Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/7 sah. 12—15
  • «Gorkma, men saňa kömek ederin»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Gorkma, men saňa kömek ederin»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýhon patyşa zalym hökümdaryň öňünde
  • Aýralyk we Hudaýa wepalylyk
  • Şübhe döretmek başartmady
  • Gorkuzyp bilmediler
  • Hilelere garşy duruň
  • Ýehowa bizi ýeke goýmaz
  • Ýehowanyň perişdesi Hizkiýany goraýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Hizkiýanyň imany sylaglandy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Şu günler ýedi çopan we sekiz serdar kimleri aňladýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • «Öz düşünjäňe daýanma»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/7 sah. 12—15

«Gorkma, men saňa kömek ederin»

ISA şägirtlerine: «Iblis sizi synamak üçin, käbiriňizi tussaga saldyrar» diýdi. Emma ol bu duýduryşdan öň şeýle diýdi: «Görjek görgüleriňden gorkma!» Görşümiz ýaly, Şeýtan Patyşalyk baradaky wagyz işini togtatmak üçin, mesihçileri türmä basdyrýar. Şol sebäpli käbir döwletlerde olar yzarlamalara duçar bolýar (Ylham 2:10; 12:17). Biz Şeýtanyň hilelerine nädip hötde gelip bileris? Isanyň «görjek görgüleriňden gorkma!» diýen maslahaty bize nädip kömek eder?

Biziň ählimiz hem gorky duýgusyny başdan geçirendiris. Emma Hudaýyň Sözüniň wada berşi ýaly, Ýehowanyň kömegi bilen gorkyny ýeňip bileris. Nädip? Ýehowa bize Şeýtanyň we onuň ýaranlarynyň ulanýan hilelerini bilip, olara garşy durmaga kömek edýär (2 Kor. 2:11). Geliň, gadymy döwürde we şu günler «Iblisiň hilelerine garşy duran» wepaly imandaşlarymyzyň başdan geçirenlerine seredeliň (Efes. 6:11—13).

Hudaýhon patyşa zalym hökümdaryň öňünde

B. e. öň VIII asyrda Aşuryň zalym patyşasy Sanherip birnäçe ýurdy basyp alýar. Ýeňişlerden ýaňa kellesi göçen bu patyşa, indi Ýehowanyň halky ysraýyllylara we olaryň paýtagty Iýerusalime göz dikýär. Şol wagtlar Iýerusalimde hudaýhon patyşa Hizkiýa hökümdarlyk edýärdi (2 Pat. 18:1—3, 13). Şeýtan hem pursatdan peýdalanyp, Sanherip arkaly öz niýetini amala aşyrjak bolýar. Şeýdip, ol ýer ýüzünden hakyky seždäni doly ýok etmekçidi (Gel. çyk. 3:15).

Sanherip Iýerusalimiň ilatyny boýun egdirmek üçin wekillerini ýollaýar. Patyşanyň baş wekili Rabşak hem olaryň arasyndadya (2 Pat. 18:17). Ol ýehudylary ruhdan düşürip, Ýahudany söweşsiz basyp almakçydy. Rabşak olaryň ýüregine gorky salmak üçin nähili hileleri ulandy?

Aýralyk we Hudaýa wepalylyk

Rabşak Hizkiýanyň wekillerine şeýle diýýär: «Beýik patyşa, Aşuryň patyşasy şeýle diýýär: «Sen nämä bil baglaýarsyň? Sen Müsüre — döwlen gamşa bil baglaýarmysyň? Ol gamyş özüne söýenen adamyň aýasyny sanjar, ony deşer» (2 Pat. 18:19, 21). Rabşak ýalan sözleýär, sebäbi Hizkiýa Müsür bilen hiç hili äht baglaşmandy. Aslynda, Rabşak ýehudylara şeýle diýmekçi boldy: «Siziň dadyňyza hiç kim ýetişmez. Siz öz başyňyzy özüňiz çaramaly. Çünki siz ýeke galdyňyz».

Biziň günlerimizde-de, hakyky seždäniň duşmanlary mesihçileriň ýüregine gorky salmak üçin aýralygy ulanypdyrlar. Ýehowa gulluk edýändigi üçin bir uýany türmä basýarlar we ol ençeme ýyllap imandaşlaryndan aýra düşýär. Bu synaga döz gelmäge näme kömek edendigini ol şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa edýän dogalarym Oňa ýakynlaşmaga kömek etdi... Men Işaýa 66:2-däki Hudaýyň «göwnüçökgüne we ruhy synyga serederin» diýen sözlerini ýatlaýardym. Bu sözler maňa elmydama güýç berýärdi we ondan teselli tapýardym». Ençeme ýyl bir adamlyk kamerada oturan dogan hem şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa bilen dostlugyň berk bolsa, dört diwaryň älem kimin giňelýändigine göz ýetirdim». Görşümiz ýaly, Ýehowa bilen ýakyn dostluk olara aýralyga hötde gelmäge güýç-kuwwat beripdir (Zeb. 9:9, 10). Duşmanlary olary maşgalasyndan, dost-ýarlaryndan we imandaşlaryndan aýra salsa-da, Ýehowadan olary hiç kim aýra salyp bilmändir (Rim. 8:35—39).

Şol sebäpli, geliň, her bir pursatdan peýdalanyp, Ýehowa bilen dostlugymyzy berkideliň! (Ýakup 4:8). Biz özümize hemişe şeýle soraglary berip durmaly: «Men Ýehowa berk ynanýarynmy? Gündelik durmuşymda dürli meseleleri çözmeli bolanymda, Hudaýyň maslahatyna eýerýärinmi?» (Luka 16:10). Eger biz güýjümizi gaýgyrman Hudaý bilen ýakyn dostlugymyzy saklasak, hiç zatdan gorkman bileris. Ýeremiýa pygamber ruhdan düşen ýehudylaryň adyndan şeýle diýýär: «Eý Ýehowa, seniň adyňy iň çuň çukurdan çagyrdym... Seni çagyran günüm maňa ýakynlaşdyň-da: «Gorkma» diýdiň» (Ýerem. ag. 3:55—57).

Şübhe döretmek başartmady

Rabşak ýehudylarda şübhe döretmek üçin jan edýärdi. Ol şeýle diýdi: «Eýsem, Ýehowanyň belent ýerlerini we gurbanlyk sypalaryny ýykan Hizkiýa dälmi?.. Ýehowanyň özi maňa: “Şol ýurda çoz-da, ýer bilen ýegsan et“ diýdi» (2 Pat. 18:22, 25). Rabşagyň aýtmagyna görä, Ýehowa halkyndan närazy, şonuň üçin olaryň tarapyny tutmaz. Ýöne ol ýalan sözleýärdi. Ýehowa Hizkiýadan we hakyky seždä dolanan ýehudylardan örän razydy (2 Pat. 18:3—7).

Şu günler hem mekir duşmanlar ýarym ýalan, ýarym çyn maglumaty aýdyp, bizde şübhe döretmäge çalyşýarlar. Meselem, käte tussaglykdaky dogan-uýalara şeýle diýýärdiler: «Siziň jogapkär doganyňyz imandan dändi, indi siz hem imandan dänip, diniňizi taşlap bilersiňiz». Hatda şeýle zatlar hem paýhasly mesihçilerde şübhe döredip bilmändir.

Ikinji Jahan urşy döwründe bir uýa bilen şeýle waka bolýar. Ol türmedekä, sülçi oňa jogapkär doganyň imandan dänendigi barada ýazan hatyny görkezip: «Oňa ynanýarmyň?» diýip soraýar. Uýa: «Ol bikämil adam ahyryn — diýýär, soňra ol doganyň Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşanda, Hudaý ony öz gullukçysy hasaplandygyny aýdýar — onuň ýazan haty Hudaýyň Sözüne garşy gelýän bolsa, indi ol meniň doganym däl» diýip jogap berýär. Ol wepaly uýa mezmurdaky: «Şazadalara, adam ogluna bil baglamaň, çünki onda gutaryş ýokdur» diýen sözlere eýerip, paýhasly hereket edýär (Zeb. 146:3).

Eger Hudaýyň Sözünden dogry bilim alyp, onuň maslahatlary boýunça ýaşasak, onda imanyňy gowşadýan ýalan sözleriň täsirine düşmeris (Efes. 4:13, 14; Ýew. 6:19). Synaglarda sagdyn düşünjeli bolmak üçin Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly we şahsy okuw geçirmeli. Şeýle-de bu biziň durmuşymyzda birinji orunda durmaly (Ýew. 4:12). Hawa, häzir bilimiňi artdyrmagyň we imanyňy berkitmegiň wagtydyr. Bir adamlyk kamerada ençeme ýyllap oturan dogan şeýle diýýär: «Bize berilýän ähli ruhy iýmitiň gadyryny bileliň, çünki biz onuň haýsy gün gymmatly boljakdygyny bilmeýäris. Dogrudan-da, biz häzir Hudaýyň Sözüni we sadyk hyzmatkäriň berýän edebiýatyny çuňňur öwrensek, kynçylyklara duşan mahalymyz mukaddes ruh bize öwrenen «ähli zatlarymyzy ýadymyza salar» (Ýahýa 14:26).

Gorkuzyp bilmediler

Rabşak ýehudylary gorkuzjak bolup, şeýle diýýär: «Gel onda, hojaýynym Aşuryň patyşasy bilen jedel et. Men saňa iki müň at bereýin. Göreli, olara münüp biljek ýigit tapyp bilermiň?...Sen hojaýynymyň iň kiçi hyzmatkärleriniň birine nädip garşy çykyp biljek?» (2 Pat. 18:23, 24). Hawa, adamlaryň garaýşyna görä, Hizkiýa we onuň adamlary kuwwatly Aşur goşunyna garşy söweşip bilmez.

Şu günler hem duşmanlar, esasan-da, olary hökümet goldasa, örän güýçli bolup görünmegi mümkin. Ikinji Jahan urşunda gitlerçiler hem juda güýçlüdi. Olar Hudaýyň köp gullukçylaryny gorkuzjak boldular. Şol döwürde birnäçe ýyl türmede oturan dogan bir wakany gürrüň berýär. Serkerde ondan: «Sen iniňiň atylanyny gördüňmi? Hawa, mundan näme sapak edindiň?» diýip soraýar. Dogan şeýle jogap berdi: «Men Ýehowanyň Güwäçisi, Hudaýymdan dänmerin». Serkerde: «Indi seni atarys» diýip, ony gorkuzýar. Muňa garamazdan, dogan berk durýar we duşman gorkuzmagyny bes edýär. Dogana şeýle synagda berk durmaga näme kömek etdi? Ol: «Men Ýehowanyň adyna bil bagladym» diýip jogap berýär (Sül. tym. 18:10).

Eger Ýehowa ýürekden iman etsek, uly galkany göterdigimiz bolar. Bu iman galkany bizi Şeýtanyň ähli oklaryndan gorar we ruhy taýdan bize zyýan ýetirip bilmez (Efes. 6:16). Şol sebäpli imanymyzy berkitmek üçin Ýehowa doga etsek gowy bolar (Luka 17:5). Şeýle-de imanymyzy berkitmek üçin sadyk hyzmatkäriň berýän ähli zatlaryndan peýdalanmaly. Bizi gorkuzanlarynda, Ýehowanyň özdiýenli ýehudylara wagyz eden Ezekiýel pygambere beren wadasyny ýada salsak, bizi berkider. Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Olaryň ýüzi ýaly seniň ýüzüňi-de gataltdym we maňlaýlary ýaly seniň maňlaýyňy-da gataltdym. Seniň maňlaýyňy almaz kimin çakmak daşyndan-da gaty etdim» (Ezek. 3:8, 9). Ýehowa bize-de Ezekiýel ýaly, almaz daşy kimin berk durmaga kömek eder.

Hilelere garşy duruň

Duşmanlaryň hiç bir hilesi başa barmasa, olar käte gowy zatlary wada berip, Hudaýdan dändirjek bolýarlar. Rabşak hem bu hiläni ulanýar. Ol Iýerusalimiň ilatyna: «Aşuryň patyşasy şeýle diýýär: «Boýun egip, meniň tarapyma geçiň. Men gelip, sizi öz ýurduňyza meňzeş bir ýurda äkiderin. Ol ýurt bugdaýa hem täze şeraba, çörege hem üzüme, injir agajyna hem bala baý ýurtdur. Şeýlelikde, siz diri galarsyňyz, ölmersiňiz» diýýär (2 Pat. 18:31, 32). Täze şerap we çörek baradaky wadalar galada gabawlykda oturan adamlaryň gulagyna ýakan bolsa gerek?!

Şeýle hiläni tussagda oturan bir missioneriň imanyny gowşatmak üçin ulanypdyrlar. Oňa owadan bagly kaşaň jaýda alty aýlap ýaşamaga rugsat berdiler. Şeýdip, ony Hudaýdan däner öýtdüler. Ýöne dogan Ýehowa wepaly galyp, mesihi prinsiplerden el çekmedi. Oňa näme kömek etdi? Ol şeýle düşündirýär: «Men adamzadyň ähli kynçylyklaryny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigi barada oýlanýardym. Meni Hudaýyň Patyşalygy hakdaky bilim berkidýärdi, oňa ynamym artyp, hiç hili şübhelenmeýärdim, şol sebäpli meni imandan dändirip bilmediler».

Hudaýyň Patyşalygyna bolan şeýle ynam bizde-de barmy? Ybraýym pygamber, Pawlus resul, Isa Mesih hem agyr synaglara hötde gelip bildiler, çünki olar Hudaýyň Patyşalygyna berk ynanýardylar (Flp. 3:13, 14; Ýew. 11:8—10; 12:2). Eger biz durmuşymyzda Patyşalygy birinji orunda goýup, onuň berjek ebedi bereketlerini unutmasak, synaglarda wagtlaýyn berilýän ýeňillikleri kabul etmeris (2 Kor. 4:16—18).

Ýehowa bizi ýeke goýmaz

Rabşak ýehudylary gorkuzmak üçin elinden gelenini etdi. Emma Hizkiýa patyşa we onuň adamlary Ýehowa doly bil bagladylar (2 Pat. 19:15, 19; Iş. 37:5—7). Ýehowa olaryň dogasyna jogap berip, perişdesini iberýär. Perişde aşurlylaryň 185 müň esgerini bir gijede ýok edýär. Ertesi Sanherip galanja goşuny bilen masgara bolup, paýtagty Ninewä gaçyp gidýär (2 Pat. 19:35, 36).

Görşümiz ýaly, Ýehowa ýürekden bil baglaýan wepaly gullukçylaryny ýeke goýmaýar. Şu günler hem synaglarda berk duran dogan-uýalar bilen bolan wakalar Ýehowanyň kömek edýändigini görkezýär. Şol sebäpli gökdäki Atamyzyň: «Men, Hudaýyň Ýehowa, seniň sag eliňden tutup, şeýle diýýärin: «Gorkma, men saňa kömek ederin» diýen sözlerine doly ynanyp bileris (Iş. 41:13).

a «Rabşak» Aşurda ýokary wezipäni eýeleýän adama berilýän at. Mukaddes Ýazgylarda onuň hakyky ady agzalmaýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş