edilip, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar» (Rim. 8:19—21). «Ýaradylyş» mesh edilen «Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagyndan» bereket aljak ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlary aňladýar. «Hudaýyň ogullary» direlip göge galanda, ýagny aýan bolup başlanda, Isa Mesihe ýer ýüzündäki erbet adamlary ýok etmäge we «uly märekä» täze dünýä geçmäge kömek eder (Ylh. 7:9, 14).

18. Hudaýa gulak asýan adamlar kem-kemden we iň soňy nähili azatlyga gowşar?

18 Adamlar örän täsin azatlyga gowşup, Şeýtanyň we jynlaryň täsirinden azat bolar (Ylh. 20:1—3). Gör, nähili ýeňillik bolar! 144 müň patyşalar we ruhanylar adamlar günäden we bikämillikden doly azat bolýança, töleg gurbanyny olaryň bähbidi üçin ulanar (Ylh. 5:9, 10). Hudaýa gulak asýan adamlaryň imany synalansoň, Ýehowa olara başdaky berjek kämil azatlygy berer, ýagny olar «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar». Muny göz öňüne getiriň! Size Hudaýyň öňünde dogry işleri etmek kyn bolmaz. Bedeniňiz, ýüregiňiz we pikiriňiz kämil bolar hem-de Hudaýyň häsiýetlerine doly eýerip bilersiňiz.

19. «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşmak» üçin näme etmeli?

19 Siz «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşmak» isleýärsiňizmi? Eger isleýän bolsaňyz, goý, siziň pikiriňize we ýüregiňize «kämil kanuny, azatlyk kanuny» täsir etsin. Mukaddes Ýazgylary ünsli we yzygiderli okaň. Hakykat durmuşyňyzda esasy orun tutsun. Mukaddes ruhy diläň. Ýygnaklardan we Ýehowanyň berýän ruhy iýmitinden doly peýdalanyň. Şeýtanyň How enäni aldaýşy ýaly, Hudaýyň talaplaryny berjaý etmek örän kyn diýip, oňa özüňizi aldatmaň. Iblis örän mekir bolsa-da, bizden üstün çykmaz, çünki biz «onuň ýaman niýetlerinden habarsyz däldiris». Bu barada indiki makaladan bileris (2 Kor. 2:11).

[9-njy sahypadaky suratlar]

Men zalym dünýäniň käbir erkinligini henizem isleýärinmi?

[9-njy sahypadaky suratlar]

Men hakykaty durmuşymda esasy orunda goýýarynmy?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş