Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 2/06 sah. 5
  • Tiz tapylýan kömek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Tiz tapylýan kömek
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meňzeş maglumat
  • Ýygnakda nämeler edilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Öz edýän işleriňize şatlanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Ýehowa size güýç-kuwwat berer
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 2/06 sah. 5

Tiz tapylýan kömek

1. Ruhy taýdan gowşamaga näme sebäp bolup biler?

1 Anna atly uýanyň adamsy imansyzdy, işi bolsa köp wagtyny alýardy, şonuň üçin ýygnaklara yzygiderli gatnaşmak, wagyz etmek hem-de Mukaddes Ýazgylary okamak oňa kyn bolýardy. Ol Ýehowany öňküsi ýaly söýýärdi, ýöne wagza yhlassyzdy. Emma ol ýaşulularyň beren ruhy kömegini kabul etdi.

2. Ähli mesihçiler tiz tapylýan kömegi nädip berip bilýärler?

2 Ýygnak arkaly berilýän ruhy kömegi kabul etsek, onda Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezýäris. Ýygnagyň ýaşululary adamlar barada söýgi bilen alada eden Isa Mesihden görelde alyp, ruhy taýdan gowşanlary ruhlandyrýarlar hem-de ruhy kömek berýärler (1 Sel. 5:14). Köplenç mähirli sözler we göwnüňi göterýän aýatlar ýeterlik bolýar. Galyberse-de, ruhy taýdan gowşanlary diňe bir ýaşulular däl-de, eýsem, ähli mesihçiler goldap biler. Elbetde, her kes «ýerinde aýdylan sözleriň» gadyryny bilýändir (Sül. tym. 25:11; Iş. 35:3, 4).

3, 4. Käbir doganlara näme kömek gerek we biz nädip kömek etmeli?

3 Başyny başla. Kömege mätäçler bilen ýürekden gyzyklanmak üçin başyny özüň başlap, dertdeş bolmaly hem-de muny ýürekden islemeli. Ýonatan Dawudyň agyr ýagdaýy barada eşidende, «ýerinden turdy-da, goldaw bermek üçin Horeşe gitdi» (1 Pat. 23:15, 16). Adamlara kömek edeňde mähirli bolmaly. Aýdýan sözleriň ýürekden çykmaly. Şeýle-de Isanyň aýtmagyna görä, doganyňy gazanmak üçin sabyrly we maksada okgunly bolmaly (Luka 15:4). Eger doganyňa ýürekden kömek etmek isleseň, ol ruhy taýdan haýal sagalsa-da, eliň sowamaly däl.

4 Eger özümiz başyny başlap, topardaky wagyzçylary wagza çagyrsak, olar nähili ruhlanar! Imandaşlar bilen wagyz etsek, olaryň imanyny berkidýäris. Şeýdip Ýehowa şatlyk bilen gulluk etsek, onda ruhy taýdan sagalýanlar has-da berkär.

5. Käbir ýagdaýlarda ýaşulular näme kömek edip bilýär?

5 Söýgüden doly kömek. Köpden bäri wagyz etmedik we ýygnaga gatnaşmadyk käbir wagyzçylara imanyny berkitmek üçin goşmaça kömek gerek bolýar. Olar bilen «Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň», «Ýehowa ýakynlaş» (rusça) ýa-da «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaplar boýunça okuw geçse bolýar. Suwda çokundyrylan wagyzçy bilen okuw adatça uzaga çekmeýär. Ýygnagyň gulluk komiteti kimiň şeýle kömege mätäçdigi hakda oýlanmaly (1998-nji we 2000-nji ýylyň Sanjar (noýabr) aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzdaky» sowally bukja seret).

6. Bir uýa ruhy taýdan nädip berkedi?

6 Ýygnagyň ýaşululary başda agzalan Anna atly uýa ruhy taýdan ýetişen uýa bilen okuw geçmegi teklip edende, ol minnetdarlyk bilen kabul etdi. Oňa okuwyň bary-ýogy dört sapagy ýene-de Ýehowa ýakynlaşmaga kömek etdi. Onda ýene-de ýygnaklara gatnaşmaga we wagyzda Ýehowany şöhratlandyrmaga isleg döredi. Şeýle-de onuň özi öýden-öýe wagyz etmäge oňat taýyn bolýança, ruhy taýdan ýetişen bir uýa ony Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge ýany bilen äkidip, gullukda kömek etdi. Oňa berlen kömek ruhy taýdan sagalmaga ýardam etdi!

7. Ruhy taýdan gowşanlara edilen kömek näme netije berýär?

7 Ruhy taýdan gowşanlara kömek etsek, hemmeler bereket alýarlar. Kömegi kabul edýänler Ýehowa ýakynlaşýarlar we guramanyň işine şatlyk bilen gatnaşýarlar. Şeýle ruhy taýdan ösüşe ýaşulular hem diýseň begenýärler (Luka 15:5, 6). Ýygnagyň agzalarynyň biri-birine bolan söýgüsi agzybirligi has-da berkidýär (Kol. 3:12—14). Geliň, tiz tapylýan kömegi berýän Ýehowadan görelde alalyň!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş