Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýun
    • 4. Kimler aýalyň nesli we şol nesil näme eder?

      4 Erem bagynda bolan pitneden soňra, Ýehowa «aýalyň» «tohumy», ýagny nesli hakda pygamberlik aýtdya (Gelip çykyş 3:15-i okaň)b. Ahyry şol nesil ýylanyň, ýagny Şeýtanyň kellesini owradar. Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa şol nesliň Ybraýymyň neberelerinden, Ysraýyl halkynyň ýehudy taýpasynda we Dawut patyşanyň maşgalasynda dünýä injegini aýtdy (Gel. çyk. 22:15—18; 49:10; Zeb. 89:3, 4; Luka 1:30—33). Şol nesil Isa Mesihdir (Gal. 3:16). Mesh edilen mesihçileriň ýygnagy hem aýalyň neslidir (Gal. 3:26—29). Hudaýyň Patyşalygy hem Isa Mesihden we mesh edilen mesihçilerden ybarat. Hudaý şol Patyşalygyň kömegi bilen Şeýtany ýok eder (Luka 12:32; Rim. 16:20).

      5, 6. a) Daniýeliň we Ýahýanyň görnüşlerinde näçe sany hökümet agzalýar? b) Ylham kitabyndaky janawaryň başlary näme aňladýar?

      5 Erem bagynda aýdylan ilkinji pygamberlikde Şeýtanyň «tohumy» barada-da aýdylýar. Şeýtanyň tohumy aýalyň tohumyny ýigrenýär. Ýylanyň tohumy kim? Şeýtan ýaly Hudaýy ýigrenýän we Hudaýyň halkyna garşylyk görkezýän ähli adamlar. Asyrlaryň dowamynda Şeýtan we nesli diňe dini we harby guramalary döretmek bilen çäklenmän, eýsem, dürli hökümetleri, ýagny patyşalyklary hem döretdi (Luka 4:5, 6). Şol hökümetleriň diňe käbiri Hudaýyň halkyna, ýagny Ysraýyl halkyna ýa-da mesh edilen mesihçileriň ýygnagyna gös-göni azar berdi. Şol sebäpli-de Daniýele we Ýahýa berlen pygamberliklerde diňe sekiz patyşalyk hakynda aýdylýar. Ýöne taryhda başga-da ençeme güýçli patyşalyklar bolupdyr.

  • Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýun
    • 7. Birinji kelle näme aňladýar we näme üçin?

      7 Janawaryň birinji kellesi Müsüri aňladýar. Näme üçin? Sebäbi Hudaýyň halkyny ilki ýigrenen dünýä şalygy Müsürdi. Hudaý şol aýalyň tohumynyň Ybraýymyň maşgalasynda dünýä injekdigini aýtdy. Ysraýyllylar bolsa Ybraýymyň neslidi. Olar Müsürde ýaşaýarkalar barha köpeldiler. Müsürliler olara azar berip başladylar. Şeýtan şol «tohumyň» dünýä inmegini islemeýärdi, şonuň üçin Hudaýyň halkyny ýok etmäge çalyşdy. Şeýlelikde ol faraonyň kömegi bilen ysraýyllylarda doglan ähli oglan bäbekleri gyrmaga synanyşdy. Emma Ýehowa muňa ýol bermedi we halkyny Müsürden azatlyga çykardy (Müs. çyk. 1:15—20; 14:13). Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa ysraýyllylary wada edilen diýarda ýerleşdirdi.

      8. Ikinji kelle näme aňladýar we ol näme etjek boldy?

      8 Janawaryň ikinji kellesi Assiriýany aňladýar. Bu dünýä şalygy hem Hudaýyň halkyny gyrjak boldy. Dogry, Ýehowa Ysraýylyň butlara sežde eden we pitne turzan on taýpasyna temmi bermek üçin Assiriýany ulandy. Emma soňra Assiriýa Iýerusalime hüjüm etdi. Megerem, Şeýtan Iýerusalimde ýaşan patyşa maşgalasyny ýok etmek isländir, sebäbi Isa şol nesilden gelmelidi. Şonuň üçin Ýehowa Iýerusalimiň weýran edilmegini islemeýärdi. Şeýlelikde, Hudaý Assiriýany derbi-dagyn edip, halkyny gudrat bilen halas etdi (2 Pat. 19:32—35; Iş. 10:5, 6, 12—15).

  • Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýun
    • 13 Ýehowa Midiýa-Pars şalygynyň kömegi bilen Babyly ýykdy we ysraýyllylara watanyna dolanmaga mümkinçilik berdi. Şeýdip pygamberlik ýerine ýetdi (2 Tar. 36:22, 23). Soňy bilen, Midiýa-Pars patyşalygy hem Hudaýyň halkyny ýok etjek boldy. Mukaddes Ýazgylaryň Ester kitabynda aýdylmagyna görä, pars patyşasynyň weziri Haman şol patyşalykda ýaşan ähli ýehudylary öldürmek isleýär. Haman bellenen bir güni ähli ýehudylary gyrmagy tabşyrýar. Emma Ýehowa halkyna kömege ýetişip, olary Şeýtanyň «tohumynyň» hüjüminden goraýar (Est. 1:1—3; 3:8, 9; 8:3, 9—14). Diýmek, Midiýa-Pars şalygy Ylham kitabyndaky «janawaryň» dördünji kellesi.

  • Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýun
    • 16. Antioh IV näme etdi?

      16 Gresiýa Pars patyşalygyny basyp alyp, Hudaýyň halkynyň üstünden höküm sürüp başlady. Ýehudylar eýýäm watanyna dolanyp, Iýerusalimdäki ybadathanany täzeden gurupdylar. Ysraýyllylar entegem Hudaýyň halkydy we şol ybadathana hakyky seždäniň merkezi hasaplaýardy. B. e. öň II asyrda janawaryň bäşinji kellesi Gresiýa Hudaýyň halkyna hüjüm etdi. Isgenderiň şalygynyň bir bölegini miras alan Antioh IV Iýerusalimdäki ybadathanada butparazlar üçin gurban berilýän ýeri gurup, ýehudy dinini gadagan etdi. Bu kanuny bozana ölüm jezasy berilýärdi. Şeýtanyň «tohumy» ýene-de Hudaýyň halkyna topuldy! Ýöne tizden Gresiýanyň deregine başga bir şalyk gelmelidi. Janawaryň altynjy kellesi kimi aňladýarka?

  • Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýun
    • 17. Gelip çykyş 3:15-de ýazylan pygamberligiň ýerine ýetmegine altynjy kelle nähili täsir etdi?

      17 Ýahýa resul görnüş görende Rim dünýä şalygynda höküm sürýärdi (Ylh. 17:10). Altynjy kelle Gelip çykyş 3:15-de ýazylan pygamberligiň ýerine ýetmegine güýçli täsir etdi. Şeýtan Rimiň wekillerini ulanyp, aýalyň «tohumynyň» dabanyndan çakdy. Rimliler Isany döwlete garşy gozgalaň turuzmakda aýyplap, oňa ölüm jezasyny berdiler (Mat. 27:26). Emma dabanyň ýarasy çalt bitdi, sebäbi Ýehowa Isany direltdi.

      18. a) Ýehowa nähili täze halky saýlady we näme üçin? b) Ýylanyň tohumy aýalyň tohumyny yzarlamagyny nädip dowam etdi?

      18 Ysraýylyň dini ýolbaşçylary Rim hökümdarlary bilen Isa garşy dil düwüşdiler. Ysraýyllylaryň köpüsi-de Isany kabul etmedi. Şol sebäpli Ýehowa tebigy Ysraýyldan ýüz öwrüp, indi olary öz halky hasaplamaýar (Mat. 23:38; Res. iş. 2:22, 23). Ol täze halky, «Hudaýyň Ysraýylyny» saýlady (Gal. 3:26—29; 6:16). Ol halk ýehudy we özge milletli mesh edilen mesihçileriň ýygnagyndan ybarat (Efes. 2:11—18). Isanyň ölüminden we direlişinden soňam, ýylanyň tohumy aýalyň tohumyny yzarlamagyny dowam etdi. Rim şalygy ençeme sapar aýalyň tohumyna degişli bolan mesihçiler ýygnagyny ýok etmäge synanyşdye.

  • Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýun
    • a Bu aýal Ýehowanyň gökdäki gullukçylaryndan ybarat guramasyny aňladýar (Iş. 54:1; Gal. 4:26; Ylh. 12:1, 2).

  • Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýun
    • e Rimliler b. e. 70 ýylynda Iýerusalimi weýran etseler-de, munuň bilen Gelip çykyş 3:15 ýerine ýetmeýär. Şol wagt tebigy ysraýyllylar Hudaýyň saýlan halky hasaplanmaýardy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş