-
«Geplän wagtyň özüm kömek ederin»Durmuş we wagyz. Okuw depderi — 2020 | iýun
-
-
«Geplän wagtyň özüm kömek ederin»
Ýehowanyň kömegi bilen, Musa pygamber gorkusyndan üstün çykdy. Ýehowanyň Musa pygambere aýdan sözlerinden näme öwrenip bilýäris?
Biz hemişe ünsümizi başarmaýan zadymyza gönükdirmeli däl
Ýehowa nähili ýumuş ýa iş tabşyrsa-da, ýany bilen gerekli kömegi berjekdigine-de ynamly bolup bileris
Hudaýa iman etsek, adamlardan gorkmarys
-
-
Siz hem wagyzçy, hem mugallym bolup bilersiňiz!Durmuş we wagyz. Okuw depderi — 2020 | iýun
-
-
Siz hem wagyzçy, hem mugallym bolup bilersiňiz!
Ilkibaşda Musa pygamber Ýehowany tabşyran işini ýerine ýetirip bilmerin diýip gorkdy (2Ms 4:10, 13). Sizde-de şeýle bolupdymy? Siz Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýärsiňizmi? Öýden-öýe wagyz edip bilermikäm diýip alada galýarsyňyzmy? Ýaş bolsaňyz, mekdepde wagyz edip bilmerin diýip gorkýarsyňyzmy? Ýa-da wagzyň beýleki görnüşlerine gatnaşmaga çekinýärsiňizmi? Onda Ýehowadan mukaddes ruhy arkaly güýç hem batyrgaýlyk bermegini diläň (1Pe 4:11). Ýehowa size ýumuş tabşyransoň, kömek etjekdigine hem ynamly boluň (2Ms 4:11, 12).
-