-
«Ahlaksyzlykdan gaçyň!»«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
-
-
3. Balamyň işi başa bardymy?
3 Onuň mekirligi başa bardymyka? Başa bardy diýseňem boljak. On müňlerçe ysraýyllylar «çeňňege» düşdüler, ýagny «mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar». Olar hatda Mowabyň hudaýlaryna, şol sanda hasyl, ýagny jyns gatnaşyk hudaýy bolan Pegor Bagala-da sežde edýärdiler. Netijede, Wada edilen diýaryň araçäginde 24 000 ysraýylly heläk bolýar. Nähili aýylganç betbagtçylyk! (Sanlar 25:1—9).
-
-
«Ahlaksyzlykdan gaçyň!»«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
-
-
4. Näme üçin müňlerçe ysraýylly ahlaksyzlyk duzagyna düşdüler?
4 Bu betbagtçylyga näme sebäp boldy? Ysraýyllylaryň köpüsi azypdy, olar Müsürden azatlyga çykaran, çölde aladasyny eden we Wada eden diýaryna sag-aman elten Hudaýy Ýehowadan daşlaşdylar (Ýewreýler 3:12). Pawlus resul bu barada şeýle ýazdy: «Olaryň käbiri ýaly ahlaksyzlyk hem etmäliň, sebäbi ahlaksyzlyk edip, bir günde 23 müň adam heläk boldy» (1 Korinfliler 10:8)a.
-
-
«Ahlaksyzlykdan gaçyň!»«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
-
-
a Sanlar kitabynda agzalan 24 000 adama kazylaryň elinden heläk bolan «halkyň ýolbaşçylary» hem-de Ýehowanyň höküm eden adamlary hem girýär. Kazylaryň elinden heläk bolanlaryň sany 1000-e golaýdy (Sanlar 25:4, 5).
-