Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Siziň gözleriňiz Ýehowa dikilenmi?
    Garawul diňi — 2018 | Iýul
    • 5—7. Ysraýyllylaryň Müsürden çykanyna biraz wagt geçensoň nähili mesele ýüze çykdy we ol nädip çözüldi?

      5 Ysraýyllylaryň Müsürden çykanyna bary-ýogy iki aý geçip-geçmänkä, wajyp mesele ýüze çykýar. Şol wagt olar heniz Sinaý dagyna hem ýetmändiler. Halk içer ýaly suw sorap, hüňňürdäp başlaýar. Olar Musa igenip başlanda, ýagdaý hasam kynlaşýar. Musa pygamber Ýehowa dady-perýat edip: «Men bu halky näme edeýin? Olar meni daşlap öldürmäge taýýar ahyryn» diýýär (Müs. çyk. 17:4). Şonda Ýehowa oňa aýdyň görkezme berýär. Musa hasasyny alyp, Horepdäki gaýa uranda, ondan şaglap suw akyp başlaýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Musa ysraýyl ýaşulularynyň arasynda şeýle etdi» diýilýär. Hawa, ysraýyllylar suwdan ganýançalar içdiler. Şeýdip, kynçylyk çözüldi (Müs. çyk. 17:5, 6).

  • Siziň gözleriňiz Ýehowa dikilenmi?
    Garawul diňi — 2018 | Iýul
    • 11. Musanyň hereketi nädip halkyň ünsüni Ýehowadan sowup bilerdi?

      11 Ýehowanyň Musa pygambere gaharlanmagynyň ýene bir sebäbi bardy. Birinji Meribadaky gaýa örän gatydy we berkdi. Şonuň üçin hiç kim şol gaýadan suw çykar diýip, asla pikir etmeýärdi. Emma ikinji Meribadaky gaýa ondan tapawutlanýardy, ol onçakly gaty däldi. Adatça, şeýle gaýalar ýumşagrak bolýandygy üçin suwlar onuň aşagyna ýygnanyp, ýerasty howdanlaryny emele getirýärdi. Şol sebäpli adamlar gaýanyň aşagyna ýygnanan suwdan alyp bilýärdi. Musa gaýa buýruk bermegiň deregine, oňa iki gezek urandygy üçin ysraýyllylar suw Ýehowanyň gudraty bilen däl-de, tebigy usul bilen akyp başlady diýip pikir etdilermi?b Biz muny anyk bilmeýäris.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş