Birek-birege ünsli boluň we ruhlandyryň
«Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň». ÝEW. 10:24
1, 2. Ikinji Jahan urşunyň ahyrynda «Ölüm ýörişinde» 230 sany Ýehowanyň Güwäçisine diri galmaga näme kömek etdi?
IKINJI JAHAN urşunyň ahyrynda nasizm döwri tamamlanyp barýarka, konslagerlerdäki müňlerçe tussaglary öldürmek isleýärler. Zaksenhauzen konslagerindäki ýesirleri gämä mündürip, gark etmekçi bolýarlar. Bu wakadan birnäçe wagt geçensoň, şol ýörişe «Ölüm ýörişi» diýip at berildi.
2 Zaksenhauzen konslagerindäki 33 müň tussagy 250 km uzaklykda ýerleşýän Germaniýanyň Lýubek atly portly şäherine çenli pyýada ýöredýärler. Olaryň arasynda alty döwletden bolan 230 sany Ýehowanyň Güwäçisi bardy. Tussaglaryň ählisi açlykdan we keselçilikden ýaňa ysgyndan gaçypdylar. Şeýle ýörişde biziň doganlarymyz nädip diri galdylar? Olaryň biri şeýle gürrüň berýär: «Biz elmydama biri-birimizi goldaýardyk». Şeýle-de Hudaýyň «iň üstün gudraty» we olaryň birek-birege bolan söýgüsi agyr synagda diri galmaga kömek etdi (2 Kor. 4:7).
3. Biz näme üçin dogan-uýalaryň goldawyna mätäç?
3 Şu günler «Ölüm ýörişi» bolmasa-da, biz ençeme kynçylyklara duş gelýäris. 1914-nji ýylda gökde Hudaýyň Patyşalygy berkarar edilende, Şeýtan ýere zyňyldy we şondan bäri ol «wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münýär» (Ylh. 12:7—9, 12). Armageddon golaýlaşdygyça, Şeýtan synaglar we kynçylyklar arkaly bizi ruhy taýdan gowşatjak bolýar. Üstesine-de, bizi gündeki aladalar basýar (Eýýup 14:1; Wag. 2:23). Käte bize bir wagtyň özünde birnäçe aladalar abanýar. Şeýle ýagdaýda göwnüçökgünligi ýeňmek üçin ruhy hem-de duýgy taýdan toplan güýjümiziň ýeterlikli bolmazlygy mümkin. Bir doganymyz onlarça ýyllap ençeme adama ruhy taýdan kömek etdi. Emma ol garrylyk çagynda aýalynyň hem özüniň keselländigi sebäpli göwnüçökgünlige düşýär. Şol dogan ýaly biziň ählimiz hem Ýehowanyň berýän «iň üstün gudratyna» we dogan-uýalaryň goldawyna mätäçdiris.
4. Biz başgalary ruhlandyrmak üçin Pawlus resulyň haýsy maslahatyny ýürekden kabul etmeli?
4 Eger biz başgalary ruhlandyrmak islesek, Pawlus resulyň ýewreý mesihçilere ýazan maslahatyny ýürekden kabul etmeli. Ol şeýle diýdi: «Birek-birege ünsli bolup, söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň. Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam, ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň» (Ýew. 10:24, 25, TD). Şu çuňňur manyly maslahaty nädip ýerine ýetirip bileris?
«BIREK-BIREGE ÜNSLI BOLUŇ»
5. «Birek-birege ünsli bolmak» nämäni aňladýar we munuň üçin näme etmeli?
5 «Birek-birege ünsli bolmak» diýen jümle bir sözlükde «başgalaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutmagy we olar barada pikir etmegi» aňladýar. Biz ýygnak duşuşygyna gelenimizde başgalar bilen diňe salamlaşsak ýa-da ähmiýetsiz zatlar barada gürrüň etsek, olaryň zerurlyklaryny bilerismi? Ýok, bilmeris. Elbetde, biz «diňe öz işimiz bilen meşgul bolup», «beýlekileriň işlerine garyşmak» islemeýäris (1 Sel. 4:11; 1 Tim. 5:13). Emma biz doganlary ruhlandyrmak islesek, olary has gowy tanamaly, ýagny olaryň ýaşaýşyny, häsiýetlerini, ruhy ýagdaýyny, güýçli we gowşak taraplaryny bilmeli. Olar biziň hakykatdan alada edýändigimizi we söýgimizi duýmaly. Munuň üçin olara diňe kynçylyga uçranda we ruhdan düşende däl-de, eýsem, başga ýagdaýlarynda-da wagt sarp etmeli (Rim. 12:13).
6. Ýaşululara ýygnakdakylara «ünsli bolmaga» näme kömek eder?
6 Ýygnak ýaşululary «özlerine tabşyrylan... (Hudaýyň) sürüsini» isleg bilen we ýürekden bakmaly (1 Pet. 5:1—3). Eger olar sürüdäki goýunlaryň ýagdaýyny gowy bilmeseler, çopançylyk borjuny üstünlikli ýerine ýetirip bilermi? (Süleýmanyň tymsallary 27:23-i okaň). Ýaşulular dogan-uýalara wagt sarp etseler, megerem, «sürüdäkiler» olardan kömek sorarlar. Şeýle-de dogan-uýalar olara ýüregindäki duýgularyny we aladalaryny açyk aýdarlar. Bu bolsa ýaşululara «ünsli bolmaga» we imandaşlaryna gerekli kömegi bermäge ýardam eder.
7. Göwnüçökgünlige uçran adamlaryň «oýlanyşyksyz» aýdýan sözlerine nähili garamaly?
7 Pawlus resul Selanikdäki ýygnaga: «Ejizleri goldaň» diýip, hat ýazdy (1 Selanikliler 5:14-i okaň). «Göwnüçökgünlerem», ruhdan düşenlerem ejiz bolýarlar. Süleýmanyň tymsallary 24:10-da: «Aladaly günde tapdan düşseň, kuwwatyň azdyr» diýilýär. Gaty ruhdan düşen adamyň «oýlanyşyksyz geplemegi» mümkin (Eýýup 6:2, 3). Biz göwnüçökgün adamlaryň aladasyny edenimizde, olaryň oýlanyşyksyz sözleri erbet niýet bilen aýtmaýandyklaryny unutmaly däl. Raşel munuň şeýledigine öz durmuşynda göz ýetirdi. Onuň ejesi göwnüçökgünlikden ejir çekýärdi. Raşel şeýle gürrüň berýär: «Ejem köplenç ýaramaz sözleri aýdýardy. Şol döwürde men ejemiň, aslynda, gowy adamdygyny, ýagny mähirli, ýagşy we açykgöwünlidigini unutmazlyga çalyşýardym. Men göwnüçökgün adamyň aýdasy gelmeýän zatlaryny aýdýandygyna düşündim. Şeýle adamyň ýagdaýyny bilmeseň, oňa erbet söz ýa-da hereket bilen gaýtargy bermegiň mümkin». Süleýmanyň tymsallary 19:11-de: «Adamyň paýhasy onuň gaharyny köşeşdirýändir; ýazygy geçmek onuň şöhratydyr» diýilýär.
8. Biz söýgimizi kime «tassyklamaly» we näme üçin?
8 Käte adam geçmişde eden etmişi üçin ýürekden toba edip, gerekli ädimleri ätse-de, eden işine utanyp ýa-da lapykeç bolup ruhdan düşmegi mümkin. Şeýle adama nädip «üns» berip bileris? Pawlus Korintosdaky ýygnaga degişli toba eden günäkär barada aladalanyp, şeýle ýazdy: «Ony bagyşlamalysyňyz, ruhlandyrmalysyňyz. Şonuň üçin oňa bolan söýgiňizi tassyklamagyňyzy sizden haýyş edýärin» (2 Kor. 2:7, 8). Bir sözlükde «tassyklamak» sözi «makullamak, gol çekip tassyklamak» diýip düşündirilýär. Biziň adama bolan söýgimiz we edýän aladamyz öz-özünden görner öýtmeli däl. Ol muny biziň garaýşymyzdan we edýän işlerimizden aýdyň görmeli.
«SÖÝGI WE OŇAT IŞLER ÜÇIN GAÝRATA GALDYRYŇ»
9. «Oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň» diýen sözler nämäni aňladýar?
9 Pawlus: «Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň» diýip ýazdy. Biz imandaşlarymyzy biri-birini söýmäge we oňat işleri etmäge höweslendirmeli. Ot sönjek-sönjek bolanda, ony tutaşdyrmak üçin közleri gorjaşdyrmaly bolýar (2 Tim. 1:6). Şonuň ýaly biz hem dogan-uýalarymyzy Hudaýa we ýakynyna bolan söýgüsini bildirmäge höweslendirip bileris. Ýerlikli aýdylan öwgüli sözler bolsa, oňat işleri etmäge has-da höweslendirer.
10, 11. a) Öwgüli sözlere kim mätäç? b) «Günäniň toruna düşen» adama öwgüli sözleriň nähili kömek berýändigini mysal arkaly düşündiriň.
10 Biziň ählimiz ruhdan düşsek-de, düşmesek-de, öwgüli sözlere mätäçdiris. Ýygnak ýaşulusy şeýle ýazýar: «Kakam meni hiç haçan öwmeýärdi. Şol sebäpli men özüme kembaha garaýaryn... Men häzir 50 ýaşlarymda, muňa garamazdan, dostlarymyň ýygnakdaky borjumy gowy ýerine ýetirýändigime aýdýan öwgüli sözlerine minnetdar bolýaryn... Men başgalary ruhlandyrmagyň wajypdygyna durmuşymda göz ýetirdim». Öwgüli sözler hemmeleri — pionerleri-de, ýygnak ýaşulularyny-da, göwnüçökgünleri-de ruhlandyryp biler (Rim. 12:10).
11 «Günäniň toruna düşeni... Ruha görä ýaşaýanlar, ony... dogry ýola getirmek üçin» söýgi bilen maslahat berseler we öwgüli sözleri ýerlikli aýtsalar, günäkäri oňat işlere höweslendirip biler (Gal. 6:1). Muny Miriam atly uýa bilen bolan wakadan görse bolýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Iň ýakyn dostlarymyň käbiri hakykaty taşlanlarynda, bu meniň üçin agyr döwür boldy. Şol wagtlar kakam hem beýnä gan inme keselinden ejir çekýärdi. Şonuň üçin men halys ruhdan düşdüm. Men göwnüçökgünligi ýeňmek üçin dünýewi oglan bilen duşuşyp başladym». Uýamyz özüni Ýehowanyň söýgüsine mynasyp görmän, hakykatdan gitmekçi bolýar. Ýygnak ýaşulusy uýanyň Hudaýa wepaly eden gullugyny ýatladanda, onda ýakymly duýgular oýanýar. Ýygnak ýaşululary Ýehowanyň ony söýýändigine ynandyryp bildiler. Şeýlelikde, onuň Hudaýa bolan söýgüsi tutaşyp başlady. Ol halaşýan oglany bilen gatnaşygyny kesdi we Ýehowa gullugyny dowam etdi.
12. Adamy höweslendirmek üçin, ony biri bilen deňeşdirseň, utandyrsaň ýa-da ýazgarsaň nähili netije berer?
12 Adamy ruhy işlere höweslendirmek üçin, ony başgalar bilen deňeşdirseň, utandyrsaň, gödek düzgünler bilen ýazgarsaň ýa-da «sen köpräk edip bilersiň» diýip günäkärleseň gowy netije berse-de, bu uzaga çekmez. Emma imandaşymyza öwgüli sözleri aýtsak we Hudaýyň söýgüsine ynandyrsak, bu oňa hökman gowy täsir eder (Filipililer 2:1—4-nji aýatlary okaň).
«BIRI-BIRIMIZI RUHLANDYRALYŇ»
13. Imandaşlarymyzy ruhlandyrmak üçin näme etmeli? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
13 Biz «ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görsek, şonça-da biri-birimizi ruhlandyrmaly». Eger biz imandaşlarymyzy Hudaýa gullugyny dowam etmäge höweslendirsek, olary ruhlandyrdygymyz bolar. «Söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrmaklygy» sönüp barýan ody tutaşdyrmak bilen deňeşdirse bolýar. Başgalary ruhlandyrmagy bolsa, oduň sönmezligi ýa-da ony güýçlendirmek üçin ýangyç guýmak bilen deňeşdirse bolýar. Başgalary ruhlandyrmaklyk bu göwnüçökgünlere teselli bermegi, olaryň göwnüni götermegi talap edýär. Şeýle adamy ruhlandyrmaly bolanymyzda, biz onuň bilen ýumşak we mähirli äheňde geplemeli (Sül. tym. 12:18). Mundan başga-da, «eşitmekde çalt, geplemekde assa» bolmaly (Ýakup 1:19). Eger biz duýgudaşlyk bilen diňlesek, imandaşymyzyň näme üçin ruhdan düşendigini bileris we şeýle ýagdaýy ýeňmäge kömek edip biljek sözleri taparys.
14. Ruhdan düşen dogana nädip kömek edildi?
14 Bir rehimdar ýygnak ýaşulusynyň birnäçe ýyldan bäri yhlassyz imandaşymyza nädip kömek edendigine seredeliň. Ýygnak ýaşulusy doganymyzy diňlände, onuň Ýehowa bolan söýgüsiniň sowamandygyna göz ýetirýär. Şeýle-de onuň «Garawul diňiniň» her sanyny çuňňur özleşdirip, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmak üçin tagalla edýändigini bilýär. Emma ýygnakdakylaryň käbiriniň nädogry hereketi oňa täsir edip, lapykeçlige düşüripdir. Ýaşuly ony ýazgarman, duýgudaşlyk bilen diňleýär we onuň hem-de maşgalasynyň ýürekden aladasyny edýär. Netijede, doganymyz geçmişde bolan şol erbet wakalar sebäpli söýgüden doly Hudaýyna gulluk etmegini bes edendigine düşünýär. Ýaşuly ony wagza çagyrýar. Şeýlelikde, doganymyz onuň kömegi bilen wagyz işine gatnaşyp başlaýar. Birnäçe wagtdan ol gerekli häsiýetleri ösdürip, ýene-de ýygnak ýaşulusy bolup bellenilýär.
15. Göwnüçökgünleri ruhlandyrmakda Ýehowadan näme öwrenip bileris?
15 Ruhdan düşen adamyň berilýän kömegi şol bada kabul etmezligi mümkin ýa-da ol özüni derrew gowy duýup başlamaz. Emma biz şonda-da ony goldamaly. Pawlus şeýle diýdi: «Ejizleri goldaň, hemmeler barada sabyrly boluň» (1 Sel. 5:14). Şeýle adamlara kömek edenimizde elimizi sowatman, olary «goldamagymyzy» dowam etmeli. Gadymy döwürde Ýehowa göwnüçökgünlige uçran gullukçylaryna kömek edende, olara sabyrly bolýardy. Meselem, Hudaý Ylýasyň duýgularyny göz öňünde tutup, oňa mähirlilik bildirdi. Pygamber gullugyny bitirip biler ýaly, Ýehowa ony gerekli zatlary bilen üpjün etdi (1 Pat. 19:1—18). Dawudyň ýürekden toba edendigi üçin, Ýehowa ony bagyşlady (Zeb. 51:7, 17). Zebur 73-i ýazan mezmurçy ruhy taýdan gowşap başlanda, Ýehowa oňa-da kömek etdi (Zeb. 73:13, 16, 17). Ýehowa rehimdarlygyny we merhemetini, esasan-da, ruhdan düşen ýa-da lapykeç bolan wagtymyz bildirýär (Müs. çyk. 34:6). Onuň merhemeti «her säher täzelenýär», rehimdarlygy «bakydyr» (Ýer. ag. 3:22, 23). Ýehowa göwnüçökgünlige düşen imandaşlarymyza biziň-de mähirlilik bildirmegimize garaşýar.
ÝAŞAÝYŞ ÝOLUNDA GALAR ÝALY BIREK-BIREGI RUHLANDYRYŇ
16, 17. Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça näme etmegi ýüregimize düwmeli we näme üçin?
16 Zaksenhauzen konslagerinden çykan 33 müň tussagyň müňlerçesi öldi. Emma 230 sany Ýehowanyň Güwäçileriniň ählisi diri galdy. Olaryň birek-biregi ruhlandyryp, beren kömegi «Ölüm ýörişinde» diri galmaga ýardam etdi.
17 Şu günler biz «ýaşaýşa getirýän... ýoldan» ýöreýäris (Mat. 7:14). Tizden Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisi dogrulyk höküm sürýän täze dünýä bilelikde girerler (2 Pet. 3:13). Geliň, ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan sowulmaz ýaly, birek-birege kömek etmegi ýüregimize düweliň.