-
Ýaşaýşy Hudaý ýaly gymmat saýýarmyň?«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
-
-
16. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipleri çaga aýyrtmagy gadagan edýär? (Çykgyda hem seret.)
16 Hudaý üçin hatda dünýä inmedik çaganyň jany hem gymmatly. Gadymy Ysraýylda göwreli aýala biri zyýan ýetirip, şol aýalyň özi ýa-da çagasy ölse, Hudaý ol adamy ganhor hasaplaýardy we ol «jan ýerine jan bermelidi» (Müsürden çykyş 21:22, 23)c. Her ýyl ençeme aýallar ýagdaýyny kynlaşdyrmajak bolup ýa-da ahlaksyz ýaşamak üçin heniz dogulmadyk çagasyny bilgeşleýin aýyrdýarlar. Göz öňüne getir, Ýehowa şeýle ýagdaýy görüp nähili gynanýandyr.
-
-
Ýaşaýşy Hudaý ýaly gymmat saýýarmyň?«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
-
-
c Mukaddes Ýazgylary öwrenýän dilçileriň aýtmagyna görä, ýewreý tekstiň düzülişinden çen tutsaň, onda «megerem, diňe bir aýala ýetirilen zyýan barada aýdylmaýar». Şeýle-de üns beren bolsaň, Töwratda Ýehowanyň çykarjak kararyna düwünçegiň ýaşynyň täsir edýändigi barada hiç zat aýdylmaýar.
-