Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/10 sah. 25—29
  • Ynsabyňyza görä hereket ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ynsabyňyza görä hereket ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ynsaby çirklenen adamlar
  • «Tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir»
  • Dürli ynsap — dürli karar
  • Ynsabyňy nädip päk saklap bilersiň?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Siz ynsabyňyzy terbiýeleýärsiňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Ynsabyňyza gulak asyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/10 sah. 25—29

Ynsabyňyza görä hereket ediň

«Tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir. Ýöne ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir» (TITUS 1:15).

1. Pawlus Giritdäki ýygnagyň işine nädip gatnaşdy?

PAWLUS resul üç sapar missioner syýahatynda bolandan soň tussag edildi. Ol Rimde iki ýyl türmede oturdy. Pawlus tussaglykdan boşandan soňra näme etdi? Ol Titus bilen Girit adasyna barýar. Pawlus Titusa: «Yza galan işleri düzeltmegiň, saňa buýruşym ýaly, her şäherde ýaşulular bellemegiň üçin... men seni Giritde goýup gaýtdym» diýýär (Titus 1:5). Titus bu ýumşy ýerine ýetirende, her hili ynsaply adamlara duş gelýär.

2. Titus Girit adasynda nähili kynçylyga duş gelýär?

2 Pawlus Titusa ýazan hatynda ýygnakdaky ýaşulular üçin talaplary sanap geçdi we ol ýerde «pitneçi, ýaňra we aldawçy köp adamlaryň bardygyny» aýtdy. Olar «öwredilmesiz zatlary öwredip, öýleri bütinleý ýykýardy». Titus «olara... käýemelidi» (Titus 1:10—14; 1 Timoteos 4:7). Pawlus aň düşünjeleri, ynsaplary «çirksiz» diýmek bilen, arassa eşigiň reňk bilen hapalanyşy ýaly olaryň hapalanandygyny görkezýär (Titus 1:15). Şol adamlaryň käbiri ýehudy bolany üçin «sünnetlenmegi» goldaýardylar. Şu günki ýygnaklarda şeýle garaýyşly adamalaryň täsiri bolmasa-da, biz Pawlusyň Titusa ynsap barada beren maslahatyndan köp zatlary öwreneris.

Ynsaby çirklenen adamlar

3. Pawlus Titusa ynsap barada näme ýazdy?

3 Pawlusyň ynsap barada aýdanlaryna üns bereliň. «Tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir. Ýöne ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir, olaryň aň-düşünjeleri, ynsaplary-da çirklenendir. Olar Hudaýy tanaýandyklaryny sözläp, edýän işleri bilen Ony inkär edýär». Şol günler olaryň käbiri «imanda sagdyn bolmaklary üçin» özgerişler etmelidiler (Titus 1:13, 14, 15, 16). Olaryň ynsaby nädogry terbiýelenendigi sebäpli, tämizligi hapalykdan tapawutlandyryp bilmeýärdiler.

4, 5. Mesihçileriň käbirinde nähili kemçilik bardy we bu olara nähili täsir edýär?

4 Mundan on ýyldan gowrak öň, Ýolbaşçylyk maslahaty mesihçilere sünnetlenmegiň hökman däldigi hakynda karara geldi we bu barada ýygnaklara duýduryldy (Resullaryň işleri 15:1, 2, 19—29). Emma Giritdäki käbir mesihçiler «sünnetlenmegi» goldaýardylar. Olar «öwredilmesiz zatlary öwredip», Ýolbaşçylyk maslahatyna garşy çykýardylar (Titus 1:10, 11). Olar nädogry garaýyşda bolup, iýmit we tämizlik baradaky däpleri, şeýle-de Isanyň günlerindäki ýehudylar ýaly kanundaky zatlaryň üstüne öz düzgünlerini goşup, ýehudy ertekilerini hem-de adamlaryň buýruklaryny goldan bolmaly (Markus 7:2, 3, 5, 15; 1 Timoteos 4:3).

5 Şeýle pikir olaryň garýşyna hem ynsabyna erbet täsir edýär. Pawlus resul: «Ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir» diýdi. Olaryň ynsaby şeýle gowşaýar welin, nähili hereket etmelidigine dogry görkezme berip bilmeýär. Emma şahsy meselede mesihçileriň gelýän karary beýlekileriňkiden tapawutlansa, olary höküm edýärler. Käbir giritliler tämiz zady hapa hasaplaýarlar (Rimliler 14:17; Koloseliler 2:16). Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işleri bilen ony inkär edýärler (Titus 1:16).

«Tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir»

6. Pawlus resul iki hili adamlar barada näme ýazdy?

6 Biz Pawlus resulyň Titusa ýazan hatyndan nähili peýda alyp bileris? «Tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir. Ýöne ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir, olaryň aň-düşünjeleri, ynsaplary-da çirklenendir» diýilen sözleriň tapawutlygyna üns bereliň (Titus 1:15). Pawlus resul ahlak taýdan arassa mesihçiler üçin ähli zat tämiz we ähli zady etmäge rugsat berilýär diýmedi. Pawlus resul beýleki hatynda ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýlik we şunuň ýaly zatlar bilen meşgulanýanlaryň «Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny» anyk aýdypdy (Galatýalylar 5:19—21). Diýmek, Pawlus resul iki hili adamlar, ýagny ahlak we ruhy taýdan arassa hem-de arassa däl adamlar barada aýdýar.

7. Ýewreýler 13:4-de nähili görkezme bar we nähili soragyň döremegi mümkin?

7 Hudaýa ak ýürekden ýaranmak isleýän mesihçiler, diňe Mukaddes Ýazgylarda anyk gadagan edilýän zatlardan gaça durmaly däl. Meselem, «hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder» diýen anyk tabşyryga seredeliň (Ýewreýler 13:4). Bu aýady okap, hatda mesihçi bolmadyk we Mukaddes Ýazgylary gowy bilmeýän adamlar-da zyna etmeli däldigine dogry düşünerler. Mukaddes Ýazgylardaky şu we beýleki aýatlarda kanuny ýanýoldaşyň bolmadyk adam bilen jynsy gatnaşykda bolmaklyk ýazgarylýar. Durmuş gurmadyk adamlaryň arasyndaky oral (agyz arkaly) jyns gatnaşyk barada näme diýse bolar? Köp ýetginjekler muny jynsy gatnaşyk hasaplamaýarlar we zyýansyz görýärler. Mesihçiler oral jynsy gatnaşygyny arassa hasaplap bilerlermi?

8. Mesihçileriň garaýşy oral jynsy gatnaşyk babatda köp adamlaryňkydan nädip tapawutlanýar?

8 Hudaýyň zynany hem ahlaksyzlygy (grekçe porniany) ýazgarýandygy, Ýewreýler 13:4-de we 1 Korintoslylar 6:9-da anyk görkezilýär. Ahlaksyzlyk näme? Pornia diýen grek sözüne ahlaksyzlyk etmek üçin jyns organyny adaty we azgyn ýol bilen ulanmaklyk degişli. Muňa kanuny nikadan başga ähli jynsy gatnaşyklar girýär. Dünýädäki köp ýetginjekler oral jynsy gatnaşygyny ýerlikli hasaplaýarlar, muňa garamazdan, ol hem pornia degişlidir. Mesihçiler pikirine we herekedine «ýaňra we aldawçy... adamlaryň» täsir etmegini islemeýärler (Titus 1:10). Olar Mukaddes Ýazgylardaky ýokary ahlak kadalar boýunça ýaşaýarlar. Mesihçiler oral jynsy gatnaşygyny goldamaýarlar. Sebäbi olar Hudaýyň Sözünde onuň pornia hasaplanýandygyna düşünýärler we ynsabyny Mukaddes Ýazgylara görä terbiýeleýärlera (Resullaryň işleri 21:25; 1 Korintoslylar 6:18; Efesliler 5:3).

Dürli ynsap — dürli karar

9. Eger «bar zat tämiz» bolsa, onda ynsabyň näme ähmiýeti bar?

9 Pawlus «tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir» diýeninde nämäni göz öňünde tutdy? Ol pikirini we ynsabyny Hudaýyň Sözündäki kadalara laýyk getiren mesihçileri göz öňünde tutdy. Şol mesihçiler köp zatlary Hudaýyň göni ýazgarmaýandygyny bilip, käbir meselede imandaşlaryň dürli pikirde bolup biljekdigine düşünýärler. Olar Hudaýyň ýazgarmaýan zatlaryny «arassa» hasaplap tankytlamaýarlar. Mukaddes Ýazgylarda göni görkezme berilmese, durmuşyň ähli meselelerinde hemmeleriň olaryňky ýaly pikirde bolmagyna garaşmaýarlar. Geliň, bu barada käbir mysallara seredeliň.

10. Durmuş toý (ýa-da ölen adamy jaýlamak) meselesinde nähili kynçylyklar döräp biler?

10 Köp maşgalada är-aýalyň diňe biri mesihçi bolýar (1  Petrus 3:1; 4:3). Şeýle ýagdaýda durmuş toý we ölen adamy jaýlamak meselesinde kynçylyklaryň döremegi mümkin. Aýdaly, uýanyň ýanýoldaşy mesihçi däl. Äriniň garyndaşy nikasyny buthanada gyýmak isleýär. (Ýa-da ata-enesiniň biri ýogalýar we onuň jynazasyny buthanada okatmakçy bolýarlar). Uýamyzyň äri onuň bilen bile buthana gitmegini isleýär. Buthana barmaga uýamyzyň ynsaby çatarmy? Ol näme ederkä? Şunuň ýaly bolup biljek iki ýagdaýa sredeliň.

