Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wt bap 4 sah. 32—40
  • Ol barada ähli pygamberler güwä geçýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ol barada ähli pygamberler güwä geçýär
  • Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Pygamberliklerden nämeleri bilýäris?
  • Mesihe iman ediň
  • Hudaý adamzady halas etmek üçin näme etdi?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Isa Mesih kim?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
wt bap 4 sah. 32—40

Dördünji bap

Ol barada ähli pygamberler güwä geçýär

1. Isanyň ynsan bolmazyndan öňki ýaşaýşyndan Ýehowa bilen gatnaşygy barada näme diýse bolýar?

«ATA Ogly söýýär, ähli edýän zatlaryny oňa görkezýär» (Ýahýa 5:20). Şu sözler Ogul bilen Atasy Ýehowanyň arasynda mähirli gatnaşygyň bardygyny aňladanokmy? Ogul ynsan bolup dogulmazyndan milliardlarça ýyl öň ýaradylypdy, şonda bu gatnaşyklar berkäp başlapdy. Ol Hudaýyň ýeke-täk Ogly, ýagny ony Ýehowanyň hut özi ýaratdy. Gökdäki we ýerdäki başga ähli zatlar ilkinji doglan söýgüli Ogul arkaly ýaradyldy (Koloseliler 1:15, 16). Şeýle-de ol Hudaýyň Sözüdi, ýagny Hudaýyň islegini başgalara ýetirýän Wekildi. Hudaýyň begenji bolan bu Ogul ýere Isa Mesih ady bilen geldi (Süleýmanyň tymsallary 8:22—30; Ýahýa 1:14, 18; 12:49, 50).

2. Mukaddes Ýazgylarda Isa barada näçeräk pygamberlikler aýdylýar?

2 Ýalňyz Ogul gudrat bilen ynsan bolup dogulmazyndan öň, ol barada ençeme pygamberlikler ýazyldy. Kornelius bilen gürleşende Petrus resul şeýle diýdi: «[Ol barada] ähli pygamberler güwä geçýär» (Resullaryň işleri 10:43). Ýazgylarda Isa barada şeýle köp ýazylypdyr welin, perişde Ýahýa resula şeýle diýdi: «Isa güwälik pygamberlik ruhudyr [ýagny pygamberlikleriň asyl maksady]» (Ylham 19:10). Şol pygamberlikler Isanyň Mesihdigini anyk görkezýär. Olarda Hudaýyň niýetinde etmeli dürli işlerine üns berilýär. Elbetde, bularyň ählisi bizi gyzyklandyrýar.

Pygamberliklerden nämeleri bilýäris?

3. a) Barlyk 3:15-däki ýylan, «aýal» we ýylanyň nesli kimi aňladýar? b) Ýylanyň başynyň tokmaklanmagy Ýehowanyň gullukçylaryny näme üçin gyzyklandyrýar?

3 Ilkinji pygamberlik Erem bagyndaky pitneden soň aýdyldy. Ýehowa ýylana şeýle diýdi: «Sen bilen aýalyň arasyna, seniň nesliň bilen onuň nesliniň arasyna duşmanlyk salaryn; ol seniň başyňy tokmaklar, sen hem onuň topugyny tokmaklarsyň» (Barlyk 3:15). Bu pygamberlik ýylana, ýagny Şeýtana aýdyldy. «Aýal» — Ýehowanyň gökdäki wepaly guramasy bolup, wepaly aýal bilen deňeşdirilýär. Ýylanyň nesli Şeýtana eýerýän hem-de Ýehowa we onuň halkyna garşy çykýan perişdeleri we adamlary aňladýar. Ýylanyň başyny tokmaklamak diýmek, Şeýtanyň bütinleý ýok ediljegini aňladýar, sebäbi ol Hudaýa töhmet atyp, adamzady bolsa uly betbagtçylyga salan pitneçi. Ýöne tokmagy saljak esasy «nesli» nädip tanap bolarka? Bu birnäçe asyrlap «mukaddes syr» bolupdy (Rimliler 16:20, 25, 26, TD).

4. Isanyň wada edilen Nesildigine düşünmäge nesil şejeresi nädip kömek edýär?

4 Takmynan 2000 ýyl geçenden soň, Ýehowa galan zatlary jikme-jik açdy. Bu nesil Ybraýymyň neberesinden bolmalydy (Barlyk 22:15—18). Emma Nesliň kimiň neberesinden geljekdigi aslynyň kimligine däl-de, eýsem, Ýehowanyň saýlaýşyna baglydy. Ybraýym Hajardan bolan Ysmaýyl atly ogluny söýse-de, Ýehowa şeýle diýdi: «Saranyň saňa dogurjagy Yshak bilen öz ähtimi berkarar ederin» (Barlyk 17:18—21). Soňra Ýehowa bu wadasyny tassyklady. Ol Yshagyň Esaw atly ilkinji ogly bilen däl-de, Ýakup atly ogly bilen äht baglaşdy. Şol oglundan Ysraýylyň 12 taýpasy gelip çykdy (Barlyk 28:10—14). Wagtyň geçmegi bilen, Nesliň Ýahuda taýpasyndan, Dawudyň maşgalasynda doguljagy aýan boldy (Barlyk 49:10; 1 Taryhlar 17:3, 4, 11—14).

5. Ýerdäki gullugy başlanda Isanyň Mesihdigi nämeden aýan boldy?

5 Nesli tanamaga ýene näme kömek edýär? Mukaddes Ýazgylar Nesliň ynsan bolup Beýtullaham diýen ýerde doguljagyny 700 ýyl öňünden aýtdy. Onsoňam, Nesliň «ebedilikden», gökde ýaradylandan bäri bardygyny aýan etdi (Mika 5:2). Daniýel pygamberiň üsti bilen onuň ýer ýüzünde Mesih boljak wagty hem öňünden anyk aýdyldy (Daniýel 9:24—26). Isa mukaddes ruh bilen bellenip, Ýehowanyň Mesihi bolanda, gökden hut Hudaýyň sesi eşidilip, öz Ogludygyna güwä geçdi (Matta 3:16, 17). Nesliň kimdigi belli boldy! Şonuň üçin Filipus ynamly şeýle diýdi: «Biz Musanyň kanunynda, pygamberleriň ýazgysynda ýazylan... Isany tapdyk» (Ýahýa 1:45).

6. a) Luka 24:27-ä laýyklykda Isanyň şägirtleri nämä düşündiler? b) «Aýalyň nesli» esasan kim we ýylanyň başyny tokmaklamak näme aňladýar?

6 Soňra Isanyň şägirtleri Mukaddes Ýazgylarda oňa degişli köp pygamberlikleriň bardygyny bildiler (Luka 24:27). Şeýle-de, ýylanyň başyny tokmaklajak, ýagny Şeýtany ýok etjek «aýalyň nesliniň» esasan Isadygy düşnükli boldy. Hudaýyň adamzada beren ähli wadasy we biziň çyn ýürekden garaşýan ähli zadymyz Isa arkaly ýerine ýeter (2 Korintoslylar 1:20).

7. Pygamberlikde kim barada aýdylýandygyna düşünip, nämä göz ýetirmek wajyp?

7 Bular baradaky bilim bize nähili täsir etmeli? Injilde hebeşli wezir barada gürrüň berilýär. Ol geljekki Halasgär Mesih barada şol pygamberlikleriň käbirini okapdyr. Ol düşünmän Filipus atly hoş habarçydan soraýar: «Pygamber muny kim hakda aýdýar?» Ol jogabyny bilmek ýeterlikdir öýtmedi. Filipusyň düşündirişini ünsli diňläp, pygamberligiň manysyna düşünen adamyň hem öz tarapyndan bir zatlar etmelidigine göz ýetirdi. Ol suwda çokundyrylmalydygyna düşündi (Resullaryň işleri 8:32—38; Işaýa 53:3—9). Biz hem onuň göreldesine eýerýärismi?

8. a) Ybraýymyň ogluny gurban etjek bolşy näme aňladýar? b) Ýehowa Ybraýyma näme üçin «bütin milletler seniň nesliňden bereket tapar» diýdi we biz mundan näme öwrenip bileris?

8 Ybraýymyň Saradan bolan Yshak atly ýeke-täk ogluny gurban etjek bolşy baradaky tolgundyryjy hekaýany ýada salalyň (Barlyk 22:1—18). Bu Ýehowanyň etjek işini, ýagny ýeke-täk Ogluny gurban etjegini aňladýar: «Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16). Ýehowa niýetini ýerine ýetirmek üçin ýeke-täk Ogluny gaýgyrmadyk bolsa, onda «bize bar zady nähili bagyşlamaz?» (Rimliler 8:32). Eýsem, biz näme etmeli? Barlyk 22:18-de aýdylyşy ýaly, Ýehowa Ybraýyma: «Bütin milletler nesliňden bereket tapar» diýdi, sebäbi Ybraýym Hudaýyň «sözüne gulak asýardy». Biz hem Ýehowa we Ogluna gulak asmaly: «Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Hudaýyň gazabyna sezewar bolar» (Ýahýa 3:36).

9. Isanyň töleg gurbany arkaly beriljek ebedi ýaşaýşa minnetdar bolsak, nämeler ederis?

9 Eger-de biz Isanyň töleg gurbany arkaly beriljek ebedi ýaşaýşa minnetdar bolsak, Ýehowanyň ol arkaly tabşyran zatlaryny ýerine ýetireris. Bu Hudaýy we ýakynymyzy söýýändigimizi aňladýar (Matta 22:37—39). Isanyň aýdyşy ýaly, Ýehowa bolan söýgi onuň bize «tabşyran ähli zatlaryny berjaý etmegi» adamlara öwretmäge höweslendirer (Matta 28:19, 20). Şeýle hem Ýehowanyň beýleki gullukçylaryny-da söýgimiz artyp, «ýygnanyşyga» yzygiderli gatnaşarys (Ýewreýlere 10:25; Galatýalylar 6:10). Ýehowa we Ogluna gulak asaňda, olar bizden kämillige garaşýandyrlar diýip pikir etmeli däl. Ýewreýler 4:15-de Isa Baş ruhany hökmünde «ejizliklerimize gynanyp bilýär» diýilýär. Ejizlikleriňi ýeňmek üçin Isa Mesih arkaly Hudaýa doga edeňde, dogrudan-da, teselli berýär! (Matta 6:12).

Mesihe iman ediň

10. Näme üçin Isa Mesihden başga hiç kimde gutulyş ýok?

10 Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň Isada ýerine ýetişini ýehudylaryň Iýerusalimdäki ýokary kazyýetine düşündirip, Petrus resul sözüni şeýle jemledi: «Başga hiç kimde gutulyş ýokdur; biz ol arkaly gutular ýaly, gök astynda ynsanlara berlen gaýry at ýokdur» (Resullaryň işleri 4:12). Adam atanyň nesli günäli bolany üçin, olaryň ölüminiň hiç hili gymmaty ýok — hiç kimiň günäsini ýuwup bilmeýär. Emma Isa kämildi, onuň jany günäni ýuwup bilýär (Zebur 49:6—9; Ýewreýler 2:9). Ol Hudaýa Adam atanyň ýitiren kämil janyna derek, birkemsiz laýyk gelýän töleg berdi (1 Timoteos 2:5, 6). Bu bize Hudaýyň täze dünýäsinde boljak ebedi ýaşaýşa ýol açdy.

11. Isanyň töleg gurbanynyň peýdasyny düşündiriň.

11 Isa Mesihiň töleg gurbany häzir hem bize peýda berýär. Meselem, şol arkaly biziň, günäli adamlaryň, günäsi ötülip, sap ynsaply bolup bilýäris. Ysraýyllylar muny Musanyň kanuny boýunça mallary gurban edip gazanyp bilmediler (Resullaryň işleri 13:38, 39; Ýewreýler 9:13, 14; 10:21). Emma günäleriň ötülmegi üçin Mesihiň töleg gurbanyna diýseň mätäçdigimize düşünmeli: «Günälerimiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur. Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar» (1 Ýahýa 1:8, 9).

12. Hudaýyň öňünde sap ynsaply bolmak isleseň, näme üçin suwa çümdürilmeli?

12 Günäli adamlar nädip Mesihe we onuň gurbanyna iman edip biler? Birinji asyrda iman eden adamlar muny köpçülige görkezdiler. Nädip? Olar suwda çokundyryldy. Näme üçin şeýle etdiler? Sebäbi Isa şägirtlerine suwda çokundyrylmagy buýurdy (Matta 28:19, 20; Resullaryň işleri 8:12; 18:8). Eger-de bir kişi Ýehowanyň Isa arkaly beren söýgüli sowgadyna minnetdar bolsa, gerekli ädimleri äder. Ol durmuşyny üýtgeder, dogada Hudaýa özüni bagyşlap, muny suwa çümdürilip görkezer. Şeýdip imanyny görkezip, ol adam Hudaýdan «päk ynsap» soraýar diýse bolar (1 Petrus 3:21).

13. Günä etsek, näme etmeli we näme üçin?

13 Ýöne şondan soň hem günäli höwesler ýüze çykyp durýar. Şonda näme etmeli? Ýahýa resul şeýle diýdi: «Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Kimdir biri günä eden bolsa, Atanyň ýanynda Töwellaçymyz, dogry bolan Isa Mesih bardyr. Ol günälerimize... bagyşlanma gazandyran gurbandyr» (1 Ýahýa 2:1, 2). Nähili günä etsek-de, Hudaýa bagyşla diýip doga etsek, ähli zady bagyşlarmy? Ýok. Günämiziň bagyşlanmagy üçin ýürekden toba etmeli. Mümkin, ulularyň we mesihi ýygnagyň tejribeli agzalarynyň kömegi gerek bolar. Nädogry iş edendigimizi boýun almaly we bolan zat barada ökünip, gaýtalamazlyga jan etmeli (Resullaryň işleri 3:19; Ýakup 5:13—16). Şonda Isanyň kömek etjekdigine we Ýehowanyň merhemetini gazanjakdygymyza ynanyp bileris.

14. a) Isanyň töleg gurbanynyň nähili wajyp peýdasynyň bardygyny düşündiriň. b) Imanymyz bolsa, biz näme ederis?

14 Isanyň töleg gurbany «kiçijik sürä», ýagny Barlyk 3:15-de aýdylan aýalyň nesliniň galan agzalaryna-da gökdäki ebedi ýaşaýşa ýol açdy (Luka 12:32; Galatýalylar 3:26—29). Millionlarça başga adamlara bolsa, ýerdäki Jennetde boljak ebedi ýaşaýşa ýol açdy (Zebur 37:29; Ylham 20:11, 12; 21:3, 4). Ebedi ýaşaýyş — bu, «Rebbimiz Mesih Isada... Hudaýyň sylagydyr» (Rimliler 6:23; Efesliler 2:8—10). Bu sowgada iman edip, nädip berlendigine minnetdar bolsak, onda biz muny iş ýüzünde görkezeris. Ýehowanyň niýetinde Isanyň eden ajaýyp işlerine göz ýetirip, onuň yzyna eýermegiň zerurdygyna düşünsek, Hudaýa gulluk durmuşymyzda iň wajyp işleriň biri bolar. Hudaýyň ajaýyp sowgady barada adamlara ynamly gürrüň bersek, imanymyzyň berkdigini subut ederis (Resullaryň işleri 20:24).

15. Isa Mesihe iman bize agzybir bolmaga nädip kömek edýär?

15 Iman bize agzybir bolmaga kömek edýär! Şol arkaly biz Ýehowa, Ogluna we mesihi ýygnakda birek-birege ýakynlaşýarys (1 Ýahýa 3:23, 24). Ýehowa mähir bilen Ogluna «[Hudaýyň adyndan başga] ähli atdan belent ady berdi. Ol muny gökdäkileriň, ýerdäkileriň we ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin, her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etsin diýip edendigine» begenýäris (Filipililer 2:9—11).

Gaýtalamak üçin soraglar

• Mesih gelende, Hudaýyň Sözüne hakykatdan ynanýan adamlar ony nädip anyk tanap bildiler?

• Isa Mesihiň töleg gurbanyna nädip minnetdar bolup bileris?

• Isanyň töleg gurbany häzir hem nähili peýda berýär? Günäleriň bagyşlanmagy barada doga edeňde, Ýehowa nädip kömek edýär?

[36-njy sahypadaky surat]

Isa şägirtlerine Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmegi adamlara öwretmegi tabşyrdy

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş