Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi — 2010 | 15 mart
    • Ezekiýel 18:20-däki «atalaryň eden günäsi olaryň çagalaryndan soralmaz» diýen sözler Müsürden çykyş 20:5-däki «atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň... arkasyna çekdirerin» diýen sözlere garşy gelýärmi?

      Bu aýatlardaky pikirler biri-birine garşy däl. Olaryň birinde belli bir adamyň jogapkärçiligine üns berilýär, beýlekisinde bolsa, ynsanyň eden etmişiniň geljekki nesillerine täsir etjekdigi aýdylýar.

  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi — 2010 | 15 mart
    • Müsürden çykyş 20:5-däki sözler barada näme diýse bolar? Geliň, muny bilmek üçin bu kitabyň 19-njy baba seredeliň. Ýehowa ysraýyl halky bilen Kanun ähtini baglaşýar. Ähtiň talaplaryny eşidip, ysraýyllylar bir agyzdan: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip jogap berdiler (Müs. çyk. 19:5—8). Şondan soň, olar Ýehowanyň aýratyn halky boldy. Müsürden çykyş 20:5-däki sözler, umuman, tutuş halka degişlidi.

      Ysraýyllylar Ýehowa wepaly mahaly, Hudaý olara kömek edip, köp bereket berýärdi (Lew. 26:3—8). Emma olar Ýehowany terk edip, ýalan taňrylara sežde edende, Ýehowanyň bereketinden we goragyndan mahrum boldy; halk betbagtçylyklardan ejir çekdi (Kaz. 2:11—18). Tutuş halk butlara sežde etse-de, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edip, aýypsyzlygyny saklan adamlar bardy (1 Pat. 19:14, 18). Bu wepaly adamlar halkyň eden günäleri sebäpli horluk çekse-de, Ýehowa şeýle adamlara merhemet edýärdi.

      Ysraýyllylar Ýehowanyň prinsiplerini gödeklik bilen bozup başlanlarynda, Onuň ady halklaryň arasynda gülki boldy. Şol sebäpli Ýehowa halkyny jezalandyrmak üçin Babyla sürgün etdi. Şeýlelikde, Ýehowa tutuş halka-da we günä eden her bir adama-da jeza berdi (Ýerem. 52:3—11, 27). Hakykatdan-da, Müsürden çykyş 20:5-de aýdylyşy ýaly, ysraýyllylaryň eden günäsi olaryň üçünji, dördünji, mümkin, ondan-da köp nesillerine täsir eden bolmaly.

      Şeýle-de käbir ata-eneleriň özüni erbet alyp barmagy onuň maşgala agzalaryna täsir etdi. Hudaýyň Sözünde şeýle wakalar hem gürrüň berilýär. Baş ruhany Eli «ýaramaz», ahlaksyz ogullarynyň ruhany bolup gulluk etmegine ýol berip, Ýehowanyň göwnüne degdi (1 Sam. 2:12—16, 22—25). Eli ogullaryny Ýehowadan hem artyk söýýärdi, şol sebäpli Ýehowa onuň maşgalasyny ruhanylykdan aýyrmagy buýruk berdi. Bu onuň ýuwlugy Abiatardan başlandy (1 Sam. 2:29—36; 1 Pat. 2:27). Şeýle-de Müsürden çykyş 20:5-däki prinsipi Gehaz bilen bolan waka hem gowy düşündirýär. Gehaz Elişa pygamberiň kömekçisidi. Ol wezipesine buýsanyp, Siriýanyň serkerdebaşysy Naamandan sowgatlar aldy. Ýehowa Elişa arkaly şeýle diýdi: «Goý, Naamanyň heýwere keseli saňa geçip, seniň nesilleriňden aýrylmasyn» (2 Pat. 5:20—27). Şeýlelikde, Gehazyň etmişi onuň nesillerine-de täsir etdi.

      Ýehowa biziň Ýaradyjymyz we Ýaşaýşyň gözbaşy bolany üçin, Onuň çykarýan hökümleri hemişe adalatly hem dogrudyr. Görşümiz ýaly, ata-babalaryň etmişleri olaryň çagalaryna ýa-da nesillerine erbet täsir edýär. Emma Ýehowa «gaýgyly adamyň perýadyny eşidýär» we erjellik bilen ýüzlenýän adam Onuň razylygyny gazanyp biler, hatda dynçlyk tapar (Eýýup 34:28).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş