Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/5 sah. 3—7
  • Biz adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaly?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýumşak bol
  • Rehimliler nähili bagtly!
  • Näme üçin «parahatlyk döredýänler bagtly»
  • «Yşygyňyz... parlasyn»
  • «Doganyň bilen barlyş»
  • Adamlara elmydama hormat goýuň
  • Isanyň sözleri bagtly bolmaga nädip kömek edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • «Siziň yşygyňyz... parlasyn»
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Ýehowany şöhratlandyrmak üçin «yşygyňyz... nur saçsyn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • «Bagtly Hudaýa» gulluk edýänler bagtlydyr
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/5 sah. 3—7

Biz adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaly?

«Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň» (LUKA 6:31).

1, 2. a) Dagdaky wagyz näme? b) Biz şu we indiki makalada nämä serederis?

ISA Mesih, hakykatdan-da, Beýik Mugallymdy. Dini duşmanlar ony tussag etmek üçin serkerdeleri iberende, olar Isasyz gelip, şeýle diýdiler: «Hiç kim hiç haçan bu Adamyňky ýaly geplemändi» (Ýahýa 7:32, 45, 46). Isanyň Dagdaky wagzy iň görnükli wagyzlaryň biridir. Bu Mattanyň 5—7-nji baplaryndaky Hoş habarynda aýdylýar we Luka 6:20—49-njy aýatlarda hem şoňa meňzeş pikirler bara.

2 Bu wagzyň iň belli parasatly pikiri «altyn düzgün» bolsa gerek. Onda biziň adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmalydygymyz görkezilýär. Isa şeýle diýdi: «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň» (Luka 6:31). Isa adamlar üçin nähili ýagşy işler etdi! Ol syrkawlary sagaltdy, hatda ölüleri direltdi. Ylaýta-da, onuň wagyz eden hoş habaryny kabul eden adamlar has köp bereket aldylar. (Luka 7:20—22-nji aýatlary okaň). Biz, Ýehowanyň Güwäçileri hökmünde Patyşalyk baradaky wagyz işine höwes bilen gatnaşýarys (Mat. 24:14; 28:19, 20). Biz şu we indiki makalada Isanyň Dag wagzynda bu barada aýdan sözlerine hem-de adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmalydygy hakyndaky pikirlere serederis.

Ýumşak bol

3. Siz ýumşaklyk diýen söze nähili kesgitleme bererdiňiz?

3 Isa şeýle diýdi: «Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýeri miras alarlar» (Mat. 5:5). Mukaddes Ýazgylara görä, ýumşaklyk gowşaklyk hasaplanmaýar. Biz bu ýumşakilygy Hudaýyň talaplaryna gulak asyp görkezýäris. Ýumşaklyk adamlar bilen özümizi alyp barşymyzdan görünmeli. Meselem, biz «ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmeýäris» (Rim. 12:17—19).

4. Näme üçin ýumşak adamlar bagtly?

4 Ýumşak adamlar bagtlydyr, sebäbi «olar ýeri miras alarlar». Isa «mylaýym hem pes göwünli» we «bar zadyň mirasçysy», şol sebäpli ýeriň esasy Mirasçysy boldy (Mat. 11:29; Ýew. 1:2; Zeb. 2:8). Mesihi «ynsan oglunyň» gökdäki Patyşalykda kömekçileriniň boljakdygy barada öňünden aýdyldy (Dan. 7:13, 14, 21, 22, 27). «Mesihiň mirasdaşlary» hökmünde 144 000 ýumşak mesh edilen adamlar Isa bilen bile ýeriň mirasçysy bolarlar (Rim. 8:16, 17; Ylh. 14:1). Beýleki ýumşak adamlara bolsa Patyşalygyň astynda ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş berler (Zeb. 37:11).

5. Mesihi ýumşaklyk adamy nädip özgerdýär?

5 Eger kimdir biri özüni gödek we ulumsylyk bilen alyp barsa, onda ol başgalaryň gaharyny getirip, olary özünden daşlaşdyrar. Emma mesihi ýumşaklyk adamy ýakymly edýär we ol ýygnagy ruhy taýdan abatlaýar. Ýumşaklyk — ruhuň miwesi bolup, ol Hudaýyň hereket edýän güýjüne görä ýaşaýanlara berilýär. (Galatýalylar 5:22—25-nji aýatlary okaň). Elbetde, biz Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly görkezme berýän ýumşak adamlarynyň arasynda bolmak isleýäris!

Rehimliler nähili bagtly!

6. Rehimli adam nähili häsiýetleri bilen tapawutlanýar?

6 Şeýle-de Isa Dagdaky wagzynda: «Rehimliler bagtlydyr, çünki olara rehim ediler» diýdi (Mat. 5:7). «Rehimlilik» mähirli duýgudaşlygy we akgöwünli alada etmegi, hatda mätäje haýpyň gelmegi aňladýar. Isa horluk çekýänlere «haýpy geleni» üçin gudrat bilen sagaldýardy (Mat. 14:14; 20:34). Şol sebäpli rehimdarlyk we ýagşylyk, bizi rehimli bolmaga höweslendirmeli (Ýakup 2:13).

7. Isanyň haýpy gelip, adamlara nämä etdi?

7 Isa biraz dynç aljak bolanda, öňünde uly märekäni görüp, «olara haýpy geldi. Çünki olar çopansyz goýunlar ýalydy». Ol ýadawlygyny ýatdan çykaryp, «olara köp zatlary öwretmäge başlady» (Mar. 6:34). Biz hem Isa ýaly adamlara Patyşalyk barada Hoş habary wagyz edip we Hudaýyň beýik rehimdardygyny gürrüň berip şatlanýarys!

8. Näme üçin rehimli adamlar bagtly?

8 Rehimliler bagtlydyr, çünki olara «rehim ediler». Adamlara rehimli bolsaň, adatça olar hem rehimli bolýarlar (Luka 6:38). Ondan başga-da Isa şeýle diýdi: «Siz adamlaryň ýazyklaryny bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar» (Mat. 6:14). Diňe rehimli adamlaryň ýazyklary bagyşlanar we Hudaýy razy ederler. Şol sebäpli olara bagtly diýse bolar.

Näme üçin «parahatlyk döredýänler bagtly»

9. Parahatlyk dörediýänler nähili hereket edýär?

9 Bagtly bolmagyň ýene bir sebäbi barada Isa şeýle diýdi: «Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler» (Mat. 5:9). Eger biz parahatlyk döretsek, «ýakyn dostlary biri-birinden aýyrýan» töhmetçilikli gürrüňi goldamarys we oňa goşulmarys (Sül. tym. 16:28). Biz sözde we iş ýüzünde mesihi ýygnakdaky hem-de başga adamlar bilen parahatçylykda ýaşarys (Ýew. 12:14). Esasanam, Ýehowa Hudaý bilen parahat bolmak üçin gaýrat ederis (1 Petrus 3:10—14-nji aýatlary okaň).

10. Näme üçin «parahatlyk döredýänler bagtly»?

10 Isa «parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler» diýdi. Isa Mesih hökmünde iman eden mesh edilenlere, «Hudaýyň oglanlary bolma haky berildi» (Ýahýa 1:12; 1 Pet. 2:24). Isanyň parahatlyk döredýän «başga goýunlary» barada näme diýse bolar? Isa Müňýyllyk hökümdarlygynda gökdäki mirasdaşlary bilen höküm sürende, olaryň «Ebedi Atasy» bolar (Ýahýa 10:14, 16; Iş. 9:6; Ylh. 20:6). Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda şeýle parahatlyk döredýänler doly manyda Hudaýyň ýerdäki çagalary bolarlar (1 Kor. 15:27, 28).

11. Eger «gökden inen akyldarlygyň» görkezmesine eýersek, adamlar bilen gatnaşygymyz nähili bolar?

11 «Parahatlyk beren Hudaý» Ýehowa bilen dost bolmak üçin, onuň häsiýetlerinden, şol sanda parahatlygyndan görelde almaly (Flp. 4:9). Eger biz «gökden inen akyldarlygyň» görkezmesine eýersek, adamlar bilen parahatly gatnaşykda bolarys (Ýakup 3:17). Şeýdip, biz bagtly bolarys!

«Yşygyňyz... parlasyn»

12. a) Isa ruhy yşyk barada näme diýdi? b) Yşygymyz parlar ýaly biz näme edip bileris?

12 Adamlara iň uly ýagşylyk etmeklik — olara Hudaý baradaky hakykat yşygyny almaga kömek etmek (Zeb. 43:3). Isa şägirtlerine «dünýäniň yşygysyňyz» diýdi we adamlar olaryň «gowy işlerini» ýa-da edýän ýagşylygyny görer ýaly yşygyny parlatmaga çagyrdy. Ruhy yşyk «adamlaryň öňünde» parlap, ähli adamzada peýda getirmeli (Matta 5:14—16-njy aýatlary okaň). Şu günler biz hem ýakynymyza ýagşylyk edip, yşygymyzy parladýarys we «dünýäniň niresinde» bolsa-da, hoş habary «bütin milletlere» wagyz etmäge gatnaşýarys (Mat. 26:13; Mar. 13:10). Bu wajyp işe gatnaşmak uly hormat!

13. Adamlar nämäni görýärler?

13 Isa şeýle diýdi: «Dagyň depesinde gurlan şäher gizlin galyp bilmez». Dagda ýerleşen islendik şäher aňsatlyk bilen görünýär. Şonuň ýaly-da, adamlar biziň ýagşy işlerimizi, sagdyn düşünjeliligimizi we ahlak taýdan päkligimizi görüp, Patyşylygyň wagyzçylarydygymyzy bilýärler (Titus 2:1—14).

14. a) I asyrda çyralar nähili bolýardy? b) Hakykaty «gabyň aşagynda» ýaşyrmazlyk näme aňladýar?

14 Isanyň aýtmagyna görä, çyra ýakylanda, öýdäkileriň hemmesine yşyk berer ýaly, ony gabyň aşagynda goýman, çyradanyň üstünde goýýarlar. I asyrda, adatça, çyradan pelteli bolup, palçykdan ýasalýardy, ýakmak üçin onuň içine ýag (köplenç zeýtun ýagy) salynýardy. «Öýdäkileriň ählisine yşyk berer» ýaly, ony köplenç agaçdan ýa-da demirdan ýasalan beýik enjamyň üstünde goýýardylar. Hiç kimem çyrany ýakyp, ony gabyň, ýagny dokuz litrlik uly göwrümli gabyň aşagynda goýmaz. Şunlukda, Isa şägirtleriniň yşygyny göçme manydaky gabyň aşagynda ýaşyrmaly däldigini görkezdi. Biz hem hiç haçan garşylyklara ýa-da yzarlamalara ýol berip, Ýazgylardaky hakykaty ýaşyrmaly däl ýa-da özümizde saklamaly däl.

15. Biziň «gowy işlerimiz» käbir adamlara nähili täsir edýär?

15 Çyranyň yşygy barada agzandan soň, Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar». Biziň «gowy işlerimiziň» netijesinde käbirleri Hudaýy «şöhratlandyryp», onuň gullukçylary bolýarlar. Geliň, mundan beýläk hem «dünýädäki yşyk kimin ýalpyldalyň»! (Flp. 2:14, 15).

16. «Dünýäniň yşygy» bolmak üçin näme etmeli?

16 «Dünýäniň yşygy» bolmak üçin Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edip, şägirt taýýarlamaly. Emma bu ýeterlikli däl. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Yşyga degişli ynsanlar bolup geziň. Çünki Ruhuň miwesi her hili ýagşylykdan, dogrulykdan we hakykatdan ybaratdyr» (Efes. 5:8, 9). Biz gowy edim-gylymymyz bilen parlap, göreldeli bolmaly. Munuň üçin Petrus resulyň maslahatyna eýermeli: «Bet iş edýänler hökmünde sizi ýamanlan zatlarynda oňat işleriňizi görüp, Rebbiň bize gelen güni Hudaýy şöhratlandyrmalary üçin milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň» (1 Pet. 2:12). Emma imandaşlarymyz bilen gatnaşygymyz bozulsa näme etmeli?

«Doganyň bilen barlyş»

17—19. a) Matta 5:23, 24-nji aýatdaky «gurban» nämäni aňladýar? b) Doganyň bilen barlyşmak nähili derejede wajyp we muny Isa nädip görkezdi?

17 Isa Dagdaky wagzynda şägirtlerini doganlary ýigrenmekden we kemsitmekden gaça durmagy duýdurdy. Gaýtam, olar öýkelän dogan bilen tizräk ýaraşmalydylar (Matta 5:21—25-nji aýatlary okaň). Geliň, Isanyň maslahatyna üns bereliň. Eger sen gurbanyňy gurbanlyk edilýän ýere alyp baranyňda, doganyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, näme ederdiň? Gurbanyňy gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde goýup, gidip öňürti doganyň bilen barlyşmaly. Soňra bolsa gelip gurbanyňy bagyş etmeli.

18 «Gurban» bu Ýehowanyň ybadathanasynda berilýän gurbanlyk sowgadydy we köplenç mal gurban berilýärdi. Mal gurbanlygy örän wajypdy, çünki bu Musanyň kanuny astyndaky ysraýyllylara sežde etmek üçin Hudaý tarapyndan berlen talaplaryň biridi. Ýöne doganyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşende, gidip doganyň bilen barlyşmak getirjek gurbanyňdan wajypdy. Isa: «Gurbanyňy şol ýerde, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen barlyş, onsoň gelip gurbanyňy bagyş et» diýdi. Dogan bilen barlyşmak Kanun boýunça berilmeli gurbandan wajypdy.

19 Isa aýratyn gurbany ýa-da belli bir günäni göz öňünde tutmady. Nähili gurban bolsa-da, eger doganynyň öýke-kinesiniň bardygy adamyň ýadyna düşse, ol gurbany goýmalydy. Mal gurbanlygy bolsa, ony «gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde», ybadathananyň içki howlusynda ruhanylaryň ýakýan ýerinde goýmalydylar. Mesele çözülenden soň, adam gelip gurbanyny berip bilýärdi.

20. Näme üçin agzalalygy derrew çözmeli?

20 Ýehowa imandaşlar bilen gowy gatnaşygymyzy hakyky seždäniň wajyp bölegi hasaplaýar. Eger olar ýakyny bilen gowy gatnaşykda bolmasa, berilýän mal gurbanlary Ýehowa üçin biderekdi (Mika 6:6—8). Şol sebäpli Isa şägirtlerini: «Dawagäriň bilen entek ýoldakaň derrew ýaraş» diýip çagyrdy (Mat. 5:25). Pawlus şuňa meňzeş pikiri ýazdy: «Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň» (Efes. 4:26, 27). Eger gaharlanmaga sebäp bolaýanda-da, meseläni tizden-tizden çözmeli we gahary içimizde saklamaly däl, ýogsam, Iblise ýol berdigimiz bolar (Luka 17:3, 4).

Adamlara elmydama hormat goýuň

21, 22. a) Biz häzirki sereden Isanyň maslahatyna nädip eýerip bileris? b) Indiki makalada nämä serederis?

21 Isanyň Dag wagzyndaky pikirlere seredip geçmek, bize adamlar bilen mähirli we hormatly gatnaşykda bolmaga kömek etmeli. Biziň ählimiz bikämil bolsak-da, Isanyň maslahatyna eýerip bilýäris, çünki ol gökdäki Atamyz ýaly bizden başarýan işimizden artyk zada garaşmaýar. Biz dogada ýüzlenip, ýürekden tagalla edip we Ýehowa Hudaýyň kömegi bilen ýumşak, rehimli hem-de parahatlyk döredýän bolup bileris. Biz Ýehowany şöhratlandyrýan ruhy yşygymyzy parladyp bileris. Galyberse-de, düşünişmezlik bolanda, doganymyz bilen parahat gatnaşygy saklap bileris.

22 Ýehowa ýaramly sežde etmek üçin ýakynymyz bilen gowy gatnaşykda bolmaly (Mar. 12:31). Ýokarda agzalan pikirler barada oýlanyp, her birimiz özümize şeýle sorag bereliň: «Men adamlar bilen gowy gatnaşyk saklaýarynmy?» Biz indiki makalada Dagdaky wagyzdan başga pikirlere serederis, bu bolsa bize adamlara ýagşylyk etmäge höweslendirer.

a Bu we indiki makala taýýarlanmankaň, şahsy okuwyňda şu aýatlary üns bilen okasaň örän peýdaly bolar.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Ýumşak bolmak nämäni aňladýar?

• Näme üçin «rehimliler bagtly?»

• Biz nädip yşygymyzy parladyp bileris?

• Biz näme üçin doganymyz bilen derrew ýaraşmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş