-
Hudaý özüniňkileri tanaýandyrGarawul diňi — 2014 | 15 iýul
-
-
4. Pawlus resul nämä ynanýardy we ol muny Timoteosa ýazan hatynda nädip görkezdi?
4 Pawlus Ýehowanyň ikiýüzli adamlary we Oňa ýürekden gulak asýanlary tapawutlandyryp bilýändigine ynanýardy. Muny Pawlusyň Timoteosa ýazan hatyndan bilse bolýar. Pawlus imandan dänen adamlaryň ýygnaga ýetirýän ruhy zyýanyny agzandan soňra şeýle ýazdy: «Hudaýyň berk binasy durandyr. Ol „Reb Özüniňkileri tanaýandyr“, „Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun“ diýen sözler bilen möhürlidir» (2 Tim. 2:18, 19).
-
-
Hudaý özüniňkileri tanaýandyrGarawul diňi — 2014 | 15 iýul
-
-
6 Pawlus şu aýatda «Hudaýyň berk binasy» diýen jümläni ulanyp, soňra Musanyň Sanlar 16:5-de Kora we onuň tarapdarlary barada aýdan sözlerini getirýär. Şeýdip, ol Timoteosy ruhlandyrmak isledi we oňa Ýehowanyň pitneçi adamlary tanap bilýändigini ýatlatdy. Ýehowanyň niýetiniň amala aşmagyna Koranyň päsgel berip bilmeýşi ýaly, ýygnakdaky imandan dänen adamlar hem päsgel berip bilmezler. Pawlus «Hudaýyň berk binasy» diýen jümläniň näme aňladýandygyny jikme-jik düşündirmese-de, onuň sözleri Timoteosy Ýehowanyň ýollarynyň ygtybarlydygyna ynandyrdy.
-
-
Hudaý özüniňkileri tanaýandyrGarawul diňi — 2014 | 15 iýul
-
-
8, 9. Pawlusyň «möhür» babatdaky deňeşdirmesinden näme öwrenip bileris?
8 Pawlusyň 2 Timoteos 2:19-da aýdan sözlerini okanyňda, hat ýazylgy bina göz öňüňe gelýär. Şol ýazgyny möhür bilen deňeşdirse bolýar. Gadymy döwürlerde jaýyň kimiňkidigi we ony kimiň gurandygy binasynyň, ýagny jaýyň düýbüniň ýüzüne ýazylýardy. Pawlus ilkinji bolup, Mukaddes Ýazgylarda şeýle deňeşdirmäni ulanýara. «Hudaýyň berk binasynda» iki ýazgy bardy. Birinjisi, «Reb Özüniňkileri tanaýandyr»; ikinjisi, «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun». Bu sözler bize Sanlar 16:5-däki (okaň)b sözleri ýatladýar.
-