Bäşinji bap
Ýehowa sežde edýänleriň erkinligi
1, 2. a) Hudaý Adam ata bilen How enä nähili erkinlik berdi? b) Adam ata bilen How enäniň etmeli işini kesgitleýän käbir kanunlary aýdyp beriň.
ÝEHOWA Adam ata bilen How enäni erkin edip ýaratdy. Adamzadyň häzirki erkinligini olaryň erkinligi bilen deňäp bolmaz. Olaryň öýi Jennetdi, ajaýyp Erem bagydy. Olar akyl we beden taýdan kämildi, şol sebäpli hiç haçan kesellemän, şatlanyp ýaşamalydylar. Olar ölmeli däldiler. Onsoňam, olar robot däldi, olaryň erk azatlygy bardy, ýagny özleri karara gelip bilýärdiler. Emma mundan beýläk-de şeýle erkin bolmak üçin, olar Hudaýyň kanunyna hormat goýmalydylar.
2 Mysal hökmünde, Hudaýyň fiziki kanunlaryny alyp göreliň. Hawa, şol kanunlary ýazmak hökman däldi, sebäbi Adam ata bilen How ene şeýle ýaradylypdylar welin, olary ýerine ýetirmek üçin hatda oýlanmaýardylar. Şeýlelikde, olar ajyksalar iýýärdiler, suwsasalar suw içýärdiler, gün batsa ýatmalydygyny bilýärdiler. Üstesine-de, Ýehowa olara iş tabşyrdy. Bu tabşyryga kanun diýse bolar, sebäbi olaryň etmeli işini kesgitleýärdi. Adam ata bilen How ene çaga döretmelidiler, ýer ýüzündäki her hili janly-žandara hökümdarlyk edip, tutuş ýer ýüzüni Jennete öwürmelidiler (Barlyk 1:28; 2:15). Gör, nähili ajaýyp hem peýdaly kanun! Hudaýyň beren işinden Adam ata bilen How ene lezzet alýardy, ýagşylyk edip, ukyplaryny doly ulanyp bilýärdiler. Şeýle-de, olarda ýeterlik erkinlik bolup, bu tabşyrygy nädip ýerine ýetirmelidigini özleri çözüp bilýärdiler. Şu zatlaryň bolup-da, başga näme gerekdi?
3. Adam ata bilen How ene karara gelende, erkinligini nädip paýhasly ulanyp bilerdiler?
3 Elbetde, Adam ata bilen How enäniň özbaşdak gelen karary hemişe dogry bolmazdy. Olar karary erkin kabul edip bilseler-de, Hudaýyň kada-kanunlaryny bozmaly däldiler. Adam ata bilen How ene şol kada-kanunlary nädip bilmelidiler? Ýaradyja gulak asyp, onuň ýaradan zatlaryna syn etmelidiler. Hudaý Adam ata bilen How enä akyl-paýhas berdi, şonuň üçin olar bilimi durmuşynda ulanyp bilýärdiler. Olar kämil edip ýaradylypdy, diýmek, bir karara gelende Hudaýyň häsiýetlerini görkezmek olara mahsusdy. Hudaýyň eden ýagşylygynyň gadyryny bilip, ony razy etmek isleýän bolsadylar, onda olar hemişe şu zatlary etjek bolup, gaýrat ederdiler (Barlyk 1:26, 27; Ýahýa 8:29).
4. a) Bir agajyň miwesinden iýmeli däl diýen tabşyryk, Adam ata bilen How enäni erkinlikden mahrum edýärdimi? b) Bu näme üçin adalatlydy?
4 Hudaý Adam ata bilen How enäniň wepalylygyny we erkinligi ulanyşyny barlamaga haklydy, sebäbi olara ýaşaýyş berdi. Ýehowa Adam ata tabşyryp diýdi: «Bagyň her agajyndan gaýgysyz iýiber; ýöne welin ýagşylygy we ýamanlygy bilme agajyndan iýme; çünki ondan iýen günüň hökman ölersiň» (Barlyk 2:16, 17). Hudaý bu kanuny How enäni ýaradanda hem aýdypdy (Barlyk 3:2, 3). Bu çäk olary erkinlikden mahrum edýärmidi? Elbetde, ýok. Ol ýerde tagamly, her hili ir-iýmişler bardy, ýöne diňe birje agajyň miwesinden iýmeli däldiler (Barlyk 2:8, 9). Olar Ýeriň Hudaýyňkydygyny boýun almalydylar, çünki bu adalatlydy, sebäbi Ýeri Hudaý ýaratdy. Şonuň üçin kanun bermäge-de haklydy. Şol kanunlar Ýehowanyň islegine laýyk gelip, adamlara peýdalydy (Zebur 24:1, 10).
5. a) Adam ata bilen How ene erkinligini nädip elden gidirdiler? b) Adam ata bilen How ene erkinlige derek näme aldylar we bu bize nähili täsir etdi?
5 Ýöne näme boldy? Nebsewür hem şöhratparaz bir perişde erk azatlygyny nädogry ulanyp, Şeýtan, ýagny «Duşman» boldy. Ol Hudaýyň islegine garşy gelýän zady wada berip, How enäni aldady (Barlyk 3:4, 5). How ene Hudaýyň kanunyny bozdy, Adam ata-da oňa goşuldy. Adam ata bilen How ene özlerine degişli däl zady alyp, erkinligini ýitirdi. Şeýdip, olaryň üstünden ölüm höküm sürüp başlady, ahyrsoňy, Hudaýyň aýdyşy ýaly öldüler. Ähli nesline günäni miras galdyrdylar, şonuň üçinem adamlarda ýaman iş etmäge dogabitdi höwes bar. Günä sebäpli keselçilik, garrylyk we ölüm peýda boldy. Ýaman iş etmäge höwes Şeýtanyň täsiri astynda has-da güýçlenip, adamlaryň arasynda ýigrenç, jenaýatçylyk, zulum we millionlarça adamlaryň ölümine sebäp bolýan uruşlar adaty zada öwrüldi. Bu Hudaýyň ilkibaşda beren erkinligine asla meňzänok! (Kanunyň gaýtalanyşy 32:4, 5; Eýýup 14:1, 2; Rimliler 5:12; Ylham 12:9).
Erkinligi nädip tapmaly?
6. a) Hakyky erkinligi nädip tapmaly? b) Isa haýsy erkinlik barada aýtdy?
6 Şu günler ähli ýerde ýagdaýlar kyn bolany üçin, adamlaryň has erkin bolasy gelýändigi geň däl. Ýöne hakyky erkinligi nädip tapmaly? Isa Mesih şeýle diýdi: «Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan, Meniň şägirtlerim bolarsyňyz; Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» (Ýahýa 8:31, 32). Emma bu, adamlaryň bir hökümdary başga birine çalşyp ýa bir hökümeti başga çalşyp, gazanjak bolýan erkinligini aňlatmaýar. Isa adamzadyň ähli kynçylyklaryndan azat etjek erkinlik barada aýtdy. Bu günäniň gulçulygyndan erkin bolmakdyr (Ýahýa 8:24, 34—36). Şeýlelikde, bir kişi Isanyň hakyky şägirdi bolsa, onuň durmuşy düýbünden üýtgär: ol erkinlige çykar.
7. a) Haýsy manyda biz günäden häzir azat bolup bilýäris? b) Şeýle erkinlige çykmak üçin näme etmeli?
7 Bu hakyky mesihçilerde günäli işe bolan höwesiň, eýýäm häzir düýbünden aýrylýandygyny aňlatmaýar. Günäni miras alany üçin olar oňa garşy göreşmeli bolýarlar (Rimliler 7:21—25). Emma bir kişi durmuşynda Isanyň taglymatlaryndan ugur alsa, indi günäniň guly bolmaz. Indi günä agalyk etmez, oňa köre-körlük bilen boýun bolmaz. Ol adam manysyz durmuşyň ýesirliginden çykyp, indi ynsaby ezýet bermez. Hudaýyň öňünde ynsaby sap bolar, sebäbi Isanyň töleg gurbanyna iman edeni üçin öňki eden günäleri geçildi. Günäli höwesler ýüze çykmagy mümkin, ýöne Isanyň arassa taglymatlaryny ýadyňda saklap, günä boýun bolmasaň, üstüňden agalyk etmeýändigini görkezersiň (Rimliler 6:12—17).
8. a) Hakyky mesihçileriň nähili erkinligi bar? b) Biz hökümetlere nähili garamaly?
8 Mesihçiler hökmünde bizdäki erkinlik barada pikirlenip görüň. Biz ýalan taglymatyň we yrymyň ýesirliginden boşap, günäniň gulçulygyndan azat bolduk. Ölen adamlaryň ýagdaýy we direliş baradaky hakykaty bilýänligimiz sebäpli ölümden gorkmaýarys. Kämilsiz hökümetleriň deregine, Hudaýyň Patyşalygynyň boljagy gelejege umyt berýär (Daniýel 2:44; Matta 6:10). Ýöne bu erkinlik hökümetlere we olaryň kanunlaryna hormatsyz garamaga bize hukuk bermeýär (Titus 3:1, 2; 1 Petrus 2:16, 17).
9. a) Şu günler Ýehowa beýik söýgüsi bilen hiç bir adamyň edinip bilmejek erkinliginde bolmaga nädip kömek berýär? b) Nädip paýhasly karara gelip bileris?
9 Ýehowa biziň durmuşda köp ýalňyşlar goýberip, soňra dogry ýoly tapmagymyzy islänok. Ol biziň nähili ýaradylyp, nämäniň bizi bagtly etjegini we nämäniň hemişelik peýdaly boljagyny oňat bilýär. Ýehowa adamyň nähili pikirleriniň we işleriniň Hudaý hem-de adamlar bilen gatnaşygyny bozup, hatda täze dünýäden hem mahrum etjegini bilýär. Ýehowa bize şu zatlaryň ählisi barada Mukaddes Ýazgylar hem-de ýerdäki guramasy arkaly aýdýar (Markus 13:10; Galatýalylar 5:19—23; 1 Timoteos 1:12, 13). Muňa nähili garamalydygyny özümiz çözýäris: Hudaý bize erk azatlygyny berdi. Eger-de biz Mukaddes Ýazgylaryň aýdýan zatlaryny ýürekden kabul eden bolsak, onda Adam atadan tapawutlylykda, paýhasly karara geleris. Durmuşda Ýehowa bilen gatnaşykdan has gowy zadyň ýokdugyny görkezeris.
Erkinligiň başga bir görnüşini islemek
10. Ýehowanyň käbir Güwäçileri haýsy erkinligi isleýärler?
10 Ýehowanyň käbir ýetginjek, hatda uly ýaşdaky Güwäçileri-de käwagt erkinligiň başga bir görnüşini isleýärler. Megerem, bu dünýä olara göze ýakymly görünýändir, şu barada näçe köp pikir etdigiçe, şonça-da mesihçilere gelişmeýän, ýöne dünýäde giňden ýaýran zatlary etmäge islegi artýar. Bu adamlar, belki-de, neşe çekip, serhoşlyk ýa ahlaksyzlyk etmekçi däldirler. Ýöne olar hakyky mesihçi däl adamlar bilen gatnaşyp, olaryň arasynda hormata mynasyp bolaslary gelýär. Olar hatda olaryň gepleýşine we özüni alyp baryşyna öýkünip başlaýarlar (3 Ýahýa 11).
11. Erbetlige kimiň yrmagy mümkin?
11 Käbir ýagdaýlarda özüni Ýehowanyň gullukçysy saýýan adam hem mesihçilere gelişmeýän işleri etmäge yryp biler. Irki mesihçileriň hem käbiri şeýledi, häzir hem şeýle bolmagy mümkin. Beýle zatlar Hudaýyň kanunyna garşy gelýän bolsa-da, adamlar mundan «lezzet» tapýar diýen pikir bilen köplenç şeýle işlere baş goşýarlar. Olar başgalary-da «göwün açmaga» çagyrýarlar. «Azatlygy wada edip, özleri bolsa bozuklygyň gullarydyr» (2 Petrus 2:19).
12. Hudaýyň kada-kanunlaryna garşy gelýän işler nämä eltýär?
12 Bu dünýäniň erkinlik diýýäni hemişe erbetlige eltýär. Oňa baş goşýan adamlar Hudaýyň kanunyny bozýar. Meselem, bikanun jynsy gatnaşyk ýüregiňi howsala düşürip, keselçilige, ölüme, islenilmeýän göwrelilige we maşgalaň bozulmagyna eltýär (1 Korintoslylar 6:18; 1 Selanikliler 4:3—8). Neşekeşlik netijesinde bolsa, şeýle adamlar çalt gaharlanýarlar, düşnüksiz gepleýärler, gözi kütelýär, başy aýlanýar, dem alşy kynlaşýar, gözüne her hili zatlar görnüp başlaýar, ahyrsoňy öläýmegi-de mümkin. Onsoňam, şeýle adam neşäniň guly bolup, şony satyn almak üçin jenaýat işlerine baş goşar. Serhoşlyk hem şeýle ýagdaýa eltýär (Süleýmanyň tymsallary 23:29—35). Şeýle iş edýän adamlar özlerine erkindirin öýdýärler, ýöne günäniň guludygyna düşünenlerinde, eýýäm giç bolýar. Günä zalym hojaýyndyr! Şu zatlar barada häzirden pikirlensek, bu ýagdaýlardan özümizi gorarys (Galatýalylar 6:7, 8).
Kynçylyk nireden başlanýar?
13. a) Kynçylyga eltýän höwesleriň döremegine köplenç näme sebäp bolýar? b) Haýsy ýaranlaryň ýamandygyny bilmek üçin, kimiň garaýşyny bilmeli? w) 13-nji abzasdaky soraglara jogap bereňde, Ýehowanyň garaýşyna aýratyn üns ber.
13 Kynçylygyň köplenç nireden başlanýandygy barada pikirlenip görüň. Bu barada Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Her kes öz höwesleri tarapyndan çekilip, aldanan mahaly synalýandyr. Onsoň höwes bogaz bolup, günäni dogurýandyr; günä hem ýetişenden soň ölümi dogurýandyr» (Ýakup 1:14, 15). Höwesi näme döredýär? Aňymyza girýän zatlar. Mukaddes Ýazgylaryň kadalary boýunça ýaşamaýan adamlar bilen gürrüňdeşlikden soň köplenç diýen ýaly şeýle höwes döreýär. Elbetde, «ýaman ýaranlardan» gaça durmalydygyny hemmämiz bilýäris (1 Korintoslylar 15:33). Ýöne haýsy ýaranlara ýaman diýse bolar? Bu barada Ýehowanyň pikiri nähili? Indiki soraglar we aýatlar barada pikirlensek, dogry netijä gelmäge kömek eder.
Hormatlanylýan adamlara ýagşy ýaranlar diýip bolarmy? (Barlyk 34:1, 2, 18, 19).
Olaryň gürrüňini, belki-de, degişmesini diňleseň, olar bilen ýakyndan gatnaşanyňa degýärmi? (Efesliler 5:3, 4).
Ýehowany söýmeýän adamlar bilen dostlaşsak, ol muňa nähili garar? (2 Taryhlar 19: 1, 2).
Imansyzlar bilen işlemeli ýa okamaly bolanda, biz näme üçin seresap bolmaly? (1 Petrus 4:3, 4).
Telegepleşikleri we kinofilmleri görmek, Internedi ulanmak, kitaplary, žurnallary we gazetleri okamak — bularyň bary gatnaşygyň görnüşleri. Bular nähili howp bolup biler we şol sebäpli nämeden seresap bolmaly? (Süleýmanyň tymsallary 3:31; Işaýa 8:19; Efesliler 4:17—19).
Dost saýlaýşymyza seredip, Ýehowa biz barada näme bilýär? (Zebur 26:1, 4, 5; 97:10).
14. Hudaýyň Sözüni wepaly berjaý edýän adamlara nähili ajaýyp erkinlik garaşýar?
14 Biz Hudaýyň täze dünýäsiniň bosagasynda ýaşaýarys. Adamzat Hudaýyň gökdäki Patyşalygy arkaly Şeýtanyň hem-de onuň zalym dünýäsiniň täsirinden azat bolar. Ýuwaş-ýuwaşdan adamlar günäden azat bolup, akyl hem ten taýdan kämil bolar. Şonda Jennetdäki ebedi ýaşaýyşdan lezzet alyp bilerler. Ahyrsoňy ähli ýaradylyş «Rebbiň ruhuna» laýyk gelýän erkinlige gowşar (2 Korintoslylar 3:17). Hudaýyň Sözündäki maslahatlary äsgermän, şu bereketlerden özüňi kesmek paýhaslymy? Mesihçilere berlen erkinligi paýhasly ulanyp, geliň, hakykatdan-da, «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyny» isleýändigimizi açyk görkezeliň (Rimliler 8:21).
Gaýtalamak üçin soraglar
• Adam ata bilen How enäniň nähili erkinligi bardy? Adamzadyň häzirki ýagdaýy barada näme diýse bolar?
• Hakyky mesihçileriň nähili erkinligi bar? Bu dünýäniň erkinliginden onuň näme tapawudy bar?
• Ýaman ýaranlardan gaça durmak näme üçin şeýle zerur? Erbetlik babatda Adam atadan tapawutlylykda, biz kimiň tarapyny tutýarys?
[46-njy sahypadaky surat]
Hudaýyň sözi şeýle duýdurýar: «Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr»