Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Soňky duşman ölüm ýok ediler
    Garawul diňi — 2014 | 15 sentýabr
    • 3, 4. a) Hudaý Adam ata bilen How enä nähili tabşyryk berdi? b) Şol tabşyryga gulak asmak näme üçin wajypdy?

      3 Adam ata bilen How enä ebedi ýaşaýyş berlen bolsa-da, olar ýaşamak üçin dem almalydy, iýip-içmelidi we uklamalydy. Emma olaryň ýaşaýşy, esasanam, ýaşaýşyň Gözbaşy Ýehowa bilen gatnaşygyna baglydy (Kan. tag. 8:3). Olar Hudaýyň berýän görkezmesine eýerseler, durmuşdan lezzet alyp ýaşardylar. Ýehowa How enäni ýaratmazdan öň, Adam ata şeýle tabşyryk berdi: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň. Ýöne sen ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň» (Gel. çyk. 2:16, 17).

      4 «Ýagşy-ýamany saýgaryş daragty» nämäniň ýagşydygyny we ýamandygyny aýtmaga Hudaýyň haklydygyny görkezýärdi. Elbetde, Adam ata hem ýagşy-ýamany saýgaryp bilýärdi. Sebäbi ol Hudaýyň keşbinde ýaradyldy we onuň ynsaby bardy. Emma bu agaç Adam ata bilen How enä hemişe Hudaýyň görkezmesine mätäçdigini ýatladýardy. Eger olar ondan iýseler, Hudaýa: «Biz seniň hökümdarlygyňa mätäç däl» diýdigi bolardy. Netijede, Hudaýyň duýduryşy ýaly, olaryň özleri hem çagalary ölerdi.

  • Soňky duşman ölüm ýok ediler
    Garawul diňi — 2014 | 15 sentýabr
    • 7 Hudaý Adam ata: «(Ýagşy-ýamany saýgaryş daragtyndan) iýen günüň sen hökman ölersiň» diýipdi. Belki-de, Adam ata şol «güne» 24 sagatlyk gündir öýdendir. Şol sebäpli ol gün batmanka ölerin diýip pikir eden bolmaly. Şol gün «salkyn aralaşanda», Ýehowa Adam ata we How ene bilen gepleşdi (Gel. çyk. 3:8). Ol adalatly Kazy hökmünde, ilki, olary diňledi (Gel. çyk. 3:9—13). Soňra ol bu jenaýatçylara çykaran hökümini aýtdy (Gel. çyk. 3:14—19). Eger Hudaý olary derrew öldüren bolsa, Onuň ynsanlar babatda niýeti amala aşmazdy (Iş. 55:11). Günä Adam ata bilen How enä derrew täsir edip başlasa-da, Ýehowa olara nesil öndürmek üçin ýeterlikli wagt berdi. Sebäbi Hudaý olaryň nesline gowy gelejek bermek isleýärdi. Ýehowanyň nazarynda Adam ata bilen How ene günä eden güni ölüpdi. Dogrudan-da, olar şol «gün», ýagny müň ýyl dolmanka öldüler (2 Pet. 3:8).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş