- 
	                        
            
            Ýaşaýyş nädip döredi?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
- 
                            - 
                                        3. Hudaý adamlary nädip üýtgeşik edip ýaratdy?Ýehowa ýeri ýaradansoň, ösümlikleri we haýwanlary ýaratdy. Soňra Hudaý «özüne meňzeş edip ynsan ýaratdy» (1 Musa 1:27-ni oka). Ýaradylan zatlaryň içinde näme üçin adamlar iň üýtgeşigi? Hudaý bizi özüne meňzeş edip ýaradandygy üçin, bizde-de söýgi, adalatlylyk ýaly häsiýetler bar. Şeýle-de biz dil öwrenip, tebigaty synlap, saz diňläp lezzet alyp bilýäris. Ýaradylan zatlaryň içinde diňe adamlar Hudaýa sežde edip bilýär. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Ýaşaýyş nädip döredi?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
- 
                            - 
                                        5. Mukaddes Kitapda ýaradylyş barada aýdylýar1 Musa 1-nji bapda ýeriň we ondaky zatlaryň nädip ýaradylandygy düşündirilýär. Munuň erteki däl-de, hakykatdygyna ynansa bolarmy? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň. - Mukaddes Kitaba görä, ýer şary we janly-jandarlar göni manyda 6 günde ýaradyldymy? 
- Mukaddes Kitapdaky ýaradylyş barada aýdylanlar dogrumy? Näme üçin? 
 1 Musa 1:1-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň. - Alymlar älem-jahanyň öz-özünden döremändigini aýdýarlar. Olaryň aýdýanlary okan sözleriňe gabat gelýärmi? 
 Käbir adamlar Hudaý ilkibaşda kiçijik öýjük ýaratdy, galan janly-jandarlar bolsa şondan emele geldi diýýärler. 1 Musa 1:21, 25, 27-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň. - Mukaddes Kitapda Hudaý başda ýönekeý jandarlary ýaradypdyr, soňra olardan balyklar, süýrenijiler, süýdemdirijiler gelip çykypdyr, iň soňunda bolsa, adam emele gelipdir diýip öwredilýärmi? Ýa-da Hudaý olaryň her birini aýratynlykda ýaratdymy? 
 
 
-