Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/9 sah. 25—29
  • Ýehowanyň seni halas etmek üçin eden işini gymmat saýýarmyň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň seni halas etmek üçin eden işini gymmat saýýarmyň?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Näme üçin bize gutulyş gerek
  • Isa bizi halas etmek üçin näme etdi?
  • Ýehowa bizi halas etmek üçin näme etdi?
  • Biz gutulyşy gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?
  • Hudaý adamzady halas etmek üçin näme etdi?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Ýehowa günäli adamlary halas etmek üçin näme etdi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/9 sah. 25—29

Ýehowanyň seni halas etmek üçin eden işini gymmat saýýarmyň?

«Ysraýylyň Hudaýy Reb mübärek bolsun! Ol Öz halkyny idemäge geldi, oňa gutulyş gazandyrdy» (LUKA 1:68).

1, 2. Biziň agyr ýagdaýymyzy nähili suratlandyrsa bolar we biz haýsy soraglara serederis?

GÖZ ÖŇÜNE getir, sen hassahanada ýatyrsyň. Kesele garşy hiç hili däri tapylmaýar. Seniň palataňdaky syrkaw adamlara we saňa ölüm howpy abanýar. Ýöne saňa seredýän lukmanyň bejeriş usulyny gözleýändigi eşidip, oňa umyt baglaýarsyň we onuň netijesine sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyň. Bir gün sen bejeriş usulynyň tapylandygyny eşidýärsiň. Lukman keseli berjermek üçin, uly pida edýär. Muňa sen nähili gararsyň? Elbetde, seni we beýleki adamlary ölümden halas eden lukmana minnetdar bolup, ony sylardyň.

2 Bu waka mysal hökmünde getirilse-de, biziň ählimiz şeýle ýagdaýda. Hatda ondan hem agyr diýse bolar. Biz halasgäre mätäç (Rimliler 7:24-i okaň). Ýehowa we onuň Ogly bizi halas etmek üçin, uly gurban berdi. Geliň, dört sany wajyp soraga seredeliň: bize näme üçin gutulyş gerek? Ýehowa bizi halas etmek üçin näme etdi? Isa näme etdi? Biz Hudaýyň beren gurbanyny gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

Näme üçin bize gutulyş gerek

3. Günäni näme üçin pandemiýa bilen deňese bolýar?

3 Taryhy maglumatlara görä, 1918-nji ýylda «ispanka» dümewiniň pandemiýasyndan on million adam öldi. Bu örän gorkunç keselleriň biridi. Başga keseler ondan has howply boldy. Şol keseller köp adama ýokuşmasa-da, ýöne ondan köp adam ölýära. Günäni şeýle keseller bilen deňeşdirse bolarmy? Rimliler 5:12-däki sözleri ýada salalyň: «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi; çünki hemmesi günä etdi». Ähli bikämil adamlaryň günä edendigi üçin, olaryň ählisine günä geçdi diýse bolar (Rimliler 3:23-i okaň). Günä sebäpli näçe adam ölýär? Pawlusyň aýtmagyna görä, adamlaryň «bary» günä edip ölýär.

4. Ýehowanyň niýetine görä, biziň ömrümiziň dowamlylygy näçe bolmalydy we Hudaýyň garaýşy şu günki köp adamlaryňkydan nähili tapawutlanýar?

4 Köp adamlar günäni we ölümi adaty zat hasaplaýarlar. Olar biwagt ölmek barada biynjalyk bolsa-da, adamyň kem-kemden garap, ölmegini «adaty» zat hasaplaýarlar. Şol sebäpli Ýaradyjynyň niýetini adamlar aňsatlyk bilen unudýar. Ýehowanyň adama beren ömrüne garanyňda şu günler ynsanyň ömri örän gysgaldy. Hudaýyň garaýşy boýunça ynsan «bir gün» hem ýaşamaýar (2 Pet. 3:8). Hudaýyň Sözünde ömrümiziň gysgadygyny görkezmek üçin, bir möwsümlik bitýän ota ýa-da deme meňzedilýär (Zeb. 144:4; 1 Pet. 1:24). Biz muny unutmaly däl. Näme üçin? Agyr keseliň bize nähili zyýan ýetirýändigine düşünsek, onuň «bejeriş usulyny», ýagny gutulyşy has gymmat saýarys.

5. Biziň her birimiz günä sebäpli nämeden mahrum bolduk?

5 Günäniň nähili agyr keseldigine we onuň nähili zyýan ýetirýändigine düşünmek üçin, onuň bizi nämeden mahrum edýändigini bilmeli. Elbetde, muňa düşünmek kyn bolar, çünki biz günä sebäpli Adam ata bilen How ene ýaly kämil bolmadyk. Olar akyl we beden taýdan kämil bolany üçin: pikirine, duýgusyna, hereketine gözegçilik edip bilýärdi. Olar Ýehowanyň gullukçylary hökmünde, Oňa ýaraýan häsiýetleri ösdürip, berlen ukyby aýan edip bilýärdi. Emma olar bu gymmat sowgady ret etdi. Olar Hudaýa garşy günä edip, Onuň niýetlän ýaşaýşyndan hem özlerini, hem nesillerini mahrum etdi (Gel. çyk. 3:16—19). Şonda olar elhenç «kesel» bilen keselläp, ony bize-de geçirdi. Ýehowa adalatly höküm çykardy. Emma Ol bize halas bolmaga umyt berýär (Zeb. 103:10).

Isa bizi halas etmek üçin näme etdi?

6, 7. a) Ýehowa uly gurbanyň gerekdigini ilkinji gezek nädip aýan etdi? b) Biz Musanyň Kanunyndan öň, Habylyň we pygamberleriň beren gurbanyndan näme bilýäris?

6 Ýehowa Adam ata bilen How enäniň neslini günäden azat etmek üçin, uly gurban berilmelidigin bilýärdi. Biz Gelip çykyş 3:15-däki pygamberlikden nähili gurbanyň gerek bolandygyny bilýäris. Ýehowa Şeýtany hemişelik ýok etjek «nesli», ýagny halasgäri iberjekdigini wada berdi. Emma öňürti halasgär, göçme manyda, topugy tokmaklananda jebir çekmelidi. Bu sözlerden görnüşi ýaly, oňa zyýan ýetirilmelidi. Nähili? Ýehowanyň saýlan Gullukçysy nämä döz gelmelidi?

7 Halasgär adamlary günäden halas etmek üçin töleg bermelidi. Şol töleg adamlary günäniň täsirinden azat edip, Hudaý bilen ýaraşdyrmalydy. Ol nämedi? Gadymy döwürden görnüşi ýaly, gurbanyň gerekdigi aýan boldy. Ilkinji hudaýhon Habyl Hudaýyň merhemetini gazanmak üçin maly gurban etdi. Soňra Nuh, Ybraýym, Ýakup we Eýýup pygamberler Hudaýa ýaramly mal gurbanlary berdi (Gel. çyk. 4:4; 8:20, 21; 22:13; 31:54; Eýýup 1:5). Emma Musanyň Kanunynda gurban bermek baradaky sorag has giňişleýin düşündirildi.

8. Her ýyl Günäden saplanma güni baş ruhany näme edýärdi?

8 Musanyň Kanuny boýunça iň wajyp gurbanlar her ýyl Günäden saplanma güni berilýärdi. Şol güni baş ruhany, göçme manyny aňladýan birnäçe däbi ýerine ýetirýärdi. Ol ilki ruhanylar toparynyň, soňra beýleki taýpalaryň günälerini saplamak üçin gurban berýärdi. Baş ruhany diňe şol güni ýylda bir gezek ybadathananyň ýa-da çadyryň Iň mukaddes otagyna girip bilýärdi. Ol berlen gurbanyň ganyny Äht sandygynyň öňüne sepmelidi. Äht sandygynyň üstünde käte şöhle saçýan bulut peýda bolýardy, bu Ýehowanyň barlygyny görkezýärdi (Müs. çyk. 25:22; Lew. 16:1—30).

9. a) Günäden saplanma güni baş ruhany we berlen gurbanlar nämäni aňladýardy? b) Baş ruhanynyň Iň mukaddes otaga girmegi nämäni görkezýärdi?

9 Pawlus baş ruhanynyň edýän işleriniň näme aňladýandygyny düşündirdi. Baş ruhany Isa Mesihi, berlen gurbanlar bolsa Onuň töleg gurbanyny aňladýardy (Ýew. 9:11—14). Kämil gurban adamlaryň iki toparyny günäden saplady: ruhanylary, ýagny mukaddes ruh bilen mesh edilen Isanyň 144 müň doganlaryny we «başga goýunlary» (Ýahýa 10:16). Baş ruhanynyň Iň mukaddes otaga girmegi bolsa, Isanyň göge girip, Ýehowanyň öňünde töleg gurbanyny berjekdigini görkezýärdi (Ýew. 9:24, 25).

10. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberliklere görä, Isa näme bolmalydy?

10 Adam ata bilen How enäniň neslini günäden azat etmek üçin uly gurban berilmelidi. Isa gurban hökmünde öz janyny berdi. Bu barada pygamberleriň ýazgylarynda jikme-jik beýan edilýär. Meselem: Daniýel pygamber günäli adamlaryň saplanmagy üçin «Mesih Serdaryň... öldüriljegini» aýdypdy (Dan. 9:24—26). Işaýa Isanyň ret ediljegi, yzarlanjagy we bikämil adamlaryň günäsi üçin öldüriljegi barada pygamberlik etdi (Iş. 53:4, 5, 7).

11. Ýehowanyň Ogly bizi halas etmek üçin janyny gurban bermäge taýyndygyny nädip görkezdi?

11 Hudaýyň ýeke-täk Ogly ýere gelmezden öň, bizi halas etmek üçin nämäniň gerekdigini bilýärdi. Ol ejir çekip ölmelidi. Atasy oňa bu zatlary aýdanda, ol gorkup, Oňa garşy boldumy? Ýok. Ol Atasyna doly tabyn boldy (Iş. 50:4—6). Şeýle-de Isa ýer ýüzüne gelende, Atasynyň islegini hem berjaý etdi. Näme üçin? Sebäbi ol: «Men Atamy söýýärin» diýdi. Ol: «Bir adamyň öz dostlary üçin janyny pida etmeginden uly söýgi hiç kimde ýokdur» diýdi (Ýahýa 14:31; 15:13). Şeýlelikde, biz gutulyş üçin Ýehowanyň Oglunyň söýgüsine minnetdar bolmaly. Isa bizi günäden azat etmek üçin, kämil ynsan janyny bermeli boldy. Ol muny begenç bilen etdi.

Ýehowa bizi halas etmek üçin näme etdi?

12. Töleg gurbanyny bermek kimiň islegidi we Ol ony näme üçin berdi?

12 Töleg gurbanyny bermek bu Isanyň däl-de, Ýehowanyň niýetidi. Töleg gurbany Ýehowanyň esasy islegidi. Pawlus resul ybadathananyň gurbanlyk sypasynda hödür edilýän gurbanlaryň, Ýehowanyň islegi boýunça berilýändigini düşündirdi (Ýew. 10:10). Şeýlelikde, Isanyň beren töleg gurbany üçin, ilki bilen, biz Ýehowa minnetdar bolmaly (Luka 1:68). Bu Onuň kämil islegi we adamlara bolan çuňňur söýgüsidir (Ýahýa 3:16-ny okaň).

13, 14. Ybraýymyň mysaly Ýehowanyň biziň üçin eden işiniň gymmatlygyna düşünmäge nädip kömek edýär?

13 Ýehowa bize bolan söýgüsini bildirmek üçin näme etdi? Muňa düşünmek bize kyn bolýar, ýöne Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň eden işlerine doly düşünmäge kömek edýär. Ýehowa Ybraýyma bir kyn ýumşy, ýagny ogly Yshagy gurban bermegi tabşyrdy. Ybraýym mähirli atady, şol sebäpli Ýehowa Yshak barada oňa «ýalňyz... söýgüli ogluň» diýdi (Gel. çyk. 22:2). Muňa garamazdan, Ybraýym üçin Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek Yshagy söýmekden hem wajypdy. Ybraýym Hudaýa gulak asyp, Onuň tabşyrygyny berjaý etdi. Ýehowa özüniň etmejek zadyny Ybraýymdan talap etmezdi. Ybraýym oglunyň damagyny çalmanka, Hudaý onuň ýanyna perişdesini iberdi. Ybraýyma ogluny gurban bermek kyn bolsa-da, ol Hudaýa gulak asmagy berk ýüregine düwdi. Sebäbi oglunyň direljegine umyt edýärdi. Ol Hudaýyň ogluny direlitjekdigine ynanýardy. Şoňa görä, Pawlus resul Ybraýym Yshagy «alamat şekilinde» ölümden alyp galandygyny aýtdy (Ýew. 11:19).

14 Indi, siz, Ybraýymyň ogluny gurban etmäge taýýarlyk görende, oňa nähili agyr bolanyny göz öňüne getirip bilersiňiz. Ybraýymyň mysaly Ýehowanyň «söýgüli Ogluny» gurban berendigine düşünmäge kömek edýär (Mat. 3:17). Emma Ýehowa has-da agyr bolanyny unutmaň. Ol Ogly bilen millionlarça, belki-de, milliardlarça ýyl bile ýaşan bolmaly. Ogly Atasy bilen söýgüli «ussa» we «Sözi» Habar beriji hökmünde şatlykly zähmet çekýärdi (Sül. tym. 8:22, 30, 31; Ýahýa 1:1). Oglunyň jebir çekmegine, ýaňsylanmagyna we jenaýatçy kimin öldürilmegine Ýehowanyň nähili çydandygyny bize göz öňüne getirmek kyn. Ýehowa bizi halas etmek üçin, uly gurban berdi! Biz gutulyşymyzy gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

Biz gutulyşy gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

15. Isa günäden saplanma işi nädip tamamlady we bu nämä ýol açdy?

15 Isa direlenden soň, göge galyp, günäden saplanma işini tamamlady. Ol söýgüli Atasynyň ýanyna baryp, töleg gurbanynyň bahasyny töledi. Bu bize ençeme bereketler berdi. Bu ilki bilen Isanyň mesh edilen doganlarynyň, soňra «bütin dünýäniň» günäleriniň doly bagyşlanmagyna ýol açyldy. Şu günler akýürekden toba edýän adamlar Isanyň şägirtleri bolup, töleg gurbany arkaly Ýehowanyň merhemetini gazanýar (1 Ýahýa 2:2). Bu saňa nähili täsir edýär?

16. Ýehowanyň beren gutulyşyna näme üçin minnetdar bolmalydygymyzy haýsy mysal görkezýär?

16 Geliň, makalanyň başynda aýdylan mysaly ýada salalyň. Aýdaly, keseliň bejerilişini tapan lukman siziň palataňyza gelip: «Eger meniň teklip edýän bejerişimi alyp, berhiz tutsaňyz, birkemsiz sagalarsyňyz» diýýär. Eger ýarawsyzlaryň köpüsi derman içmegi we berhiz tutmagy kyn görüp, lukmanyň maslahatyna eýermeseler näme? Sen bejerişiň peýda berjekdigine düşünseň-de, beýleki syrkawlaryň edenini edersiňmi? Ýok! Gaýtam, siz lukmana minnetdar bolup, onuň maslahatyna eýerersiňiz, hatda bu bejergi barada adamlara hem gürrüň berersiňiz. Şonuň üçin biz hem Isanyň töleg gurbany arkaly Ýehowanyň beren gutulyşyna minnetdar bolmaly (Rimliler 6:17, 18-nji aýatlary okaň).

17. Ýehowanyň bizi günäden azat edeni üçin, oňa minnetdarlygymyzy nädip bildirip bileris?

17 Eger-de biz Ýehowa hem Ogluna bizi günäden we ölümden azat edeni üçin minnetdar bolsak, onda muny durmuşymyzda görkezeris (1 Ýahýa 5:3). Biz günä etmek höwesine garşy durarys. Biz bilgeşleýin günä edip, hiç haçan ikiýüzli bolmarys. Sebäbi bu endik töleg gurbanyny gymmat saýmaýandygymyzy görkezýär. Biz Hudaýyň öňünde arassa bolmak üçin gaýrat etmeli we Oňa minnetdarlygymyzy bildirmeli (2 Pet. 3:14). Şeýle-de biz gutulyş baradaky ajaýyp umydy adamlara gürrüň berip, olara-da Hudaýyň öňünde arassa bolmaga we ebedi gelejege umyt etmäge kömek ederis (1 Tim. 4:16). Geliň, Ýehowany hem Ogluny şöhratlandyrmak üçin, wagtymyzy we güýjümizi gaýgyrmalyň! (Mar. 12:28—30). Oýlanyp görüň, biz tizden günäden doly gutularys. Ýehowanyň bizi azat edendigi üçin, Onuň niýetine görä, kämillikde ebedi ýaşarys (Rim. 8:21).

a Bütin dünýäde 20 göterimden 50 göterime çenli adam «ispanka» dümewi bilen syrkawlady. Bu kesel bilen dümewlän adamlaryň takmynan 1-den 10 göterimine çenli öldi. Ýöne «ebola» keseli köp adama ýokuşmasa-da, onuň bilen kesellän adamlaryň 90 göterimi öldi.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Näme üçin bize gutulyş gerek?

• Isanyň töleg gurbany saňa nähili täsir etdi?

• Siz Ýehowanyň töleg sowgadyna nähili garaýarsyňyz?

• Ýehowanyň sizi günäden azat edeni üçin, siz näme etmek isleýärsiňiz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş