-
Hudaýyň dynçlygy näme?Garawul diňi — 2011 | 15 iýul
-
-
1, 2. Biz Gelip çykyş 2:3-den näme öwrenýäris? Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
GELIP ÇYKYŞ kitabynyň ilkinji babyndan bilşimiz ýaly, Hudaý alty günüň dowamynda ýer ýüzüni adamlaryň ýaşamagy üçin taýýarlady. Her bir gün 24 sagady däl-de, has-da uzak döwri öz içine alýar. Töwratda her günüň soňunda: «Gije geçip, daň atdy» diýilýär (Gel. çyk. 1:5, 8, 13, 19, 23, 31). Ýöne ýedinji gün başga günlerden tapawutlanýardy. Mukaddes Ýazgylarda şol gün barada şeýle diýilýär: «Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde mukaddes etdi, çünki Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy» (Gel. çyk. 2:3).
2 Gelip çykyş kitabynda «Hudaý dynç aldy» diýilmegi Hudaýyň şol wagt hem dynç alandygyny görkezýär. Diýmek, Musa pygamber b. e. öň 1513-nji ýylda «Gelip çykyş» kitabyny ýazanda-da, Hudaý dynç alýardy. Soňra Mukaddes Ýazgylarda Hudaý adamlaryň onuň dynçlygyna girip biljekdigini aýdýar. Eýsem, Hudaý häzirem dynç alýarmy? Eger ol häzirem dynç alýan bolsa, onda biz onuň dynçlygyna nädip girip bileris? Bize şu soraglaryň jogabyny bilmek örän wajyp.
-
-
Hudaýyň dynçlygy näme?Garawul diňi — 2011 | 15 iýul
-
-
5. Ýehowa ýedinji gün näme etmekçi? Hudaý niýetini haçan amala aşyrar?
5 Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, Ýehowanyň ýedinji güni aýratyn maksat üçin saýlandygyny ýatlalyň. Gelip çykyş 2:3-de şeýle diýilýär: «Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde mukaddes etdi». Ýehowa şol güni ýer babatdaky niýetini tamamlamak üçin mukaddes etdi. Ol gulak asýan adamlaryň hemmesiniň ýer ýüzünde ýaşamagyny we ondaky ähli zatlaryň aladasyny etmegini isleýär (Gel. çyk. 1:28). Ýehowa Hudaý we «Sabat gününiň Rebbi» Isa Mesih Hudaýyň ýer babatdaky niýetini amala aşyrmak üçin «henize çenli işläp ýör» (Mat. 12:8). Diýmek, Hudaý niýetini amala aşyrýança, dynç güni dowam eder. Ol Isa Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda tamamlanar.
-