Jogap bermegi öwreniň
KÄBIR soraglary buzdaglaryna meňzetse bolýar. Olaryň esasy bölegi suwuň astynda ýerleşýär. Berilýän soraglarda-da, köplenç, gizlin pikirler bolýar. Käte şol pikirler berlen soraglardan hem wajyp bolup bilýär.
Adam beren soragynyň jogabyny bilmek islese-de, oňa nädip jogap bermelidigini bilmeli, ýagny temany haýsy tarapdan düşündirmelidigini we näçeräk gürrüň bermelidigini anyklamaly (Ýahýa 16:12). Isanyň aýdyşy ýaly, käte adamlar peýdasyz ýa-da bilmeli däl zatlary biljek bolýarlar (Res. iş. 1:6, 7).
Mukaddes Ýazgylarda şeýle maslahat berilýär: «Her kime nähili jogap bermelidigini biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun» (Kol. 4:6). Görşümiz ýaly, diňe bir näme jogap bermelidigini däl-de, eýsem, nädip jogap bermelidigini hem bilmeli.
Sorag berýäniň garaýşyny biliň
Bir gezek sadukeýler Isany çykgynsyz ýagdaýa saljak bolup, birnäçe gezek durmuşa çykan aýalyň direlişi barada sorag berýärler. Emma Isa olaryň direlişe iman etmeýändiklerini bilýärdi. Şol sebäpli ol soraga jogap berende, sadukeýleriň garaýşynyň nädogrulygyny görkezip, olaryň gizlin pikirini aýan edýär. Isa Mukaddes Ýazgylardaky hemmelere tanyş waka salgylanyp, olaryň hiç haçan pikir etmedik zatlaryny ussatlyk bilen gürrüň berýär we Hudaýyň ölen adamlary direltjekdigini subut edýär. Isanyň beren jogaby duşmanlaryny haýran galdyrýar, şondan soň olar sorag bermäge milt hem edip bilmeýärler (Luka 20:27—40).
Soraga nädip jogap bermelidigini bilmek üçin, adamyň garaýşyny we gyzyklanýan zadyny bilmeli. Meselem, klasdaşyňyz ýa-da işdeşiňiz siziň näme üçin Täze ýyl baýramyny bellemeýändigiňizi soraýar. Ol muny näme üçin soraýar? Ol, dogrudan-da, sebäbini bilmek isleýärmi ýa-da size oturylyşyga barmaga rugsat berilýändigini ýa-da berilmeýändigini biljek bolýar? Munuň üçin soragyň näme sebäpden berilýändigini bilmeli. Soňra onuň aýdýan zatlaryna görä jogap bermeli. Şeýle-de mümkinçilikden peýdalanyp, Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlaryň baýramçylykda edilýän çykdajylardan we döreýän lapykeçlikden goraýandygyny düşündirip bilersiňiz.
Aýdaly, sizden okuwçylaryň ýa-da talyplaryň öňünde Ýehowanyň Şaýatlary hakda nutuk bilen çykyş etmegi haýyş edýärler. Şonda size sorag bermekleri mümkin. Eger olar ýürekden gyzyklanyp sorag berseler, onda açyk jogap beriň. Emma olaryň beren soraglarynda Ýehowanyň Şaýatlary barada giňden ýaýran nädogry pikirler bar bolsa, ilki bilen, şeýle pikirleriň näme sebäpden ýaýrandygyny we Ýehowanyň Şaýatlarynyň Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere görä ýaşaýandyklaryny gysgaça gürrüň beriň. Şeýle soraglar hüjüm edilýän ýaly görünse-de, olara nädogry garaýyşda bolmaň. Olara diňleýjileri biynjalyk edýän soraglar hökmünde garaň. Siziň beren jogabyňyz olaryň garaýşyny özgerdip, dogry maglumat almaga kömek eder we imanyňyzyň Mukaddes Ýazgylara esaslanýandygyny görkezer.
Eger başlygyňyz size kongrese gitmäge rugsat bermese näme edersiňiz? Ilki bilen, onuň garaýşyna düşünjek boluň. Mümkin, siz galjak günleriňizi kongresden soň işläp bermegi teklip edersiňiz? Belki-de, oňa kongresde berilýän maslahatlaryň size dogruçyl we ynamdar işgär bolmaga ýardam edýändigini düşündirersiňiz? Eger siz başlygyňyzyň bähbidini göz öňünde tutýandygyňyzy görkezseňiz, mümkin, ol siziň wajyp zatlara bolan garaýşyňyzy makullar. Eger ol sizden haram iş etmegi talap etse näme? Elbetde, şeýle ýagdaýda Mukaddes Ýazgylardan birki pikiri aýdyp, onuň talabyny çürt-kesik inkär etse bolardy. Ýöne, ilkibaşda, onuň üçin ogurlyk edip, ýalan sözlän adam, ertirki güni onuň özüni aldap, zadyny ogurlajakdygyny düşündirseňiz has gowy bolmazmy?
Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän çärelere gatnaşmak islemeýän okuwçy näme edip biler? Mugallym seniň dini düşünjäň bilen ylalaşmasa-da, onuň mekdepde tertip-düzgüne jogap berýändigini unutma. Şeýle ýagdaýda: 1) mugallymyň alada edýän zatlaryny göz öňünde tutmaly, 2) garaýşyňy sypaýyçylyk bilen düşündirmeli we 3) Ýehowany razy edýän kararyňda berk durmaly. Munuň üçin imanyňy aýdyň we çürt-kesik düşündirmek ýeterlikli bolmaz (Sül. tym. 15:28). Eger garaýşyňy düşündirmek kyn bolsa, onda saňa kakaň ýa-da ejeň hökman kömek eder.
Käte biz döwlet işgärleriniň bize garşy aýyplamalaryna jogap bermeli bolýarys. Polisiýa işgäri, syýasy ýolbaşçy ýa-da kazyýetde bizden mesihçi bitaraplygymyz, döwlet nyşanlaryna tagzym etmek baradaky garaýşymyz ýa-da belli bir kanuna gulak asýandygymyz hakda soramaklary mümkin. Şonda siz nähili jogap berersiňiz? Mukaddes Ýazgylar «ýumşaklyk, saýhallylyk bilen» jogap bermegi maslahat berýär (1 Pet. 3:15, 16). Özüňizden: «Bu mesele olary näme üçin biynjalyk edýär?» diýip soraň. Şeýle-de olaryň ýagdaýyna düşünýändigiňizi sypaýyçylyk bilen aýdyň. Soňra näme etse bolar? Pawlus resul Rim kanunyny ulanyp, öz hukugyny gorapdy; siz-de şeýle edip bilersiňiz (Res. iş. 22:25—29). Döwlet işgärlerine I asyrdaky mesihçileriň we bütin dünýädäki Ýehowanyň Şaýatlarynyň özüni alyp barşy barada käbir wakalary gürrüň berseňiz, olaryň pikiri özgermegi mümkin. Ýa-da Hudaýyň häkimiýetine boýun bolýan adamyň ynsan kanunlaryna-da tabyn bolýandygyny düşündirip bilersiňiz (Rim. 13:1—14). Eger garaýşyňyzy Mukaddes Ýazgylara esaslanyp gürrüň berseňiz, mümkin, olar size düşünerler.
Sorag berýän adamyň Mukaddes Ýazgylara garaýşy
Dogry jogap bermek üçin, sorag berýän adamyň Mukaddes Ýazgylara bolan garaýşyny-da bilmeli bolar. Isa sadukeýleriň direliş baradaky soragyna jogap berende şeýle edipdi. Isa olaryň diňe Musanyň bäş kitabyna ynanýandygyny bilýärdi, şol sebäpli olara salgylanyp, şeýle diýdi: «Musa-da ölüleriň direlýändigini... görkezdi» (Luka 20:37). Siz hem sorag berýän adama Mukaddes Ýazgylardan tanyş we onuň kabul edýän aýatlaryny getirip bilersiňiz.
Eger sorag berýän adam Mukaddes Ýazgylara ynanmaýan bolsa näme? Resullaryň işleri 17:22—31-nji aýatlara görä, Pawlus resulyň Ares depesinde aýdan sözlerine üns beriň. Ol Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty gürrüň berende, aýatlary açyp okamady. Siz-de onuň göreldesine eýerip bilersiňiz. Käte adama Mukaddes Ýazgylardan okap bermezden öň, onuň bilen birnäçe sapar gürrüňdeş bolmaly bolarsyňyz. Şeýle ýagdaýda Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigini tassyklaýan aýatlary okap bermek ýeterlikli däl. Gowusy, ilki bilen, Mukaddes Ýazgylaryň ynama mynasypdygyny görkezýän subutnamalary getirseňiz paýhasly bolar. Emma siziň maksadyňyzyň Hudaýyň niýeti barada wagyz etmekdigini unutmaň. Şeýle-de adama bu babatda Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigini görmäge kömek ediň. Biziň aýdýan sözlerimizden Mukaddes Ýazgylar has güýçli täsir edýändir (Ýew. 4:12).
Hemişe «ýakymly bolsun»
Ýehowanyň gullukçylarynyň sözi «duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolmaly», çünki Ýehowanyň özi-de merhemetli Hudaýdyr! (Kol. 4:6; Müs. çyk. 34:6). Diýmek, adamlar ýagşy sözleri eşitmäge mynasyp däl ýaly görünse-de, biz olar bilen mylakatly gepleşmeli. Biziň sözlerimiz edepsiz we gödek däl-de, ýakymly bolmaly.
Häzirki kyn döwürde adamlar her gün diýen ýaly göwne degiji sözleri eşidýärler. Şeýle adamlar biziň bilen-de gödek gepleşmekleri mümkin. Şonda biz näme etmeli? Mukaddes Ýazgylarda: «Ýumşak jogap gahary ýatyrýandyr» diýilýär. Ýumşak dil kesirlik bilen garşylyk görkezýän adamy-da köşeşdirer (Sül. tym. 15:1; 25:15). Her gün gödeklige duçar bolýan adamlar biziň ýumşaklyk we edeplilik bilen aýdýan sözlerimizi eşitse, hoş habary kabul ederler.
Biz hakykata hormat goýmaýan adamlar bilen jedelleşmek islemeýäris. Biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykata suwsan adamlary gözleýäris. Nähili ýagdaýa duçar bolsak-da, biz Hudaýyň ajaýyp wadalaryny mähirli we ynamly aýtmalydygyny unutmaýarys (1 Sel. 1:5).
Şahsy kararlar we ynsaba degişli meseleler
Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adam ýa-da imandaşymyz, belli bir ýagdaýda özüni nähili alyp barmalydygyny sorasa, näme edersiňiz? Mümkin, siz şeýle ýagdaýda näme etmelidigini bilýänsiňiz. Emma her kim gelen karary üçin özi jogap bermelidir (Gal. 6:5). Pawlus resul wagyz eden adamlarynyň iman arkaly boýun bolmagyny isleýärdi (Rim. 14:25). Bu biziň üçin ajaýyp görelde. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän wagyzça ýa-da başga birine ýaranjak bolýan adam iman boýunça ýaşaýan däldir (Gal. 1:10). Şeýle adama göni jogap berseňiz, oňa peýdasy bolmaz.
Onda Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýerip nädip jogap berse bolar? Munuň üçin adamyň ünsüni Mukaddes Ýazgylaryň gerekli prinsiplerine hem-de mysallaryna gönükdirip bilersiňiz. Kä halatda adam öz ýagdaýyna degişli prinsipleri we mysallary tapar ýaly, oňa gözleg geçirmegi öwretseňiz gowy bolar. Şeýle-de prinsipleri we mysallary ara alyp maslahatlaşanyňyzda, muny sorag beren adamyň ýagdaýyna gabat getirmän etmeli. Soňra ondan paýhasly karara gelmäge kömek etjek pikiri tapandygyny sorap görüň. Bu prinsipleriň we mysallaryň kömegi bilen, nädip Ýehowa ýaraýan kararlara gelip bolýandygy barada oýlanmaga höweslendiriň. Şeýdip, siz oňa «saýgarma ukyplaryny ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirmekde» ýardam edip bilersiňiz (Ýew. 5:14).
Ýygnak duşuşygynda jogap bermek
Ýygnak duşuşyklary bize adamlaryň öňünde imanymyzy bildirmäge mümkinçilik berýär. Munuň bir usuly: berilýän soraglara jogap bermek. Biz nädip jogap bermeli? Biz Ýehowany şöhratlandyryp, Oňa alkyş aýtmaly. Mezmurçy Dawut «ýygnaklarda Rebbe sena ederdi» (Zeb. 26:12). Şeýle-de Pawlusyň maslahat bermegine görä, biz hem jogap berenimizde, imandaşlarymyzy ruhlandyryp, olary «söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrmaly» (Ýew. 10:23—25). Munuň üçin duşuşyklara öňünden taýýarlanmaly.
Soraga ýönekeý, aýdyň we gysga jogap bermeli. Bütin abzasy gürrüň bermän, diňe bir pikiri belläp geçiň. Berlen soragyň diňe bir bölegine jogap berseňiz, başgalara-da jogap bermäge mümkinçilik dörär. Bu, esasan-da, getirilen aýatlary belläp geçeniňizde, has-da peýdaly bolar. Şeýle ýagdaýda aýadyň diňe soraga degişli tarapyna üns bermäge çalşyň. Abzasdan okaman, öz sözüňiz bilen jogap bermegi öwreniň. Isleýşiňiz ýaly jogap berip bilmeseňiz, ruhdan düşmäň. Bu hemmelerde-de bolup biler.
Görşümiz ýaly, dogry jogap bermek üçin, diňe soragyň jogabyny bilmek ýeterlikli däl. Munuň üçin düşgür bolmaly. Emma ýürekden jogap bermek we onuň adamlara täsir edişini görmek, nähili gowy! (Sül. tym. 15:23).