Okuwyň berýän sylagy
SIZ adamlaryň miwe satyn alşyna syn edip gördüňizmi? Köp adamlar miwäniň bişendigini bilmek üçin, onuň reňkine we ululygyna üns berýärler. Käbir adamlar bolsa miwäni ysgap, elläp ýa-da biraz gysyp görýärler. Başgalary bolsa her eline bir miwäni alyp, olaryň agramyny deňeşdirýärler. Şonda olar näme hakda pikir edýärler? Olar miweleriň tapawudyna seredýärler, öňki alan miwelerini ýatlap, bilýän zatlarynyň esasynda saýlaýarlar. Netijede, olar tagamly miwe iýip, eden tagallasynyň hözirini görýärler.
Emma Hudaýyň Sözi esasynda geçirilýän okuwyň peýdasy has-da köp. Şeýle okuw durmuşymyzda wajyp orun tutsa, biziň imanymyz berkär, söýgimiz artar, has ökde wagyz ederis we düşgürlik bilen paýhasly karara geleris. Onuň peýdasy barada Süleýmanyň tymsallary 3:15-de: «Ähli arzyly zatlar oňa taý bolup bilmez» diýilýär. Siz hem okuwyň peýdasyny görýärsiňizmi? Bu siziň şahsy okuwyny geçirişiňize bagly (Kol. 1:9, 10).
Oýlanmaga wagt tapyň
Şahsy okuw näme? Bu diňe bir ýüzleý okamagy däl-de, aň-düşünjäňi ulanyp, bir meseläni ünsli we çuňňur öwrenmegi aňladýar. Munuň üçin okan zadyňy derňemeli, öwrenen zatlaryň bilen öňki bilenleriňi deňeşdirmeli, delilleri derňäp, aýdylan pikirleri tassyklamaly. Şeýle-de okanyňda täze pikirleriň üstünde çuňňur oýlanmaly we Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berilýän maslahatlary nädip ulanjakdygyň barada pikirlenmeli. Biz, Ýehowanyň Şaýatlary, şol sebäpli bilen zatlarymyzy ulanyp, adamlara kömek etmek barada-da oýlanmaly. Görşümiz ýaly, şahsy okuwyny geçirenimizde, oýlanmak örän wajyp.
Dogry garaýyş
Okuw has peýdaly bolar ýaly ýüregiňizi taýýarlaň
Şahsy okuwy geçirmek üçin, siz Mukaddes Ýazgylary, gerekli edebiýatlary, ruçka ýa-da galam, belki-de depder alarsyňyz. Ýöne ýüregiňizi taýýarlamagy-da ýatdan çykarmaň. Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, Ezra «Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi» (Ezra 7:10). «Ýüregiňi taýýarlamak» üçin näme etmeli?
Hudaýyň Sözüni dogry garaýyş bilen öwrenmek üçin doga etmeli. Biz Ýehowanyň öwüt-nesihatlaryny ýürekden kabul etmek isleýäris. Şonuň üçin her okuwyň başynda Ýehowadan mukaddes ruhy dilemeli (Luka 11:13). Okajak zatlaryňyza düşünmek üçin Hudaýdan kömek soraň. Şeýle-de okaýan temaňyzyň Hudaýyň niýeti bilen baglanyşygyny görmek, onuň esasynda ýagşy bilen ýamany saýgarmak, prinsipleri durmuşyňyzda ulanmak we Hudaý bilen dostlugyňyzy berkitmek üçin doga ediň (Sül. tym. 9:10). Okuwyň dowamynda Hudaýdan akyldarlyk diläň (Ýakup 1:5). Öwrenýän zatlaryňyzyň esasynda özüňizi dogruçyl barlap, ýaramaz pikirlerden we erbet höweslerden dynmak üçin Ýehowadan kömek soraň. Bilen hakykatyňyz üçin «Rebbe şükür edip, nagma aýdyň» (Zeb. 147:7). Okuwy doga bilen başlasak, Ýehowanyň öz Sözi arkaly aýdýanlaryny höwes bilen kabul ederis. Şeýdip, Hudaý bilen dostlugymyzy berkideris (Zeb. 145:18).
Ýehowanyň halky beýleki adamlardan tapawutlykda, okan zatlaryny ak ýürekden kabul edýärler. Adatça, Hudaýa ynanmaýan adamlar ähli zada müňkürlik bilen garaýarlar. Emma biz şeýle garaýyşdan gaça durmaly. Biz Ýehowa bil baglaýarys (Sül. tym. 3:5—7). Eger biz bir zada düşünmesek, özümize ynamly bolup, ýalňyşlyk tapandyrys öýtmeli däl. Biz dörän soragyň jogabyny tapmaga jan ederis we Ýehowa garaşarys (Mika 7:7). Biz hem Ezra ýaly bilen zatlarymyzy berjaý etmäge we adamlara öwretmäge çalyşmaly. Biz ýüregimizi gowy taýýarlasak, onda okuwyň peýdasyna has-da köp göz ýetireris.
Nädip okamaly?
Birinji abzasdan soňky abzasa çenli okap çykmazdan öň, makala ýa-da baba göz aýlaň. Ilki, makalanyň adyna üns beriň. Bu siziň öwrenmeli temaňyzdyr. Soňra sözbaşylaryň tema bilen baglanyşygy barada oýlanyň. Makaladaky suratlara, tablisalara we gaýtalamak üçin soraglara serediň. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men bu makaladan näme öwrenerin? Özüme nähili wajyp sapaklary edinerin?» Şeýle taýýarlyk sizi dogry ýola ugrukdyrar.
Gözleg geçirmäge kömek edýän gollanmalar bilen tanşyň
Indi makalany özleşdirmäge başlap bilersiňiz. «Garawul diňindäki» öwrenilýän makalalarda we käbir kitaplarda soraglar berilýär. Siz her bir abzasy okanyňyzda, oňa degişli soragyň jogabyny tapyp, aşagyny çyzsaňyz gowy bolar. Emma makalada soraglar bolmasa-da, wajyp pikiri ýatda saklamak üçin, onuň aşagyny çyzyp bilersiňiz. Eger siz täze bir pikiri bilseňiz, ony gowy özleşdirmäge çalşyň. Esasan-da, aýdyň mysallara we delillere ünsli boluň. Olar size wagyzda ýa-da ýumuş bilen çykyş edeniňizde kömek edip biler. Bilen zatlaryňyzy gürrüň berip, kimiň imanyny berkidip biljekdigiňiz barada oýlanyň. Durmuşda ulanjak pikirleriňizi belläň we okuwyň soňunda olary ýene-de bir sapar gözden geçiriň.
Okuwyň dowamynda aýatlary açyp okaň. Her bir aýadyň abzas bilen baglanyşygy barada pikirleniň.
Belki-de, siz käbir pikirlere onçakly gowy düşünen dälsiňiz ýa-da olara has çuňňur düşünesiňiz gelýändir. Temadan ünsüňiz sowulmaz ýaly, soraglary belläp alyň-da, soň gözleg geçiriň. Köplenç, soraglaryň jogabyny okuwyň dowamynda taparsyňyz, emma tapmasaňyz, goşmaça gözleg geçiriň. Eýsem, näme barada gözleg geçirip bolar? Belki, siz bir aýada ýa-da onuň tema bilen baglanyşygyna düşünen dälsiňiz. Mümkin, siz düşünen zadyňyzy başga birine düşündirip bilmerin öýdýänsiňiz. Şeýle ýagdaýda ünsli boluň. Şahsy okuwy tamamlanyňyzdan soň, goşmaça gözleg geçirmegi maksat edinseňiz paýhasly bolar.
Aýatlary açmagy unutmaň
Pawlus resul ýewreý mesihçilere ýazan hatynda: «Aýdanlarymyzyň özeni şunda» diýdi (Ýew. 8:1). Siz hem özüňize wagtal-wagtal şeýle zatlary ýatladyp durýarmysyňyz? Pawlusyň näme üçin şeýle sözleri ýazandygy hakynda oýlanyň. Ol hatynyň beýleki baplarynda Hudaýyň beýik Baş Ruhanysy hökmünde Mesihiň göge galşyny düşündiripdi (Ýew. 4:14—5:10; 6:20). Emma Pawlus 8-nji babyň başynda esasy pikiri belläp, okyjylaryna munuň nähili täsir edýändigi hakynda oýlanmaga höweslendirdi. Ol Mesihiň olar üçin Hudaýyň öňünde görnendigini we olara gökdäki «mukaddes ýere» girmäge ýol açandygyny görkezdi (Ýew. 9:24; 10:19—22). Şeýle umyt olary iman, çydamlylyk we mesihçi häsiýetler babatda beriljek maslahatlary kabul etmäge höweslendirerdi. Biz hem şahsy okuwymyzyň dowamynda esasy pikirlere ünsli bolsak, tema gowy düşüneris we näme üçin bilen zatlarymyzyň esasynda ýaşamalydygymyzy unutmarys.
Şahsy okuw sizi bilen zatlaryňyza görä ýaşamaga höweslendirýärmi? Bu örän wajyp sorag. Bir zat okanyňyzdan soň, özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu meniň garaýşyma we durmuşdaky maksatlaryma nähili täsir etmeli? Kynçylyklara uçranymda, bir meseläni çözmeli ýa-da bir maksada ýetmeli bolanymda, bilen zatlarymy nähili peýdalanyp bilerin? Olary maşgalamda, wagyzda, ýygnakda nädip ulanaryn?» Bu soraglaryň üstünde doga edip oýlanyň we olary haýsy ýagdaýlarda ulanyp boljakdygyny göz öňüne getiriň.
Bir baby ýa-da makalany okanyňyzdan soň, ony gysgaça gaýtalaň. Esasy pikirleri we wajyp delilleri ýadyňyza saljak boluň. Bu size okan zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanmaga kömek eder.
Näme okamaly?
Ýehowanyň halkynyň okamaga zady örän köp. Ýöne nämeden başlamaly? «Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň» atly broşýurada berlen her günki aýady we onuň düşündirilişini okasak gowy bolar. Her hepde ýygnakda geçilýän tema öňünden taýýarlansak, ondan has köp peýda alarys. Şeýle-de käbirleri öňki çap edilen edebiýatlary okamaga wagt sarp edýärler. Mesihçileriň köpüsi Mukaddes Ýazgylardan her hepde okamaly baplaryndan bir parça saýlap, ony çuňňur öwrenýärler.
Eger her hepde ýygnak duşuşyklarynda geçilýän temalaryň ählisine gowy taýýarlanmaga mümkinçiligimiz bolmasa näme etmeli? Ýygnaga howlukmaç, ýüzleý taýýarlanmaklyk ýa-da barybir ýetişmerin öýdüp hiç zady okamazlyk nädogry bolardy. Gowusy, ilki, näçeräk okap biljekdigiňizi anyklaň, soňra gowy taýýarlyk görüň. Her hepde şeýle ediň. Wagtyň geçmegi bilen, ýygnagyň başga duşuşyklaryna-da taýýarlanmaga çalşyň.
Maşgalaňyzy ruhy taýdan berkidiň
Ýehowa maşgalabaşylaryň eklenç üçin köp zähmet çekmeli bolýandygyna düşünýär. Süleýmanyň tymsallary 24:27-de: «Daşardaky işiňi gutar; ekin meýdanlaryňy ekişe taýýarla» diýilýär. Emma maşgalanyň ruhy taýdan hem aladasyny etmeli. Injilde aýdylmagyna görä, maşgalabaşylar «çagalaryny, öz öýlerini oňat dolandyrýan adamlar bolmaly» (1 Tim. 3:5, 12). Olar muny nädip edip biler? Süleýmanyň tymsallary 24:3-de: «Öý... düşünje bilen berkarar edilýändir» diýilýär. «Düşünje» diýip terjime edilen ýewreý sözi düşgürligi hem aňladýar.
Düşgürligiň maşgalaňyza nähili peýdasy bar? Düşgürlik — bu bir zada doly akyl ýetirmegi aňladýar. Diýmek, maşgala okuwyna başlamazdan öň, maşgalanyň ýagdaýyny öwrenmeli. Siziň maşgala agzalaryňyz ruhy taýdan ösýärmi? Olar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda ünsli boluň. Olarda nägilelik barmy ýa-da kimdir birinden öýke-kinelimi? Baýlyga kowalaşýarlarmy? Çagalaryňyz siziň bilen wagyzdakalar, deň-duşlaryny görende Ýehowanyň Şaýadydygyna utanýarlarmy? Olar maşgala okuwyny we Mukaddes Ýazgylary okamagy gowy görýärlermi? Olar Ýehowanyň ýoluny durmuşynda wajyp hasaplaýarlarmy? Eger siz ünsli bolsaňyz, onda maşgalabaşy hökmünde, maşgala agzalaryňyzy ruhy taýdan berkitmek we olarda mesihçi häsiýetleri ösdürmek üçin näme etmelidigini bilersiňiz.
«Garawul diňi» we «Oýanyň!» atly žurnallardan maşgalaňyza gerekli makalalary tapyň. Maşgala agzalaryňyz taýýarlanar ýaly, geçjek temaňyzy öňünden aýdyň. Maşgala okuwyny mähirli geçiriň. Hiç kimi oňaýsyz ýagdaýa salmaň, käýemäň, okaýan makalaňyzyň wajyp pikirlerini belläp, onuň peýdasyny görkeziň. Ähli maşgala agzalaryňyzyň gatnaşmagy üçin eliňizde baryny ediň. Olaryň her birine Ýehowanyň Sözüniň «kämildigine» düşünmäge kömek ediň, çünki Hudaýyň Sözünde peýdaly maslahatlar berilýär (Zeb. 19:7).
«Çekseň zähmet, ýagar rähnet»
Ruhy zatlara düşünmeýän adamlar näçe synçy bolsalar-da, Älem-jahany, dünýäde bolýan wakalary, özleri barada öwrenseler-de, olaryň düýp manysyna düşünmeýärler. Emma Hudaýyň Sözüni yzygiderli okaýan adamlar şol zatlary synlap, Hudaýyň elleriniň işini we Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetişini görýärler hem-de gulak asýan adamlara Hudaýyň bereket berjekdigini bilýärler (Mar. 13:4—29; Rim. 1:20; Ylh. 12:12).
Biz şu zatlara düşünýändigimiz üçin ulumsy bolmaly däl. Gaýtam, Hudaýyň Sözüni her gün okasak, bu bize kiçigöwünli bolmaga kömek eder (Kan. tag. 17:18—20). Mukaddes Ýazgylar bizi «günäniň aldawçylygyndan» gorar, sebäbi Hudaýyň Sözi ýüregimizde kök ursa, günäniň özüne çekijidigine garamazdan, oňa hemişe garşy durarys (Ýew. 2:1; 3:13; Kol. 3:5—10). Şonda biz «Rebbe mynasyp ýagdaýda gezip, Ony her babatda hoşnut ederis, her oňat işde miwe bereris» (Kol. 1:10). Biz Hudaýyň Sözüni şeýle maksat bilen öwrensek, sylag alarys.