Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hudaýyň niýetindäki Isanyň ajaýyp roluny gymmat saý
    Garawul diňi — 2008 | 15 dekabr
    • Öňünden aýdylan «Nesil»

      18. Adam ata günä edensoň haýsy pygamberlik aýdyldy we bu pygamberlik babatda soň näme aýan boldy?

      18 Erem bagynda adamlar göräýmäge ähli zady, ýagny Hudaý bilen gatnaşygyny, ebedi ýaşaýşy, bagty we Jenneti ýitirende, Ýehowa Hudaý «nebere», ýagny «nesil» diýip atlandyrylan Halasgäriň geljekdigini öňünden aýtdy (Bar. 3:15). Bu syrly Nesil Mukaddes Ýazgylardaky ençeme asyrlaryň dowamynda ýazylan birnäçe pygamberlikleriň temasy boldy. Bu nesil Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň hem-de Dawut patyşanyň neslinden gelmelidi (Bar. 21:12; 22:16—18; 28:14; 2 Pat. 7:12—16).

      19, 20. a) Wada edilen Nesil kim? b) Näme üçin öňünden aýdylan nesle diňe Isa degişli däl diýse bolýar?

      19 Bu wada edilen Nesil kimdi? Munuň jogaby Galatýalylar 3:16-da aýdylýar. (Okaň.) Emma Pawlus resul şol bapda mesh edilen mesihçilere şeýle ýüzlenýär: «Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz» (Gal. 3:29). Eger wada edilen Nesil Mesih bolsa, onda oňa başgalar hem nädip degişli bolup bilýär?

      20 Millionlarça adamlar özüne Ybraýymyň neslinden diýýärler, olaryň käbiri bolsa özüni pygamber hem hasaplaýarlar. Käbir dinler öz pygamberleriniň Ybraýymyň neslinden gelip çykandygyna guwanýarlar. Emma olaryň ählisine wada edilen Nesil diýse bolarmy? Ýok. Hudaýyň ylhamy bilen ýazan Pawlus resulyň aýtmagyna görä, Ybraýymyň ähli nesilleri özüni wada edilen Nesil diýip hasaplap bilmez. Adamlar Ybraýymyň başga ogullarynyň nesillerinden pata almaly däldiler. Diňe Yshagyň neslinden gelen adam arkaly bereket berilmelidi (Ýew. 11:18). Netijede, diňe bir adam, Isa Mesih, Mukaddes Ýazgylara görä, Ybraýymyň neslinden gelip, wada edilen nesliň esasy bölegi boldyc. Wagtyň geçmegi bilen Ybraýymyň nesliniň goşmaça bölegine degişli bolanlaryň ählisine «Mesihiňki» diýilýär. Hawa, bu pygamberlikde ýerine ýetýän Isanyň roly diýseň deňsiz-taýsyzdyr.

  • Hudaýyň niýetindäki Isanyň ajaýyp roluny gymmat saý
    Garawul diňi — 2008 | 15 dekabr
    • c B. e. I asyrynda ýehudylar özüne aýratyn merhemet edilmegine garaşýardylar, çünki olar Ybraýymyň hakyky nesilleridi, olar Mesihiň ýa-da Hristosyň bir adamdygyna ynanýardylar (Ýahýa 1:25; 7:41, 42; 8:39—41).

  • Hudaýyň niýetindäki Isanyň ajaýyp roluny gymmat saý
    Garawul diňi — 2008 | 15 dekabr
    • ◼ Baş Ruhany (Ýew. 7:27, 28). Isa kämil gurban berip biljek ýeke-täk adamdy, beýle gurbany ýene-de bermek hökman däldi. Bu gurban bizi günäden we ölümden azat edip bilýär.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş