34-NJI SAPAK
Abatlamak hem-de ruhlandyrmak
BIZE wagyz etmäge tabşyrylan habar — hoş habar. Isa: «Öňürti Hoş Habar bütin milletlere wagyz edilmelidir» diýdi (Mar. 13:10). Ol «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny» wagyz etmekde bize görelde galdyrdy (Luka 4:43). Resullar hem «Hudaýyň Hoş Habaryny» we «Mesihiň Hoş Habaryny» wagyz etdiler (1 Sel. 2:2; 2 Kor. 2:12). Hawa, bu habar abatlaýar hem-de ruhlandyrýar.
«Gögüň ortasynda uçup ýören bir... perişdäniň» «ebedi Hoş Habary» yglan etmegine görä, biz adamlary: «Hudaýdan gorkuň! Ony şöhratlandyryň» diýip çagyrýarys (Ylh. 14:6, 7). Biz ähli adamlara hak Hudaý, onuň ady, ajaýyp häsiýetleri, işleri, niýeti, bizden näme talap edýändigi we onuň öňünde jogapkärdigimiz barada wagyz edýäris. Şeýle-de Ýehowa Hudaýyň zalym adamlary, ýagny oňa hormat goýmaýan we başgalara uly howp salýan adamlary ýok etjekdigi hakynda gürrüň berýäris. Emma wagyz edýän adamlarymyza biziň höküm çykarmaga hakymyz ýok. Biz, mümkin boldugyndan, köp adamlaryň Mukaddes Ýazgylardaky habary kabul etmegini ak ýürekden isleýäris, şol sebäpli bu habary hoş habar ýaly aýtmaly (Sül. tym. 2:20—22; Ýahýa 5:22).
Erbet maglumatlary çäklendiriň. Elbetde, durmuşda kyn ýagdaýlar bolýar we biz olara biperwaý seretmeýäris. Siz gürrüňdeşlige başlamak üçin meýdançaňyzdaky adamlary biynjalyk edýän kynçylygy agzap, ol barada biraz gürrüň ediň. Emma kynçylyklar barada köp gürrüň etmek gerek däl. Adamlar erbet habarlary elmydama eşidýärler. Biz şeýle zatlar barada gürrüň etsek, olar gapysyny ýapyp, bizi diňlemek hem islemezler. Şonuň üçin gürrüňe başlanyňyzda adamyň ünsüni Hudaýyň Sözündäki ruhlandyryjy hakykata çekjek boluň (Ylh. 22:17). Eger adam gürrüňdeşligi dowam etmek islemese, siz oňa oýlanar ýaly bir ruhlandyryjy pikiri aýdyň. Belki-de, ol indiki gezek wagyz edilende diňlär.
Siz nutuk bilen çykyş etmeli bolanyňyzda, erbet maglumatlar köp bolsa-da, olary diňleýjilere ýagdyrmaň. Eger nutukçy ynsan hökümetiniň şowsuzlygy we jenaýat işleriniň, zorlugyň, ahlaksyzlygyň giňden ýaýraýandygy barada köp gürrüň etse, diňleýjileri ruhdan düşürip biler. Şol sebäpli erbet maglumatlary diňe peýdaly bolan wagty ulanyň. Meselem, olar barada biraz gürrüň etmeklik nutugyň temasynyň ýerliklidigini görkezmäge kömek eder. Şeýle-de erbet maglumatlar kynçylyklaryň näme sebäpden dörändigini we olaryň hötdesinden gelmek üçin Mukaddes Ýazgylaryň berýän çözgüdiniň peýdalydygyny düşündirmäge kömek eder. Şol sebäpli kynçylyklar barada açyk aýtsaňyz-da, olara köp wagt sarp etmäň.
Köplenç, nutuk bilen çykyş edilende, erbet maglumatlaryň ählisini aýryp bolmaýar, hatda bu nädogry-da bolardy. Ýöne nutuk täsirli bolar ýaly, gowy hem-de erbet maglumatlary sazlaşykly ulanmak aňsat bolmaýar. Munuň üçin haýsy maglumaty aýyrmaly, haýsysyny aýtmaly we ony nirede nygtap geçmelidigini anyklamaly. Meselem, Isa Dagdaky wagzynda öz bähbidine çapýan kanunçylardan we fariseýlerden görelde almazlygy maslahat berende, ony birnäçe aýdyň mysallar arkaly düşündirdi (Mat. 6:1, 2, 5, 16). Emma Isa dini ýolbaşçylaryň erbet göreldesi barada köp agzamady, gaýtam, ol Hudaýyň adalatly kada-kanunlaryna düşünmekligiň we şoňa görä ýaşamagyň wajypdygyny nygtady (Mat. 6:3, 4, 6—15, 17—34). Bu örän gowy netije berdi.
Mylakatly gepläň. Eger siz nutugyňyzda wagyz gullugynyň käbir taraplaryna üns bermeli bolsaňyz, onda tankytlaýjy däl-de, ruhlandyryjy äheňde geplemäge çalşyň. Eger siz dogan-uýalary nämedir bir zada höweslendirmek isleseňiz, bu babatda özüňiz-de gowy görelde görkezmeli (Rim. 2:21, 22; Ýew. 13:7). Sözleriňizde nägilelik däl-de, söýgi görünsin (2 Kor. 2:4). Siz dogan-uýalaryň Ýehowanyň göwnünden turmak isleýändigine ynamly bolsaňyz, bu siziň sözleriňizden görner, şonda çykyşyňyz has-da peýdaly bolar. 1 Selanikliler 4:1—12; 2 Selanikliler 3:4, 5; Filimun 4, 8—14, 21-nji aýatlarda Pawlus resulyň imandaşlaryna bolan ynamyny nädip görkezendigine üns beriň.
Kämahal ýygnak ýaşululary dogan-uýalary akylsyz hereketden goramak üçin öňünden duýdurmaly bolýarlar. Şeýle ýagdaýda pesgöwünlilik ýaşululara ýumşaklyk ruhy bilen ündemäge kömek eder (Gal. 6:1). Olaryň sözlerinden ýygnak agzalaryna hormat goýulýandygy görünmeli (1 Pet. 5:2, 3). Mukaddes Ýazgylarda bu maslahaty, esasan-da, ýaş doganlaryň unutmaly däldigi aýdylýar (1 Tim. 4:12; 5:1, 2; 1 Pet. 5:5). Haçanda käýemeli, ýola getirmeli ýa-da terbiýelemeli bolanda, olar Mukaddes Ýazgylara esaslanmaly (2 Tim. 3:16, 17). Emma nutukçy öz pikirini goldamak üçin getirýän aýadyny hiç haçan ulaltmaly ýa-da ýoýmaly däl. Hatda düzetmek üçin maslahat bermeli bolanda-da, esasanam, nädogry işlerden nädip gaça durmalydygyny, meseläni nädip çözmelidigini, dörän kynçylyga nädip hötde gelmelidigini, ýalňyşyňy nädip düzetmelidigini we Ýehowanyň talaplarynyň bizi nädip goraýandygyny düşündirsek, çykyşymyz ýumşak äheňde bolar (Zeb. 119:1, 9—16).
Nutuga taýýarlyk göreniňizde, onuň her bir esasy bölümini we tutuş nutugy nädip jemlejekdigiňize aýratyn üns beriň. Köplenç, soňunda aýdylan sözler gowy ýatda galýar. Siziň jemleýji sözleriňiz diňleýjileri ruhlandyrarmy?
Dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolanymyzda. Ýehowanyň gullukçylary ýygnak duşuşyklarynda dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmagy gymmat saýýarlar. Bu duşuşyklar bize ruhy taýdan güýç berýär. Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, biz Hudaýa sežde etmek üçin ýygnanyşanymyzda «biri-birimizi ruhlandyrmaly» (Ýew. 10:25). Biz muny diňe çykyş edip ýa-da berýän jogaplarymyz bilen däl-de, eýsem, duşuşykdan öň we soň gürrüňdeş bolanymyzda-da edip bilýäris.
Gündelik durmuşda bolýan zatlar hakda gürrüňdeş bolmak ýerliklidir, ýöne ruhy zatlar, meselem, mukaddes gullugymyzda bolýan gyzykly wakalar barada pikir alyşmaklyk has-da ruhlandyrýar. Şeýle-de biri-birimiz barada alada etmek hem abatlaýar.
Bizi gurşap alýan dünýäniň täsirine düşmez ýaly ünsli bolmaly. Pawlus Efesdäki mesihçilere ýazan hatynda şeýle diýdi: «Ýalany egniňizden çykaryp, her biriňiz öz goňşyňyza hakykaty aýdyň» (Efes. 4:25). Ýalan sözleriň ýerine hakykaty aýtmaklyk dünýäniň öwüp arşa çykarýan zatlaryny hem-de adamlaryny şöhratlandyrmazlygy aňladýar. Isa «baýlygyň aldawçylygyndan» ägä bolmalydygy barada aýdypdy (Mat. 13:22). Diýmek, biz dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolanymyzda, maddy zatlary öwüp arşa çykarmakdan ägä bolmaly (1 Tim. 6:9, 10).
Pawlus resul abatlamak barada maslahat berende «imany gowşak», ýagny mesihi azatlygyna doly düşünmeýändigi üçin käbir zatlary etmeýän dogana höküm çykarmazlygy ýa-da ony kemsitmezligi ündedi. Hawa, gürrüňdeşligimiz abatlaýjy bolar ýaly, biz dogan-uýalarymyzyň alan terbiýesini we ruhy taýdan ösüşini göz öňünde tutmaly. «Bir doganyň (ýa-da uýanyň) öňüne büdreme, taýma daşyny goýmak» nähili gelşiksiz bolardy! (Rim. 14:1—4, 13, 19).
Agyr kynçylyklary başdan geçirýän, meselem, ötüşen keselli dogan-uýalar abatlaýjy gürrüňlere has-da minnetdar bolarlar. Olar ýygnak duşuşyklaryna barmak üçin köp tagalla edýändir. Megerem, olaryň ýagdaýyny bilýän dogan-uýalar: «Ýagdaýlaryň gowumy?» diýip soraýandyr. Elbetde, olar aladasynyň edilýändigi üçin minnetdar bolarlar. Ýöne saglyk ýagdaýy barada köp gürrüň edilse, ähtimal, söhbetdeşlik ruhlandyryjy bolmaz. Minnetdarlyk bildirmek we öwgüli sözler aýtmak has-da göwnüňi göterýär. Siz onuň Ýehowany söýýändigini we kynçylyklarda çydamlydygyny görýärmisiňiz? Onuň ýygnakda berýän jogaplary sizi ruhlandyrýarmy? Onuň ýarawsyz ýagdaýyna däl-de, güýçli taraplaryna we ýygnaga goşýan goşandyna üns bersek gowy bolmazmy? (1 Sel. 5:11).
Gürrüňdeşligimiz abatlaýjy bolar ýaly, gürrüň edilýän zatlara Ýehowanyň nähili garaýandygyny göz öňünde tutmak wajypdyr. Gadymy döwürde Ýehowanyň wekillerine garşy çykan we mannadan nägile bolan ysraýyllylar Hudaýyň gazabyna sezewar boldular (San. 12:1—16; 21:5, 6). Eger biz ýaşululara hormat goýsak we sadyk hem akylly hyzmatkäriň taýýarlaýan ruhy iýmitine minnetdar bolsak, ysraýyllylar bilen bolan wakalardan özümize sapak edinendigimizi görkezeris (1 Tim. 5:17).
Dogan-uýalar bilen ýygnanyşanymyzda peýdaly zatlar barada gürrüň etmek kyn bolmaýar. Emma kimdir biriniň sözleri aşa tankytlaýjy bolsa, onda gürrüňdeşligi abatlaýjy zatlara ugrukdyrjak boluň.
Geliň, adamlara wagyz etsek-de, sahnada çykyş etsek-de ýa-da dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolsak-da, paýhasly bolup, «eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözleri» ýürekden aýtmaga jan edeliň (Efes. 4:29).