Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lv sah. 222—223
  • Iş meselesi bilen bagly jedelleri nädip çözmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iş meselesi bilen bagly jedelleri nädip çözmeli?
  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Meňzeş maglumat
  • Parahatlygy saklamak üçin tagalla ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Söýgi — düşünişmezligiň açary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ýygnakda parahatlygy we arassalygy saklamak
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Ýygnak abatlansyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
lv sah. 222—223

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Iş meselesi bilen bagly jedelleri nädip çözmeli?

Pawlus resul 1 Korinfliler 6:1—8-nji aýatlarda doganlaryň biri-biriniň üstünden arz edip kazyýete ýüz tutandygybarada ýazýar. Pawlus korinfli mesihçileriň käbiriniň «kazyýete baryp, iman etmeýän adamlara ýüz tutandygyna» gynanýardy (1-nji aýat). Pawlus mesihçileriň arasyndaky jedeli çözmek üçin dünýewi kazyýete ýüz tutman, gowusy ýygnagyň içinde çözmelidigine degerli subutnama getirdi. Geliň, häzir bu maslahatyň näme üçin berlendiginiň käbir sebäplerine, soňra oňa degişli bolmadyk birnäçe ýagdaýlara seredeliň.

Eger iş meselesinde imandaşymyz bilen jedelleşen bolsak, ony ilki bilen, özüňçe däl-de, Ýehowa ýarar ýaly edip çözmeli (Süleýmanyň tymsallary 14:12). Isanyň aýtmagyna görä, agzalalyk has uly zada ýazmanka düzedilse gowy bolar (Matta 5:23—26). Gynansak-da, käbir mesihçiler eglişik etmediler, hatda doganlaryny dünýewi suda berdiler. Pawlus: «Kazyýete ýüz tutup, biri-biriňiziň üstünden arz etmegiň özi-de siziň üçin utançdyr» diýdi. Näme üçin? Sebäbi kazyýete ýüz tutmak bilen ýygnagyň gowy abraýyna we Hudaýymyzyň ýagşy adyna ysnat getirilmegi mümkin. Şol sebäpli biz Pawlusyň: «Muňa derek adalatsyzlykdan ejir çekeniňiz gowy dälmi?» diýen maslahatyny ýürekden kabul edýäris (7-nji aýat).

Şeýle-de Pawlus ýygnakda ýüze çykýan köp meseleleri çözmek üçin Hudaýyň beren ajaýyp tertip-düzgüni barada aýdýar. Ýygnagyň ýaşulularynyň Mukaddes Ýazgylara esaslanan akyldarlygy bar. Şol sebäpli Pawlus olar «durmuşda ýüze çykýan meseleler» babatda «doganlara kazylyk edip bilýär» diýdi (3—5-nji aýatlar). Isanyň aýtmagyna görä, töhmet ýa-da kezzaplyk ýaly agyr günäleri şeýle çözmeli: birinjiden, bu mesele kime degişli bolsa, olar öz arasynda çözmeli; ikinjiden, eger birinji ädim başa barmasa, onda ýanyňa bir ýa iki şaýady almaly; üçünjiden, bu-da netije bermese, ýygnagyň ýaşulularyna aýtmaly (Matta 18:15—17).

Elbetde, şeýle meseleleri çözmek üçin, ýaşululara aklawjy ýa-da telekeçi bolmak hökman däl. Olar iş meselesinde doganlaryň arasyndaky jedelleri çözmek üçin şert goýmaýarlar. Gaýtam, olar bu iş meselesi bilen bagly doganlara aýatlary ulanmaga we ähli zady asudalyk bilen çözmäge kömek etjek bolýarlar. Olar kyn ýagdaýda etrap gözegçisine ýa-da Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialyna ýüz tutup bilerler. Emma Pawlusyň ýokarda agzan maslahatyna eýerip bolmaýan ýagdaýlar hem bolup biler. Meselem, nähili ýagdaýlar?

Käte iş meselesini nebsiňe çapman, parahat çözmek üçin resmi ýagdaýda ýa-da kanun arkaly sudlaşmak gerek bolýar. Meselem, aýrylyşmak ýa-da çagalara hossarlyk etmek, alimentiň mukdaryny kesgitlemek, ätiýaçlyk öwezini almak, bankrotlyk işinde adyny algydarlaryň içinde tassyklamak we wesýetnamany resmileşdirmek üçin diňe suda ýüz tutmaly bolýar. Şeýle-de kä ýagdaýda özüni kanuny ýol bilen goramak üçin dogan talapkäriň garşysyna arza berip bilera.

Eger mesihçi bäsdeşlik etmän, kazyýete ýüz tutsa, bu Pawlusyň beren maslahatyna garşy gelmezb. Muňa garamazdan, mesihçiniň esasy maksady Ýehowanyň adyny mukaddes edip, ýygnagyň parahatlygyny we agzybirligini saklamakdyr. Isanyň şägirtleri, ilki bilen, söýgi bilen tapawutlanýarlar, söýgi bolsa «öz peýdasyny gözleýän däldir» (1 Korinfliler 13:4, 5; Ýahýa 13:34, 35).

a Seýrek ýagdaýda bir mesihçi imandaşynyň namysyna degmek, topulmak, adam öldürmek ýa-da uly ogurlyk ýaly agyr günä etmegi mümkin. Şeýle ýagdaýlarda eger onuň işi kazyýete geçirilse-de ýa-da jenaýat işi gozgalsa-da, edilen jenaýat üçin hökümete ýüz tutulsa, nädogry bolmaz.

b Bu barada köpräk bilmek üçin «Garawul diňiniň» (rusça) 1997-nji ýylyň 15-nji martynda çykan sanynyň 17—22-nji sahypalaryna we 1991-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda çykan sanynyň 25—28-nji sahypalaryna seret.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş