SUWA ÇÜMDÜRILJEKLER BILEN SÖHBETDEŞLIK
2-nji bölüm. Mesihçileriň durmuşy
Sen Mukaddes Kitapdan okuw geçip, Ýehowanyň niýetine, islegine düşünensiň we Onuň kada-kanunlaryna eýermegi öwrenensiň. Sen durmuşyňy we oňa bolan garaýşyňy bütinleý üýtgedensiň. Indi bolsa Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagy ýüregiňe düwüp, oňa gulluk etmäge taýynsyň.
Şu bölümdäki soraglar Ýehowanyň kada-kanunlaryny we Hudaýy razy edýän mesihçi bolar ýaly nämeleri edip biljekdigiňi ýadyňa salar. Şeýle-de hemme zady Ýehowany şöhratlandyrmak üçin we päk ynsap bilen etmegiň wajypdygyna düşünmäge kömek eder (2 Kor. 1:12; 1 Tim. 1:19; 1 Pet. 3:16, 21).
Sen Ýehowanyň hökümdarlygyna höwes bilen tabyn bolup, onuň guramasynyň agzasy bolmak isleýänsiň. Şu bölümdäki soraglar we aýatlar saňa ýygnakda, maşgalada we döwletiň kanunlaryna tabyn bolmak meselesinde Ýehowanyň ýola goýan tertip-düzgünine dogry düşünýändigiňi anyklamaga kömek eder. Şeýle-de Ýehowanyň gullukçylaryna tälim berip, ruhy taýdan berkidýändigine minnetdarlygyňy has-da artdyrar. Öwrenen zatlaryň ýygnaklara yzygiderli baryp, yhlasly gatnaşmaga höweslendirer.
Şu bölümde hoş habary yzygiderli wagyz etmegiň, adamlara Ýehowany tanatmagyň we onuň edýän ýagşylyklary barada öwretmegiň wajypdygyny bileris (Mat. 24:14; 28:19, 20). Esasanam, özüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmegiň wajyp ädimdigine düşünmäge kömek eder. Ýehowa seni söýýär, sebäbi sen onuň ýagşylygynyň gadyryny bilýärsiň.
1. Mesihçilerden maşgala gurmak babatda näme talap edilýär? Mukaddes Kitaba görä, är-aýal diňe haýsy sebäbe görä aýrylyşyp bilýär?
• «Hudaýyň ilkibaşda erkegi we aýaly ýaradandygyny okamadyňyzmy? Ýa-da onuň: „Erkek adam ene-atasyny goýup, aýaly bilen biriger we ikisi bir beden bolar“ diýenini okamadyňyzmy? Olar iki däl, bir beden. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn... biri zyna etmedik aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna edýändir» (Mat. 19:4—6, 9).
2. Näme üçin nikany kanun taýdan resmileşdirmeli? Eger maşgala guran bolsaň, nikaňy kanun taýdan resmileşdirdiňmi?
• «Olara hökümetlere we häkimiýetlere tabyn bolup, gulak asmagy, her bir oňat işe taýýar bolmagy ýatladyp dur» (Tit. 3:1).
• «Goý, hemmeler maşgala ojagyna hormat goýsun, är-aýal bir-birine ikilik etmesin, sebäbi Hudaý ahlaksyzlyk we zyna edýänleri höküm eder» (Ýew. 13:4).
3. Seniň maşgaladaky borjuň näme?
• «Oglum, ataň terbiýesini kabul et, eneň öwüt-ündewini unutma» (Nak. 1:8).
• «Mesihiň ýygnagyň... başy bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr. Mesihiň ýygnagy söýşi... ýaly, ärler, siz hem aýalyňyzy elmydama söýüň!» (Efes. 5:23, 25).
• «Atalar, çagalaryňyzy gaharlandyrmaň, gaýtam olary Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň» (Efes. 6:4).
• «Çagalar, ene-ataňyza hemişe gulak asyň, sebäbi muny Halypamyz halaýandyr» (Kol. 3:20).
• «Aýallar, siz hem äriňize tabyn boluň» (1 Pet. 3:1).
4. Biz näme üçin ýaşaýşyň gadyryny bilmeli?
• «(Hudaý) adamlara ýaşaýşy, demi we ähli zady özi berýär... biz ol arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris we bardyrys» (Res. 17:25, 28).
5. Biz näme üçin hiç kimi, hatda dünýä inmedik çagany hem öldürmeli däl?
• «Iki adam urşup durka, olaryň biri tötänlikde göwreli aýaly ursa... aýal ýa-da çagasy ölse, onda jan ýerine jan almaly» (2 Mus. 21:22, 23).
• «Ejemiň içinde düwünçekkäm, meni görüpdiň. Beden agzalarym peýda bolmanka, olaryň ählisi hakda, emele geljek günleri barada seniň kitabyňda ýazylandyr» (Zeb. 139:16).
• «Ýehowa alty zady ýigrenýär... bigünä gany dökýän elleri» (Nak. 6:16, 17).
6. Hudaý gan barada nähili tabşyryk berdi?
• «Gandan, haram ölen haýwanlaryň etinden... gaça duruň» (Res. 15:29).
7. Biz näme üçin dogan-uýalary söýmeli?
• «Size täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem biri-biriňizi söýüň. Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýah. 13:34, 35).
8. a) Ýokanç keselli adam näme üçin gujaklaşyp ýa-da ogşaşyp salamlaşmaly däl? b) Myhmançylyga çagyrmasalar näme üçin öýkelemeli däl? ç) Mesihçi özünde ýokanç keseli bardyr ýa-da ýokanç keseli geçendir öýdýän bolsa, maşgala gurmak üçin duşuşyp başlamazdan öň näme üçin ganyny barlatmaly? d) Ýokanç keselli adam suwa çümdürilmezden öň, ýagdaýy hakda näme üçin ýaşulular maslahatynyň koordinatoryna habar bermeli?
• «Siz bir-biriňizi söýmekden başga hiç zatda bergili bolmaň... „ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“... söýýän adam ýakynyna ýamanlyk edýän däldir» (Rim. 13:8—10).
• «Diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň» (Flp. 2:4).
9. Ýehowa näme üçin birek-biregi bagyşlamagymyzy isleýär?
• «Biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamaly» (Kol. 3:13).
10. Eger imandaşyň töhmet atsa ýa-da hilegärlik etse näme etmeli?
• «Eger doganyň saňa garşy günä etse, ikiçäk gepleşip, eden günäsini aýt. Seni diňlese, dogry ýola dolanmaga kömek edersiň. Eger diňlemese, ýanyňa bir ýa-da iki şaýat alyp bar, sebäbi her bir mesele iki ýa üç şaýadyň sözi bilen tassyklanýandyr. Eger olary-da diňlemese, ýygnaga aýt. Eger ýygnagy-da diňlemese, ol seniň üçin keseki ýa-da salgytçy adam ýaly bolsun» (Mat. 18:15—17).
11. Ýehowa aşakdaky günälere nähili garaýar?
▪ Ahlaksyzlyk
▪ Şekillere sygynmak
▪ Gomoseksualizm
▪ Ogurlyk
▪ Humarly oýunlar
▪ Serhoşlyk
• «Özüňizi aldamaň. Ahlaksyzlar, butparazlar, zyna edýänler, azgyn erkekler, beçebazlar, ogrular, açgözler, arakhorlar, sögýänler we talaňçylar Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» (1 Kor. 6:9, 10).
12. Ýanýoldaşyň bolmadyk adam bilen jynsy gatnaşyk etmek we ahlaksyzlygyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly meselelerde näme etmegi ýüregiňe düwdüň?
• «Ahlaksyzlykdan gaçyň!» (1 Kor. 6:18).
13. Näme üçin neşe serişdeleri ýa-da dermanlary keýp üçin ulanmaly däl?
• «Bedeniňizi diri, mukaddes we Hudaýa ýaraýan gurban hökmünde hödürlemegi haýyş edýärin. Şonda akyl-paýhasly bolup, mukaddes gullugy berjaý edip bilersiňiz. Mundan beýläk şu dünýäniň täsirine düşmäň. Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünip, pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň» (Rim. 12:1, 2).
14. Ýehowa jynlar bilen bagly haýsy işleri gadagan edýär?
• «Hiç kim... palçylyk, jadygöýlik, täleýe garamak, porhançylyk bilen meşgullanmasyn. Araňyzda adamlary dogalaýan, jadygöýe ýa bilgije ýüz tutýan, ölüleri çagyrýan adam hem bolmasyn» (5 Mus. 18:10, 11).
15. Agyr günä eden adam Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmek üçin näme etmeli?
• «Günälerimi boýun aldym, olaryň hiç birini gizlemedim. „Ýehowanyň öňünde günämi boýun alaýyn“ diýdim» (Zeb. 32:5).
• «Araňyzda biri syrkawmy? Goý, ol ýygnak ýaşulularyny çagyrsyn. Olar doga edip, Ýehowanyň adyndan syrkawyň başyna ýag çalsynlar. Iman bilen doga edilse, syrkawy sagaldyp bolar, Ýehowa hem syrkawy aýak üstüne galdyrar. Eger günä eden bolsa, günäsi geçiler» (Ýak. 5:14, 15).
16. Dogan-uýalardan biriniň agyr günä edendigini bilseň näme etmeli?
• «Kimde-kim biriniň günä edendigini görse ýa bilse, şaýatlyk etmäge çagyrylsa-da, hiç zat aýtmasa, ol günä edýändir. Munuň üçin jogap bermeli bolar» (3 Mus. 5:1).
17. Mundan beýläk Ýehowanyň Şaýady hasaplanmaýan adam bilen özümizi nähili alyp barmaly?
• «Indi size şuny ýazýaryn: dogan ahlaksyz, açgöz, butparaz, arakhor, talaňçy ýa-da sögýän bolsa, onuň bilen gatnaşmaň, hatda bir saçak başynda-da oturmaň» (1 Kor. 5:11).
• «Eger biri ýanyňyza gelip, şol taglymata görä öwretmese, ony öýüňize salmaň, salam hem bermäň» (2 Ýah. 10).
18. Näme üçin Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşmaly?
• «Paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň, akmak bilen dost bolsaň, zyýan çekersiň» (Nak. 13:20).
• «Aldanmaň! Erbetler bilen gatnaşmak gowy häsiýetleri bozýandyr» (1 Kor. 15:33).
19. Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin syýasata goşulmaýar?
• «Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar hem dünýäden däl» (Ýah. 17:16).
20. Näme üçin häkimiýete tabyn bolmaly?
• «Her bir adam ýokary häkimiýetlere tabyn bolmaly, sebäbi Hudaýdan birugsat häkimiýet ýokdur, olaryň höküm sürmegine Hudaý rugsat berendir» (Rim. 13:1).
21. Eger döwletiň kanuny Hudaýyň kanunyna garşy gelse kime gulak asarsyň?
• «Biz adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» (Res. 5:29).
22. Işe girjek bolanyňda syýasata, dine goşulmazlyga haýsy aýatlar kömek eder?
• «Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, indi söweşmegi öwrenmezler» (Mik. 4:3).
• «Eý halkym, onuň (beýik Wawilonyň) günälerine şärik bolmaz ýaly, başyna injek belalara uçramaz ýaly, ol ýerden çykyň!» (Ylh. 18:4).
23. Dynç aljak bolanyňda nämäni göz öňünde tutmaly?
• «Ýehowa... zorlugy söýýäni ýigrenýär» (Zeb. 11:5).
• «Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň» (Rim. 12:9).
• «Diňe hakyky, wajyp, dogry, päk, söýgä höweslendirýän, ýagşy, öwgä we şöhrata mynasyp zatlar hakda oýlanyň» (Flp. 4:8).
24. Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin başga diniň däp-dessurlaryny berjaý etmeýärler?
• «Siz... hem „Ýehowanyň saçagyndan“, hem jynlaryň saçagyndan iýip bilmersiňiz» (1 Kor. 10:21).
• «Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň. Haram zada el degirmäň!“, „şonda men sizi kabul ederin“» (2 Kor. 6:17).
25. Baýramçylyklara gatnaşmak meselesinde dogry karara gelmäge haýsy prinsipler kömek eder?
• «Milletleriň arasyna garyşyp gitdiler, olaryň däp-dessurlaryny berjaý etdiler. Olaryň butlaryna sežde etdiler, eden işleri olara duzak boldy» (Zeb. 106:35, 36).
• «Ölüler bolsa hiç zat bilmeýär» (Nes. 9:5).
• «Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar hem dünýäden däl» (Ýah. 17:16).
• «Siziň öň haýasyz işler, ahlaksyz höwesler, serhoşlyk, keýpi-sapaly oturylyşyklar, içhä-içişlik, ýigrenji butparazlyk bilen meşgullanyp, şu dünýäniň islegine görä ýaşanyňyz ýeterlikdir» (1 Pet. 4:3).
26. Doglan günleri bellemegiň Ýehowa ýaramaýandygyny Mukaddes Kitapdaky haýsy wakalardan bilýärsiň?
• «Üç günden faraon doglan gününi belläp, emeldarlary üçin meýlis gurnady. Ol baş şerapçy bilen baş çörekçini zyndandan çykaryp, emeldarlarynyň öňüne getirtdi. Faraon baş şerapçyny öňki wezipesine belledi... Baş çörekçini bolsa pürsden asdyrdy» (1 Mus. 40:20—22).
• «Bir gezek Hirodesiň doglan gününde Hirodiýanyň gyzy myhmanlaryň öňünde tans edip, Hirodesiň göwnünden turdy. Şonda Hirodes gyza islän zadyňy bererin diýip ant içdi. Gyz bolsa ejesiniň gepine gidip: „Suwa çümdürýän Ýahýanyň kellesini tabakda getirip ber“ diýdi. Ol türmä adam iberip, Ýahýanyň kellesini kesdirdi» (Mat. 14:6—8, 10).
27. Ýaşulularyň görkezmesine näme üçin eýermek isleýärsiň?
• «Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyň we tabyn boluň. Olar gije-gündiz aladaňyzy edýärler, sebäbi munuň üçin Hudaýyň öňünde hasabat bererler. Olara borjuny ahy-nala bilen däl-de, şatlyk bilen ýerine ýetirmäge kömek ediň, ýogsam size zyýan ýeter» (Ýew. 13:17).
28. Mukaddes Kitaby yzygider öwrenmegiň özüňe we maşgalaňa nähili peýdasy bar?
• «Ol Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýär. Gije-gündiz Hudaýyň kanuny hakda oýlanýar. Ol akar suwuň ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde berýän, ýapragy solmaýan agaç ýaly bolar. Ähli işinde üstünlik gazanar» (Zeb. 1:2, 3).
29. Sen näme üçin ýygnaklara gatnaşmagy we jogap bermegi gowy görýärsiň?
• «Adyňy doganlaryma aýdaryn, ýygnakda seni wasp ederin» (Zeb. 22:22).
• «Geliň, biri-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň. Käbirleri ýaly ýygnaklardan galmagy endik edinmäliň, gaýtam ol günüň golaýlaşýandygyny görüp, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň» (Ýew. 10:24, 25).
30. Isa nähili ýumuş tabşyrdy?
• «Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň. Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» (Mat. 28:19, 20).
31. Nähili niýet bilen pul sadakasyny bersek ýa-da dogan-uýalara kömek etsek Ýehowa begener?
• «Ýehowany sylap, mal-mülküňden... sadaka ber» (Nak. 3:9).
• «Goý, her kim göwünli-göwünsiz ýa-da mejburlyk bilen däl-de, göwnünden çykaran zadyny bersin, sebäbi Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir» (2 Kor. 9:7).
32. Mesihçiler nähili kynçylyklara duş gelip biler?
• «Dogruçyllyk üçin yzarlanýan adamlar bagtlydyr, sebäbi gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr. Meniň adym üçin size sögenlerinde, yzarlanlarynda, her hili ýalan we erbet sözleri aýdanlarynda bagtlysyňyz. Şatlanyň, begeniň, sebäbi gökdäki sylagyňyz uludyr. Sizden öň ýaşan pygamberler-de şeýle yzarlandylar» (Mat. 5:10—12).
33. Suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady bolmak näme üçin uly hormat?
• «Sözüň maňa şatlyk berdi, ýüregim begençden doldy... Ýehowa, men seniň adyňy göterýärin» (Ýer. 15:16).