Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýaşaýşy Hudaý ýaly gymmat saýýarmyň?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
    • 5, 6. Musanyň kanunynda ganyň mukaddes we gymmatlydygy nähili görkezilýär? (Şeýle-de «Haýwanlaryň janyny aýaň» diýen çarçuwa seret.)

      5 Bu iki wajyp hakykat Musanyň kanunda hem aýdylypdy. Lewiler 17:10, 11-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Eger... biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin, çünki her bir jandaryň jany — onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplanmagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr»a. («Günäni ýuwýan gan» diýen çarçuwa seret.)

      GÜNÄNI ÝUWÝAN GAN

      Hudaýyň Sözünde gan ýaşaýyş bilen deňeşdirilýär. Şol sebäpli gadymy Ysraýylda Ýehowanyň tabşyrygyny bozan adam günäsinden saplanmak üçin maly gurbanlyk berýärdi (Lewiler 4:27—31). Şeýdip, ol günäsini ýuwýardy, ýöne bu wagtlaýyndy.

      Mukaddes Ýazgylarda «saplanmak» diýen söz «deregine bermegi» ýa-da «öwezini doldurmagy», meselem, gabyň agzyna laýyk gelýän gapagy aňladýar. Elbetde, hiç bir mal adamyň günäsiniň «öwezini dolduryp», ýagny günäsini ýuwup bilmeýärdi. Emma mal gurbanlyklary günäni ýuwýan kämil gurbanyň kölegesidi (Ýewreýler 10:1, 4).

      Diýmek, günäni ýuwmak üçin, «Isa Mesihiň bedeni gurban hökmünde bir gezekde hemişelik hödürlendi» (Ýewreýler 10:10). Mesihiň kämil jany «ýazyksyz we şikessiz guzynyň... gymmatly ganyny» görkezýär we Adam atanyň ýitiren janyna doly laýyk gelýär (1 Petrus 1:19). Şeýdip, Ýehowa öz söýgüsi bilen adalaty dikeltdi we «hemişelik halas etmäge» ýol açdy (Ýewreýler 9:11, 12; Ýahýa 3:16; Ylham 7:14).

  • Ýaşaýşy Hudaý ýaly gymmat saýýarmyň?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
    • a Hudaýyň «jandaryň jany — onuň ganyndadyr» diýen sözleri barada «Saýentifik ameriken» žurnalynda şeýle diýilýär: «Eger bu sözleriň göçme däl-de, göni manysyna üns bersek, dogrudan-da, ýaşaýşy goldamak üçin gan öýjükleriniň her bir görnüşi gerek».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş