Siz Hudaýyň berýän kömegini görýärsiňizmi?
«Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar». IŞ. 66:14
1, 2. Käbir adamlar Hudaý barada näme pikir edýärler?
KÖP adamlaryň pikir etmegine görä, Hudaý olaryň işleri bilen gyzyklanmaýar. Olar Hudaý biziň aladamyzy etmeýär diýýärler. Meselem, 2013-nji ýylyň noýabr aýynda Filippinde güýçli harasat turup, köp ýerleri ýumurdy. Şonda şäher häkimi: «Hudaý şol wagt başga ýerde bolan bolmaly» diýdi.
2 Käbir adamlar bolsa Hudaýyň biziň edýän işlerimizi asla görmeýändigini aýdýarlar (Iş. 26:10, 11; 3 Ýahýa 11). Pawlus resul şeýle adamlar barada: «Olar öz paýhaslarynda Hudaýy tanamak islemeýär... Olar bütin nädogrulyk, erbetlik, betnebislik, ýamanlyk bilen doly boldular» diýýär (Rim. 1:28—30).
3. a) Biz özümize nähili soraglar bermeli? b) Hudaýyň «eli» diýmek nämäni aňladýar?
3 Biz barada näme diýse bolar? Biz Ýehowanyň edýän işlerimizi görýändigine ynanýarys. Şol sebäpli özümize şeýle soraglary berip bileris: «Biz Hudaýyň berýän kömegini görýärismi? Aladamyzy edýändigine ynanýarysmy?» Isa käbir adamlaryň «Hudaýy görjekdigini» aýtdy (Mat. 5:8). Biz hem ony görýärismi? Biz nädip «Hudaýy görüp» bileris? Geliň, Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň berýän kömegini gören we görmek islemedik adamlar hakynda gürrüň edeliň. Indiki makalada bolsa Hudaýyň kömegini görmäge imanyň nädip ýardam edýändigini bileris. Biz bular barada gürrüň edenimizde, Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň «eli» diýlende, onuň güýjüni aňladýandygyny unutmaly däl. Sebäbi Ýehowa gullukçylaryna güýji arkaly kömek edýär we duşmanlaryndan goraýar (Resullaryň işleri 13:17-ni okaň).
OLAR HUDAÝYŇ KÖMEGINI GÖRMEK ISLEMEDILER
4. Duşmanlar Hudaýyň ysraýyllylara berýän kömegini näme üçin görmek islemediler?
4 Gadymy döwürde ýaşan adamlaryň Hudaýyň ysraýyllylary halas edişini görmäge we eşitmäge mümkinçiligi bardy. Mysal üçin, Ýehowa öz halkyny gudrat bilen Müsürden azat etdi. Soňra olara birnäçe patyşalary ýeňmäge we Wada edilen diýary eýelemäge kömek etdi (Ýeş. 9:3, 9, 10). Muňa garamazdan, Iordanyň günbatar tarapyndaky patyşalaryň «hemmesi bilelikde bir güýje birleşip, Ýeşuwanyň we Ysraýylyň garşysyna söweşe çykdylar» (Ýeş. 9:1, 2). Hatda söweşde duşmanlar Hudaýyň ysraýyllylara kömek edişini görmek islemediler. Ýehowanyň emri bilen ysraýyl «halky duşmanyndan ar alyp bolýança, Gün saklandy we Aý durdy» (Ýeş. 10:13). Ýehowa duşmanlaryň «ysraýyllylara garşy söweşmekleri üçin... ýüreklerini gatatdy» (Ýeş. 11:20). Olar Hudaýyň söweşýändigine ynanmandyklary üçin ýeňiş gazanyp bilmediler.
5. Zalym Ahap patyşa näme etmek islemedi?
5 Zalym patyşa Ahap Ýehowanyň elini görüp bilýärdi. Sebäbi Ylýas pygamber oňa: «Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda... ne çyg bolar, ne-de ýagyn» diýipdi (1 Pat. 17:1). Bu pygamberlik diňe Ýehowanyň güýji bilen ýerine ýetmelidi, emma Ahap oňa ynanmak islemedi. Hatda Ahap Ylýasyň dogasyna Ýehowanyň jogap berip, gökden ot indirendigini gördi. Şeýle-de Ylýas Ahaba Ýehowanyň gurakçylygy aýyrjakdygyny aýdyp: «Git, ýogsam ýagyş seni ýoldan saklar» diýdi (1 Pat. 18:22—45). Patyşa bolup geçen zatlaryň ählisini görse-de, bu zatlaryň Ýehowanyň güýji bilen bolýandygyny asla boýun almak islemedi. Biz bu wakalardan näme öwrenip bilýäris? Bizem Ýehowanyň berýän kömegini görmäge jan etmeli.
OLAR HUDAÝYŇ KÖMEGINI GÖRDÜLER
6, 7. Käbir adamlar Ýeşuwanyň günlerinde nämä göz ýetirdiler?
6 Gibgonlylar beýleki halklardan düýpgöter tapawutlanýardylar. Sebäbi olar Hudaýyň berýän kömegini görýärdiler. Meselem, Ýeşuwanyň günlerinde gibgonlylar ysraýyl halky bilen söweşmegiň deregine, parahatlygy saklamak islediler. Näme üçin? Gibgonlylar: «Biz siziň Hudaýyňyz Rebbiň şöhratyny eşidip geldik. Biz Onuň ähli işlerinden habarly» diýdiler (Ýeş. 9:3, 9, 10). Olar hak Hudaýyň ysraýyllylar üçin söweşýändigine göz ýetirdiler.
7 Rahap hem Ýehowanyň berýän kömegini görýärdi. Ol ysraýylly däldi, ýöne Ýehowanyň Müsürden halkyny azat edişini eşidip, ysraýylly iki içala: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin» diýdi. Rahap özüni we maşgalasyny Ýehowanyň gorajakdygyna ynanýardy. Şol sebäpli ol janyny howp astyna salsa-da, Ýehowa iman edýändigini görkezdi (Ýeş. 2:9—13; 4:23, 24).
8. Ysraýyllylaryň käbiri nädip Hudaýyň güýjüni gördüler?
8 Ysraýyllylaryň käbiri Ýehowanyň Ylýasyň dogasyna jogap berip, gökden ot indirendigini gördüler. Emma olar zalym Ahap patyşadan tapawutlykda, munuň Hudaýyň güýji bilen bolandygyny boýun aldylar. Olar getirilen gurbanlygy oduň ýakyp kül edendigini görenlerinde: «Ýehowa hak Hudaýdyr!» diýip, ony şöhratlandyrdylar (1 Pat. 18:39, TD). Şeýdip, olar Hudaýyň güýjüni gördüler.
9. Biz Ýehowany we onuň güýjüni nädip görüp bileris?
9 Bu wakalar bize Hudaýy we onuň güýjüni görmegiň nämäni aňladýandygyna düşünmäge kömek edýär. Biz Ýehowanyň häsiýetlerini öwrenip, edýän işlerine akyl ýetirsek, Ony we güýjüni «ýüregimiziň gözleri» bilen görüp bileris (Efes. 1:18, 19). Elbetde, bizem Ýehowanyň öz halkyna kömek edişini gören geçmişdäki we şu günki wepaly gullukçylarynyň göreldesine eýermek isleýäris. Emma Hudaýyň şu günlerem öz halkyna kömek edýändigini näme subut edýär?
HUDAÝ ŞU GÜNLEREM KÖMEK EDÝÄR
10. Ýehowanyň öz halkyna kömek edýändigi nämeden görünýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
10 Şu günlerem Ýehowanyň öz halkyna kömek edýändigini görse bolýar. Biz adamlaryň Hudaýdan ruhy taýdan kömek sorap eden dogasyna jogap alandygyny eşidýäris (Zeb. 53:2). Meselem, Allan dogan Filippindäki kiçijik adada bir aýala wagyz edende, ol aglap başlaýar. Allan şeýle gürrüň berýär: «Ol aýal Ýehowanyň Şaýatlaryna duşmak isleýändigi barada şol gün irden doga edýär. Ol ýetginjek ýaşynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýär. Emma ol durmuşa çykyp, başga ada göçüp gaýdýar. Şondan soň ol hiç kim bilen habarlaşyp bilmeýär. Ol dogasyna Hudaýyň şeýle çalt jogap berendigini görüp, aglap başlaýar. Şeýlelikde, ol şol ýyl Ýehowa özüni bagyş edýär».
Siz Ýehowanyň elini görmek üçin tagalla edýärsiňizmi? (11—13-nji abzaslara serediň)
11, 12. a) Ýehowa gullukçylaryna nädip kömek edýär? b) Ýehowanyň uýa kömek edişini gürrüň beriň.
11 Dogan-uýalaryň köpüsi çilim we neşe çekmek, pornografiýa görmek ýaly erbet endikleri Hudaýyň kömegi bilen taşlap bildiler. Emma käbirleri erbet endiklerini taşlamak üçin näçe jan etseler-de, netijesiz bolandygyny aýdýarlar. Muňa garamazdan, olar Ýehowadan «iň üstün gudraty» diläp, erbet häsiýetlerini goýdular (2 Kor. 4:7; Zeb. 37:23, 24).
12 Şeýle-de Ýehowa gullukçylaryna kynçylyklary bilen göreşmäge kömek edýär. Meselem, Emi Ýuwaş okeanyň kiçijik adasynda Patyşalyk zalyny we missionerler üçin jaý gurmaga çagyrylýar. Emi: «Biz kiçijik myhmanhanada ýaşaýarys. Biz işe barmak üçin ýagyşdan ýaňa suw basan köçelerden her gün ýöremeli bolýardyk» diýýär. Şeýle-de ol köplenç toguň ýa-da suwuň bolmaýandygyna we ýerli däplere öwrenişmelidi. Emi sözüni şeýle dowam edýär: «Bir güni işde men gaharymdan ýaňa uýa gygyrdym. Soňra men ökünip, özümi dereksiz saýdym. Men garaňky otagyma girdim-de, Ýehowadan kömek sorap doga etdim». Çyra ýananda Emi «Garawul diňi» žurnalyndan Gilead mekdebiniň gutardyşy baradaky makaladan başga medeniýete öwrenişmek, öýüňi küýsemek we adamlar bilen düşünişmek ýaly kynçylyklar barada okaýar. Emi: «Şol gün agşam meniň dogama Ýehowa jogap beren ýaly boldy. Bu maňa ýumşy höwes bilen ýerine ýetirmäge kömek etdi» diýýär (Zeb. 44:25, 26; Iş. 41:10, 13).
13. Ýehowanyň wagyz işinde kömek edýändigi nämeden görünýär?
13 Hakykatdan-da, mesihçiler hoş habary Ýehowanyň güýji bilen «gorap tassyklaýarlar» (Flp. 1:7). Meselem, käbir ýurtlarda häkimiýetler wagyz işini doly ýatyrmak isleýärler. Ýöne Ýehowanyň Şaýatlary bütin dünýä boýunça ýokary kazyýetde azyndan 268 sany ýeňiş gazandylar. Olardan 24 sanysy bolsa 2000-nji ýyldan bäri adam hukugyny goraýan Ýewropadaky kazyýetde gazanyldy. Bu bolsa hiç kimiň Hudaýyň «elini» saklap bilmeýändigini subut edýär (Iş. 54:17; Işaýa 59:1-i okaň)a.
14. Hudaýyň öz halky bilendigini näme subut edýär?
14 Hoş habaryň bütin dünýäde wagyz edilmegi Hudaýyň güýji bilen amala aşyrylýandygyny subut edýär (Mat. 24:14; Res. iş. 1:8). Dürli milletden bolan dogan-uýalar Ýehowanyň kömegi bilen agzybir gulluk edýärler. Şeýle agzybirligi bu dünýäden tapmak örän kyn! Hatda Ýehowa gulluk etmeýän adamlar hem: «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda» diýýärler (1 Kor. 14:25). Hawa, Hudaýyň halkyna kömek edýändigini ençeme zatlar subut edýär (Işaýa 66:14-i okaň)b. Emma siz barada näme diýse bolýar? Siz durmuşyňyzda Ýehowanyň berýän kömegini görýärsiňizmi?
SIZ DURMUŞYŇYZDA ÝEHOWANYŇ KÖMEGINI GÖRÝÄRSIŇIZMI?
15. Biz käte Ýehowanyň kömegini näme üçin görmeýäris?
15 Biz durmuşymyzda käte Hudaýyň kömegini görüp bilmeýäris. Näme üçin? Sebäbi biz kynçylyklardan ýaňa ruhdan düşüp, Ýehowanyň eden kömegini unudýarys. Ylýas pygamber hem şeýle ýagdaýy başdan geçiripdi. Izebel ony öldürmekçi bolanda, ol gorkudan ýaňa Ýehowanyň beren kömegini az salymlyk ýatdan çykardy. Mukaddes Ýazgylarda Ylýas pygamberiň «öz ölümini diländigi» barada hem aýdylýar (1 Pat. 19:1—4). Onuň dadyna kim ýetişer? Kim ony ruhlandyrar? Elbetde, Ýehowa Hudaý! (1 Pat. 19:14—18).
16. Biz kynçylyklarda Hudaýy nädip görüp bileris?
16 Eýýup pygamber kynçylyklara çendenaşa üns berip, Hudaýyň olara nähili garaýandygy barada oýlanmandy (Eýýup 42:3—6). Synaglarda bize-de Hudaýy görmek kyn bolýar. Biz Hudaýyň kömegini görmek üçin näme edip bileris? Bu babatda biz Mukaddes Ýazgylarda berilýän maslahatlar hakynda oýlanmaly. Şonda bizem Ýehowanyň goldawyna we berýän kömegine has-da ynamly bolup, Eýýup ýaly: «Sen hakda gulagym bilen eşidipdim, indi Seni öz gözlerim bilen gördüm» diýip bileris.
Siz adamlara Ýehowanyň kömegini görmäge ýardam edýärsiňizmi? (17, 18-nji abzaslara serediň)
17, 18. a) Ýehowanyň kömegini görmek üçin näme etmeli? b) Ýehowanyň kömek edýändigi baradaky wakany gürrüň beriň.
17 Ýehowanyň berýän kömegi nämeden görünýär? Geliň, durmuşda bolýan bäş ýagdaý barada oýlanyp göreliň: 1) Hudaý size hakykaty tapmaga kömek edendir; 2) siz ýygnak duşuşygynda bir pikiri eşideniňizde: «Bu-la maňa degişli eken!» diýensiňiz; 3) dogaňyza Hudaýyň jogap berendigine göz ýetirensiňiz; 4) Ýehowa size köpräk gulluk etmek üçin goýan maksadyňyza ýetmäge ýardam berendir; 5) ruhy zatlara päsgel berýän işiňizden çykanyňyzda, Hudaýyň «seni hergiz taşlamaryn» diýen wadasynyň hakykatdygyna göz ýetirensiňiz (Ýew. 13:5). Hawa, biz Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitsek, onuň berýän kömegini görüp bileris.
18 Keniýada ýaşaýan Sara atly uýa şeýle gürrüň berýär: «Men bir aýal bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärdim. Meniň göwnüme ol okuwa biparh garaýan ýalydy. Şol sebäpli men Ýehowa doga edip, okuwy geçmelimi ýa-da geçmeli däldigi barada görkezme soradym. Men «Omyn» diýdimem welin, ol aýaldan jaň geldi. Ol meniň bilen ýygnak duşuşygyna gitmek isleýändigini aýtdy. Men öz gulagyma ynanmadym!» Eger biz ünsli bolsak, Ýehowanyň berýän kömegini görüp bileris. Aziýaly Ronna uýa şeýle diýýär: «Ýehowanyň kömek edýändigini görmek üçin biraz tagalla etmeli ekeni. Siz Hudaýyň kömek edýändigini birje sapar görseňiz, onuň ýürekden aladamyzy edýändigine düşünersiňiz».
19. Hudaýy görmek üçin ýene-de näme etmeli?
19 Isa Mesih: «Ýüregi päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler» diýdi (Mat. 5:8). Biz nädip «ýüregimizi päk» saklap bileris? Biz arassa oý-pikirde bolup, erbet endiklerden gaça durmaly (2 Korintoslylar 4:2-ni okaň). Biz şu makalada Hudaýy görmek üçin onuň bilen dostlugymyzy berkitmelidigini bildik. Indiki makalada bolsa Ýehowanyň kömegini has aýdyň görmäge imanyň nädip ýardam berýändigini bileris.