11. Uýa buthanada geçiriljek toý däbine barmak barada nähili pikirde bolup we nähili netijä gelip biler?

11 Uýamyz Mariýa Mukaddes Ýazgylarda Uly Babyldan, ýagny ýalan dini imperiýasyndan çykmak barada duýdurylýandygyny bilýärdi (Ylham 18:2, 4). Ol öň nika gyýyljak buthana barýardy we toý däbi geçiriljek wagty hemmeleriň dini däplere, ýagny doga, aýdyma we dini düşünjeli el hereketini etmelidigini bilýärdi. Mariýa dini däplere gatnaşmazlygy berk ýüregine düwüp, buthana barmak we ynsabyna garşy gitmek islemedi. Ol Mukaddes Ýazgylara görä, ärini maşgalabaşy hökmünde hormatlap, onuň haýyşyna ýerine ýetirmek isleýär, emma Hudaýyň prinsipini-de bozasy gelmeýär (Resullaryň işleri 5:29). Mariýa buthana baryp bilmejekdigini ärine sypaýçylyk bilen düşündirýär. Şeýle-de Mariýa buthana baryp, dini däplere gatnaşman ärini oňaýsyz ýagdaýa salmagyň deregine, ol ýere barmasa, äri üçin gowy boljakdygyny aýdyp biler. Mariýa şeýle karara gelip, arassa ynsaply boldy.

12. Kimdir biri buthanada geçiriljek toý däbine barmak barada ýene-denähili karara gelip biler?

12 Natalýa bilen hem şeýle ýagdaý bolýar. Ol ärini hormatlaýar we Hudaýa wepaly bolmak hem-de Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelen ynsabyna görä hereket etmek isleýär. Ol Mariýanyň oýlanan zatlary barada pikirlenip, 2002-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalyndaky «Okyjylaryň soragy» diýen makalany doga edip okaýar. Ol üç sany ýewreý ýigidiniň but goýlan ýere barandygy, emma oňa sežde etmän wepaly galandyklary barada ýatlaýar (Daniýel 3:15—18). Ol ynsabyna görä, äri bilen buthana barmagy, ýöne dini däplere gatnaşmazlyk kararyna gelýär. Natalýa ynsabynyň näme etmäge çatjakdygyny we çatmajakdygyny sypaýylyk bilen ärine açyk düşündirýär. Ol hakyky we ýalan diniň tapawudyny äriniň bilmegini umyt edýär (Resullaryň işleri 24:16).

13. Iki uýanyň dürli karara gelmegi, näme üçin bizi ynjalyksyzlandyrmaly däl?

13 Iki mesihçi birmeňzeş ýagdaýda dürli karara gelende, biriniň ynsabynyň beýlekisinkiden gowşakdygyny görkezýärmi? Ýok. Mariýa öň buthana barýandygy üçin, ol ýerdäki sazlary we däpleri gowy bilýärdi. Şonuň üçin Mariýa buthana barsa, oňa howply boljakdygyny bilýär. Şeýle-de öň äri bilen dini meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy, onuň ynsabyna täsir eden bolmaly. Şol sebäpli ol özi üçin iň gowy netijä gelendigine ynanýar.

14. Mesihçi şahsy meseleleriň çözülişi babatda nämäni unutmaly däl?

14 Natalýanyň gelen kararyna dogry diýse bolarmy? Oňa hiç kimiň höküm çykarmaga haky ýok. Biz onuň buthana baryp, ýöne dini däplere gatnaşmazlyk barada gelen kararyny ýazgarmaly däl. Pawlusyň käbir şahsy meseleler, ýagny iýmit barada beren maslahatyny ýada salalyň. Ol şeýle diýdi: «Kim iýýän bolsa, iýmeýäni äsgermezlik etmesin; kim iýmeýän bolsa, iýýäni ýazgarmasyn... Ol öz hojaýynynyň öňünde durar ýa ýykylar, ýöne dikeler; çünki Hudaý ony dikeltmegi başarýandyr» (Rimliler 14:3, 4). Mesihçiler kimdir birine terbiýelenen ynsaba äsgermezlik etmäge maslahat bermez. Sebäbi bu halas ediji ynsaba garşy gitmekdir.

15. Näme üçin adamlaryň ynsabyny we duýgularyny hemişe göz öňünde tutmaly?

15 Iki uýa gelen kararynyň başgalara nähili täsir etjekdigini göz öňünde tutmaly. Pawlus bize şeýle maslahat berdi: «Bir doganyň öňüne büdreme, taýma daşyny goýmazlygyň pikirini edeliň» (Rimliler 14:13). Mariýa şeýle wakalaryň dogan-uýalary geň galdyrandygyny bilýär we özüniň etjek herekediniň çagalarynada güýçli täsir ýetirjekdigine düşünýär. Natalýa bolsa özüniňki ýaly çözgüdiň ýygnakdakylary we goňşularyny biynjalyk etmändigini ýadyna salýar. Iki uýa we biz bir zada düşünmeli. Dogry terbiýelenen ynsap, kararymyzyň başgalara nähili täsir etjekdigini göz öňünde tutýar. Isa şeýle diýdi: «Kim-de Maňa iman eden bu çagalardan biriniň günä etmegine sebäp bolsa, boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňziň düýbünde gark bolmak onuň üçin has gowy bolar» (Matta 18:6). Eger mesihçi herekedi bilen başgalary büdredip biljekdigi barada oýlanmak islemese, onda onuň ynsaby Giritdäki käbir mesihçileriňki ýaly çirklenip biler.

16. Mesihçi wagtyň geçmegi bilen nähili özgerişler etmeli?

16 Mesihçi hemişe ruhy taýdan ösmeli we ynsabyna gulak asyp, şoňa görä hereket etmegi öwrenmeli. Aýdaly, ýaňy-ýakynda Magsat suwda çokundyryldy. Indi onuň ynsaby butparazlykdan we gan bilen bagly günä işlerden gaça durmagy duýdurýar (Resullaryň işleri 21:25). Şeýle-de Hudaýyň halamaýan zatlaryny Maksada bir zat sähelçe ýatlatsa-da, ol ondan gaça durup bilýärdi. Ýöne onuň gowy görýän käbir telegepleşiklerini näme üçindir mesihçilerden kimdir biriniň erbet hasaplaýandygyna ol düşünmeýärdi.

17. Wagt we ruhy taýdan ösüş mesihçiniň ynsabyna hem-de kararyna nädip täsir edendigini gürrüň beriň.

17 Wagtyň geçmegi bilen, Maksat Hudaý barada köp bilim alyp, Oňa has ýakynlaşýar (Koloseliler 1:9, 10). Bu nähili netije berýär? Ol indi ynsabyny has gowy terbiýeledi. Maksat ynsabyna gulak asyp, Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerýär. Ol öňki gaça duran «sähelçe ýatladýan» zatlaryny Hudaýyň ýazgarmaýandygyna düşündi. Şeýle-de Maksat Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine has gowy düşünip, terbiýelenen ynsabyna görä, öňki halaýan telegepleşikleriniýe seretmezligi berk ýüregine düwdi. Indi onuň ysaby kämilleşdi diýse bolar (Zebur 37:31).

18. Bizde şatlanmaga nähili sebäp bar?

18 Ýygnaklaryň köpüsinde mesihçileriň ruhy taýdan ösüşi dürli görnüşde bolýar. Olaryň käbiri hakykaty ýaňy-ýakynda bildiler. Mümkin, käbir meselelerde olaryň ynsaby hiç zat diýen ýaly duýdurmaýandyr, emma başgalar barada gaty seslenýändir. Ýehowanyň görkezmesine we öz terbiýelenen ynsabyna gulak asar ýaly, olara wagt we kömek gerek bolar (Efesliler 4:14, 15). Biziň bagtymyza, şol ýygnaklarda Hudaý barada çuňňur bilim alan, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri durmuşynda ulanýan tejribeli köp dogan-uýalar bar. Olaryň ynsaby köp zatlarda Hudaýyň pikirini görkezýär. Hudaýyň halaýan zatlaryna ahlak we ruhy taýdan «arassa» garaýan «tämiz ýüreklileriň» arasynda bolmak, gör, nähili ajaýyp! (Efesliler 5:10). Biziň ählimiz şeýle düşünjäni artdyrmaly. Mudan beýläk-de, ynsabymyz hakykat bilime görä hereket edip, Hudaýa wepaly bolar ýaly, biz ony terbiýeläliň (Titus 1:1).

a Är-aýalyň gatnaşygy baradaky pikirler, 1984-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 22, 23-nji sahypalarynda berilen.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Näme üçin Giritdäki käbir mesihçileriň ynsaplary çirklenendi?

• Iki mesihçiniň ynsaby gowy terbiýelenen bolsa-da, näme üçin dürli karara gelip bilerler?

• Biziň ynsabymyza wagtyň geçmegi bilen näme bolmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş