Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hudaý «sadakalaryny kabul etdi»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • Habylyň göreldesi

      10. Habyl Hudaýa arassa sežde edýändigini nädip görkezdi?

      10 Habyl sadakany diňe Ýehowa bermelidigini bilýärdi. Şonuň üçin hem Habyl «sürüsinde ilkinji doglan guzularyň» iň gowusyny Ýehowa gurban berdi. Biz onuň sadakasyny gurbanlyk ojagynda beren-bermändigini anyk bilmesek-de, sadaka berişiniň Hudaýa ýarandygyny bilýäris. Alla Habylyň niýetiniň gowy bolandygy üçin gurbanlygyny kabul edipdi. Şondan bäri 6 000 ýyl geçse-de, onuň göreldesinden köp zatlary öwrenýäris. Habyl Hudaýa iman edýändigi we Ýehowanyň adyl kada-kanunlaryny söýýändigi üçin sadaka beripdi. Muny nireden bilýäris?

      Habyl Ýehowa gurbanlyk berýär. Arkasynda Erem bagyny goraýan keruplar dur.

      Habyl arassa seždäniň dört talabyny berjaý etdi (10-njy abzasa serediň)

      11. Isa Habyla näme üçin dogruçyl adam diýdi?

      11 Birinjiden, Isa Habylyň nähili adam bolandygyny aýdypdy. Ol Habylyň ýaşan döwri gökdedi. Isa Adam atanyň ogly Habyla üns berendir, ony gowy tanandyr (Nak. 8:22, 30, 31; Ýah. 8:58; Kol. 1:15, 16). Şol sebäpli onuň dogruçyl adam bolandygyny ynamly aýtdy (Mat. 23:35). Dogruçyl adam nämäniň ýagşy-ýamandygyny diňe Ýehowanyň çözüp bilýändigine düşünýär. Ol muňa diňe bir düşünmän, Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýar (Luka 1:5, 6-njy aýatlary deňeşdiriň). Adam bir günde dogruçyl hasaplanyp bilmeýär. Habyl hem Hudaýa gurban bermezden öň, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşan bolmaly. Ýöne muny etmek aňsat düşen däldir. Zalym agasy Kabyl oňa gowy görelde görkezmeýärdi (1 Ýah. 3:12). Ejesi Ýehowanyň beren tabşyrygyna gulak asmady. Kakasy bolsa ýagşy-ýamany özi çözmek isläp, Ýehowa garşy çykdy (1 Mus. 2:16, 17; 3:6). Habyl maşgalasyndakylara meňzemän, dogry ýoly saýlady. Dogrudanam, oňa batyrgaýlyk gerek bolandyr.

      12. Habyl agasyndan nämede tapawutlanýardy?

      12 Ikinjiden, Pawlus resul iman häsiýetini dogruçyllyk bilen baglanyşdyrdy. Ol şeýle ýazdy: «Habyl Hudaýa iman edendigi üçin Kabyldan has gowy gurbanlyk berdi. Ol imany arkaly dogruçyl hasaplandy» (Ýew. 11:4). Pawlusyň sözlerinden Habylyň agasyna meňzemändigini bilýäris. Ol bütin ömrüne Ýehowa we onuň eden işlerine ýürekden iman etdi.

      13. Biz Habyldan näme öwrenýäris?

      13 Habylyň göreldesi Hudaýa arassa sežde edeniňde niýetiň dogry bolmalydygyny görkezýär. Munuň üçin Ýehowa ýürekden iman edip, onuň adyl kada-kanunlaryny dogry hasaplamaly. Şeýle-de Hudaýa arassa sežde etmek üçin bir gezek wepaly bolmak ýeterlik däl eken. Biz ömürboýy Hudaýa wepaly bolmaly.

  • Hudaý «sadakalaryny kabul etdi»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş