Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
    Durmuş we wagyz. Okuw depderi — 2020 | mart
    • Bir gezek öýlän Rebeka küýzelerini suwdan dolduryp, gitjek bolup durka, onuň ýanyna bir ýaşuly gelýär. Ýaşuly pespällik we sypaýyçylyk bilen oňa: «Gyzym, küýzäňden bir owurt suw içäýin» diýdi. Rebeka ýaşulynyň uzak ýoly söküp gelýändigini görüpdi. Rebeka haýal etmän egnindäki küýzesini düşürip, ýaşula bir owurt suw däl-de, guýudan ýaňy alnan sowujak suwdan berdi. Şeýle-de aňyrrakda 10 sany düýäniň ýatandygyny we suwa ýakylmandygyny gördi. Rebeka nätanyş ýaşulynyň özüni ünsli synlaýandygyny gören bolmaly we jomartlygyny hasam görkezmek isledi. Şonda ol: «Indi guýudan suw çekip, düýeleriňizi hem suwa ýakaýyn» diýdi (1 Musa 24:17—19).

      Rebeka 10 düýä diňe bir suw bermän, eýsem, olar doly doýýança suwa ýakdy. Adatça, bir düýe gaty suwsasa, 100 litre golaý suw içýär. Eger 10 düýäniň hemmesi-de suwsan bolsa, Rebeka birnäçe sagadyň dowamynda suw daşamaly bolardy. Ýöne düýeler onçakly suwsamadyk bolmaly. Rebeka olaryň suwsamandygyny bilýärdimi? Ýok. Ýöne ol näme bolaýanda-da, nätanyş ýaşula myhmansöýerlik görkezmek üçin yhlasly işledi. Ýaşuly onuň teklibini kabul etdi. Rebeka guýudan gaýta-gaýta suw çekip, düýeleriň hemmesini suwa ýakyp ýörkä, ýaşuly ony ünsli synlap oturdy (1 Musa 24:20, 21).

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
    Durmuş we wagyz. Okuw depderi — 2020 | mart
    • Eýýäm garaňkyrap ugrapdy. Mukaddes Kitapda Rebekanyň birnäçe sagadyň dowamynda düýeleri suwa ýakandygy hakda hiç zat aýdylmaýar. Şeýle-de Rebeka öýüne gelende, maşgalasynyň ýatandygy we köp wagt eglenendigi üçin yzyndan kimdir biriniň gelendigi hakda-da gürrüň berilmeýär.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş